Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bm böl. 20 sah. 23
  • Isa Mesih öldürilýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa Mesih öldürilýär
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Halypamyzyň agşam nahary
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Iuda Mesihi duşmanlaryň eline tabşyrýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa diri!
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Hudaýy şöhratlandyrýan Halypamyzyň agşam nahary
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
bm böl. 20 sah. 23
Isa

20-NJI BÖLÜM

Isa Mesih öldürilýär

Isa täze baýramçylyk girizýär; oňa dönüklik edilýär; ol jezalandyrylýar

ISA üç ýarym ýyl adamlara wagyz edip, tälim berdi. Indi ol ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň tamamlanýandygyny bilýärdi. Ýehudy dini ýolbaşçylary Isany öldürmek üçin dil düwüşdiler, ýöne halkyň arasynda turjak galmagaldan gorkdular, sebäbi halk ony pygamber hasaplaýardy. Muňa garamazdan, Iuda Iskariot — Isanyň on iki resullaryndan biri Şeýtanyň täsirine düşüp, Isa hyýanat edýär. Dini ýolbaşçylar Isany satar ýaly, Iuda 30 kümüş teňňesini hödürleýärler.

Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi resullary bilen Pasha baýramçylygyny belleýär. Ol Iuda gidensoň, Rebbiň Agşam nahary diýen täze baýramçylygy girizýär. Şonda ol çöregi alyp, Hudaýa şükür edýär-de, ony galan on bir resulyna berip: «Bu Meniň siziň üçin berlen bedenimdir; muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýýär. Şeýle-de ol şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň... ganym bilen berkidilen täze ähtdir» diýýär (Luka 22:19, 20).

Şol gije Isa resullaryna köp zat aýtmalydy. Ol resullaryna täze tabşyryk berýär — olar bir-birini ýürekden söýmeli. Soňra muny düşündirip: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:34, 35). Isa resullaryna boljak wakalar üçin biynjalyk bolmazlygy maslahat berýär. Ol resullary üçin ýürekden doga edýär. Soňra olar öwgüli aýdym aýdyp, Getsemani bagyna gidýärler.

Getsemani bagynda Isa dyza çöküp, Hudaýa ýürekden doga edýär. Soňra ony tussag etmäge ýaragly esgerler, ruhanylar we başga-da adamlar gelýär. Iuda olara yşarat etmek üçin, Isany baryp ogşaýar. Şeýdip, esgerler Isany tutýarlar, resullar bolsa gaçyp gidýär.

Ýehudylaryň ýokary kazyýetiniň öňünde Isa özüniň Hudaýyň Ogludygyny aýdýar. Kazyýet ony Hudaýa dil ýetirmekde aýyplap, oňa ölüm jezasyny berýär. Soňra Isany Rim hökümdary Pontius Pilatusyň ýanyna äkidýärler. Pilatus ondan hiç hili ýazyk tapmasa-da, märekäniň talabyny kanagatlandyrmak üçin, oňa ölüm kararyny çykarýar.

Rim esgerleri Golgata diýen ýerde Isany pürse çüýleýärler. Gündiziň güni birden asman garaňkyraýar. Isa ölenden soň bolsa, güýçli ýer titreýär. Onuň jesedi bir mazarda jaýlanylýar. Ertesi ruhanylar mazary möhürläp, oňa garawul goýýarlar. Ýöne Isa mazarda galdymy? Ýok, sebäbi uly gudrat bolýar.

Mattanyň 26, 27-nji, Markusyň 14, 15-nji, Lukanyň 22, 23-nji, Ýahýanyň 12—19-njy baplaryna esaslanýar.

  • Isa nähili baýramçylyk girizdi?

  • Isa ölmezinden öň nähili wakalar boldy?

ISANYŇ TUTÝAN ORNY

Ýehowanyň niýetinde Isanyň ölümi wajyp orun eýeleýär. Isa Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly doguldy, şol sebäpli kämil bolup dünýä indi we günäni miras almady. Adam ata Hudaýa gulak asmanlygy üçin, neslini ebedi ýaşaýyşdan mahrum etdi. Isa bolsa janyny gurban berip, adamlara baky ýaşamaga mümkinçilik döretdia (Matta 20:28; Luka 1:34, 35; Ýahýa 3:16, 36; 2 Petrus 3:13).

a Isanyň töleg gurbany barada köpräk bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 47—56-njy sahypalaryna serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş