Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • T-30 sah. 1—4
  • Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?
  • Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?
  • Meňzeş maglumat
  • Siz gelejege nähili garaýarsyňyz?
    Siz gelejege nähili garaýarsyňyz?
  • Aradan çykan adamlar direlermi?
    Aradan çykan adamlar direlermi?
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Hudaýyň Patyşalygy näme?
  • Horluklar gutararmyka?
    Horluklar gutararmyka?
Başgalary
Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?
T-30 sah. 1—4

Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?

Siziň pikiriňizçe, ol...

  • üýtgedildimi?

  • ertekimi ýa-da rowaýat?

  • Hudaýyň kitabymy?

MUKADDES KITAPDA NÄME DIÝILÝÄR?

«Mukaddes kitaplaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy» (2 Timoteos 3:16).

SIZE NÄME PEÝDASY BAR?

Durmuşda ýüze çykýan wajyp soraglara jogap taparsyňyz (Nakyllar 2:1—5).

Gündelik durmuş üçin peýdaly maslahatlary taparsyňyz (Zebur 119:105).

Gelejege hakyky umydyňyz bolar (Rimliler 15:4).

Aýal hem, erkek hem Mukaddes Kitaby okaýar; Maşgala agzalary arassa howada gezelenç edip, şatlanýarlar

MUKADDES KITABA YNANSA BOLÝARMY?

Hawa, munuň azyndan üç sebäbi bar:

  • Täsin yzygiderliligi. Mukaddes Kitaby 1 600 ýylyň dowamynda 40-a golaý adam ýazdy. Olaryň köpüsi biri-birini hiç haçan görmeseler-de, başdan-aýak bir esasy tema barada gürrüň berýärler!

  • Taryhy wakalaryň dogrulygy. Köplenç taryhçylar öz halky ýeňilse, aýtmaýarlar. Emma Mukaddes Kitaby ýazan adamlar özüniň we döwürdeşleriniň ýalňyşlaryny aç-açan gürrüň berýärler (2 Taryh 36:15, 16; Zebur 51:1—4).

  • Pygamberlikleriň ýerine ýetmegi. Mukaddes Kitapda Wawilonyň weýran ediljegi hakda takmynan 200 ýyl öňünden pygamberlik edildi (Işaýa 13:17—22). Pygamberlikde diňe bir Wawilonyň ýykyljagy däl-de, eýsem ony basyp aljak patyşanyň ady hem aýdyldy! (Işaýa 45:1—3).

    Başga-da ençeme pygamberlikler jikme-jik ýerine ýetdi. Eýsem, bu Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigini subut etmeýärmi?! (2 Petrus 1:21).

OÝLANYP GÖRÜŇ

Ata-ene, ogly we gyzy bilen

Hudaýyň Sözi siziň durmuşyňyzy üýtgedip bilermi?

Bu soraga şu aýatlar jogap berýär: IŞAÝA 48:17, 18 we 2 TIMOTEOS 3:16, 17.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş