Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 14 sah. 128—135
  • Ýehowa guramasyna nädip ýolbaşçylyk edýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa guramasyna nädip ýolbaşçylyk edýär?
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Guramanyň ýerdäki bölegi
  • Hudaýyň ýolbaşçylyk edýän guramasy
  • Isa Mesihe we onuň sadyk hyzmatkärine wepaly bolmak
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň»
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Ýygnak abatlansyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Şu günler Hudaýyň halkyna kim ýolbaşçylyk edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 14 sah. 128—135

On dördünji bap

Ýehowa guramasyna nädip ýolbaşçylyk edýär?

1. Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň guramasy barada näme diýýär we muny bilmek bize näme üçin wajyp?

HUDAÝYŇ guramasy barmyka? Mukaddes Ýazgylarda bar diýilýär. Hudaý Mukaddes Ýazgylar arkaly gökdäki haýbatly guramasy hakda käbir zatlary gürrüň berýär (Ezekiýel 1:1, 4—14; Daniýel 7:9, 10, 13, 14). Biz ony görmesek-de, ol Hudaýyň häzirki gullukçylaryna uly täsir edýär (4 Patyşalar 6:15—17). Ýehowanyň ýerde-de guramasy bar. Mukaddes Ýazgylar bize şol gurama barada bilmäge we Ýehowanyň oňa nädip ýolbaşçylyk edýändigine düşünmäge kömek edýär.

Guramanyň ýerdäki bölegi

2. Hudaý nähili täze ýygnak döretdi?

2 Ysraýyl halky 1545 ýyllap Hudaýyň ýygnagy boldy (Resullaryň işleri 7:38). Emma Ysraýyl Hudaýyň kanunyny bozup, onuň Ogluny-da inkär etdi. Isa ýehudylara şeýle diýdi: «Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar» (Matta 23:38). Soňra Hudaý täze äht baglaşyp, täze ýygnak döretdi. Bu ýygnak 144 000 adamdan ybarat bolup, Hudaý olary Ogly bilen bile gökde bolmak üçin saýlady (Ylham 14:1—4).

3. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde bolan haýsy waka Hudaýyň indi täze ýygnagy ulanýandygyny görkezdi?

3 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni bu täze ýygnagyň ilkinji agzalary Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen bellendi. Bu täsin waka Mukaddes Ýazgylarda şeýle suratlandyrylýar: «Pentikost güni gelende, olaryň bary bir ýere ýygnanyşdylar. Birden zarply ýeliň öwsüşi ýaly gökden bir şuwwuldy turup, oturan öýlerini bütinleý doldurdy. Olara oduň ýalynlary kimin bölünen diller aýan bolup, her biriniň üstüne gondy. Olaryň bary Mukaddes Ruhdan doldular» (Resullaryň işleri 2:1—4). Şeýdip indi Hudaý öz islegini ýerine ýetirmek üçin gökden, Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda şu adamlary ulanjakdygyny mukaddes ruh arkaly aýan etdi.

4. Ýehowanyň şu günki ýerdäki guramasy kimlerden ybarat?

4 Şu günler 144 000-ň diňe galany ýer ýüzünde ýaşaýar. Emma Mukaddes Ýazgylaryň pygamberligi ýerine ýetip, mesh edilen galyndy «uly märekäniň» millionlarça «başga goýunlary» bilen bile gulluk edýärler. Gowy Çopan Isa «başga goýunlary» mesh edilen galynda goşdy. Şeýdip bir Çopanly bir süri boldy (Ylham 7:9; Ýahýa 10:11, 16). Olaryň ählisi agzybir ýygnak bolup, Ýehowanyň ýerdäki guramasyny düzýär.

Hudaýyň ýolbaşçylyk edýän guramasy

5. Hudaýyň guramasyna kim baştutanlyk edýär we nädip?

5 Mukaddes Ýazgylardan «diri Hudaýyň ýygnagy» diýen sözleri okasaň, oňa kimiň ýolbaşçylyk edýändigini aýdyň bolýar. Bu teokratiki gurama, ýagny oňa Hudaý ýolbaşçylyk edýär. Ýehowa halkyna ýygnagyň göze görünmeýän Baştutany Isa arkaly hem-de Mukaddes Ýazgylar arkaly görkezme berýär (1 Timoteos 3:14, 15; Efesliler 1:22, 23; 2 Timoteos 3:16, 17).

6. a) Birinji asyrdaky ýygnaga gökden ýolbaşçylyk edilýändigi nämeden aýdyň boldy? b) Öňki ýaly ýygnagyň Başynyň Isadygyny nireden bilýäris?

6 Şeýle ýolbaşçylyk Pentikost güni has aýdyň boldy (Resullaryň işleri 2:14—18, 32, 33). Ýehowanyň perişdesiniň kömegi bilen hoş habar Afrika ýurtlaryna ýetende, Isanyň sesi tarsusly Saula dogry ýol görkezende we Petrus resul ýewreý däl adamlaryň arasynda wagyz edip başlanda, şeýle ýolbaşçylyk has aýdyň boldy (Resullaryň işleri 8:26, 27; 9:3—7; 10:9—16, 19—22). Emma wagtyň geçmegi bilen, gökden sesiň eşidilmegi hem-de perişdeleriň gelmegi bes edilip, gudrat görkezmek üçin ruhy sylagy hiç kim almady. Ýöne Isa şeýle wada beripdi: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Matta 28:20; 1 Korintoslylar 13:8). Ýehowanyň şu günki Güwäçileri Isanyň görkezmesine boýun bolýarlar. Onuň görkezmesi bolmadyk bolsa, onda güýçli duşmançylyk sebäpli Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edip bilmezdik.

7. a) «Sadyk hem akylly hyzmatkär» kim we siz näme üçin şeýle jogap berýärsiňiz? b) «Hyzmatkäre» nähili ýumuş berildi?

7 Ölüminiň öň ýanynda Isa şägirtlerine Agasyndan, ýagny Isadan aýratyn ýumuş aljak «sadyk hem akylly hyzmatkär» hakda aýtdy. Bu «hyzmatkär» Agasy göge gidende bolmalydy we Isa Mesih patyşalyk häkimiýetinde göze görünmän dolanan mahaly öňküsi ýaly hyzmat etmelidi. Emma onuň bir adam bolmagy mümkin däl. Ýöne mesh edilen mesihçileriň tutuş ýygnagyny aňladýar. Isa ony gany bilen edindi, ine, şu sebäpli oňa «hyzmatkärim» diýýär. Onuň agzalaryna şägirt taýýarlamagy, olary naharlamagy we «wagtly-wagtynda [ruhy] nahar paýlaryny» bermegi buýurdy (Matta 24:45—47; 28:19; Işaýa 43:10; Luka 12:42; 1 Petrus 4:10).

8. a) Häzir hyzmatkäriň nähili jogapkärçiligi bar? b) Hudaýyň hyzmatkär arkaly berýän görkezmesine gulak asmak näme üçin wajyp?

8 1914-nji ýylda Agasy göze görünmän dolananda, hyzmatkär özüne berlen işi wepaly ýerine ýetirýärdi, şonuň üçin 1919-njy ýylda oňa has köp jogapkärçilik berlendigine delil bar. Şondan bäri bütin ýer ýüzünde Patyşalyk barada wagyz edilýär. Şu günler Ýehowa sežde edýän we uly muşakgatda diri galjak uly märekäniň ýygymy dowam edýär (Matta 24:14, 21, 22; Ylham 7:9, 10). Olar hem ruhy iýmite mätäç, şol ruhy iýmiti olara hyzmatkär berýär. Şeýlelikde, Ýehowany razy edesimiz gelse, onda hyzmatkär arkaly berilýän görkezmäni kabul edip, şoňa laýyk ýaşamaly.

9, 10. a) Birinji asyrda taglymat bilen baglanyşykly meseleler nähili çözülýärdi we hoş habary wagyz etmäge nädip ýolbaşçylyk edilýärdi? b) Häzir Ýehowanyň halkynyň işi nähili sazlaşdyrylýar?

9 Wagtal-wagtal taglymat ýa guramanyň gurluşy bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykýar. Şonda näme etmelikä? Resullaryň işleri kitabynyň 15-nji babynda Isanyň şägirdi bolan ýewreý däl adamlar bilen baglanyşykly bir meseläniň nähili çözlendigi gürrüň berilýär. Muny çözmek üçin, meseläni Iýerusalimdäki ýaşulularyň we resullaryň, ýagny ýolbaşçylyk maslahatynyň garamagyna berdiler. Bu adamlar günäli bolsa-da, Hudaý olary ulanýardy. Olar bu mesele barada Ýazgylarda näme diýilýändigine seretdiler we Hudaýyň ruhunyň ýewreý däl adamlaryň arasyndaky wagyz işini açandygyny tassyklaýan delilleri göz öňüne tutdular. Şondan soň, olar bir karara geldiler. Hudaý muňa ak pata berdi (Resullaryň işleri 15:1—29; 16:4, 5). Patyşalyk barada wagyz etmek üçin kimi, nirä ýollamalydygyny şol ýolbaşçylyk maslahaty çözýärdi.

10 Şu günler Ýehowanyň ýerdäki guramasynyň Ýolbaşçylyk maslahatyna dürli ýurtlardaky mesh edilen doganlar girýär we ol Ýehowanyň Güwäçileriniň bütindünýä Baş edarasynda ýerleşýär. Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda Ýolbaşçylyk maslahaty on müňlerçe ýygnaklarda Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işini sazlaşdyryp, ähli ýurtlarda arassa seždä ýardam edýär. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary Pawlusyň imandaşlaryna ýazan pikiri bilen ylalaşýarlar: «Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir, biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris. Çünki siz imanda berk dursuňyz» (2 Korintoslylar 1:24).

11. a) Ýaşulular we gulluk hyzmatçylary nädip bellenýär? b) Biz jogapkär doganlar bilen näme üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli?

11 Bütin dünýäde ýaşaýan Ýehowanyň Güwäçileri jogapkär doganlary Ýolbaşçylyk maslahatynyň bellejekdigine ynanýarlar. Şol jogapkär doganlar bolsa ýygnakdaky ýaşululary hem-de gulluk hyzmatçylary belleýärler. Mukaddes Ýazgylarda ýygnagyň aladasyny etmäge bellenýän adamlar üçin talaplar ýazylgy. Şol talaplarda olaryň kämilsizligi hem-de ýalňyşyp biljekdigi göz öňünde tutulýar. Olary teklip edýän ýaşulular hem-de belleýän doganlar Hudaýyň öňünde jogapkärli (1 Timoteos 3:1—10, 12, 13; Titus 1:5—9). Şonuň üçin olar Hudaýyň ruhunyň kömegi barada doga edip, Mukaddes Ýagylardan görkezme agtarýarlar (Resullaryň işleri 6:2—4, 6; 14:23). Geliň, «imanda... birlige» ýetmäge kömek edýän «ynsanlardan bolan sylaga» minnetdar bolalyň (Efesliler 4:8, 11—16, TD).

12. Ýehowa ýygnakda aýallara nähili orun berdi?

12 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, ýygnakda erkek adamlar gözegçilik etmeli. Bu aýallary kemsitmeýär, sebäbi olaryň käbiri gökdäki Patyşalygyň mirasdarlary, olar hem köp wagyz edýärler (Zebur 68:11, TD). Şeýle hem aýallar maşgala borçlaryny wepaly ýerine ýetirip, ýygnagyň abraý gazanmagyna ýardam edýärler (Titus 2:3—5). Emma ýygnakda öwretmek erkek adamlara tabşyryldy (1 Timoteos 2:12, 13).

13. a) Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, ýaşulular öz borjuna nähili garamaly? b) Biziň ählimizde nähili mümkinçilik bar?

13 Bu dünýäde ýokary wezipeli adam abraýly hasaplanýar. Emma Hudaýyň guramasynyň düzgüni başgaça: «Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar» (Luka 9:46—48; 22:24—26). Mukaddes Ýazgylar ýaşululara Hudaýyň sürüsiniň üstünden agalyk etmän, eýsem, sürä görelde bolmagy ündeýär (1 Petrus 5:2, 3). Ýehowanyň Güwäçileriniň ählisine — erkeklere we aýallara — Älemiň Hojaýynyň wekili bolmaga, kiçigöwünlilik bilen onuň adyndan gürlemäge hem-de Patyşalygy barada adamlara gürrüň bermäge ajaýyp mümkinçilik berildi.

14. Aýatlary ulanyp, abzasyň soňunda berilýän soraglar barada pikir alyşyň.

14 Herimiz özümize şu soraglary bersek, gowy bolardy: Ýehowanyň öz guramasyna nädip ýolbaşçylyk edýändigine düşünip, gadyryny bilýärinmi? Muny meniň garaýşym, sözüm we işlerim görkezýärmi? Indiki sowallaryň üstünde pikirlenseň, özüňi barlamaga kömek eder.

Ýygnagyň Başy hökmünde Isa Mesihe boýun bolýan bolsam, Mukaddes Ýazgylardaky indiki aýatlara görä, näme ederin? (Matta 24:14; 28:19, 20; Ýahýa 13:34, 35).

Hyzmatkär hem-de Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly berilýän ruhy sylaglaryny minnetdarlyk bilen kabul etsem, kime hormat goýdugym bolar? (Luka 10:16).

Ýygnagyň agzalary, aýratyn hem, ýaşulular biri-birine nähili garamaly? (Rimliler 12:10).

15. a) Ýehowanyň ýerdäki guramasyna garaýşymyz nämäni görkezýär? b) Ýehowanyň ýüregini nädip begendirip bileris we Iblisiň ýalançydygyny nädip subut edip bileris?

15 Şu günler Ýehowa bizi Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda ýerdäki guramasynyň kömegi bilen alyp barýar. Oňa garaýşymyz hökümdarlyk baradaky jedelli meselede kimiň tarapyny tutýandygymyzy görkezer (Ýewreýler 13:17). Şeýtan adamlar diňe öz aladasyny edýär diýip aýyplaýar. Eger-de biz ýürekden gulluk edip, şöhratparazlykdan gaça dursak, Iblisiň ýalançydygyny subut ederis. Bize ýolbaşçylyk edýän adamlary söýüp, olara hormat goýsak, «nep üçin ikiýüzlülik etmesek», onda Ýehowany begendireris (Ýahuda 16; Ýewreýler 13:7). Ýehowanyň guramasyna wepaly bolsak, onda onuň Hudaýymyzdygyny we oňa agzybir gulluk edýändigimizi görkezeris (1 Korintoslylar 15:58).

Gaýtalamak üçin soraglar

• Ýehowanyň şu günki ýerdäki guramasyny nädip tanamaly? Onuň maksady näme?

• Ýygnagyň Başy kim we ol nädip ýerdäki guramasy arkaly söýgi bilen görkezme berýär?

• Ýehowanyň guramasyndaky adamlara nähili garamaly?

[133-nji sahypadaky surat]

Şu günler Ýehowa bizi Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda ýerdäki guramasynyň kömegi bilen alyp barýar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş