HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 12, 13
Bugdaý we haşal ot baradaky mysal
Isa bugdaý we haşal ot mysaly arkaly b. e. 33-nji ýylyndan başlap bütin dünýäde bugdaý toparyna degişli mesh edilen mesihçileri nädip hem-de haçan ýygnajakdygyny görkezdi.
Bir adam ekin meýdanynda gowy tohum ekýär
- Daýhan: Isa Mesih 
- Gowy tohum: Isanyň mukaddes ruh bilen mesh edilen şägirtleri 
- Ekin meýdany: Dünýä 
«Adamlar ýatyrka, duşman gelip... haşal otlary ekýär»
- Duşman: Iblis 
- Adamlaryň uklap ýatmagy: Resullar aradan çykansoň 
«Goý, hasyl ýygymyna çenli olaryň ikisi-de bile össün»
- Bugdaý: Mesh edilen mesihçiler 
- Haşal ot: Ýalan mesihçiler 
«Başda haşal otlary ýygyň... soňra bugdaýlary... üýşüriň»
- Hyzmatkärler/orakçylar: Perişdeler 
- Haşal otlaryň ýygylmagy: Ýalan mesihçiler mesh edilen mesihçilerden saýlanýar 
- Ammara üýşürilmegi: Mesh edilen mesihçileriň arassalanan ýygnaga gelmegi 
Hasyl ýygymy başlanda, hakyky mesihçiler ýalan mesihçilerden nädip saýlandy?
Şu mysala düşünmegimiň maňa nähili peýdasy bar?