On bäşinji bap
Öwüt diňle, terbiýe al
1. a) Biziň hemmämiz näme üçin öwüde hem terbiýä mätäç? b) Haýsy soraga seretmeli?
MUKADDES Ýazgylarda: «Hemmämiz köp büdreýäris» diýilýär (Ýakup 3:2). Hawa, biz köplenç Hudaýyň Sözüniň aýdyşy ýaly etmeýäris. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylaryň: «Soň akyldar bolar ýaly, öwüt diňle, terbiýe al» diýen sözleri bilen ylalaşýarys (Süleýmanyň tymsallary 19:20). Elbetde, Mukaddes Ýazgylaryň taglymaty boýunça ýaşamak üçin durmuşymyzy düzetdik. Ýöne imandaşyň belli bir mesele boýunça beren maslahatyna nähili seredýäris?
2. Bize aýratyn maslahat berenlerinde näme etmeli?
2 Käbir adamlara maslahat berlende özlerini aklajak bolup, muňa çynlakaý garamaýarlar ýa-da günäni başga biriniň üstüne atýarlar. Emma maslahaty diňläp, oňa eýereniň gowy (Ýewreýler 12:11). Ýöne welin, hiç kimden kämillige garaşma. Biderek zat üçin ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň adamyň özi çözmeli diýen meseleler boýunça hemişe maslahat berip ýörme. Onsoňam, maslahat berýän adam hemme ýagdaýy göz öňüne alan däldir. Şonuň üçin oňa sypaýylyk bilen aýtmaly bolar. Ýöne häzir, geliň, Mukaddes Ýazgylara laýyk gelýän ýerlikli maslahatdyr terbiýeler barada gürrüň edeliň. Şeýle ýagdaýda özümizi nähili alyp barmaly?
Peýdaly mysallar
3, 4. a) Mukaddes Ýazgylardaky haýsy waka maslahata hem terbiýä dogry garamaga kömek edýär? b) Saul maslahata nähili garady we netijesi näme boldy?
3 Hudaýyň Sözünde özlerine zerur maslahaty alan adamlaryň mysallary bar. Käbir ýagdaýda adama maslahatdan başga terbiýe-de berilýär. Şolaryň biri Ysraýyl patyşasy Saul. Ol Ýehowanyň amelekler baradaky buýrugyny ýerine ýetirmedi. Bu halk Hudaýyň gullukçylaryna azar berýärdi. Şol sebäpli Ýehowa amelekleri hem-de mallaryny öldürmegi buýurdy. Emma Saul olaryň patyşasyny we iň gowy mallaryny aýady (1 Patyşalar 15:1—11).
4 Ýehowa Saula käýinç bermek üçin, Samuel pygamberi iberýär. Saul muňa nähili garadyka? Ol amelekleri ýok edip, diňe patyşasyna rehim edendigini aýdýar. Emma bu Ýehowanyň buýrugyna ters gelýärdi (1 Patyşalar 15:20). Mallary öldürmänligi üçin Saul halky günäkärläp, şeýle diýdi: «Men halkdan gorkup, olaryň sözüne gulak asdym» (1 Patyşalar 15:24). Aslyýetinde, ony adamlaryň pikiri biynjalyk edýärdi, şonuň üçin Samuelden halkyň öňünde abraýyny götermegi haýyş etdi (1 Patyşalyk 15:30). Ahyrsoňy Ýehowa Saulyň elinden patyşalygy aldy (1 Patyşalar 16:1).
5. Maslahaty kabul etmäni üçin Uziýa patyşa näme boldy?
5 Ýahudanyň Uziýa atly patyşasy «Hudaýy Rebbiň öňünde jenaýatçy boldy, çünki buhur ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi» (2 Taryhlar 26:16). Emma kanun boýunça buhury diňe ruhanylar ýakyp bilýärdi. Baş ruhany patyşany saklajak bolanda, onuň gahary geldi. Soň näme bolduka? Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Reb ony urdy, şonuň üçin onuň maňlaýynda heýwere keseli peýda boldy. Şondan soň, Uziýa patyşa ömrüniň ahyryna çenli şol keselinden gutulmady» (2 Taryhlar 26:19—21).
6. a) Saul-da, Uziýa-da näme üçin maslahaty kabul etmediler? b) Şu günler hem maslahata eýermezlik näme üçin howply?
6 Saula hem-de Uziýa maslahaty kabul etmek näme üçin kyn bolduka? Munuň esasy sebäbi ulumsylyk: olaryň ikisi-de özleri barada uly pikirdedi. Ulumsylyk sebäpli ençeme adamlar köp bela-betere uçraýar. Belki-de, şeýle adamlar maslahaty kabul etseň, özüňe ynamyň ýokdugyny ýa-da abraýdan düşendigiňi boýun almak diýip, pikir edýän bolmaly. Ýöne ulumsylyk — ejizligiň alamaty. Ol pikiriňi zaýalaýar, netijede Ýehowanyň Sözi hem-de guramasy arkaly berýän kömegini almak kyn bolýar. Şonuň üçin-de Ýehowa şeýle ündew berýär: «Heläkçilikden öň tekepbirlik gelýändir, ýykylmadan öň ulumsy ruh gelýändir» (Süleýmanyň tymsallary 16:18; Rimliler 12:3).
Biz maslahaty kabul etmeli
7. Musanyň masalahaty kabul edişinden näme öwrenip bolýar?
7 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda maslahaty kabul eden adamlaryň mysallary bar, bu gowy mysallar bize köp zady öwredip biler. Meselem, agyr işiň hötdesinden gelmek üçin Musanyň gaýynatasynyň beren maslahatyna seredeliň. Musa ony diňläp, şol bada maslahata eýermek bilen boldy (Çykyş 18:13—24). Uly jogapkärçiligi bolsa-da, ol maslahaty näme üçin kabul etdikä? Sebäbi kiçigöwünlidi. «Musa ýer ýüzünde hemme adamlardan ýumşakdy» (Sanlar 12:3). Kiçigöwünli bolmak wajypmyka? Sefanýa 2:3-de onuň iň zerur häsiýetdigi aýdylýar.
8. a) Dawut nähili günä etdi? b) Natan onuň etmişini paş edende, Dawut özüni nähili alyp bardy? w) Dawudyň günäsi nämä eltdi?
8 Dawut patyşa Batşeba bilen zyna etdi. Ol muny ýaşyrmak üçin adamsy Uriýany öldürtdi. Ýehowa Dawudy paş etmek üçin Natan pygamberi iberdi. Dawut toba edip: «Rebbiň öňünde günä iş etdim» diýip, boýun aldy (2 Patyşalar 12:13). Dawut toba etse-de, Hudaý ony günäsiniň ýetiren zyýanyndan goramady. Ýehowa oňa şeýle diýdi: «[Onuň] öýünden gylyç hemişelik yza çekilmez», onuň aýallary «ýakynyna berler», zynadan «bolan [ogly-da] öler» (2 Patyşalar 12:10, 11, 14).
9. Maslahat ýa terbiýe berenlerinde nämäni ýatdan çykarmaly däl?
9 Dawut patyşa akylly maslahata gulak asmagyň peýdalydygyny bilýärdi. Bir gezek şeýle maslahat beren adam üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdi (1 Patyşalar 25:32—35). Biz hem şeýle edýärismi? Şeýle edýän bolsak, soň puşman etmez ýaly aýdýan sözümize ýa edýän işimize dykgatly bolarys. Eger-de bize maslahat ýa terbiýe berseler näme? Onda ýatdan çykarmalyň, maslahat we terbiýe Ýehowanyň biz baradaky aladasyny we söýgüsini görkezýär (Süleýmanyň tymsallary 3:11, 12; 4:13).
Möhüm häsiýetleri öwren
10. Isanyň sözlerine görä, Patyşalyga girmek üçin haýsy häsiýeti öwrenmeli?
10 Ýehowa hem-de imandaşlar bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin käbir häsiýetleri ösdürmeli. Isa şägirtleriň ortasynda bir çagany goýup, şol häsiýetleriň biri barada şeýle diýdi: «Toba edip, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gökleriň Patyşalygyna asla girip bilmersiňiz. Kim özüni şu çaga ýaly pes göwünli tutýan bolsa, Gökleriň Patyşalygynda iň uly şoldur» (Matta 18:3, 4). Isanyň şägirtleri pes göwünli bolmagy öwrenmelidi, sebäbi olaryň arasynda haýsysynyň uludygy barada çekişme turdy (Luka 22:24—27).
11. a) Kimiň öňünde kiçigöwünli bolmaly we näme üçin? b) Kiçigöwünli bolsak, masalahata nähili gararys?
11 Pawlus resul şuny ýazdy: «Baryňyz biri-biriňize garşy kiçigöwünliligi geýniň; çünki Hudaý tekepbirlere garşy gidýändir, kiçigöwünlilere merhemet edýändir» (1 Petrus 5:5). Hudaýyň öňünde kiçigöwünli bolmalydygymyzy bilýäris, ýöne şu aýatdan görnüşi ýaly imandaşlar bilen-de kiçigöwünli bolmaly. Şeýle etsek, onda olaryň berýän gowy maslahatyny inkär etmän, gaýtam, olardan öwreneris (Süleýmanyň tymsallary 12:15).
12. a) Kiçigöwünlilik näme bilen berk baglanyşykly? b) Näme üçin özümizi alyp barşymyzyň adamlara etjek täsiri barada oýlanmaly?
12 Adamlar barada alada etmek, kiçigöwünlilik bilen berk baglanyşykly. Pawlus resul şuny ýazdy: «Hiç kim öz peýdasyny gözlemesin, başganyň peýdasyny gözlesin. [...] Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. Ýehudylara, greklere we Hudaýyň ýygnagyna büdremäge sebäp bolmaň» (1 Korintoslylar 10:24—33). Pawlus ähli gowy görýän zatlarymyzdan el çekiň diýmedi, ýöne bir kişiniň ynsaby çatmaýan işi etmegine sebäp bolmaň diýdi.
13. Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýerýändigimiz nämeden görünýär?
13 Sen adamlar barada alada edip, olaryň bähbidini özüňkiden ýokary tutýaňmy? Muny biziň hemmämiz öwrenmeli. Mysal hökmünde, egin-eşigi hem daşky keşbimizi alalyň. Mukaddes Ýazgylaryň talaby şeýle: sada, gelşikli we arassa bolup, galany bolsa öz islegiňe görä bolmaly. Aýdaly, seniň eşigiň hem daş keşbiň ýaşaýan ýeriňdäki adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary kabul etmäge päsgel berýär. Sen geýnişiňi we daş keşbiňi üýtgedersiňmi? Adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek etmek, özüňe ýaranmakdan has wajyp ahyryn!
14. Kiçigöwünli bolmagy we adamlar barada alada etmegi öwrenmek näme üçin wajyp?
14 Isa kiçigöwünli bolmagyň hem-de adamlar barada alada etmegiň ajaýyp göreldesini görkezdi, ol hatda şägirtleriň aýagyny hem ýuwdy (Ýahýa 13:12—15). Ol barada Injilde şeýle diýilýär: «Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, özüni hiç etdi. Sypatda ynsan bolup, ölüme... boýun egip, özüni kiçeltdi» (Filipililer 2:5—8; Rimliler 15:2, 3).
Ýehowanyň terbiýesini inkär etmäň
15. a) Hudaýy razy edýän adam bolmak üçin nähili düzedişler etmeli? b) Biziň ählimiz Ýehowadan masalahaty we terbiýäni nädip alýarys?
15 Biz günäli, şol sebäpli hem Hudaýyň göreldesine eýermek üçin garaýşymyzy we özümizi alyp barşymyzy düzetmeli. Biz «täze ýaradylyşy» geýinmeli (Koloseliler 3:5—14). Maslahat hem terbiýe nämede, nädip gowulanmalydygymyza düşünmäge kömek edýär. Biz maslahaty, esasan, Mukaddes Ýazgylardan alyp bileris (2 Timoteos 3:16, 17). Ýehowanyň guramasynyň berýän edebiýaty we duşuşyklary Hudaýyň Sözüni durmuşymyzda ulanmaga kömek edýär. Şeýle maslahaty öň eşiden bolsak-da, peýdalydygy bilen ylalaşyp, ony doly ýerine ýetirjek bolarysmy?
16. Ýehowa her birimize nähili kömek berýär?
16 Ýehowa bize kynçylygyň hötdesinden gelmäge kömek edip, biz barada söýgi bilen alada edýär. Millionlarça adamlara Mukaddes Ýazgylaryň öýde geçirilýän okuwy arkaly kömek berildi. Ata-eneler çagalaryny erbetligiň üstünden eltjek işlerden goramak üçin, olara maslahat hem terbiýe berýärler (Süleýmanyň tymsallary 6:20—23). Ýygnakda bolsa doganlar we uýalar has oňat wagyz etmek üçin köplenç tejribeli wagyzçydan maslahat soraýarlar. Ýaşulular maslahaty biri-birinden ýa-da gulluk tejribesi baý doganlardan soraýarlar. Ruhy taýdan tejribeli doganlar Mukaddes Ýazgylary ulanyp, kömege mätäç doganlara «ýumşaklyk ruhy» bilen kömek berýärler. Maslahat bereňde, «sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret» (Galatýalylar 6:1, 2). Hawa, ýalňyz hak Hudaýa agzybir sežde etmek üçin, hemmämize maslahat hem terbiýe gerek.
Gaýtalamak üçin soraglar
• Ýehowa söýgi bilen her kime nämede düzelmelidigini düşünmäge nädip kömek edýär?
• Köp adamlara gerekli maslahaty kabul etmek näme üçin kyn bolýar we bu näme üçin howply?
• Maslahaty kabul etmäge haýsy möhüm häsiýetler kömek edýär we Isa şol häsiýetleri nädip görkezdi?
[142-nji sahypadaky surat]
Uziýa maslahaty kabul etmedi, şonuň üçin heýwere keseline ýolukdy.
[142-nji sahypadaky surat]
Musa Ýetronyň maslahatyny kabul edip, peýda aldy