Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rq sapak 4 sah. 8—9
  • Iblis kimdir?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iblis kimdir?
  • Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Hüşgär boluň, Şeýtan sizi ýuwutmak isleýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Duşmanyňyzy gowy tanaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Iblise we onuň hilelerine garşy dur
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Hudaýyň duşmanlary. Olar kim?
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
Hudaý bizden näme talap edýär?
rq sapak 4 sah. 8—9

4-nji sapak

Iblis kimdir?

Şeýtan Iblis nireden emele geldi? (1, 2)

Şeýtan adamlary nädip aldaýar? (3—7)

Iblise garşy durmak bize näme üçin zerur? (7)

1. «Iblis» diýlende — başga biri barada zalymlyk bilen ýalan sözleýän şahsyýet göz öňünde tutulýar. «Şeýtan» diýmek — «duşman», ýa-da «garşy çykan» diýmekdir. Şunuň ýaly atlary Hudaýyň esasy duşmany göterýär. Başda ol, Hudaý bilen gökde ýaşap ýören kämil perişdedi. Emma soňabaka, ol özi hakda çendenaşa köp oýlanyp başlady we hak boýunça Hudaýa degişli seždäniň özüne edilmegini isledi (Matta 4:8—10).

2. Şol perişde, ýagny Şeýtan, ýylany ulanyp, How-ene bilen gürleşdi. Ony aldap, Hudaýa gulak asmazlyga höweslendirdi. Şeýdip, Şeýtan Hudaýyň «hökümdarlygyny», ýagny Hemmelerden Beýigiň tutýan ornuny duşmançylykly tankyda sezewar etdi. Şeýtan gümana goýdy: Hudaý dogry hökümdarlyk edýärmi we Öz raýatlarynyň bähbitlerini göz öňüne alýarmy? Şeýtan şuny hem şübhä goýdy: Hudaýa gaýduwsyz wepadarlygy ýekeje adam bir saklarmyka? Şeýtan özüni şeýle alyp barmak bilen Hudaýyň duşmany boldy. Ine şonuň üçin hem, ol Şeýtan Iblis diýip atlandyryldy (Barlyk 3:1—5; Eýýup 1:8—11; Ylham 12:9).

3. Şeýtan özüne sežde etdirmek üçin, adamlary aldajak bolup gaýrat edýär (2 Korintoslylar 11:3, 14). Onuň, adamlary aldama usullarynyň biri — ýalan din. Eger din Hudaý barada ýalan zatlary öwredýän bolsa, onda ol din Şeýtanyň maksatlaryna gulluk edýär (Ýahýa 8:44). Ýalan dinleriň tarapdarlary hakyky Hudaýa sežde edýändiris diýip, çyn ýürekden pikir edýän bolmaklary ähtimal. Emma hakykatdan olar Şeýtana gulluk edýärler. Ol «bu dünýäniň taňrysy» (2 Korintoslylyr 4:4).

4. Adamlary özüne tabyn etdirmek üçin, Şeýtanyň indiki tapan usuly — spiritizm. Adamlar goranmak üçin, başgalara zyýan ýetirmek üçin, gelejegini bilmek üçin we gudrat görmek üçin ruhlary çagyrýarlar. Bu işleriň hemmesiniň hem arkasynda zalym güýç durandyr, ol — Şeýtan. Hudaýa ýaranmak üçin, biz spiritizm bilen hiç hili gatnaşyk etmeli däldiris (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:10—12; Resullaryň Işleri 19:18, 19).

5. Mundan başga-da, Şeýtan adamlary aldamak üçin, olarda çendenaşa milli büýsanjyny oýarýar we syýasy guramalara sežde etmäge isleg döredýär. Kämahal, adamlar öz halkyny, ýa-da jynsyny başgalaryňkydan artyk saýýarlar. Emma bu ýalan (Resullaryň Işleri 10:34, 35). Adamzadyň kynçylyklaryny syýasy guramalar aýyrar diýen pikirler hem bar. Muňa ynanýan adamlar Hudaýyň Patyşalygyny inkär edýärler. Emma adamzadyň kynçylyklaryny çözjek diňe Hudaýyň Patyşalygydyr (Daniýel 2:44).

6. Adamlary aldamak üçin Şeýtanyň ulanýan ýene bir usuly — olary günäli höweslere gyzykdyrmak. Ýehowa bize günäli endiklerimizden dynmagymyzy buýurýar, sebäbi olaryň bize zyýanlydygyny bilýär (Galatýalylar 6:7, 8). Günä etmegi endik eden adamlaryň käbirleri, mümkin, seniň hem olaryň edýän işlerine goşulmagyňy isleýändirler. Emma ýadyňda bolsun, hakykatda, bu zatlary senden Şeýtan isleýändir (1 Korintoslylar 6:9, 10; 15:33).

7. Zorluk bilen Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin, Şeýtanyň garşylyk görkezmegi we yzarlamagy mümkin. Seniň Mukaddes Ýazgylary öwrenýäniň üçin, dogan-garyndaşlaryňdan käbirleri saňa gaty gaharlanmaklary ähtimal. Başgalary bolsa, seniň üstüňden gülmekleri ähtimal. Emma ýaşaýanyň üçin sen kime borçly? Ýehowa barada bilim almagyňy bes etdirmek üçin, Şeýtan seni gorkuzmak isleýär. Şeýtana üstün çykmaga ýol berme! (Matta 10:34—39; 1 Petrus 5:8, 9). Iblise garşylyk görkezip, sen Ýehowany begendirersiň we Onuň hökümdarlygynyň tarapyndadygyňy görkezersiň (Süleýmanyň Tymsallary 27:11).

[9-njy sahypadaky suratlar]

Adamlary nädogry ýola ýalan din, spiritizm we milletparazlyk salýandyr.

[9-njy sahypadaky suratlar]

Ýehowa barada bilim almagyňy dowam edip Şeýtana garşy dur.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş