Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bm böl. 14 sah. 17
  • Hudaý pygamberlerini ýollaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý pygamberlerini ýollaýar
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Ýesirlikdäki pygamber görnüş görýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Mesihiň gelmegi
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Pygamberlikler Isanyň Mesihdigini subut edýärmi?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Ysraýyl we Ýahuda patyşalary
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
bm böl. 14 sah. 17
Pygamber Hudaýyň habaryny yglan edýär

14-NJI BÖLÜM

Hudaý pygamberlerini ýollaýar

Ýehowa pygamberlerini höküm güni, arassa sežde we Mesihe umyt baglamak barada aýtmaga ýollaýar

YSRAÝYLDA we Ýahudada patyşalaryň hökümdarlyk eden döwründe, Hudaýyň habaryny aýdýan ýörite adamlar, ýagny pygamberler bardy. Olar güýçli iman we batyrgaýlyk bilen Hudaýyň habaryny yglan edýärdiler. Geliň, pygamberleriň dört sany wajyp habaryna üns bereliň.

1. Iýerusalimiň weýran edilmegi. Iýerusalim ýykylmazyndan ençeme ýyl öň, Hudaýyň pygamberleri Işaýa we Ýeremiýa şäheriň haraba bolup, boşap galjagy barada welilik etdiler. Olar şäheriň näme sebäpden Hudaýyň gazabyna sezewar bolandygyny täsirli beýan edýärler. Iýerusalimiň ýaşaýjylary ýalan dine sežde edip, zorluk we ahlaksyz işler bilen meşgullanandygy üçin, Ýehowanyň wekili bolmaga mynasyp däldi (2 Patyşalar 21:10—15; Işaýa 3:1—8, 16—26; Ýeremiýa 2:1—3:13).

2. Arasssa seždäniň dikeldilmegi. Hudaýyň halky Babylda 70 ýyl ýesirlikde bolup, soňra azat edilmelidi. Olar idegsiz galan dogduk mekanyna dolanyp, Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasyny dikelderler (Ýeremiýa 46:27; Amos 9:13—15). Işaýa pygamber Babyly basyp aljak we Hudaýyň halkyna arassa seždäni dikeltmäge rugsat berjek adamyň adyny 200 ýyl öňünden aýtdy. Ol Kirdi. Şeýle-de pygamber Kiriň şäheri basyp alanda, ökdelik bilen ulanjak söweş tärlerini jikme-jik beýan edýär (Işaýa 44:24—45:3).

Ýehudylar Wawilon ýesirliginden Iýerusalime dolanýarlar

3. Mesihiň gelmegi. Mesih Beýtullaham şäherinde dogulmaly (Mika 5:2). Ol kiçigöwünlilik bilen, taýhara münüp, Iýerusalime girmeli (Zakarýa 9:9). Ol ýumşak we ýagşy adam bolsa-da, köp adamlar ony inkär eder (Işaýa 42:1—3; 53:1, 3). Ol jebir çekip ölmeli. Mesihiň ömri şeýle tamamlanmalymy? Ýok. Onuň töleg gurbany köp adamlaryň günäsini ýuwar (Işaýa 53:4, 5, 9—12). Bu mümkinçilik ol direlenden soň bolar.

4. Mesihiň ýer ýüzüne hökümdarlyk etmegi. Bikämil ynsan hökümeti parahat durmuşy döredip bilmeýär, emma Mesihi Patyşa «Parahatlyk Şazadasy» diýip atlandyrylýar (Işaýa 9:6, 7; Ýeremiýa 10:23). Ol höküm sürende, adamlar biri-biri bilen, hatda haýwanlar bilen hem parahat ýaşar (Işaýa 11:3—7). Keselçilik bolmaz (Işaýa 33:24). Ölüm hem ebedilik aýrylar (Işaýa 25:8). Ölen adamlar bolsa, ýer ýüzünde ýaşamak üçin direler (Daniýel 12:13).

Işaýa, Ýeremiýa, Daniýel, Amos, Mika we Zakarýa kitaplaryna esaslanýar.

  • Hudaýyň pygamberleri näme barada welilik etdiler?

  • Iýerusalimiň weýran ediljegi we arassa seždäniň dikeldiljegi barada nähili pygamberlik edildi?

  • Mesih we oňa näme boljagy barada nähili pygamberlikler aýdyldy?

  • Ýehowanyň pygamberleri Mesihiň ýer ýüzüne hökümdarlyk etjegini nähili beýan etdiler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş