Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fy bap 4 sah. 39—50
  • Hojalygyň işlerini nädip dolandyryp bolýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hojalygyň işlerini nädip dolandyryp bolýar?
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BAR ZADYŇYZA KAÝYL BOLUP ÝAŞAŇ
  • ÖÝ IŞLERINI PAÝLAŞYŇ
  • ARASSAÇYLYK NÄME ÜÇIN WAJYP?
  • ÖWGI GALKYNDYRÝAR
  • Hudaý arassa adamlary söýýär
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Maşgalany nädip bagtly etmeli?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Maşgalada parahatlygy saklaň
    Maşgala bagtynyň syry
  • Maşgalada biri kesellände
    Maşgala bagtynyň syry
Maşgala bagtynyň syry
fy bap 4 sah. 39—50

DÖRDÜNJI BAP

Hojalygyň işlerini nädip dolandyryp bolýar?

1. Näme üçin şu günler hojalygyň işlerini dolandyrmak gitdigiçe kynlaşýar?

«DÜNÝÄNIŇ häzirki ýagdaýy geçegçidir» (1 Korinfliler 7:31). Bu sözleriň ýazylanyna takmynan 1900 ýyl geçdi. Emma, şu günler üçin gör nähili ýerlikli aýdylan sözler! Dogrudanam, ähli zat özgerýär. Esasan, maşgala durmuşynyň ýagdaýy has-da üýtgeýär. 40-50 ýyl mundan öň edilýän adaty zatlar häzir ýerliksiz hasaplanýar. Şol sebäpli hojalygyň işlerini üstünlikli dolandyrmak gitdigiçe kynlaşýar. Emma Ýazgylardaky maslahata eýerseňiz, kynçylyklaryň hötdesinden gelip bolýar.

BAR ZADYŇYZA KAÝYL BOLUP ÝAŞAŇ

2. Ykdysady ýetmezçilik maşgala durmuşyna nähili täsir edýär?

2 Şu günler köp adamlary ýönekeý ýaşaýyş kanagatlandyrmaýar. Kommersiýa dünýäsi has köp önüm öndürýär we reklama arkaly harytlaryny öwüp, adamlarda gyzyklanma döredýär. Millionlarça ata-eneler şol harytlary satyn almak üçin köp wagtyny işe sarp edýärler. Millionlarça başga adamlar bolsa, her günki iýjek bir döwüm çöregi üçin göreşýär. Häzir öňkä garanyňda, adamlar köp işlemeli bolýar, maşgalany ýönekeý zatlar bilen üpjün etmek üçin käwagtlar iki işde işlenilýär. Käbir adamlar bolsa bir iş tapsa özlerini bagtly saýýarlar, sebäbi işsizlik meselesi gitdigiçe köpelýär. Hawa, häzirki maşgalalara ýaşaýyş aňsat däl, ýöne Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler şeýle kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek eder.

3. Pawlus haýsy prinsipi düşündirdi we ony ulansak, bu hojalygyň işlerini üstünlikli dolandyrmaga nädip kömek eder?

3 Pawlus resul maddy taýdan kynçylyk görüpdi. Ol şeýle kynçylygy başdan geçireni üçin, möhüm sapak edindi we ony dosty Timoteosa ýazan hatynda düşündirdi. Pawlus şeýle ýazdy: «Biz dünýä inenimizde, hiç zat getirmedik, dünýäden ötenimizde-de, hiç zat äkidip bilmeris. Şeýlelikde, iýmäge, geýmäge zadymyz we ýaşara ýerimiz bar bolsa, biz muňa kaýyldyrys» (1 Timoteos 6:7, 8). Dogrudanam, maşgala diňe bir iýmek we geýmekden başga-da birnäçe zatlar gerek bolýar. Ýaşamaga jaý we çagalara bilim bermek gerek. Şeýle-de keseliňi bejertmäge we başga birnäçe zatlara pul gerek. Her näme-de bolsa, Pawlusyň aýdan prinsipine görä ýaşap bolýar. Eger-de biz islegimizi däl-de, zerurlygymyzy kanagatlandyrsak, ýaşamak aňsat bolar.

4, 5. Hojalygyň işlerini dolandyrmaga öňünden oýlanyp planlaşdyrmaklyk nädip kömek eder?

4 Ýene bir peýdaly prinsipi Isanyň aýdan tymsalyndan görse bolýar. Ol şeýle diýdi: «Siziň haýsy biriňiz bina gurmakçy bolanyňyzda, ony tamamlamaga güýjüňiziň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, ilki oturyp, çykdajylary hasaplamaz?» (Luka 14:28). Isa bu tymsalynda öňünden oýlanyp, planlaşdyrmagy göz öňünde tutdy. Biz bu prinsipiň durmuş gurjak ýaşlara nädip kömek edýändigine geçen baplaryň birinde seredipdik. Bu prinsip durmuş gurandan soň hem hojalygyň işlerini dolandyranda peýda berer. Bu meselede öňünden oýlanyp planlaşdyrylsa, maşgalanyň girdejisini paýhasly ulanyp bolar. Şeýlelikde, maşgala günde ýa her hepde iň gerekli zatlary satyn almak üçin puluň mukdaryny hasaplap, şoňa görä ýaşap biler.

5 Käbir ýurtlarda şeýle planlaşdyrylyşa eýermek üçin biderek zatlary satyn almaga puly göterimine karz almak höwesine garşy durmaly bolar. Başga ýurtlarda bolsa, kredit kartoçkasynyň ulanylyşyna berk üns bermeli bolar (Süleýmanyň tymsallary 22:7). Şeýle-de göwnüňe ýaran zatlaryň zerurlygy we peýdasy barada oýlanman, gören badyňa satyn almak endigine garşy göreşmeli bolar. Mundan başga-da öz nebsiňe çapyp, puly humarly oýunlara, çilime we spirtli içgilere sarp etseňiz, Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere garşy çykarsyňyz hem-de maşgalanyň girdejisine zyýan ýetirersiňiz (Süleýmanyň tymsallary 23:20, 21, 29—35; Rimliler 6:19; Efesliler 5:3—5).

6. Mukaddes Ýazgylar garyp ýaşaýan adamlara nähili teselli berýär?

6 Bialaç garyp ýaşaýan adamlar näme etmeli? Olar bütin dünýädäki garyplygyň wagtlaýyndygyny bilseler teselli taparlar. Golaýlaşyp gelýän täze dünýäde Ýehowa garyplygy-da, erbetligi-de ýok eder (Zebur 72:1, 2, 12—16). Şoňa görä-de mesihçiler has garyp ýaşasalar-da umytdan düşmeýärler, sebäbi Ýehowanyň: «Seni hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn» diýen wadasyna ynanýarlar. Şonuň üçin Ýehowa iman edýän adam: «Ýehowa meniň kömekçimdir; men gorkmaryn» diýip, ynamly aýdyp biler (Ýewreýler 13:5, 6). Şu agyr günlerde Ýehowa Onuň prinsipleri boýunça ýaşaýan we öňürti Onuň Patyşalygyny agtarýan gullukçylaryny dürli ýollar bilen goldaýar (Matta 6:33). Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi Pawlusyň: «Ähli zatda we ähli ýagdaýda doklugyň hem açlygyň, bolçulykda hem mätäçlikde ýaşamagyň syryny öwrendim. Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zady etmäge güýjüm ýetýändir» diýen sözlerine goşulýar (Filipililer 4:12, 13).

ÖÝ IŞLERINI PAÝLAŞYŇ

[42-nji sahypadaky surat]

Öýüň işlerini maşgala agzalarynyň ählisi etmeli

7. Hojalygyň işlerini üstünlikli dolandyrmaga Isanyň haýsy maslahaty kömek eder?

7 Isa ýer ýüzündäki gullugynyň ahyrynda şeýle diýdi: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» (Matta 22:39). Bu maslahata eýerseňiz, hojalygyň işlerini üstünlikli dolandyrmaga kömek eder. Maşgalada är, aýal, ata-ene we çagalardan başga kime söýgüli we mähriban ýakynym diýip aýdyp bileris? Maşgala agzalary biri-birine nädip söýgüsini görkezip biler? 

8. Maşgalada nädip söýgi bildirmeli?

8 Munuň birinji ýoly—her kim özüne berlen ýumşy ýerine ýetirmeli. Meselem, çagalara her bir işi edenden soň, ýagny eşigini çykarandan soň, oýunjagyny oýnandan soň, ýerli ýerinde goýmagy öwretmeli. Her gün irden turanda düşegiňi ýygnamak üçin wagt gerek we tagalla etmeli bolar, ýöne bu-da uly kömek. Elbetde, käwagt öýüň akan-dökan bolmagy mümkin, ýöne arassalygy saklamak üçin nahardan soň, saçagy ýygnamaga her kim gatnaşyp biler. Ýaltalyk, öz bileniňi etmeklik, işden boýun gaçyrmaklyk we zeýrenmeklik maşgala agzalarynyň her birine erbet täsir edýär (Süleýmanyň tymsallary 26:14—16). Hemişe höwes bilen kömekleşmäge taýýar bolsak, maşgalanyň bagtly bolmagyna ýardam ederis. «Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir» (2 Korinfliler 9:7).

9, 10. a) Köplenç aýallaryň egnine nähili işler ýüklenýär we bu ýüki nädip ýeňledip bolar? b) Öýüň işlerini edende nähili paýhasly maslahat berilýär?

9 Maşgalada döreýän kynçylyklaryň çözülmegine birek-birege bolan söýgi kömek eder. Adatça, ene — öýüň diregidir. Ol çagalara hem öýüň arassaçylygyna seredýär, kirini ýuwýar, gerek zatlary satyn alýar we nahar bişirýär. Käbir döwletlerde aýallar ekin meýdanynda işläp, ýygnan hasyllaryny bazarda satýar ýa-da başga işler bilen maşgalanyň girdejisine goşant goşýar. Durmuşa çykan aýallaryň millionlarçasy mätäçlik zerarly iş gözlemäge mejbur bolýar. Beýle ýagdaý öň aýallaryň işlemegi ýerliksiz hasaplanan döwletlerde-de duş gelýär. Şeýle dürli işlerde agyr zähmet çekýän aýal we ene öwgä mynasypdyr. Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan «başarjaň aýal» kimin, olar örän işeňňirdir. Olar «ýaltalyk çöregini iýýän däldir» (Süleýmanyň tymsallary 31:10, 27). Emma bu öýüň işlerini diňe aýal maşgalanyň etmelidigini aňlatmaýar. Eýsem, äri-de, aýaly-da uzak gün işläp öýe gelensoň, äri, çagalary dynç alyp, öýüň işlerini diňe aýaly etse dogry bolarmy? Elbetde ýok (2 Korinfliler 8:13, 14-nji aýatlary deňeşdiriň). Şonuň üçin aýaly nahar taýýarlaýança, beýlekiler saçak ýazsa, dükandan gerek zatlary getirse, öý-içerini biraz ýygnaşdyrsa, ol minnetdar bolardy. Hawa, hojalygyň işlerini etmäge maşgala agzalarynyň hemmesi-de borçly (Galatýalylar 6:2-ni deňeşdiriň).

10 Kimdir biri: «Meniň ýaşaýan ýerimde erkek adam beýle işleri etmeýär» diýmegi mümkin. Belki, şeýledirem, ýöne bu babatda biraz pikirlenip görseňiz gowy bolmazmy? Ýehowa Hudaý maşgalany döredende, öýüň işlerini diňe aýal etmeli diýmändi. Bir sapar Ybraýym pygamberiň ýanyna Ýehowanyň habarçylary gelende, Ybraýym olary myhman aldy we özi nahar taýýarlap, hyzmat etdi (Gelip çykyş 18:1—8). Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Ärler hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir» (Efesliler 5:28). Eger äri agşamara ýadap dynç almak islese, belki, aýaly ondan hem has ýadandyr we muňa göz ýetirmek kyn bolmasa gerek? (1 Petrus 3:7). Şonuň üçin är öýüň işlerine kömek edip, aýalyny söýýändigini görkezse ýerlikli bolmazmy? (Filipililer 2:3, 4).

11. Isa maşgala agzalaryna nähili ajaýyp görelde galdyrdy?

11 Hudaýy razy etmek hem-de dostlaryny bagtly etmek bilen Isa ajaýyp görelde galdyrdy. Isa öýlenmedik bolsa-da, är-aýallara hem-de çagalara oňat görelde görkezdi. Isa özi barada şeýle diýdi: «Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl-de, eýsem, hyzmat etmek», ýagny adamlara gulluk etmek üçin geldi (Matta 20:28). Şeýle göreldä eýerýän maşgala agzalary nähili bagtly!

ARASSAÇYLYK NÄME ÜÇIN WAJYP?

12. Ýehowa gullukçylaryndan näme talap edýär?

12 Hojalyk işlerini dolandyrmaga 2 Korinfliler 7:1-däki prinsip hem kömek edýär. Ol ýerde şeýle sözleri okaýarys: «Geliň, bedeni we ýüregi hapalaýan islendik zatdan özümizi arassalalyň». Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bu sözlere gulak asýan adamlar «tämiz, çirksiz sežde etmegi» talap edýän Ýehowany razy edýär (Ýakup 1:27). Bu olara hojalyk işlerini dolandyrmaga peýda berýär.

13. Hojalygy dolandyranda arassaçylyk näme üçin gerek?

13 Meselem, Mukaddes Ýazgylarda gelejekde keselçiligiň ýok boljakdygy aýdylýar. Şonda «ýaşaýjylaryň hiç biri: «men syrkaw» diýmez» (Işaýa 33:24; Ylham 21:4, 5). Ýöne häzir her bir maşgala keselçilikden ýaňa ejir çekýär. Hatda Pawlus we Timoteos hem keselläpdiler (Galatýalylar 4:13; 1 Timoteos 5:23). Lukmanlaryň aýtmagyna görä, köp keselleriň öňüni alyp bolýar. Paýhasly maşgalalar ten we ruhy arassaçylygy saklap, käbir keselleriň öňüni alýarlar. Geliň, olaryň muny nädip edýändigine seredeliň (Süleýmanyň tymsallary 22:3-i deňeşdiriň).

14. Ahlak taýdan arassaçylyk maşgala agzalaryny nädip keselden gorar?

14 Ruhy taýdan arassaçylyga ahlak taýdan arassaçylyk degişli. Bilşimiz ýaly, Mukaddes Ýazgylardaky ýokary ahlak kadalaryna görä, nikadan daşary islendik jyns gatnaşygy ýazgarylýar. «Ahlaksyzlyk edýänler... zynahorlar, azgyn erkekler, beçebazlar... Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» (1 Korinfliler 6:9, 10). Mesihçilere bu azgyn dünýäde Hudaýyň ýokary kadalary boýunça ýaşamaklyk örän wajypdyr. Bu Hudaýa ýaraýar hem-de AIDS (SPID), merezýel (sifilis), sözenek (ganoreýa) we hlamidioz ýaly jyns ýol bilen geçýän kesellerden maşgalany goraýar (Süleýmanyň tymsallary 7:10—23).

15. Ten hapalygy zerarly döreýän keselleriň nädip öňüni alyp bolýar? Mysal getiriň.

15 «Bedeni we ýüregi hapalaýan islendik zatdan özümizi arassalasak», özümizi we maşgalamyzy başga kesellerden hem goramaga kömek eder. Keselleriň köpüsi ten taýdan arassaçylygyň saklanylmaýandygy sebäpli döreýär. Mysal üçin, çilim çekmek endigini alyp göreliň. Çilim çekmeklik diňe bir öýkeni, egin-eşigi we howany zaýalaman, eýsem, adamlarda kesel döredýär. Her ýylda millionlarça adamlar çilim çekýändigi zerarly ölýärler. Oýlanyp görüň, şol millionlarça adamlar özüni «bedenini... hapalaýan» zatlardan tämiz saklasadylar, onda kesele we biwagt ölüme sezewar bolmazdylar!

16, 17. a) Ýehowanyň beren haýsy kanuny ysraýyllylary käbir keselden goraýardy? b) Kanun taglymaty 23:12, 13-nji aýatlardaky prinsipi ähli maşgalalar nädip ulanyp biler?

16 Geliň, başga bir mysala seredeliň. Ysraýyllylaryň sežde edişini we gündelik durmuşyny tertip-düzgüne salmak üçin, Hudaý olara takmynan 3 500 ýyl mundan ozal Kanun berdi. Kanundaky gigiýenanyň esasy düzgünleri halky keselçilikden goraýardy. Şol düzgünleriň biri boýunça adamlaryň ýaşaýan ýerini arassa saklamak üçin nejasadyňy düşelgeden daşarda ýere gömmelidi (Kanun taglymaty 23:12, 13). Bu gadymy düzgün şu günlerem peýdaly. Bu düzgüne eýermeýän adamlar şu günlerem keselleýärler we ölýärler.a

17 Ysraýyllylara berlen kanunyň prinsipi esasynda, hammam we hajathana öýüň içersinde ýa-da daşarsynda bolmagyna garamazdan, olary arassa saklamaly hem-de dezinfeksiýa etmeli. Hajathanany arassa saklamasak ýa-da gapysyny ýapmasak, siňekler ol ýere üýşüp, mikroby öýüň ähli ýerine, hatda iýjek iýmitimize-de geçirerler! Şeýle-de çagalar hem, ulular hem hajathana baranyndan soňra elini ýuwmaly. Ýogsam, olaryň derisinde mikrob galar. Bir fransuz lukmanyň aýtmagyna görä, «eliňi ýuwmaklyk iýmit siňdiriş, dem alyş we deri infeksiýalaryndan goranmagyň iň gowy ýoludyr».

[47-nji sahypadaky surat]

Arassaçylygy saklamak derman satyn almakdan arzandyr

18, 19. Garyp ýaşalýan ýerlerde öýüňi arassa saklamak üçin nähili maslahat berilýär?

18 Dogry, garyp ýaşalýan ýerlerde arassaçylygy saklamak aňsat däl. Şunuň ýaly ýerleriň ýaşaýşyny gowy bilýän bir adam şeýle diýýär: «Jokrama yssydan ýaňa arassaçylygy saklamak has-da kynlaşýar. Tozanly ýel öýüň her bir ýarygyny goňur reňkli kirşen bilen örtýär... Şäherde we käbir obalarda ilatyň artmagy bilen adamlaryň saglygyna has-da köp howp abanýar. Açyk ýatan kanalizasiýa turbalary, üýşüp duran zir-zibiller, köpçüligiň ulanýan hapa hajathanalary hem-de infeksiýa ýaýradýan alakalar, saçakçylar we siňekler hiç kimi geň galdyrmaýar».

19 Şeýle şertlerde arassaçylygy saklamak kyn. Emma şonda-da tagalla etmeli. Sabyn, suw we biraz tagalla, derman satyn almakdan hem-de özüňi keselhanada bejertmek üçin tölenýän puldan arzan düşer. Eger siz şeýle şertlerde ýaşaýan bolsaňyz, mümkin boldugyndan, öýüňizi, howlyňyzy arassa saklajak boluň hem-de mallaryň nejasadyny aýryň. Ýagyşly günler jaýyňyzyň öňi palçyk bolýan bolsa, onda oňa çagyl ýa-da daş dökseňiz gowy bolmazmy? Jaýa girmänkäňiz, belki, aýakgabyňyzy çykararsyňyz? Agyz suwuňyzy hem arassa saklamaly. Hasabata görä, her ýyl azyndan iki million adam hapa suwdan we erbet sanitariýa şertler sebäpli döreýän keselçilikden ölýär.

20. Öýüň arassaçylygyna kim jogapkär?

20 Öýüň arassaçylygy hemmä, ýagny ata-enä-de, çagalara-da, myhmana-da bagly. Keniýada ýaşaýan sekiz çagaly bir aýal şeýle diýdi: «Çagalaryň hersi öz etmeli işlerini öwrendi». Öýüň arassalygy üçin maşgala agzalarynyň hemmesi öwgä mynasyp. Ispan nakylynda şeýle diýilýär: «Garyplyk hapysalyk däldir». Kaşaň jaýda ýa-da ýönekeý jaýda, otagda ýa çatmada ýaşasaňyz-da arassaçylyk saglygyň girewidir.

ÖWGI GALKYNDYRÝAR

21. Süleýmanyň tymsallary 31:28-e görä maşgalany näme bagtly edýär?

21 Başarjaň aýal barada Süleýmanyň tymsallarynda şeýle diýilýär: «Çagalary-da oňa alkyş aýdýandyr, äri turup, ony öwýändir» (Süleýmanyň tymsallary 31:28). Siz haçan iň soňky sapar maşgalaňyzdan birini öwdüňiz? Aslynda, biz bahar aýynda biraz gün gyzyp, ýagyş ýaganda gülläp ugraýan ösümlige meňzeýäris. Biz hem öwgüli sözlere mätäç. Öwgüli sözler aýala äriniň söýgi bilen onuň aladasyny edýändigini, çekýän zähmetininiň gadyryny bilýändigini we oňa bolmalysy ýaly garamaýandygyny bilmäge kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 15:23; 25:11). Şeýle-de aýaly ärini öýde we işde çekýän zähmeti üçin öwse, oňa-da ýakymly bolar. Ata-ene çagalarynyň öýde, mekdepde we mesihçileriň duşuşygynda edýän tagallalary üçin öwse, olar has hem gülläp öserler. Öwgüli sözler biraz bolsa-da, örän galkyndyrýar! Eýsem, «Sag bol» aýtmak kynmy? Elbetde kyn däl. Gaýtam, bu maşgalany ruhy taýdan goldar.

22. Hojalygy nädip «berkarar etmeli» we munuň üçin näme wajyp?

22 Hojalygy üstünlikli dolandyrmak aňsat däl. Ýöne munuň hötdesinden gelip bolýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Öý akyldarlyk bilen salnyp, düşünje bilen berkarar edilýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 24:3). Eger maşgala agzalaryň ählisi Hudaýyň yradasy barada bilim alyp, durmuşynda ulansalar, olaryň akyldarlygy we düşünjesi artar. Elbetde, maşgala bagtly bolar ýaly şeýle tagallalar gerek!

a Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy çagalaryň ölümine sebäp bolýan, giňden ýaýran içgeçme keselinden goramak üçin şeýle maslahat berýär: «Eger hajathana bolmasa, onda ýaşalýan ýerden, çagalaryň oýnaýan ýerinden we suw alynýan ýerden azyndan 10 metr uzaklykda meýdan etmeli, nejasadyňy ýere gömmeli».

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ŞU PRINSIPLER HOJALYGY DOLANDYRMAGA NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

Bar zadyňa kaýyl bolmak paýhaslydyr (1 Timoteos 6:7, 8).

Ýehowa gullukçylaryny terk etmez (Ýewreýler 13:5, 6).

Mesihçiler adamlary ak ýürekden söýýar (Matta 22:39).

Mesihçiler beden we ruhy taýdan arassaçylygy saklaýar (2 Korinfliler 7:1).

ARASSA SUW SAGLYGYŇ GIREWIDIR

Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy arassaçylygy ýaramaz şertlerde we agyz suwuň ýetmezçilik edýän ýerlerinde ýaşaýan adamlara birnäçe peýdaly maslahat berýär.

«Agyz suwuňyzy arassa gapda saklaň. Gabyň agzy ýapyk bolsun we çagalaryň, haýwanlaryň içmegine ýol bermäň... Suwy ýörite niýetlenen uzyn tutawaçly susak bilen alyň we ony başga zada ulanmaň. Gaby her gün boşadyp, içini ýuwup duruň.

Çagalaryň agyz suwuny we nahar bişirmek üçin ulanjak suwuňyzy gaýnadyň... Suwy birnäçe sekunt gaýnatmaly».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş