Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 16 sah. 144—150
  • «Birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun»
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Kynçylyk ýüze çykanda
  • «Göwnüňizi giň tutmaga» çalşyň
  • Doganlyk söýgüsini artdyryň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Dogan-uýalary ýürekden söýüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Söýgiňiz sowamasyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Söýgi — gymmatly häsiýet
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 16 sah. 144—150

On altynjy bap

«Birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun»

1. Ýehowanyň Güwäçileriniň duşuşygyna ilkinji sapar gelen adamy köplenç näme haýran galdyrýar?

ÝEHOWANYŇ Güwäçileriniň duşuşygyna ilkinji sapar gelen adamy köplenç olaryň arasyndaky söýgi haýran galdyrýar. Sebäbi onuň bilen mähirli salamlaşyp, ýakymly gürleşýärler. Bu söýgini biziň kongreslerimize gelen adamlar hem görýärler. Şeýle kongresler barada bir habarçy şuny ýazdy: «Olaryň arasynda içgili ýa-da neşe çeken adam ýok. Hiç hili gykylyk, çirkin ses, basa-baslyk-da edýän ýok. Hiç kim sögünmeýär, hapa söz-de aýtmaýar. Hapa degişmeler ýa edepsiz gürrüňler hem edilenok. Çilimiň tüssesi-de, ogrulyk-da ýok. Hiç kim boş çüýşeleri ýere zyňanok. Bu diýseň haýran galdyrýar!» Bularyň bary «biabraýçylyk iş etmeýän, öz nepini gözlemeýän» söýgini aňladýar (1 Korintoslylar 13:4—8).

2. a) Wagt geçdigiçe söýgimiziň artmagy nämäni görkezýär? b) Isadan görelde alyp, nähili söýgini ösdürmeli?

2 Hakyky mesihçileri tapawutlandyrýan häsiýet — dogan söýgüsidir (Ýahýa 13:35). Ruhy taýdan ösdügimizçe, has köp söýmäni öwrenýäris. Pawlus resul doganlaryň söýgüsiniň barha artmagy barada doga edýärdi (Filipililer 1:11). Ýahýa resul biziň söýgimiz janaýamaz bolsun diýip ýazdy: «Biz söýgini Onuň [Hudaýyň Oglunyň] öz janyny biziň üçin pida edeninden tanadyk; biz-de doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys» (1 Ýahýa 3:16; Ýahýa 15:12, 13). Doganlar üçin janymyzy bererismi? Elbetde, muny bizden hiç kim talap edenok, ýöne özümize şeýle sorag bersek gowy bolardy: maňa amatly bolmasa-da, olara häzir kömek etmek üçin elimden gelenini edýärinmi?

3. a) Söýgimiziň joşgunly bolmagy üçin näme etmeli? b) Häzir birek-biregi joşgunly söýmek näme üçin wajyp?

3 Doganlara janaýaman ýagşylyk etmekden başga-da, olar bilen mähirli, açyk göwünli bolmaly. Hudaýyň Sözi şeýle diýýär: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň» (Rimliler 12:10). Biziň her birimiz käbir adamlary ýürekden söýýäris. Eýsem, başga adamlary hem ýürekden söýmegi öwrenip bilerismi? Bu zalym dünýäniň soňy golaýlaşýar, şonuň üçin doganlar bilen barha dostlaşmak örän wajyp. Injilde şeýle diýilýär: «Bütin zatlaryň soňy ýakynlady. [...] Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi, söýgi köp günäleri basyrýandyr» (1 Petrus 4:7, 8).

Kynçylyk ýüze çykanda

4. a) Näme üçin ýygnagyň agzalarynyň arasynda kynçylyk döremegi mümkin? b) Hemişe höwesimiz bolmasa-da, Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýersek, näme peýdasy bar?

4 Elbetde, kämilsizligimiz sebäpli käbir ýagdaýda özümizi alyp barşymyz bilen başga adamlaryň göwnüne degmegimiz mümkin (1 Ýahýa 1:8). Sen şeýle ýagdaýa düşseň, näme ederdiň? Şu babatda Ýazgylarda gerekli maslahatlar bar. Emma ondaky maslahatlar, biziň, ýagny kämilsiz adamlaryň isleginden tapawutlanmagy mümkin (Rimliler 7:21—23). Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýersek, onda biz ýürekden Ýehowany begendirmek isleýändigimizi görkezeris. Onsoňam, başga adamlara bolan söýgimiz has-da berkär.

5. Göwnümize degen bolsalar, ar almalymy?

5 Göwnüne degilen adam aryny aljak bolýar. Ýöne şeýdip ýagdaýy diňe agyrlaşdyrar. Ar almaly bolaýanda-da, ony Hudaýa tabşyr (Süleýmanyň tymsallary 24:29; Rimliler 12:17—21). Käbir adamlar bolsa, göwnüne degen adamdan gaçýarlar. Emma biz imandaşlardan gaçmaly däl, sebäbi Hudaýy razy etmek üçin doganlary hem söýmeli (1 Ýahýa 4:20). Pawlus resulyň näme üçin şeýle sözleri ýazandygy düşnükli: «Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew-birewden kineli bolsa, Mesihiň [Ýehowanyň, TD] sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň» (Koloseliler 3:13). Sen şeýle edip bilermiň?

6. a) Doganyňy näçe gezek bagyşlamaly? b) Nämä düşünsek, bize garşy günä eden adamlary bagyşlamaga kömek eder?

6 Eger-de biri bize garşy birnäçe gezek günä etse, ýöne gatnaşykdan keser ýaly, agyr günä däl bolsa, şonda näme etmeli? Agyr däl günäleri göz öňüne tutup, Petrus resul «ýedi gezek» bagyşlasa bolýar diýdi. Emma Isa şeýle diýdi: «Ýedi gezek däl, ýetmiş ýola ýedi gezek». Ol Hudaýyň öňündäki bergimiziň adamlaryň bize bergisinden has uludygyny belläp geçdi (Matta 18:21—35). Biz Hudaýyň öňünde her gün, hatda bilmänem, sözde ýa pikirde öz bähbidimizi oýlap ýa etmeli işimizi etmän her hili günä edýäris (Rimliler 3:23). Ýöne muňa garamazdan, Hudaý bize rehimdarlyk edýär (Zebur 103:10—14; 130:3, 4). Ol biziň hem adamlara rehimdarlyk etmegimizi isleýär (Matta 6:14, 15; Efesliler 4:1—3). Şeýle etsek, biz «içinde hylt saklamaýan» söýgini iş ýüzünde görkezeris (1 Korintoslylar 13:4, 5; 1 Petrus 3:8, 9).

7. Bir dogan bizden nägile bolsa, näme etmeli?

7 Käbir ýagdaýlarda biz doganymyzdan hiç hili kine saklamasak-da, onuň bizden nägiledigini duýýarys. 1 Petrus 4:8-de maslahat berlişi ýaly, muny «söýgi [bilen] basyryp» bileris. Şeýle-de, özümiz başyny başlap, dogan bilen gürleşip, aramyzy sazlap bileris (Matta 5:23, 24).

8. Doganymyzyň özüni alyp barşy gaharymyzy getirýän bolsa näme etmeli?

8 Şeýle-de, doganymyz özüni alyp barşy bilen diňe biziň däl-de, eýsem, başga adamlaryň-da gaharyny getirýändir. Belki, onuň bilen gürleşmelidir? Elbetde. Eger-de seni biynjalyk edýän zady sypaýyçylyk bilen düşündirseň, gowy netije berer. Ýöne ilki özüňe şeýle sorag ber: onuň edýän zatlary, hakykatdan-da, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine ters gelýärmi? Ýa dürli ýerde ulalyp, dürli terbiýe alanyň sebäplidir? Özüň düzgün çykaryp, şoňa görä adamlary ýazgarmakdan seresap bol (Ýakup 4:11, 12). Ýehowa ala tutman, eýsem, dürli milletden adamalary kabul edip, ruhy taýdan ösýänçäler sabyr edýär.

9. a) Ýygnakda agyr günä bilen baglanyşykly meseleleri kim çözmeli? b) Haýsy ýagdaýda birinji bolup doganyň ýanyna barmaly we näme maksat bilen?

9 Ýygnakda bir adam ahlaksyzlyk ýaly agyr günä eden bolsa, onda derrew munuň öňüni almaly. Muny kim etmeli? Ýaşulular (Ýakup 5:14, 15). Ýöne biri, meselem, işewür meselede birine garşy günä eden bolsa ýa-da diýmesiz zady diýip, göwnüne degen bolsa, onda birinjiden, ol göwnüne degen adamyň ýanyna baryp, ikiçäk çözmeli (Matta 18:15). Bu başa barmasa, onda Matta 18:16, 17-nji aýatlardaky maslahata eýermeli. Şol dogana söýgi hem-de ony «gazanmak» islegi onuň bilen ýaraşmak üçin eliňden geleni etmäge kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 16:23).

10. Kynçylyga dogry garamaga näme kömek edýär?

10 Uly ýa kiçi kynçylyklar ýüze çykanda Ýehowanyň garaýşy ýaly garasak, ony çözmek ýeňil bolar. Ol hiç hili günäni halanok, şonuň üçin agyr günä eden adam toba etmese, wagty bilen Hudaýyň guramasyndan çykarylar. Emma biziň hemmämiz her hili günä edýäris, şol sebäpli-de, Hudaýyň sabryna hem rehimdarlygyna mätäç. Şeýlelikde, bir adam bize garşy günä etse, Ýehowa bize näme etmelidigimizi öwredýär. Rehimli bolup, Hudaýyň söýgüsinden görelde almaly (Efesliler 5:1, 2).

«Göwnüňizi giň tutmaga» çalşyň

11. Pawlus korintoslylary näme üçin «göwünlerini giň tutmaga» çagyrdy?

11 Pawlus resul birnäçe ýyllap Korintosdaky (Gresiýa) ýygnagy ruhy taýdan berkitdi. Ol doganlara kömek etmek üçin erjellik bilen zähmet çekdi, sebäbi olary söýýärdi. Emma olaryň käbiri ony söýenokdy. Ony tankytlaýardylar. Pawlus olary «göwünlerini giň tutmaga» çagyrdy (2 Korintoslylar 6:11—13; 12:15). Biziň hemmämiz doganlary söýmäge hem-de «göwnümizi giň tutmaga» çalyşsak, gowy bolar (1 Ýahýa 3:14).

12. Ýygnakdakylaryň ählisine söýgini nädip ösdürip bileris?

12 Ýygnakdaky käbir doganlar bilen ýakyndan gatnaşmak kynmy? Biz doganlaryň biziň ýaramaz häsiýetlerimize üns bermegini islämizok, şonuň ýaly biz hem doganlaryň biziňkiden tapawutlanýan gylyk-häsiýetlerine üns bermesek, onda gatnaşyklarymyz has-da mähirli bolar. Doganlaryň gowy häsiýetlerini görüp, gadyryny bilsek, aramyz has gowy bolar. Elbetde, olara bolan söýgimiz artar (Luka 6:32, 33, 36).

13. Ýygnagyň agzalaryny söýmek üçin nädip «göwnüňi giň tutmaly»?

13 Doganlara edip biljek ýagşylygymyzyň çäklidigi düşnükli. Belki-de, biz duşuşykda her bir dogan bilen salamlaşyp bilmeris. Elbetde, biz olaryň hemmesini myhmançylyga çagyryp bilmeris. Ýöne «göwnümizi giň tutup», ýygnakda haýsam bolsa bir dogan bilen bary-ýogy birnäçe minutlyk gürleşip, onuň bilen has ýakyndan tanşyp bilerismi? Käwagt, gowy tanamaýan dogan-uýalardan birini wagza çagyryp bilerismi?

14. Tanyş däl mesihçileriň arasynda joşgunly söýgimizi nädip görkezip bileris?

14 Kongreslerde «göwnüňi giň tutup», doganlary söýmäge ajaýyp mümkinçilik bar. Kongrese köplenç müňlerçe adam gatnaşýar. Elbetde, olaryň hersi bilen tanşyp bilmeris, ýöne özümizi alyp barşymyz bilen diňe özümiz barada däl-de, eýsem, olar barada-da oýlanýandygymyzy görkezeris. Olaryň käbiri bilen ýakyndan tanyşmak üçin arakesmede ýanyna baryp bileris. Bir wagt ýer ýüzündäki adamlaryň hemmesi dogan-uýa bolup, Atamyz hak Hudaýa agzybir sežde ederler. Şonda hemme adamlar bilen tanşyp, şatlanarys! Şonda olar bilen ýakyndan tanyşmaga joşgunly söýgi höweslendirer. Häzirden doganlary joşgunly söýmäge başlasak, gowy bolmazmy?

Gaýtalamak üçin soraglar

• Mesihçileriň arasynda ýüze çykýan kynçylyklary nädip çözmeli we näme üçin?

• Ruhy taýdan ösdügimizçe, söýgimiz nädip artmaly?

• Diňe ýakyn dostlardan başga doganlary-da nädip joşgunly söýmeli?

[148-nji sahypadaky surat]

Doganlyk söýgini dürli ýollar bilen, meselem, ýygnagyň duşuşyklarynda görkezýäris

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş