Hak eýesi kim?
Soňky ýyllarda alymlar, hünärmenler haýwanlary we ösümlikleri synlap täze-täze zatlary döretdiler hem-de öňki döreden zatlaryny kämilleşdirdiler (Eýýup 12:7, 8). Haýwanlaryň gurluşyndan göçürip almaklyga «biomimetika» diýilýär. Geliň, alymlaryň haýwanlary synlap döreden käbir zatlary hakda gürrüň edeliň. Şonda siz «Şu täsin zatlar üçin kimi şöhratlandyrmaly?» diýen sorag hakda oýlanyň.
Kitiň ýüzgüçleri
Uçary oýlap tapan adamlar küýki kitden köp zatlary öwrenýärler. Küýki kitiň agramy 30 tonna barabar bolup, göwrümi uly ýük maşyny bilen deň. Onuň hamy we bedeni örän gaty bolup, ganata meňzeş ýüzgüçleri bar. Bu äpet jandaryň ini 12 metre ýetse-de, suwda örän ýeňil hereket edýär.
Alymlar şeýle äpet jandaryň ýeňillik bilen aýlaw edişine haýran galýarlar. Olar munuň sebäbiniň ýüzgüjindedigine göz ýetirdiler. Küýki kitiň ýüzgüjiniň öň tarapy uçaryň ganatynyňky ýaly tekiz däl-de, kertik-kertik bolýar we köp sanly pökgerip duran güberçekleri bolýar.
Küýki kit ýüzende ýeňillik bilen ýokary galýar we suwuň garşylygyny aňsatlyk bilen böwsüp geçýär. Nädip? Bir ylmy žurnalda aýdylmagyna görä, «kitiň ýüzgüjindäki güberçekleriň we kertik-kertikleriň arasyndan suw bölünip geçýär. Şeýlelikde, ol aňsatlyk bilen ýokary ýüzüp bilýär».10
Janly tebigatyň hak eýesi kim?
Şeýle açyşyň ylymda nähili peýdasy bar? Uçaryň ganaty kitiň ýüzgüji ýaly ýasalsa, howanyň güýçli akymyndan aňsatlyk bilen geçip bilerdi. Häzirki ýaly köp enjam gerek bolmazdy, şeýle-de ganatlary berk bolup, olary bejermek hem aňsat bolardy. Janly organizmleriň gurluşyny öwrenýän alym biomehanik Jon Long şeýle diýýär: «Gelejekde ähli uçarlaryň ganaty küýki kitiň ýüzgüjine meňzeş edip ýasalar».11
Çarlagyň ganaty
Uçarlaryň ganaty guşlaryň ganatyna seredilip ýasalýar. Emma soňky ýyllarda hünärmenler guşlaryň ganatyndan ýene bir zady öwrendiler. Bir žurnalda aýdylmagyna görä, Florida uniwersitetiniň hünärmenleri uzak aralykdan dolandyryp bolýan uçar oýlap tapdylar. Uçaryň ganatynyň gurluşy çarlagyňka meňzeýär. Ol howada gaýyp, ýyldyrym çaltlygynda aşak inip we tiz ýokaryk galyp bilýär.12
Çarlagyň ganatlary göwresinden birleşýän ýerinden we tirseklerinden epilýär. Şonuň üçin çarlaklar howada her dürli uçup bilýär. Alymlar çarlagyň ganatyny öwrenip 60 santimetrlik uçar ýasadylar. Olar uçaryň ganatlaryny metalyň birnäçe bölejiklerinden ýasadylar we matorjygyň kömegi bilen epiler ýaly etdiler. Şeýle ganatlaryň kömegi bilen kiçijik uçar beýik binalaryň arasyndan hem aňsatlyk bilen uçup bilýär. Harby işgärleriň käbiri uly şäherlerde himiki we biologiki ýaraglary tapmak üçin her dürli öwrümleri edip bilýän uçarlary ýasajak bolýar.
Çarlagyň aýagy
Çarlak aýazly gyşda buzuň üstünde dursa-da doňup galmaýar. Näme üçin? Sebäbi sowuk ýurtlarda ýaşaýan haýwanlaryň käbirinde bolşy ýaly, çarlagyň hem üýtgeşik gan aýlanyş ulgamy bar.
Çarlagyň bedenindäki gyzgynlyk belli bir derejede saklanýar. Sowuk gan aýagyndan bedenine geçmeýär.
Biri-birine degip duran iki turbany göz öňüne getiriň. Olaryň birinjisinden gyzgyn suw akýar, ikinjisinden bolsa sowuk suw akýar. Eger turbalardaky suwlar bir ugra aksa, gyzgyn suw ikinji turbadaky sowuk suwy 50 göterim ýylydar. Eger bir turbanyň suwy ýokary, beýlekisiniňki aşak aksa, onda gyzgyn suw ikinji turbadaky sowuk suwy 100 göterim gyzdyrar.
Çarlagyň gan aýlanyş ulgamy gyzgyn we sowuk suw akýan turbalara meňzeýär. Çarlak buzuň üstünde duranda onuň aýagyndaky ganlar sowaýar. Emma çarlagyň bedeninden gelýän gyzgyn gan onuň aýagyndan bedenine barýan sowuk gany gyzdyrýar. Şeýlelikde, çarlagyň bedenindäki gyzgynlyk üýtgemän belli bir derejede saklanýar. Artur Fras atly mehanik we awiasiýa inženeri çarlagyň gan aýlanyş ulgamyny dünýädäki iň gowy ýylylyk ulgamy diýip atlandyrdy.13 Hawa, şeýle täsin jandar köp inženerleri haýran galdyrýar we ony nusga edip ulanýarlar.
Kimi şöhratlandyrmaly?
Guty balygynyň gurluşyny öwrenip, hünärmenler howanyň garşylygyny aňsatlyk bilen böwsüp geçýän awtoulagy döretjek bolýar.
ABŞ-nyň Milli Awiasiýa we Kosmos gullugy (NASA) içýana meňzeýän köp aýakly robot ýasamakçy bolýar. Finlýandiýaly hünärmenler bolsa garynja meňzeş alty aýakly äpet traktor oýlap tapdylar. Şol traktor has beýik ýerlerden hem geçip bilýär. Başga alymlar bolsa, arçanyň gozasynyň açylyp-ýapylyşyny öwrenip üýtgeşik mata oýlap tapdylar. Şol matadan tikilen eşikler adam bedeniniň gyzgynlygyny belli bir derejede saklaýar. Ulag hünärmenleri guty balygyna meňzeş edip ýeňil awtoulagy döretmegiň üstünde işleýärler. Şeýle-de käbir alymlar balykgulaklary öwrenip ýeňil hem berk ok geçirmeýän gursakçalary ýasajak bolýarlar.
Delfinleriň eholokasiýasy adamlaryň döreden islendik enjamyndan güýçlüdir.
Alymlar tebigaty synlap köp zatlary öwrendiler. Olar eden açyşlaryndan, öwrenen zatlaryndan beýleki alymlar hem peýdalanar ýaly ýörite ulgam döretdiler we şol ulgama toplan maglumatlaryny goýdular. Bir žurnalda aýdylmagyna görä, şol ulgamdaky maglumatlar köp alymlaryň işini aňsatlaşdyrdy. Janly tebigat barada toplanan maglumatlara «biologiki patentler» diýilýär. Adatça, täze pikiri oýlap tapan we bir zady döreden adam ýa-da kärhana patentiň eýesi bolýar. Şol žurnalda aýdylmagyna görä, alymlar tebigaty synlap täze zady döreden adama patent bermek bilen, aslynda, şol patentiň hak eýesiniň janly tebigatdygyny boýun alýarlar.14
Alymlar balykgulaklaryň urgulara döz gelşini öwrenýär.
Onda tebigatdaky täsin zatlary kim oýlap tapdy? Köp alymlar olar millionlarça ýylyň dowamynda ewolýusiýa arkaly döredi diýýärler. Käbir alymlar bolsa bu babatda başgaça pikir edýär. Mikrobiolog Maýkl Bihi 2005-nji ýylyň 7-nji fewralynda çykan «Nýu-Ýork Taýms» gazetinde şeýle diýýär: «Tebigatdaky zatlary biriniň ýaradandygyny görkezýän ýönekeýje subutnama seredeliň. Eger bir zat ördege meňzeýän bolsa, ördek ýaly ýöräp, ördek ýaly gagyldaýan bolsa, onda onuň ördekdigine şek-şübhe ýok. Bir zadyň ýaradylandygyny açyk-aýdyň subut edýän delil bar bolsa, ony inkär etmek nädogry bolardy».15
Gekkon hažžygynyň penjesinde molekulýar güýç bolýar. Ol tep-tekiz diwarda hem arkaýyn ýöreýär.
Bir hünärmen uçaryň howpsuz we köptaraplaýyn işleýän ganatyny oýlap tapdy. Başga biri bolsa ynsan bedenine ýakymly matany ýa-da az ýangyç ýakýan ulagy oýlap tapdy. Elbetde, adamlar olara eden işi üçin sagbolsun aýdýarlar. Emma başga biriniň döreden zadyny rugsatsyz göçürýän adam jenaýatçy hasaplanýar.
Alymlar janly tebigaty synlap, döreden zadyny kämilleşdirýärler. Olar tebigatdan görüp öwrenseler-de, ondaky zatlar tötänden döredi diýýärler. Şeýle etmek dogrumy? Eger göçürilip döredilen zatlaryň eýesi bar bolsa, onda hakykysynyň eýesi bolmazmy? Onda kimi şöhratlandyrmaly? Ussanymy ýa-da onuň işini göçüren adamy?
Köre mälim
Adamlar tebigaty synlap, onuň Ýaradyjysynyň bardygyna göz ýetirýärler we Pawlus resulyň şu sözlerine goşulýarlar: «Hudaý göze görünmese-de, ýaradan zatlaryndan gudratly güýjüni we häsiýetlerini görüp bolýar» (Rimliler 1:19, 20).