Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • gf sap. 6 sah. 10—11
  • Jennet ýakynda!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Jennet ýakynda!
  • Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Meňzeş maglumat
  • Jennet haçan bolar?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hudaýyň Patyşalygy haçan ýer ýüzünde höküm sürüp başlar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
  • Armageddonyň tizden boljakdygyny nireden bilýäris?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
gf sap. 6 sah. 10—11

6-njy sapak

Jennet ýakynda!

Şu wagt ýer ýüzünde bolýan bar zalymlyk Jennetiň ýakyndadygyny aýdýar. Mukaddes Ýazgylarda, Jennetiň başlamagynyň edil öň ýanynda biz gorkunç wakalar göreris diýip öňünden aýdyldy. Biz indi şol döwürde ýaşaýarys. Ine, Mukaddes Ýazgylarda öňünden aýdylan wakalaryň käbirleri:

Uçarlar

Uly uruşlar. «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar» (Matta 24:7). Bu pygamberlik ýerine ýetdi. 1914-nji ýyldan bäri iki jahan urşy we köp kiçiräk uruşlar hem boldy. Bu uruşlarda millionlarça adamlar wepat boldy.

Keselleriň ýaýramagy. «Her ýerlerde yzly-yzyna epidemiýalar bolar» (Luka 21:11, TD). Bu sözler ýerine ýetdimi? Hawa. Rak, ýürek keselleri, tuberkulýoz, malýariýa, SPID we başga keseller millionlarça adamlaryň ömrüni kesdi.

keselçilik, erbet adamlar

Iýmitiň ýetmezligi. Bütin ýer ýüzünde iýmiti ýetmeýän adamlar bar. Her ýyl millionlarça adamlar açlykdan ölýär. Bu hem bahym Jennetiň geljeginiň alamatynyň ýene biridir. Mukaddes Ýazgylarda iýmit ýetmez diýilýär (Markus 13:8).

Ýertitremeler. «Aýry-aýry ýerlerde... ýer titrär» (Matta 24:7). Bu hem biziň döwrümizde ýerine ýetdi. 1914-nji ýyldan bäri ýertitremelerde milliondan hem kän adam wepat boldy.

Bir adam bir aýaly bogup dur

Erbet adamlar. Adamlar «pula gyzan» we «özüni söýýän» bolar. Olar «lezzeti söýýän, emma Hudaýy söýmeýän» bolar. Çagalar «ene-ata gulak asmaýan» bolar (2 Timoteos 3:1—5). Bu günler köp adamlar edil şu aýdylyşy ýalydygy bilen sen elbetde razysyň? Olar Hudaýy hormatlamaýar, Hudaý barada gaýrat edip bilesi gelýänlere bolsa olar ýamanlyk edýär.

Jenaýatçylyk. Şeýle hem «şer işleri artar» (Matta 24:12). Elbetde sen, bu günler jenaýat işleri birnäçe ýyl öňküden has köpelendigi bilen razylaşarsyň. Adamlar her ýerde-de talamaklygyň, aldawyň ýa-da başga zalymlygyň pidasy bolmaklary ähtimal.

Bu zatlaryň hemmesi Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Bu zatlaryň bolanyny göreňizde Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny biliň» diýilýär (Luka 21:31). Hudaýyň Patyşalygy nämedir? Bu, ýeri Jennete öwürjek Hudaýyň göklerdäki hökümeti. Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetleriň deregini tutar (Daniýel 2:44).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş