Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • T-74 sah. 1—6
  • Dowzah ody Hudaýyň jezasymy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dowzah ody Hudaýyň jezasymy?
  • Dowzah ody Hudaýyň jezasymy?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Akyla laýyk däl öwretme
  • Zyýanly öwretme
  • Günäniň muzdy [temmisi] näme?
  • Ýagşy adamlar üçin sylag
  • Biz «her kime» nädip jogap bermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowanyň güwäleri Olar kim?
    Ýehowanyň Güwäleri Olar kim?
  • Söýgüli ölenlerimiz üçin näme umyt bar?
    Söýgüli ölenlerimiz üçin näme umyt bar?
Dowzah ody Hudaýyň jezasymy?
T-74 sah. 1—6

Dowzah ody Hudaýyň jezasymy?

Adamlary nädip gynaýandyklaryny sen görüpmidiň? Gören dälsiň diýip umyt edýäris. Gynama ýigrenç döredýär. Ýöne, Hudaý gynaýan bolsa näme? Muny göz öňüne getirmek mümkinmi? Emma ençeme dinlerde ýöredilýän otly dowzah baradaky öwretme hut şuny göz öňünde tutýar.

Bir salym şeýle gorkunç suraty göz öňüne getir: güýçli gyzdyrylan demir plitanyň üstünde haýallyk bilen adamy gowurýarlar. Ol jebir çekýär we bialaç rehim edilmegine nalaýar, emma hiç kim oňa üns bermeýär. Sagatlar, günler geçýär, emma gynama dowam edýär — onuň soňy ýok!

Adam öň nähili jenaýat edäýende-de heý oňa haýpyň gelmezmi? Ýöne ony gynamagy kim buýurdyka? Söýgi oňa mahsusmyka? Hiç mahsus däldir! Söýgi — rehimdar we geçirmegi başarýandyr. Söýýän ata öz çagalaryna temmi berip biler, ýöne ol hiç haçan olary gynamaz!

Şonda-da, ençeme dinlerde Hudaý günäkärleri dowzah odunda baky gynaýşa duçar edýär diýip öwredýärler. Bu, günäler üçin Hudaýyň bellän jezasy diýip görkezilýär. Eger bu şeýle bolsa, onda beýle gorkunç, ebedi ejir berilýän ýeri kim döretdikä? Kimiň islegi boýunça elhenç heläkçilikler bolýar? Jogaby mese-mälim ýalydyr. Eger şeýle ýer dogrudan-da bar bolsa, onda ony Hudaý döretmeli, diýmek, şol ýerde bolýan zatlara-da onuň özi jogapkär.

Sen şunuň bilen razymy? Mukaddes Ýazgylardaa aýdylýar: «Hudaý söýgüdir» (1 Ýahýa 4:8). Gynama hatda adamlarda-da ýigrenç döredýän bolsa, onda söýgi Hudaýy gynap bilermi? Elbetde bilmez!

Akyla laýyk däl öwretme

Muňa garamazdan adamlaryň köpüsi erbetleriň dowzaha, baky heläkçilige iberiljekdiklerine ynanýarlar. Beýle öwretme akyla laýykmy? Ynsan bary-ýogy 70—80 ýyl ýaşaýar. Adam bütin ömrüniň dowamynda ýamanlyk eden hem bolsa, ony baky gynamalar bilen jezalandyrmak adalatlymy? Ýok. Şeýle gysga ömürde eden günäleri üçin adamlary baky gynamak örän adalatsyz bolardy.

Ölümden soň hakykatdan-da näme bolýandygyny kim bilýär? Muny diňe Hudaý bilýär we ol muny öz ýazylan Sözünde, Mukaddes Ýazgylarda aýan edýär. Onda şeýle aýdylýar: «Olaryň [haýwanlaryň] ölüşi ýaly bular hem [adamlar] ölýärler, we hemmesinde-de bir dem ... Hemmesi bir ýere barýar; hemmesi toprakdan emele geldi, topraga-da dolanyp barar» (Wagyzçy 3:19, 20, ST). Bu ýerde otly dowzah barada ýekeje söz hem ýok. Adamlar ölende topraga gaýdyp barýarlar — ýaşamagy bes edýärler.

Ejir çekmek üçin huşda bolmaly. Ölüler huşundamyka? Ýok. «Diriler öljeklerini bilýärler, ölüler bolsa hiç zat bilmeýär, olara indi öwezini berme-de ýok, çünki olar barada ýatlama-da galmaýar» (Wagyzçy 9:5, ST). «Hiç zat bilmeýän» ölüler dowzah odunda ejir çekip bilmeýärler.

Zyýanly öwretme

Käbirleri otly dowzah baradaky öwretmäniň hakykat ýa-da toslamadygyna garamazdan, ony peýdaly hasaplaýarlar. Näme üçin? Olar, bu öwretme adamlary ýamanlyk etmekden saklaýar diýýärler. Emma bu şeýlemi? Eýsem dowzah oduna ynanýan adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde, başga ýurtlara garanyňda jenaýatçylyk azmy? Asla az däl! Gaýtam dowzah ody baradaky öwretme juda zyýanly. Hudaý adamlary gynaýandyr diýýänler gynamanyň ýigrenji zatdygyny hasaba alýarlarmyka? Almaýan bolsalar gerek. Köplenç, rehimsiz hudaýa iman edýänleriň özleri-de öz hudaýy ýaly rehimsiz bolýar.

Paýhasly adam muňa haýsy tarapdan garanda-da, ejir berilýän ýeriň barlygy bilen razylaşyp bilmez. Bu sagdyn düşünjä ters gelýär. Bu adamzat tebigatyna ters gelýär. Emma has ähmiýetlisi, şeýle ýeriň barlygy barada Hudaýyň Sözünde-de aýdylmaýar. Adam ölende, ol «topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde puja çykýar» (Zebur 146:4).

Günäniň muzdy [temmisi] näme?

Eýsem, bu, biziň günälerimiziň temmisiz galýandygyny aňladýarmy? Ýok, bu beýle däl. Mukaddes Hudaý günäkärlere temmi berýär, ýöne ol olary gynamaýar. Günäkärler toba gelen mahaly bolsa, ol olary bagyşlaýar. Günäniň temmisi nämekä? Mukaddes Ýazgylarda anyk jogap berilýär: «Günäniň muzdy ölüm» (Rimliler 6:23). Ýaşaýyş — bu Hudaýyň sowgadydyr. Günä edip, biz bu sowgada mynasyplygymyzy ýitirýäris, şu sebäpden hem ölýäris.

Mümkin sen sorarsyň: «Hany bu ýerde adalatlyk? Hemmeler ölýär ahyryn!» Bu, biziň hemmämiz günäli bolanymyz üçin şeýle bolýar. Hawa, ýekeje adam hem ýaşaýşa mynasyp däl. «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi» (Rimliler 5:12).

Bu sözleri okap, mümkin sen pikir edersiň: eger biziň hemmämiz günä edýän bolsak, şol sebäpden hem ölýän bolsak, onda gowy bolmak üçin jan etmegiň geregi näme? Göwnüňe, erbet adama-da, Hudaýa gulluk edýäne-de şol bir ýagdaý garaşýan ýalydyr. Emma bu beýle däl. Biziň hemmämiz günä edýän bolsak-da, Hudaý ýürekden toba edýänleri we düzeljek bolup jan çekýänleri bagyşlaýar. Ol ‘pikirimizi täzelemekde’ we ýagşylyk etmekde edýän gaýratymyzy sylaglaýar (Rimliler 12:2). Bu hakykat ajaýyp umydyň düýp köküdir.

Ýagşy adamlar üçin sylag

Ölenimizde biz ýaşamagymyzy bes edýäris. Emma bu, indi hemme zadyň gutarandygyny aňlatmaýar. Eýýup atly bir dogry adam, ölse gabyra (şeola) düşjegini bilýärdi. Ýöne onuň Hudaýa ýüzlenip aýdan dogasyna üns ber: «Ah, eger Sen meni gabyrda [şeolda] gizlesediň, tä Seniň gazabyň geçýänçä meni gorasadyň, maňa möhlet bellesediň, we ondan soň meni ýatlasadyň! Adam ölensoň, ol ýene-de ýaşarmyka?.. Sen çagyrsadyň, men hem Saňa jogap bererdim» (Eýýup 14:13—15, ST).

Eýýup, eger ol ölýänçä wepaly galsa, Hudaýyň ony ýatlajakdygyna we ýaşaýşa direltjekdigine ynanýardy. Muňa Hudaýyň gadym döwürdäki gullukçylarynyň hemmesi-de ynanýardy. Isanyň özi bu umytlaryň hakykydygyny şeýle sözler bilen tassyklady: «Gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň [Hudaýyň] sesini eşitjek wagtlary gelýär. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin direler we şer iş edenler höküm üçin direler» (Ýahýa 5:28, 29).

Direliş haçan başlanar? Örän basym diýip Mukaddes Ýazgylar belleýär. Mukaddes Ýazgylaryň welilikleriniň görkezişi boýunça 1914-nji ýylda bu dünýäniň «soňky günleri» başlandy (2 Timoteos 3:1). Ýakyn gelejekde, köpleriň «ahyrzaman» diýýän wagty gelende Hudaý erbetligi aýrar we gökdäki hökümetiň baştutanlygynda täze dünýäni berkarar eder (Matta, 24-nji bap; Markus, 13-nji bap; Luka, 21-nji bap; Ylham 16:14).

Şonda Ýer jennete öwrüler we onda diňe jan çekip Hudaýa gulluk edenler ýaşar. Erbet adamlar dowzahda ýanmazlar, ýöne Jennetde-de olara ýer ýokdur. Zebur 37:10, 11-de biz okaýarys: «Erbet ýok bolar. Hawa, onuň ýerine seredersiň, ol ýokdur. Emma mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder».

Bu diňe arzuwmy? Ýok, bu Hudaýyň wadasy. Mukaddes Ýazgylarda biz okaýarys: «Gökden bir batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: „Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar. Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy“» (Ylham 21:3,4).

Sen bu sözlere ynanýarmyň? Olar ynama mynasypdyr. Hudaýyň sözleri elmydama ýerine ýetýär (Işaýa 55:11). Biz saňa Hudaýyň adamzat üçin edýän niýetleri barada köpräk bilmegi hödürleýäris. Bu işde saňa Ýehowanyň Güwäleri höwes bilen kömek ederler. Eger seniň şonuň ýaly islegiň bar bolsa, aşakda görkezilen adresleriň birine hat ýazyp iber.

[Çykgytlar]

a Yslam dünýäsinde Mukaddes Ýazgylar — Töwrat, Zebur we Injilden ybarat bolan kitap hökmünde tanalýar. Azyndan, Kuranyň 64 aýatynda bu kitaplar Hudaýyň Sözi diýip atlandyrylýar, olary okamaly we olarda berilýän buýruklary ýerine ýetirmeli diýip bellenilýär. Käbir adamlar Töwratyň, Zeburyň we Injiliň ýazgylary üýtgedildi diýip düşündirýärler. Olar ýaly adamlar, Hudaý öz Sözüni üýtgetmeden goramagy başarmaýar diýmekçi bolýarlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş