9-NJY BÖLÜM
Jennet haçan bolar?
Ýer ýüzündäki kynçylyklar Hudaýyň Patyşalygynyň tizden hereket etjekdigini görkezýär. Luka 21:10, 11; 2 Timoteos 3:1—5
Mukaddes Ýazgylarda şu günler bolýan zatlaryň köpüsi öňünden aýdylypdy. Onda adamlaryň puly söýýändigi, ata-enesine gulak asmaýanlygy, zalym we lezzeti söýjekdigi aýdylýar.
Güýçli ýer titremeler, uruşlar, iýmit ýetmezçiligi we gyrgynçylyk bolar. Bu zatlaryň hemmesi häzir bolup dur.
Şeýle-de Isa bütin ýer ýüzünde Patyşalyk barada hoş habaryň wagyz ediljekdigini aýtdy (Matta 24:14).
Hudaýyň Patyşalygy ähli erbetligi ýok eder. 2 Petrus 3:13
Ýehowa tizden erbetleri ýok eder.
Şeýtan we onuň jynlary höküm ediler.
Hudaýa gulak asýan adamlar adalatly täze dünýäde ýaşarlar. Ol ýerde adamlar hiç-hili gorkman, biri-birine ynanyp we söýüp ýaşarlar.