Ýehowanyň güwäleri Olar kim?
Siz Ýehowanyň Güwäleri barada näme bilýärsiňiz? Kimdir biri olara hristian propagandistleri, täze mesihi sektasy; iudaizm täsirindäki mesihi sektasy, ýa-da medisina tarapyndan bejerilmegini kabul etmeýän fanatikler diýýär. Hakykatdan bolsa, şu kesgitlemeleriň hiç biri-de Güwälere laýyk gelmeýär. Näme üçin käbir adamlarda olar barada şeýle pikir döreýärkä? Köplenç, şol adamlara nädogry maglumat berilýändiginden.
Olaryň ady — Ýehowanyň Güwäleri — olaryň Ýehowa barada güwälik edýändiklerini aýdýar. Emma Ýehowa kim? Ýehowa — bu, Mukaddes Ýazgylar boýunça, Gudratly Hudaýyň özüne beren adydyra. Bu, Hudaý, ýa-da Reb ýaly wezipeler däl, bu şahsyýet adydyr. Aslynda, taryhyň dowamynda Hudaýyň şöhraty barada güwälik eden her bir adamy Ýehowanyň güwäsi diýip atlandyrmak bolar (Çykyş 3:13—15; Işaýa 43:10).
Şonuň üçin, haçan-da Mukaddes Ýazgylar, Habyldan başlap, gadymy günleriň dogry adamlaryny sananda, olary — «uly güwäler buludy» — diýip atlandyrýar (Ýewreýler 11:4; 12:1). Nuh, Ybraýym, Yshak, Ýakup, Ýusup, Musa we Dawut ýaly belli adamlar, Hudaýyň, ýagny Ýehowanyň güwäleriniň hataryna girýärler. Isa Mesih «dogruçyl, çyn güwä» — diýip atlandyrylýar (Ylham 3:14).
Güwäler näme üçin gerek
Mukaddes Ýazgylar, Hudaý adamy kämil döredip ony jennetde ýerleşdirendigini habar berýär. Ýaradyjymyz, adamy, ebedi ýaşasyn, çaga dogursyn we öz jennet jaýyny bütin ýer ýüzüne ýaýratsyn diýip döretdi. Şol wagt adam öz Hudaýynyň kimdigini bilýärdi, şonuň üçin hem güwäleriň geregi ýokdy (Barlyk 1:27, 28).
Hudaý adama erkinlik berdi, emma biziň ilkinji ene-atamyz nädogry ýol saýladylar. Olar Hudaýdan garaşsyz bolmak islediler. Hudaý öňküsi ýaly kämil, adalatly we arassadyr, emma adamzat günäli we adalatsyz boldy. Muňa garamazdan mukaddes Hudaýymyz günäniň we ýamanlygyň bolmagyna diňe wagtlaýynça ýol berdi. Mukaddes Ýazgylar, Hudaýyň beren wagtynyň tamamlanýandygyny görkezýär. Adamzadyň şu zatlary bilmegi üçin, Ol öz Sözüni — Töwraty, Zebury we Injili — biziň günlerimize çenli gorap saklady.
Köp adamlaryň Hudaýy bilmeýändikleri üçin, Ol, imanly adamlara Özi hakda güwälik etmegi tabşyrdy. Hudaý şonuň ýaly adamlara: «siz Meniň güwälerim», — diýýär (Işaýa 43:10, ST). Olaryň edýän işleri barada şeýle diýilýär: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler» (Matta 24:14).
Şu günler, öň görlüp-eşidilmedik, dürli-dürli jynslardan, halklardan we dillerden bolan ençeme adamlar tüýs ýürekden Hudaýyň Sözüni öwrenýärler. Olar özleri üçin köp dini däp-dessurlaryň butparazlykdan gelip çykandygyny we Hudaýa ýaramly däldigini açdylar.
Mümkin siz habarlysyňyz, käbir adamlar, dini söwda maksady bilen ulanýarlar. Başgalar bolsa — syýasat maksady bilen, ýa-da garyp adamlaryň hasabyna baýamak üçin ulanýarlar. Siziň pikiriňizçe şular ýaly dini söwdagärler Hudaý barada hakyky güwälige nähili garaýarlar? Ony edil haýbat kimin kabul etseler gerek. Bu hem Ýehowanyň Güwäleri barada gaharly seslenmeleriň bir sebäbidir.
Nähili kynçylyklar dörese-de, Ýehowanyň Güwäleri Mukaddes Ýazgylaryň öwretmelerinden çykmaýarlar. Olar täze din döretmediler. Olar diňe hakyky diniň düýbüni tutan kitaplarda — Töwrat, Zebur we Injilde aýdylan zatlara eýerýärler. Şeýlelik bilen, olar nämä iman edýärler? Aşakda olaryň birnäçe öwretmeleri sanalyp geçilýär. Okaň we özüňiz netijä geliň, şu öwretmelere dogry diýmek mümkinmi, ýa-da ýok.
Troisa ýok
Mukaddes Ýazgylar Troisa [üç Ýüzli bir Hudaý] barada öwretmeýär. Tersine, ol diňe bir hakyky we ebedi Hudaýyň bardygyny aýdýar. «Reb [«Ýehowa», TD], Hudaýymyz, ýalňyz Rebdir» (Kanunyň Gaýtalanyşy 6:4, ST). Ol — Dörediji; Ol baky, gudratly, Oňa deň geljek ýokdur. Isa bolsa Gudratly Hudaý däl. Ol ýer ýüzünde kämil adam bolup ýaşady we günäli adamzat üçin öldi. Hudaý öz rehimdarlygynda Isanyň janyny bagyşlanma gurbany hökmünde kabul etdi, şonuň üçin Isa arkaly imanly adamlar gutulyş alýarlar. Bu Hudaýyň islegidir (Luka 22:42; Rimliler 5:12).
Ölmeýän jan ýok
Adamlar ölende olara näme bolýar? Hudaýyň Sözi jogap berýär: «Diriler öljeklerini bilýärler, ölüler bolsa hiç zat bilmeýärler» (Wagyzçy 9:5, ST). Adamda ölmeýän jan ýok. Ölüler bilen gürleşýändirin öýdýän adamlar, hakykatdan bolsa jynlar bilen gürleşýärler. Öli adamlara edilýän dogalardan hem hiç haýyr ýok; diňe, doga üçin pul alýan ruhanylar munuň haýryny görýändir.
Direliş bolar
Ölüler üçin hakyky umyt — direlişdir, ýagny, ýer ýüzünde eýýäm jenneti şertler gurlanda, ýaşaýşa täzeden dikelmekdir. Hudaýa wepaly gulluk edenlere ak pata berler. Hudaýy bilmän ölenler bolsa, direlişden soň ol barada bilmek mümkinçiligini alarlar. Şeýlelikde, «hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direlmegi» bardyr (Resullaryň Işleri 24:15). Diňe, kimi Hudaý mynasyp däl hasap etse, şolar direldilmez.
Otly dowzah ýok
Söýýän Hudaý, ölüleri ebedi gynalýan ýeri döretmez. Adamlary ýakmak we gynamak barada Hudaý diýýär: «Men [bulary] buýruk bermedim, bu zatlar meniň ýüregime-de gelmeýärdi» (Ýeremiýa 7:31, ST).
Ýazgyt ýok
Hudaý adamlaryň maňlaýyna, olara näme boljagyny ýazmaýar. Şindi dogulmadyk adamyň gelejegini kesgitleýän ýazgyt ýok. Edýän hereketlerimize, saýlaýan ýollarymyza biziň özümiz jogapkärdiris. «Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» (Rimliler 14:12).
Ruhanylar synpy ýok
Hudaý üçin, özüni Oňa bagyş edenleriň hemmesi deňdir. Hakyky sežde edýänleriň hemmesi — doganlar we uýalardyr. Hudaý hiç hili aýratyn hukukly ruhany synpy bellemedi. Isa diýdi: «Her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler» (Luka 18:14). Dini peýdalanyp, özüni beýleki adamlardan beýik tutýanlary Hudaý höküm eder (Matta 23:4—12).
Butparazlyk gadagan
«Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir» (Ýahýa 4:24). Hudaýyň hakyky gullukçylary sežde edenlerinde butlary ulanmaýarlar.
Syýasy işlerde bitaraplyk
Isanyň aýdyşy boýunça, onuň şägirtleri «dünýäden däldirler» (Ýahýa 17:16). Şu sebäpli Ýehowanyň Güwäleri ne döwlet, ne-de ýerli syýasata goşulýarlar. Muňa garamazdan olar kanuna gulak asýan graždanlardyr (Rimliler 13:1, 5—7).
Ýokary ahlak kadalary
Hudaýyň hakyky sežde edijilerini nädip tanamalydygyny Isa şeýle sözler bilen düşündirdi: «Meniň buýrugym şu: biri-biriňizi Meniň sizi söýşüm ýaly söýüň» (Ýahýa 15:12, 13). Mukaddes Ýazgylaryň başga ýerinde diýilýär: «Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk, we nebsiňe buýurmaklykdyr» (Galatýalylar 5:22, 23). Şu häsiýetli adamlar ýalan sözlemeýärler, ogurlyk etmeýärler, humarly oýunlary oýnamaýarlar, narkotikleri erbetlige ulanmaýarlar we ahlaksyzlykda ýaşamaýarlar (Efesliler 4:25—28). Olar Hudaýyň ýigrenýän hemme zadyndan gaça durýar, çünki olar Hudaýy söýýärler. Ine, şular ýaly düşünjeler Ýehowanyň Güwäleriniň durmuşyny ugrukdyrýar.
Bu dünýäniň soňy golaý
Biziň döwrümiz geçen döwürlerden näme bilen tapawutlanýar? Welilikleriň ýerine ýetişinden, biziň şu günki dünýäniň, zatlar sistemasynyň iň soňky günlerinde ýaşaýandygymyzy görüp bolar (Daniýel 2:44). Emma şu gün şeýle sorag döreýär: biziň edýän hereketlerimiz Hudaýa ýaramlymyka? Hudaýyň ýekeligi sebäpli, hakyky din hem — ýekedir. We bu din diňe şonda hakyky bolup biler, haçan-da onuň öwredişi Töwratyň, Zeburyň we Injiliň öwredişine laýyk gelende. Diýmek, biz bu Sözi barlamaly.
Edil şunuň bilen hem Ýehowanyň Güwäleri meşgullanýarlar. Siz haýsy dinde bolsaňyz-da siziň hem Hudaýyň Sözüni barlamagyňyz gerekdir. Muny size derek hiç kim etmez. Ýadyňyzda bolsun: «Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» (Rimliler 14:12).
Hiç kim Ýehowanyň Güwäsi bolup dogulmaýar. Güwä bolmalymy, ýa-da ýok, her kim özi çözýär. Ynsan Hudaýyň Sözüni dogruçyllyk bilen barlap ondan hakykaty tapýar we şonuň esasynda özüni, Ýehowa atly hakyky Hudaýa bagyşlaýar. Eger-de siz Hudaýyň Sözüni şeýle barlamak isleýän bolsaňyz, aşakdaky görkezilen adresleriň birine ýazyň.
[Çykgyt]
a Yslam dünýäsinde Mukaddes Ýazgylar — Töwrat, Zebur we Injilden ybarat bolan kitap hökmünde tanalýar. Azyndan, Kuranyň 64 aýatynda bu kitaplar Hudaýyň Sözi diýip atlandyrylýar, olary okamaly we olarda berilýän buýruklary ýerine ýetirmeli diýip bellenilýär. Käbir adamlar Töwratyň, Zeburyň we Injiliň ýazgylary üýtgedildi diýip düşündirýärler. Emma bular ýaly düşündirişler eýsem, Kuranyň sözlerine ynanmazçylyk edilýändigini, şeýle hem Hudaý öz Sözüni üýtgetmeden gorap bilmeýändigini aňladýar ahyryn.