Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bm böl. 13 sah. 16
  • Ysraýyl we Ýahuda patyşalary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ysraýyl we Ýahuda patyşalary
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Ol eden ýalňyşyndan sapak edindi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ol rehimdar bolmagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýunus kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Ýehowa Ýunusa sabyr etdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
bm böl. 13 sah. 16
Ysraýylyň ýaş patyşasy

13-NJI BÖLÜM

Ysraýyl we Ýahuda patyşalary

Ysraýyl patyşalygy ikä bölünýär. Onda ençeme patyşalar höküm sürýär. Olaryň köpüsi Hudaýa wepaly däldi. Babyllylar Iýerusalimi weýran edýär

SÜLEÝMAN hakyky seždäni ret edensoň, Ýehowanyň pygamberlik edişi ýaly, Ysraýyl patyşalygy ikä bölünýär. Süleýmanyň ogly Rehoboam tagta geçýär, ol örän zalym patyşa bolýar. Şol sebäpli Ysraýylyň on taýpasy gozgalaň turuzýar we olar Ysraýylyň demirgazyk patyşalygyny döredýär. Iki taýpa bolsa Iýerusalimdäki Dawudyň tagtyna wepaly galyp, Ýahudanyň günorta patyşalygyny döredýär.

Ysraýylyň-da, Ýahudanyň-da ýagdaýy durnuksyzdy. Munuň esasy sebäbi olaryň patyşalary Hudaýa gulak asman biwepalyk etdiler. Demirgazyk patyşalygyň ýagdaýy günorta patyşalyga garanyňda has erbetdi. Çünki onuň patyşalary ilkibaşdan ýalan seždäni girizdiler. Ysraýylda Ylýas we Elişa ýaly ölüleri direlden pygamberler bolsa-da, halk erbet ýolundan dänmedi. Ahyrsoňy, Hudaý aşurlylara demirgazyk patyşalygy basyp almaga ýol berdi.

Bir asyrdan gowrak wagt geçenden soň, Hudaý Ýahuda patyşalygyna hem jeza berýär. Ýahudanyň diňe käbir patyşalary Hudaýyň pygamberlerine gulak asyp, halkyň Ýehowa dolanmagy üçin jan edýärler. Meselem: Ýoşiýa patyşa Ýahudany ýalan seždeden arassalap, Ýehowanyň ybadathanasynda bejeriş işlerini geçirip başlaýar. Hudaýyň Musa arkaly beren Kanuny tapylanda, Ýoşiýa örän tolgunýar we ol dini özgeriş işlerine has-da yhlasly ýapyşýar.

Gynansak-da, Ýoşiýadan soňky patyşalar onuň gowy göreldesine eýermeýärler. Şol sebäpli Ýehowa Babyla Ýahudany basyp almaga, Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny weýran etmäge ýol berýär. Diri galan adamlar bolsa Babyla sürgün edilýär. Hudaýyň pygamberligine görä, ysraýyllylar 70 ýyl sürgünde bolmaly we olara watanyna dolanmaga rugsat berilýänçä, Ýahuda idegsiz galmaly.

Emma wada edilen Halasgär Mesih gelýänçä, Dawudyň nesillerinden hiç kim patyşa bolmaz. Iýerusalimde Dawudyň tagtynda oturan patyşalaryň köpüsi bikämil adamlaryň hökümdarlyk etmäge ukybynyň ýokdugyny subut etdi. Patyşa bolmaga diňe Mesih Isa mynasypdy. Ýehowa Dawudyň neslinden bolan iň soňky patyşa şeýle diýdi: «Täjiňi goý... onuň hakyky eýesi gelýänçä, täç hiç kime berilmez. Men ony hakyky eýesine bererin» (Ezekiýel 21:26, 27).

1, 2 Patyşalar; 2 Taryhlar 10—36-njy baplaryna we Ýeremiýa 25:8—11-nji aýatlaryna esaslanýar.

  • Ysraýyl näme üçin iki patyşalyga bölünýär we olara näme bolýar?

  • Dawudyň patyşa neberelerine näme boldy we näme üçin?

  • Biz Ýunus bilen bolan wakadan Ýehowa barada näme bilýäris? (Çarçuwa serediň).

ÝUNUS

Patyşlygyň ikä bölünen döwründe Hudaý Ýunus pygamberi uzak Ninewe şäherine iberýär. Ol bu şäheriň rehimsiz ýaşaýjylaryna gazaply habar aýtmalydy. Emma Ýunus bir gämä münüp, başga şähere gidýär. Şonda Hudaýyň gudraty bilen Ýunusy uly balyk ýuwudýar. Ýunus balygyň içinde Ýehowa ýalbarýar, balyk hem Ýunusy kenara çykarýar. Indi Ýunus pygamber berlen tabşyrygy ýerine ýetirmäge taýyndy.

Hudaý Ýunusa gulak asmagy öwretmek üçin sapak berenden soň hem pygamber ýalňyşlyk goýberýär. Ol Ninewede wagyz edende, onuň ýaşaýjylary toba gelýär. Şonda Hudaýyň olara ýüregi awap, rehimdarlyk bildirýär we olary jezalandyrmaýar. Muňa Ýunus örän nägile bolýar. Siz bu gyzykly kitaby okasaňyz, Ýunusa rehimdar bolmagy öwretmek üçin, Hudaýyň eden ikinji gudratyny bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş