Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rk sap. 10 sah. 24—25
  • Hakyky imanyň duşmany

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakyky imanyň duşmany
  • Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýalan din ýaýraýar
  • Hakyky iman ýok edilmez
  • Bugdaý we haşal ot baradaky mysal
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • «Dogry adamlar... gün kimin parlar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hüşgär boluň, Şeýtan sizi ýuwutmak isleýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Başgalary
Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
rk sap. 10 sah. 24—25

10-NJY BÖLÜM

Hakyky imanyň duşmany

ÝEHOWA HUDAÝ ýer ýüzüni ýaratmazdan ençeme wagt öň, gökde perişdeleri ýaratdy. Olaryň biri Hudaýa däl-de, özüne sežde edilmegini isleýär. Şeýtmek bilen, ol Şeýtan, ýagny Ýehowanyň «Duşmany» bolýar. Şeýtan nädip Alla garşy çykdy?

How ene ýylanyň iý diýen miwesine ünsli seredýär

Şeýtan ýylan arkaly How enäni aldaýar

Şeýtan ýylan arkaly How ene bilen gepleşýär we ony aldap, Hudaýa gulak asmazlyga iterýär. Onuň aýtmagyna görä, Ýehowa Hudaý bir agajyň miwesinden iýmegi gadagan edip, olardan ýagşy zady gizleýärmiş. Şeýtan göz-görtele Hudaýy ýalançylykda aýyplady. Ol How enä: «Hudaý ondan iýen günüňiz, şol wagt gözleriňiz açylyp, ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär» diýip, ony Hudaýyň görkezmesine garşy gitmäge yrdy (Gelip çykyş 3:5). How ene akmaklyk edip, oňa ynandy. Ol Hudaýyň kanunyna gulak asmady we Adam atany-da yrdy. Şondan bäri, Şeýtan hak Hudaýa iman edýän adamlara garşylyk görkezýär we häzire çenli adamlary aldaýar. Nädip?

Ýalan din ýaýraýar

Adamlar altyn göläniň daşynda aýdym aýdyp, tans edýärler

Şeýtan butlar we däp-dessurlar arkaly adamlary aldaýar

Şeýtan butlary we däp-dessurlary ulanyp, ysraýyl ogullaryny azdyrdy. Isa Mesih öz döwrüniň dini ýolbaşçylarynyň Hudaýa biderek ýere sežde edýändiklerini aýtdy, çünki olaryň «taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklarydy» (Matta 15:9). Bu halk Mesihi kabul etmedi, şol sebäpli Hudaý hem olary inkär etdi. Isa olara: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» diýdi (Matta 21:43, 44). Şondan soň Hudaý Isanyň şägirtlerini Öz halky etdi.

Indi Şeýtan Isanyň şägirtlerini hem azdyrmak üçin jan edýär. Onuň maksady amala aşdymy? Isa muny bir tymsal arkaly düşündirdi. Tymsalda daýhan mellegine oňat tohum ekýär. Soňra duşman gelip, olaryň arasyna haşal ot ekýär. Olaryň ikisi-de hasyl ýygymyna çenli bile ösýär. Hasyl ýygymynda haşal ot ýygylyp, ýakylýar, bugdaý bolsa desselenip, daýhanyň ammaryna üýşürilýär.

Isa şägirtlerine bu tymsalyň manysyny düşündirýär. Daýhan Isanyň özüdi. «Oňat tohum Hudaýyň Patyşalygynyň ogullarydyr; haşal otlar bolsa iblisiň ogullarydyr. Olary eken duşman iblisdir; orak döwrüň soňudyr, orakçylar perişdelerdir» (Matta 13:38, 39). Isa hakyky şägirtlerini bugdaý bilen deňeşdirýär. Emma Şeýtan Isanyň şägirtleriniň arasyna ýalan şägirtleri haşal ota kimin ekýär. Şeýlelikde, Isanyň pygamberligine görä, ol ölenden soň ýalan şägirtler peýda bolýar. Olar Üç ýüzli taňry ýaly ýalan taglymatlary ýaýradyp başlaýarlar. Şeýle-de olar butlara sežde edip, syýasy işlere goşulýarlar. Isanyň taglymatlaryna eýerýän adamlar azalýar.

Hakyky iman ýok edilmez

Isanyň aýtmagyna görä, ýagdaý üýtgemelidi. Perişdeler hakyky imana uýmaýanlary ýok etmelidi. Şonda hak Hudaýa ynanýan adamlar mese-mälim bolar. Şeýlelikde, hakyky imanyň duşmany Şeýtan Iblis hem ýok ediler. Hawa, hakyky iman üstün çykar!

Emma siz hakyky imanly adamlary nädip tanap bilersiňiz? Bu soragyň jogabyny indiki bölümden bileris.

Dürli milletdäki we ýaşdaky adamlar

Perişdeler hakyky imanly bolmak isleýän adamlary agtarýar

Siz nähili jogap berersiňiz?

  • Şeýtan nädip peýda boldy?

  • Şeýtan hakyky imany ýok etmek üçin näme etdi?

  • Isanyň «Haşal ot» tymsalyny düşündiriň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş