Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rq sapak 11 sah. 22—23
  • Hudaýa ýaramaýan dini düşünjeler we däp-dessurlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa ýaramaýan dini düşünjeler we däp-dessurlar
  • Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin Pasha baýramyny bellemeýär?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Hudaýa ýaramaýan baýramçylyklar
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin roždestwony bellemeýär?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
Hudaý bizden näme talap edýär?
rq sapak 11 sah. 22—23

11-nji sapak

Hudaýa ýaramaýan dini düşünjeler we däp-dessurlar

Haýsy dini düşünjeler we däp-dessurlar makul däl? (1)

Hudaýyň Troisadygyna mesihçiler ynanmalymy? (2)

Näme üçin hakyky mesihçiler Isanyň doglan gününi, Pashany we öz doglan günlerini bellemeýärler? (3, 4)

Ölüler dirilere zyýan ýetirip bilýärlermi? (5)

Isa haçda öldümi? (6)

Hudaýa ýaranmak nähili derejede wajypdyr? (7)

1. Dini düşünjeleriň we däpleriň hemmesi erbet diýip bolmaz. Emma Hudaý, ýalan dinden çykan we Mukaddes Ýazgylaryň öwretmelerine garşy gelýän dini düşünjeleri we däp-dessurlary makullamaýar (Matta 15:6).

2. Troisa. Ýehowa Troisamydyr, ýagny üç şahsyýet bir Hudaýda bolup bilermi? Ýok! Ýehowa — Ata — «ýalňyz hak Hudaýdyr» (Ýahýa 17:3; Markus 12:29). Isa — Oňa tabyn bolýan, Onuň ilkinji doglan Ogly (1 Korintoslylar 11:3). Ata Oglundan beýikdir (Ýahýa 14:28). Mukaddes ruh bolsa, şahsyýet däl-de Hudaýyň hereket edýän güýji (Barlyk 1:2; Resullaryň Işleri 2:18).

3. Isanyň doglan güni we Pasha. Isanyň doglan güni 25-nji dekabr däl. Ol, çopanlaryň öz sürülerini gijelerine açyk meýdanda saklaýan wagty, takmynan 1-nji oktýabrda doguldy (Luka 2:8—12). Isa, mesihçiler onuň doglan gününi bellemelidir diýip hiç haçan aýtmandy. Tersine, ol öz şägirtlerine onuň ölen güni barada ýatlamany ebedileşdirmegi tabşyrdy (Luka 22:19, 20). Isanyň doglan gününi bellemeklik we şonuň bilen bagly däp-dessurlar öz döremegi bilen gadymky ýalan dinlere borçly. Muny, ýumurtga we towşanly Pashanyň däpleri barada-da aýtmak dogry bolar. Irki mesihçiler Isanyň doglan gününi we Pashany bellemeýärdiler, muny şu wagtky hakyky mesihçiler hem bellemeýärler.

4. Doglan günler. Mukaddes Ýazgylarda diňe iki sany doglan günüň bellenişi barada aýdylýar, olary Ýehowa sežde etmeýän adamlar belleýärdi (Barlyk 40:20—22; Markus 6:21, 22, 24—27). Irki mesihçiler doglan günlerini bellemeýärdiler. Bu däp gadymky ýalan dinlerden geldi. Hakyky mesihçiler ýyl boýy sowgatlar edýärler we bir-birleri bilen gatnaşmakda şatlanýarlar.

5. Ölülerden gorky. Ölüler hiç zat edip, ýa-da duýup bilmeýärler. Biz olara kömek edip bilmeýäris, olar bolsa bize zyýan ýetirip bilmeýärler (Zebur 146:4; Wagyzçy 9:5, 10). Jan ölýär; ol ölümden soň ýaşamaýar (Ezekiýel 18:4). Emma, jynlar diýip atlandyrylýan zalym perişdeler, özlerini ölenleriň ruhy hökmünde görkezip bilýärler. Ölüleriň öňünde gorky döredýän we olara sežde etmäge höweslendirýän däp-dessurlar — erbet (Işaýa 8:19).

6. Haç. Isa haçyň üstünde ölmedi. Ol pürsüň üstünde öldi. Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde «haç» diýip terjime edilen grek sözi aslynda diňe pürs diýmekdir. «Haç» nyşany gadymy ýalan dinlerden gelýär. Irki mesihçiler sežde edenlerinde haçy ulanmaýardylar, we olar haça sežde etmeýärdiler. Şonuň üçin oýlanyp görüň: sežde edeniňde haçy ulanmak dogrumydyr? (Kanunyň Gaýtalanyşy 7:26; 1 Korintoslylar 10:14).

7. Mümkin, sanap geçilen käbir dini düşünjeleri we däp-dessurlary goýmak örän kyndyr. Mümkin, dogan-garyndaşlaryň we dostlaryň, öňki dini düşünjeleriňi üýtgetmeseň gowy bolar diýip, ynandyrjak bolýandyrlar. Emma, adamlara däl-de, Hudaýa ýaranmak has wajypdyr (Süleýmanyň Tymsallary 29:25; Matta 10:36, 37).

[22-nji sahypadaky surat]

Hudaý Troisa däl.

[23-nji sahypadaky surat]

Isanyň doglan gününi bellemeklik we Pasha gadymy ýalan dinlerden döredi.

[23-nji sahypadaky surat]

Ölülere sežde eder ýaly, ýa-da olardan gorkar ýaly hiç hili esas ýok.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş