Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rk sap. 2 sah. 4—5
  • Hakyky iman näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakyky iman näme?
  • Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Siz imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?
  • Ýehowanyň wadalaryna iman ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Iman güýjüňe güýç goşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Biziň imanymyzy köpelt!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Hakyky iman boýunça ýaşalyň
    Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
Başgalary
Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
rk sap. 2 sah. 4—5

2-NJI BÖLÜM

Hakyky iman näme?

Bu adam pula seredýär

Pul mysalyndaky ýaly, imanyň gymmaty bolmagy üçin, ol hakyky bolmaly

HAKYKY iman diňe bir Hudaýyň barlygyna ynanmagy aňlatmaýar. Hudaýa ynanýan millionlarça adamlar erbet işleri edýärler. Şeýle «imany» galp pula meňzetse bolýar. Ol hakyky pul ýaly bolup görünse-de, onuň hiç hili hümmeti ýokdur. Onda hakyky iman nämäni aňladýar?

Hakyky iman Mukaddes Ýazgylardaky dogry bilime esaslanýar. Bu ylhamly ýazgylar bize Hudaý barada hakykaty öwredýär. Onda Allanyň kanunlary, niýetleri we taglymatlary barada gürrüň berilýär. Olaryň käbiri aşakda görkezilen:

  • Alla ýeke-täkdir. Onuň deňi-taýy ýokdur.

  • Isa — Gudratygüýçli Hudaý däl. Ol Hudaýyň pygamberidir, käbir adamlar oňa hezreti Isa pygamber hem diýýärler.

  • Alla butparazlygyň ähli görnüşlerini ýigrenýär.

  • Adamzadyň höküm ediljek güni ýakynlaşýar.

  • Milliardlarça ölen adamlar Jennetde direler.

Hakyky iman ýagşy işlere höweslendirýär. Ýagşy işler Allatagalany şöhratlandyrýar, şeýle-de hem özümize, hem başgalara peýda getirýär. Ýagşy işleriň käbiri:

  • Alla sežde etmeli.

  • Hudaýa ýaraýan häsiýetleri, esasanam, söýgini ösdürmeli.

  • Erbet pikirlerden we höweslerden gaça durmaly.

  • Kynçylyklara garamazdan, Alla iman etmeli.

  • Adamlara Hudaý barada gürrüň bermeli.

Bir maşgala gartaşan aýala nahar getirýär

Hakyky iman ýagşy işlere höweslendirýär

Siz imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?

Bedenini berkitmek üçin maşk edýär

Imany-da beden ýaly berkitmeli

Hudaýdan kömek soraň. Musa pygamber Hudaýdan kömek sorap: «Maňa Öz ýollaryňy görkez. Men seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn» diýdia. Hudaý onuň dogasyna jogap berdi. Musa pygamber berk imany bilen gowy görelde görkezdi. Hudaý bize-de imanymyzy berkitmäge kömek eder.

Mukaddes Ýazgylary okamaga wagt tapyň. Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan Mukaddes Ýazgylar Töwrat, Zebur, Injil kitaplaryndan ybarat. Bu kitaplar köp dilde terjime edilip, bütin dünýä ýaýradyldy. Sizde bu kitaplar barmy?

Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryny gündelik durmuşyňyzda ulanyň. Adam türgenleşdigiçe, onuň bedeni berkeýär. Şonuň ýaly-da, imanyňyzy berkitmek üçin oňa görä ýaşamaly. Şonda Hudaýyň maslahatlarynyň peýdalydygyna göz ýetirersiňiz. Hawa, Mukaddes Ýazgylaryň berýän maslahatlary köp adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrdy. Geliň, häzir käbir wakalara seredeliň.

a Töwrat kitaby, Müsürden çykyş 33:13.

Siz nähili jogap berersiňiz?

  • Hakyky iman nämä esaslanýar?

  • Hakyky iman nähili işlere höweslendirýär?

  • Hakyky imany nädip berkidip bolar?

Hudaý öz Sözüni goraýar

Hudaý Mukaddes Ýazgylaryň ýoýulmagyna ýol bermedi. Biz muňa doly ynanyp bileris, sebäbi Gudratygüýçli Alla öz kitabyny gorap bilýär. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar» (Işaýa 40:8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş