Isa pygamber Ol kimkä?
«HATDA şägirdi däl adamlaryň köpüsi onuň beýik hem paýhasly mugallym bolandygyna ynanýarlar. Onuň adamzat taryhynda iň täsirli şahsyýetleriň biri bolandygyna hiç hili şübhe ýok» («Dünýä kitaby» ensiklopediýasy). Kim barada gürrüň gidýär? Isa pygamber barada gürrüň gidýär. Onuň kimdigini bilýäňizmi? Ol siziň durmuşyňyza täsir edýärmikä?
Isa pygamberiň gullugy barada Mukaddes Ýazgylaryň Injil diýilýän kitabynda gürrüň berilýär. Şol kitaplarda oňa Isa Mesih hem diýilýär. Şol habarlara ynanyp bolarmyka? Will Dýurant atly meşhur taryhçy Injili dykgatly öwrenip, şeýle ýazdy: «Birnäçe sada adam täsirli hem ýakymly, edep-ekramly hem-de doganlykda görelde görkezen ynsany oýlap tapypdyrlar diýmek, Injildäki hemme gudratlardan-da akyla sygmajak zady aýdan ýalydyr».
Muňa garamazdan, Gündogarda hem-de dünýäniň beýleki künjeklerinde ýaşaýan millionlarça adamlar Isa pygamber barada örän az bilýärler. Olar hakykatdan-da Isa pygamberiň birwagt ýaşandygyna ynanýandyrlar, ýöne durmuşyna täsir etmelidir öýdenoklar. Beýleki adamlar bolsa, özüne Isanyň şägirdi diýýän adamlaryň edýän işlerini görüp, Isa pygamber barada gyzyklanmaýarlar. Ýaponlar, mysal üçin, şeýle diýmegi mümkin: «Olar Nagasaki şäherine atom bombany taşladylar, ol ýerde bolsa, Ýaponiýanyň beýleki şäherlerindäkiden has köp hristian ýaşaýardy».
Emma syrkaw adam lukmanyň aýdyşy ýaly etmese, onuň syrkawlygy üçin lukmany günäkärläp bolarmyka? Elbetde, günäkärläp bolmaz. Hristian dünýäsi köp wagtdan bäri, her günki kynçylyklary çözmäge kömek edip biljek Isa pygamberiň maslahatlaryny äsgermeýär. Şonuň üçin özüne hristian diýýän adamlar Isa pygamberiň talaplaryny ýerine ýetirenok diýip, Isadan ýüz öwürmäge howlukmaň. Isa pygamber barada özüňiz köpräk bilseňiz, gowy bolardy. Eger-de Injile göz aýlasaňyz, onuň hakykatdan-da kimdigini we siziň durmuşyňyzy nädip üýtgedip biljekdigini görersiňiz.
Isa pygamber adamlary söýmegi öwredýär
Isa Mesih beýik mugallym bolup, takmynan 2000 ýyl mundan öň Palestinada ýaşapdyr. Onuň ömrüniň irki döwri barada hiç zat belli däl diýen ýaly (Matta, 1-nji we 2-nji baplar; Luka, 1-nji we 2-nji baplar). Isa Mesih 30 ýaşyndaka «hakykata güwälik etmek üçin» gulluk edip başlaýar (Ýahýa 18:37; Luka 3:21—23). Onuň ýerde üç ýarym ýyl gulluk edişi hakda Injiliň dört kitabynda gürrüň berilýär.
Gulluk edip ýörkä, Isa Mesih şägirtlerine durmuşdaky her hili kynçylyklary ýeňmäge kömek edýän bir maslahat berdi. Ol nähili maslahatka? Ol adamlary söýmegi maslahat berdi. Taryhda iň belli wagyzlaryň birinde, ýagny Dagdaky wagzynda Isa pygamber şägirtlerine ýakynyňy söýmegi öwretdi. Ol şeýle diýdi: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň» (Matta 7:12). Bu maslahata altyn düzgün diýilýär. «Adamlar» diýende ol hemme adamlary, hatda duşmanlary hem göz öňüne tutupdy. Şol wagyzda ol: «Duşmanlaryňyzy söýüň... sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň» hem diýdi (Matta 5:44). Eýsem, şeýle söýgi häzirki kynçylyklaryň köpüsini çözmezmidi? Mohandas Gandi atly hindi syýasatçysy munuň şeýledigine ynanýardy. Ol şeýle diýdi: «Eger... [adamlar] Isanyň Dagdaky wagzynyň taglymatyna esaslanyp, bir ylalaşyga gelse, onda biz... bütin dünýäniň kynçylyklaryny hem çözeris». Hawa, Isa pygamberiň öwredişi ýaly adamlary söýsek, adamzadyň kynçylyklaryny çözüp bilerdik.
Isa pygamber adamlary nähili söýdükä?
Isa pygamber aýdýan zatlaryny durmuşynda ulanýardy. Ol ilki özi barada däl-de, adamlar barada alada edip, söýgüsini iş ýüzünde görkezýärdi. Bir gezek Isa pygamber bilen şägirtleri märekä kömek etjek bolup, şeýle başagaýdy welin, hatda nahar iýmäge-de wagt tapmadylar. Şägirtleriniň ýadandygyny görüp, olar bilen dynç almak üçin bir çola ýere ugrady. Emma şol ýere baranlarynda märekäniň garaşyp duranyny gördüler. Siz Isa pygamberiň ýerinde bolsaňyz, näme ederdiňiz? Onuň «olara haýpy geldi» we «olara köp zatlary öwretmäge başlady» (Markus 6:30—34). Hawa, onuň ýürekden haýpy gelip, adamlara kömek edesi geldi.
Ýöne Isa pygamberiň adamlaryň bähbidi üçin edýän işi diňe bir ruhy nesihatlar bilen çäklenmeýärdi. Ol durmuşda peýdaly kömegi-de berýärdi. Bir gezek Isa Mesih özüni giç agşama çenli diňlän 5000 adamy (aýallardyr çagalary hasaba almasaň) doýurdy. Başga bir sapar ol 4000 adamy doýurdy. Birinji gezekde onuň bäş çöregi we iki balygy, ikinji saparda bolsa ýedi çöregi we birnäçe balyjagy bardy (Matta 14:14—21; 15:32—38; Markus 6:35—44; 8:1—9). Bu geň zat diýýäňizmi? Hawa, Isa pygamber gudrat görkezip bilýärdi.
Şeýle-de, Isa Mesih köp syrkawlary sagaltdy. Olaryň arasynda körler, agsaklar, heýwere keselliler we kerler bardy. Ol hatda ölüleri direltdi! (Luka 7:22; Ýahýa 11:30—45). Bir gezek onuň ýanyna heýwere keselli bir adam geldi-de oňa: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip ýalbardy. Isa pygamber näme etdikä? Ol elini uzatdy-da, oňa elini degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi (Markus 1:40, 41). Isa pygamber adamlara kömek etmek isleýärdi, şol gudratlar bolsa, onuň ejir çekýän adamlary söýýändigini görkezýärdi.
Belki, gudrat ýok diýýänsiňiz? Emma Isa pygamber gudratlarynyň köpüsini märekäniň öňünde görkezipdi. Her gezek bir zatda bahana agtaryp, günäkärlejek bolýan duşmanlary hem, onuň gudrat görkezendigini inkär edip bilmediler (Ýahýa 9:1—34). Onsoňam, ol gudratlary belli bir maksat üçin edýärdi. Gudratlar adamlara onuň Hudaý tarapyndan gelendigine ynanmaga kömek edýärdi (Ýahýa 6:14).
Isa pygamberiň öwreden zatlaryna we ömrüne gysgaja göz aýlasak, bizde oňa söýgi döreýär hem-de onuň adamlary söýşünden görelde alasymyz gelýär. Emma onuň durmuşymyza edýän täsiri munuň bilen çäklenmeýär. Isa Mesih adamlary söýmegi öwreden diňe bir beýik mugallym däldi. Isa pygamber ýere gelmezinden öň, Hudaýyň ýaradan perişdeleriniň ilkinjisidi. Şonuň üçin Hudaýyň ýekeje ogly kimin gökde ýaşandygyny aýdypdy (Ýahýa 1:14; 3:16; 8:58; 17:5; 1 Ýahýa 4:9). Isa Mesih häzirem diri. Bu bolsa biz üçin örän ähmiýetli. Injiliň aýtmagyna görä, Isa pygamber direldi, häzir bolsa Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy (Ylham 11:15). Ol şeýle diýdi: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» (Ýahýa 17:3; 20:31). Oýlanyp görüň: Isa Mesih baradaky bilim sizi Jennetde boljak ebedi ýaşaýşa eltip biler! Oňa nädip ýetip bolar? Isa pygamber barada köpräk bilim alsaňyz, onuň söýgüsinden görelde almak islärsiňiz (2 Korintoslylar 5:14). Bu babatda Ýehowanyň Güwäleri size kömek edip bilerler (Ýahýa 13:34, 35).