Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 17 sah. 151—158
  • Maşgalada Hudaýa wepaly boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalada Hudaýa wepaly boluň
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgala näçe wagt dowam etmeli?
  • Maşgalada her kimiň öz orny bar
  • Jogaplary nireden tapmaly?
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Maşgalaňyzyň ebedi gelejegi
    Maşgala bagtynyň syry
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Nika bozuljak bolanda...
    Maşgala bagtynyň syry
Başgalary
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 17 sah. 151—158

On ýedinji bap

Maşgalada Hudaýa wepaly boluň

1. Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýersek, maşgala nähili täsir eder?

MAŞGALANY döreden Ýehowa. Mukaddes Ýazgylarda maşgalalara iň gowy maslahatlar berilýär. Şol maslahatlara eýerip, köp adamlar maşgalasyny bagtly etdiler. Är-aýal hökmünde ýaşaşyp ýörenleriň käbiri bolsa nikasyny resmi taýdan ZAGS-dan geçirmek islediler. Elbetde, biz olara guwanmaly. Ýanýoldaşyna ikilik edýän adamlar düzeldiler. Özüni aýaly we çagalary bilen rehimsiz alyp baran ärler, mähirli bolmagy we söýmegi öwrendiler.

2. Mesihçiler maşgala durmuşynda nämäni göz öňüne tutmaly?

2 Mesihçiler maşgala durmuşynda kän zatlary göz öňüne tutmaly. Meselem: biz maşgalany ömürlik hasaplaýarysmy? Maşgala borçlaryny nähili ýerine ýetirýäris? Maşgala agzalary bilen özümizi nähili alyp barýarys? (Efesliler 5:33—6:4). Mukaddes Ýazgylaryň maşgala durmuşy barada näme aýdýanyny bilmek ýeterlik däl-de, onuň maslahatyna eýermek wajyp. Biziň hiç birimiz Hudaýyň tabşyryklaryndan boýun gaçyryp, Isanyň ýazgaran adamlaryna meňzäsimiz gelenok. Ol adamlar: «Hudaýa yhlasly sežde etseň ýeterlik» diýip, ýalňyş pikir edýärdiler (Matta 15:4—9). Biz diňe göz üçin Hudaýa ynanan bolup, öýde bolsa Hudaýy ýatdan çykarmak islämizok. Gaýtam, Hudaýa hakykatdan wepaly bolmak isleýäris, sebäbi bu «uly gazanç» (1 Timoteos 5:4; 6:6; 2 Timoteos 3:5).

Maşgala näçe wagt dowam etmeli?

3. a) Köp maşgalalara näme bolýar, ýöne biz nämäni ýüregimize berk düwmeli? b) Mukaddes Ýazgylary ulanyp, abzasdaky soraglara jogap beriň.

3 Maşgalalar köplenç berk däl. Ençeme ýyl ýaşaşan är-aýal başga biri bilen durmuş gurmak üçin aýrylyşýarlar. Mundan başga-da, ýaş çatynjalar toýdan soň gaty az wagt ýaşaşyp, aýrylyşsalar, geň görlenok. Başga adamlaryň näme edýänine garamazdan, bizde Ýehowany razy etmek islegi bolmaly. Geliň, şonuň üçin, Hudaýyň Sözünde nikanyň berkligi barada näme diýilýänini bilmek üçin, indiki soraglaryň we aýatlaryň üstünde oýlanalyň.

Erkek adam bilen aýal maşgala durmuş guranda, näçe wagt bile ýaşamagy ýüregine düwmeli? (Markus 10:6—9; Rimliler 7:2, 3).

Başga biri bilen durmuş gurmak üçin nikany bozmaga hak berýän ýeke-täk sebäp näme? (Matta 5:31, 32; 19:3—9).

Mukaddes Ýazgylara esaslanman bozulýan nikalar hakda Ýehowa näme pikir edýär? (Malaki 2:13—16, TD).

Mukaddes Ýazgylar maşgaladaky kynçylyklary çözmek üçin aýry ýaşamagy maslahat berýärmi? (1 Korintoslylar 7:10—13).

Aýry ýaşamak haýsy ýagdaýlarda ýerlikli bolup biler? (Zebur 11:5; Luka 4:8; 1 Timateos 5:8).

4. Nikany näme berkidýär?

4 Käbir maşgalalar berk hem bagtly. Näme üçin? Sebäbi oglan bilen gyzyň ikisi-de doly taýýar bolman durmuş gurmaýarlar. Ömürlik ýanýoldaş saýlanyňda ýene bir wajyp zat: ol açyk pikir alşyp bilýän bolmaly we gyzyklanýan zatlaryň meňzeş bolmaly. Şeýle-de onuň Ýehowany söýmegi hem-de kynçylyklarda Hudaýyň Sözünde berilýän maslahata eýermegi has-da wajyp (Zebur 119:97, 104; 2 Timoteos 3:16, 17). Şeýle adam maşgalada oňuşmasa, islän wagtyň aýry ýaşaşyp ýa aýrylyşyp bolýar diýip pikir etmez. Ol öz borçlaryny ýerine ýetirmejek bolup ýanýoldaşynyň ýalňyşlaryny bahana etmez. Muňa derek, kynçylyklara duşanda, nädip olara hötde gelmelidigi barada pikir eder.

5. a) Maşgalada Hudaýa wepaly bolmak näme aňladýar? b) Kynçylyklara duşsa-da, Ýehowanyň kadalary bilen ýaşaýan adam nähili bereket alar?

5 Şeýtan adamlar horluk çekse, Ýehowanyň ýolundan ýöremez diýýär (Eýýup 2:4, 5; Süleýmanyň tymsallary 27:11). Ýöne Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi horluk çekýär, sebäbi maşgalasyny bozman hakykata garşy çykýan ýanýoldaşy bilen ýaşaýarlar. Olar Ýehowa wepaly bolup, onuň tabşyrygyny berjaý edýärler (Matta 5:37). Käbirleriniň çydamy netijesinde, ençeme ýyldan imansyz ýoldaşy hem Ýehowa gulluk edip başlady (1 Petrus 3:1, 2). Emma käbir mesihçileriň ýanýoldaşy garaýşyny üýtgetmeýär ýa-da Ýehowa gulluk edýäni üçin aýrylyşýar. Şeýle mesihçiler hem maşgalada Hudaýa wepaly bolany üçin hökman ak pata alarlar (Zebur 55:22; 145:16).

Maşgalada her kimiň öz orny bar

6. Bagtly maşgala gurmak üçin haýsy prinsipe hormat goýmaly?

6 Elbetde, bile ýaşanyň bilen maşgala bagtly bolanok. Ýehowanyň beren baştutanlyk prinsipine är-aýalyň ikisiniň-de hormat goýmagy wajyp. Netijede, maşgalada tertip-düzgün we rahatlyk bolar. 1 Korintoslylar 11:3-de: «Her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» diýilýär.

7. Maşgalada nädip baştutanlyk etmeli?

7 Bu aýatyň başynda näme diýilýänine üns berdiňmi? Hawa, her bir erkegiň baýary, ýagny başy bar. Ol Mesih. Oňa tabyn bolmaly. Munuň üçin är maşgalabaşy hökmünde Isanyň häsiýetlerinden görelde almaly. Mesih Ýehowa tabyn. Isa Mesih ýygnagy söýüp, onuň aladasyny edýär (1 Timoteos 3:15). Ol hatda «onuň ugrunda özüni pida etdi». Isa tekepbir hem diňe özüni bilýän däl-de, «mylaýym we pes göwünlidir». Ol kime baştutanlyk etse-de, olaryň «janlary dynçlyk tapar». Är maşgala agzalary bilen şeýle gatnaşykda bolsa, Mesihe tabyndygyny görkezýär. Şonda mesihçi aýala, äri bilen iş salyşmak ýeňil we ýakymly bolup, onuň baştutanlygyna tabyn bolmagyň peýdalydygyny görer (Efesliler 5:25—33; Matta 11:28, 29; Süleýmanyň tymsallary 31:10, 28).

8. a) Käbir maşgalalarda Mukaddes Ýazgylaryň aýdyşy ýaly edeniň bilen näme üçin arzyly netije bermeýän ýaly bolup görünýär? b) Biz şeýle ýagdaýda näme etmeli?

8 Emma kynçylyklar şonda-da ýüze çykar. Mümkin, maşgalada biri Mukaddes Ýazgylaryň kadalary boýunça ýaşap başlamazdan öň, kişiniň maslahatyna eýermezlige öwrenişendir. Käwagt sypaýy haýyş we mähirli söz bilen aljak galaň ýok ýaly. Mukaddes Ýazgylar «kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama» sizden daş bolsun diýýär (Efesliler 4:31). Maşgala agzalarynyň käbirine şulardan başga hiç zat täsir etmeýän ýaly bolsa näme? Isa hiç wagt haýbat atana haýbat atmady we sögülende sögmän, Atasyna bil baglady (1 Petrus 2:22, 23). Şonuň üçin maşgalada kynçylyk ýüze çykanda, bu dünýäde edilişi ýaly etmegiň deregine, Ýehowadan kömek diläp, Hudaýa wepaly bol (Süleýmanyň tymsallary 3:5—7).

9. Igenjeňlik etmegiň deregine, mesihçi ärleriň köpüsi näme öwrendiler?

9 Üýtgeşmeler tiz bolanok, ýöne Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna yhlasly we sabyrly eýersek, hökman gowy netije berer. Köp ärler Isanyň ýygnaga garaýşyna göz ýetirende, maşgaladaky gatnaşyklary gowulaşdy. Ýygnak kämilsiz adamlardan ybarat bolsa-da, Isa ony söýýär, görelde görkezýär we aladasyny edip, Mukaddes Ýazgylar arkaly öwüt-nesihat bermek bilen gowulaşmaga kömek edýär. Isa ýygnak üçin janyny-da berdi (1 Petra 2:21). Onuň göreldesi mesihçi ärleriň köpüsine dogry baştutanlyk edip, maşgalanyň oňatlaşmagy üçin ähli zady söýgi bilen etmäge höweslendirdi. Igenjeňlik edip ýa gürleşmän ýöreniň bilen beýle netijä asla ýetip bolmaýar.

10. a) Är ýa aýal mesihçi bolsa-da, maşgalada başgalar üçin nädip kynçylyk döretmegi mümkin? b) Ýagdaýyň gowulaşmagy üçin näme edip bolar?

10 Är maşgalasynyň duýgy zerurlyklary hakda alada etmeýän bolsa, ýa-da maşgalada Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi we beýleki işleri ýola goýmaýan bolsa näme? Aýaly äri bilen iş salyşmasa hem-de Hudaýyň halaýşy ýaly tabyn bolmasa, onda näme? Käbir maşgalalar ýüze çykan kynçylyklar hakda sylag-hormat bilen ara alyp maslahatlaşyp, gowy netije gazanýarlar (Barlyk 21:10—12; Süleýmanyň tymsallary 15:22). Hemme zat tama edişimiz ýaly bolmasa-da, Hudaýyň ruhunyň miwesini bildirip, maşgala agzalary hakda söýgi bilen alada etsek, her birimiz maşgalanyň ýagdaýynyň gowulaşmagyna ýardam edip bileris (Galatýalylar 5:22, 23). Ýagdaýyň oňatlaşmagy üçin başgalaryň bir zat ederine garaşyp oturmaly däl-de, özümiz etmelisini edip, Hudaýa wepaly bolmaly (Koloseliler 3:18—21).

Jogaplary nireden tapmaly?

11, 12. Maşgalamyz bagtly bolar ýaly, Ýehowa näme berdi?

11 Adamlar maşgala meseleleri boýunça maslahat gözläp köp kitaplara ýüz tutýarlar. Biz bolsa Hudaýyň Sözünde iň gowy maslahatlaryň bardygyny bilýäris. Şol maslahatlary Hudaý ýerdäki guramasy arkaly ulanmaga kömek edýär. Sen şol maslahatlaryň hemmesini ulanýaňmy? (Zebur 119:129, 130; Mika 4:2).

12 Ýygnaga gatnaşmakdan başga-da, maşgala okuwyny yzygiderli geçirmäge wagt goýmaly. Siz şeýdýäňizmi? Bu maşgalanyň agzybir sežde etmegine ýardam edýär. Maşgalalar Hudaýyň Sözüni her hili ýagdaýlarda ulansalar, bu olaryň maşgala durmuşyny oňatlaşdyrýar (Kanunyň gaýtalanyşy 11:18—21).

13. a) Maşgala meseleleri boýunça soraglara jogap nireden tapyp bolar? b) Biziň ähli kararlarymyz nämäni görkezmeli?

13 Belki, sizde maşgala meseleleri boýunça soraglar bardyr. Aýdaly, dürli usullar bilen göwreliligiň öňüni almak bolýarmy? Käbir ýagdaýlarda çaga aýyrtmagy dogry saýyp bolarmy? Maşgalada Hudaý barada köp gyzyklanmaýan çaga bar bolsa, bile sežde etmegi ondan talap edip bolarmy? Ýehowanyň Güwäçileriniň çap edýän edebiýatynda şeýle soraglaryň köpüsine seredilýär. Soraglaryňyzyň jogabyny «Indeksden» we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin berilýän edebiýatdan gözlemegi öwreniň. Eger-de siziň öýüňizde «Indeksiň» salgylanýan edebiýaty bolmasa, Patyşalyk Zalynyň kitaphanasyndan gözläň. Belki, sizde kompýuterde okamaga mümkinçilik bardyr. Şeýle-de, ýygnakdaky ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalar bilen soraglar barada gürleşse bolar. Ýöne her bir soraga «hawa» ýa-da «ýok» diýen jogaba garaşmaly däl. Köplenç är-aýal hökmünde ikiňiz ýa-da seniň hut özüň netije çykarmaly bolýaň. Şeýlelik-de, seniň gelen kararyň, goý, diňe bir adamlaryň öňünde däl, eýsem, maşgalada-da Hudaýa wepalydygyňy görkezsin (Rimliler 14:19; Efesliler 5:10).

Gaýtalamak üçin soraglar

• Ýehowa wepalylygyň, ýanýoldaşyňa wepalylyk bilen näme baglanyşygy bar?

• Maşgalada kynçylyk ýüze çyksa, Hudaýy razy etmäge näme kömek edýär?

• Maşgalanyň gowulanmagyna maşgalanyň beýleki agzalary ýardam etmese-de, biz nädip ýardam edip bileris?

[155-nji sahypadaky surat]

Är maşgalada Isanyň häsiýetlerinden görelde alyp baştutanlyk edýär

[157-nji sahypadaky surat]

Maşgalaň bilen Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenmek agzybir ýaşamaga kömek edýär

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş