Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bh sah. 218—sah. 219 abz. 2
  • Baş perişde Mikaýyl kim?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Baş perişde Mikaýyl kim?
  • Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Baş perişde Mikaýyl kim?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Perişdeler — «hyzmatkär ruhlar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Perişdeler barada näme bilýärsiň?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Perişdeler kim?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
bh sah. 218—sah. 219 abz. 2

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Baş perişde Mikaýyl kim?

MUKADDES ÝAZGYLARDA baş perişde Mikaýylyň ady sanlyja gezek duş gelse-de, her gezek uly wakalarda agzalýar. Danyýel pygamberiň kitabynda onuň zalym perişdeler bilen söweşýäni, Ýahudanyň hatynda Şeýtan bilen jedelleşýäni, Ylham kitabynda bolsa Iblisdir jynlar bilen söweşýäni aýdylýar. Mikaýyl Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyny tutup, onuň duşmanlary bilen söweşip öz adyna mynasyp hereket edýär. Onuň ady «Hudaý ýaly kim bar?» diýmekdir. Eýsem, Mikaýyl kimkä?

Köp adamlaryň birnäçe ady bar. Meselem, Ýakup ata Ysraýyl diýip, Petrus resul bolsa Simun diýip tanalýardy (Gelip çykyş 49:1, 2; Matta 10:2). Şonuň ýaly Mikaýyl hem Isa Mesihiň ýere gelmezinden öň we direlenden soň tutulýan ady. Gel, bu hakda Mukaddes Ýazgylardan bileli.

Baş perişde. Mukaddes Ýazgylarda Mikaýyla «baş perişde» diýilýär (Ýahuda 9). Ýazgylarda «baş perişde» diýen sözi birlik sanda aýdylýar, ol hiç haçan köplük sanda ulanylmaýar. 1 Selanikliler 4:16-da direlen Reb Isa Mesih barada: «Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen... gökden iner» diýilýär. Görşümiz ýaly, baş perişdäniň sesi bilen Isa pygamber gygyrýar. Diýmek, baş perişde Mikaýyl — Isa pygamber.

Goşun serkerdesi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berdi» (Ylham 12:7). Diýmek, Mikaýyl wepaly perişdeleriň Serkerdesi. Ylham kitabynda Isa Mesih hem wepaly perişdeleriň Baştutany hökmünde suratlandyrylýar (Ylham 19:14—16). «Halypamyz Isa» we onuň «güýçli perişdeleri» barada Pawlus resulam ýazypdy (2 Selanikliler 1:7). Mukaddes Ýazgylardan Mikaýylyň hem-de Isa Mesihiň perişdeleriniň bardygyny bilýäris (Matta 13:41; 16:27; 24:31; 1 Petrus 3:22). Hudaýyň Sözünde dürli serkerdeli wepaly perişdeleriň iki goşuny barada aýdylmaýar. Diýmek, Mikaýyl — gökdäki şöhratly Isa Mesiha.

a Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dilde çap eden «Ýazgylara düşünmek» diýen ensiklopediýanyň 2-nji tomunyň 393, 394-nji sahypalaryndan Mikaýylyň Hudaýyň Ogludygy barada köpräk bilip bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş