8-NJI SAPAK
Hudaý erbetlige we horluklara näme üçin ýol berýär?
1. Erbetlik nädip peýda boldy?
Hudaý ynsan häkimiýetleriniň kynçylyklary çözüp bilmeýändiklerini görkezmek üçin, olara uzak wagtlap höküm sürmäge ýol berdi
Şeýtan ilkinji ýalan sözi aýdanda, erbetlik başlandy. Hudaý Şeýtany erbet perişde edip ýaratmandy. Ol başda kämil perişdedi, ýöne soň «hakykatda durman» erbetlige ýüz urdy (Ýahýa 8:44). Şeýtan Hudaýa edilmeli seždäniň özüne edilmegini isledi. Ol ilkinji aýaly, ýagny How enäni aldap, Hudaýa däl-de, özüne tabyn etdirmek isledi. Adam ata-da Hudaýa gulak asmagyň deregine, How enäniň tarapyny tutdy. Adam atanyň gelen karary sebäpli horluklar we ölüm peýda boldy. Gelip çykyş 3:1—6, 19-njy aýatlary okaň.
Şeýtan How enäni Hudaýa gulak asmazlyga iterip, Allatagalanyň häkimiýetine garşy çykdy. Adamlaryň köpüsi Hudaýyň hökümdarlygyndan ýüz öwrüp, Şeýtanyň tarapyna geçdiler. Şeýlelikde, Şeýtan «bu dünýäniň hökümdary» boldy. Ýahýa 14:30; 1 Ýahýa 5:19-y okaň.
2. Erbetligiň peýda bolmagyna Hudaý günäkärmi?
Allatagalanyň ähli edýän işleri kämildir. Adamlar we perişdeler Hudaýa doly gulak asmak ukyby bilen ýaradyldy (Kanun taglymaty 32:4, 5). Şeýle-de Hudaý bize ýagşyny ýa-da ýamany saýlamakda erkinlik berdi. Bu erkinlik bize Hudaýa söýgi bilen gulak asmaga mümkinçilik berýär. Ýakup 1:13—15; 1 Ýahýa 5:3-i okaň.
3. Hudaý näme üçin şu günlere çenli horluklara ýol berýär?
Ýehowa belli bir wagta çenli hökümdarlygyna garşy çykylmagyna ýol berýär. Näme üçin? Hudaý muny adamlaryň özbaşdak höküm sürüp, bagtly bolup bilmejekdiklerine düşünsinler diýip etdi. Adamzadyň 6000 ýyllyk taryhy munuň hakykatdygyny subut edýär. Ynsan hökümdarlyklarynyň hiç biri urşy, jenaýatçylygy, adalatsyzlygy we keselçiligi aýryp bilmedi. Süleýman pygamber şeýle diýdi: «Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr» (Wagyz kitaby 8:9). 2 Petrus 3:7—9-njy aýatlary okaň.
Ynsan hökümdarlyklaryndan tapawutlykda, Hudaýyň hökümdarlygy adamlara peýda getirer (Işaýa 48:17, 18). Tizden Ýehowa ynsan hökümdarlyklarynyň ählisini ýok eder. Şonda diňe Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolýan adamlar ýeri miras alarlar (Işaýa 11:9). Ylham 11:15-i okaň.
«Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?» atly wideony görüň
4. Hudaýyň sabyrlylygy bize nähili mümkinçilik berýär?
Şeýtan: «Adamlar Ýehowa söýgi bilen däl-de, öz bähbitleri üçin gulluk edýär» diýip töhmet atdy. Muny Eýýup kitabyndan aýdyň görse bolýar: «Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: „Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi?.. Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?“» (Eýýup 1:9, 11). Siz munuň ýalandygyny subut etmek isleýärmisiňiz? Sizde şeýle etmäge mümkinçilik bar! Hudaýyň sabyrlylygy bize kimiň hökümdarlygynyň tarapyny tutýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär. Biz muny ýaşaýşymyz bilen görkezip bileris. Süleýmanyň tymsallary 27:11-i okaň.
5. Biz Hudaýyň hökümdarlygynyň tarapyny tutar ýaly näme etmeli?
Biziň gelýän kararlarymyz Hudaýy Hökümdarymyz hasaplaýandygymyzy görkezer
Hudaý biziň Hökümdarymyz bolar ýaly, biz hakyky dini tapmaly we şoňa görä ýaşamaly. Hakyky din Hudaýyň Sözüne, ýagny Mukaddes Ýazgylara esaslanmaly (Ýahýa 4:23). Biz Şeýtanyň hökümdarlygyna garşy durmak üçin, syýasy işlere we uruşlara gatnaşmaly däl. Isa-da olara gatnaşmandy. Ýahýa 17:14-i okaň.
Şeýtan hökümdarlygy arkaly ahlaksyzlygy we azgynçylygy özüne çekiji edip görkezmäge çalyşýar. Biz şeýle işlerden gaça dursak, dogan-garyndaşlarymyzyň we dostlarymyzyň käbiri üstümizden gülmekleri ýa-da bize garşy çykmaklary mümkin (1 Petrus 4:3, 4). Şol sebäpli biz kimler bilen dostlaşmalydygymyz babatda belli bir karara gelmeli bolarys. Biz Hudaýy söýýän adamlar bilen dostlaşarysmy? Biz Allatagalanyň paýhasly we söýgi bilen berýän kanunlaryna gulak asarysmy? Eger biz bu babatda dogry karara gelsek, Şeýtanyň ýalançydygyny we adamlaryň kyn ýagdaýlarda-da Hudaýa wepaly galyp bilýändigini subut ederis. 1 Korintoslylar 6:9, 10; 15:33-i okaň.
Hudaý adamlary söýýär. Şol sebäpli biz Onuň erbetligi we horluklary ýok etjekdigine ynanyp bileris. Hudaýyň bu wadasyna iman edýän adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşarlar. Ýahýa 3:16-ny okaň.