Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • hf böl. 6 sah. 18—21
  • Çaganyň dünýä inmegi maşgala nähili täsir edýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çaganyň dünýä inmegi maşgala nähili täsir edýär?
  • Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • 1 ÇAGANYŇ DURMUŞYŇYZA TÄSIR EDÝÄNDIGINE DÜŞÜNIŇ
  • 2 MAŞGALA GATNAŞYKLARYNY BERKIDIŇ
  • 3 ÇAGAŇYZY TERBIÝELÄŇ
  • Maşgalany bagtly etmek üçin Hudaýa bil baglaň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
hf böl. 6 sah. 18—21
Şepagat uýasy bäbegi ene-atasyna getirip berýär

6-NJY BÖLÜM

Çaganyň dünýä inmegi maşgala nähili täsir edýär?

«Çagalar Rebden mirasdyr» (Zebur 127:3)

Çaga dünýä inende, ene-atanyň ikisi-de örän begenýär. Elbetde, siz ene-ata hökmünde köp wagtyňyzy we güýjüňizi çagaňyzyň aladasyny etmäge berersiňiz. Ukysyzlyk we her hili duýgular sebäpli araňyzda düşünişmezlik döremegi mümkin. Siz çagaňyzyň aladasyny etmek we maşgalaňyzy berkitmek üçin käbir zatlary üýtgetmeli bolarsyňyz. Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlary size şeýle kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek eder?

1 ÇAGANYŇ DURMUŞYŇYZA TÄSIR EDÝÄNDIGINE DÜŞÜNIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr... öz peýdasyny gözleýän däldir, gaharlanýan däldir» (1 Korintoslylar 13:4, 5). Elbetde, ene hökmünde siz çagaňyza köp üns berýänsiňiz. Şol sebäpli ýanýoldaşyňyz özüni taşlanan ýaly duýmagy mümkin. Siz ýanýoldaşyňyza hem üns bermelidigiňizi unutmaň. Siz sabyrly we mähirli bolsaňyz, ýanýoldaşyňyzyň göwnüne degmän, çagaňyzyň aladasyny edip bilersiňiz.

Kakasy çagasyny naharlaýar; ol gijesine-de çagasyna seredýär

«Ärler, siz hem özüňizi aýalyňyz bilen paýhasly alyp baryň» (1 Petrus 3:7, TD). Siz aýalyňyzyň çagaňyza seretmek üçin köp güýç sarp edýändigine düşüniň. Ol çagaňyza seredip, ýadawlykdan ýaňa gaharlanyp, hatda göwnüçökgünlige-de düşüp biler. Käte aýalyňyz hatda size-de gaharlanmagy mümkin. Hudaýyň Sözünde: «Gahary giç gelýän adamyň düşünjesi köpdür» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 16:32). Şol sebäpli özüňizi rahat alyp baryň. Aýalyňyzyň ýagdaýyna düşünip, oňa kömek ediň (Süleýmanyň tymsallary 14:29).

MASLAHAT

  • Atalar: Aýalyňyza hatda gijesine-de çagaňyzyň aladasyny etmäge kömek ediň. Aýalyňyza we çagaňyza köpräk üns bermek üçin başga işleriňizi azaldyň

  • Eneler: Äriňiz size çagaňyza seredişmek islese, onuň kömegini kabul ediň. Ol tabşyrylan işi göwnejaý edip bilmese, ony ýazgarmaň we nädip etmelidigini mähirli görkeziň

2 MAŞGALA GATNAŞYKLARYNY BERKIDIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Är-aýal bir ten bolar» (Matta 19:5). Hatda çagaňyz dünýä inende-de, siz ýanýoldaşyňyz bilen «bir tendigiňizi» unutmaň. Şol sebäpli maşgala gatnaşyklaryňyzy berkitmek üçin eliňizde baryny ediň.

Aýallar, äriňiziň kömegine we goldawyna minnetdar boluň. Siziň minnetdarlyk sözleriňiz ýanýoldaşyňyza «şypa» berer (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Ärler, aýalyňyzy ýürekden söýýändigiňizi we ony gymmat saýýandygyňyzy aýdyň. Oňa maşgalaňyzyň aladasyny edýändigi üçin öwgüli sözleri aýdyň (Süleýmanyň tymsallary 31:10, 28).

Är-aýal çagasy ýatyrka gepleşip otyr

«Hiç kim öz peýdasyny gözlemesin, başganyň peýdasyny gözlesin» (1 Korintoslylar 10:24). Ýanýoldaşyňyza hemişe ýaraýan zatlary ediň. Onuň bilen gepleşmäge we ony diňläp, öwgüli sözleri aýtmaga wagt tapyň. Jyns gatnaşyk meselesinde diňe özüňizi bilmän, ýanýoldaşyňyzyň hem zerurlygyny göz öňünde tutuň. Mukaddes Ýazgylarda: «Biri-biriňizi är-aýallyk hakyndan mahrum etmäň» diýilýär (1 Korintoslylar 7:3—5). Şol sebäpli bu barada ikiçäk açyk gürleşiň. Siz sabyrly bolup, biri-biriňiziň ýagdaýyňyza düşünseňiz, maşgala gatnaşyklaryňyz berkär.

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyz bilen ikiçäk wagt geçirmegi unutmaň

  • Ýanýoldaşyňyza SMS iberip ýa-da kiçiräk sowgat berip, ony söýýändigiňizi görkeziň

3 ÇAGAŇYZY TERBIÝELÄŇ

Ejesi çagasyna gyzykly bir zat okap berýär

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýänsiň» (2 Timoteos 3:15). Çagaňyza näme öwretmelidigini planlaşdyryň. Ol hatda dogulmanka, öwrenmäge ukyply bolýar. Çaga heniz ejesiniň göwresindekä, ene-atasynyň sesini tanap bilýär. Şol sebäpli ol entek bäbekkä, oňa gyzykly bir zat okap beriň. Çagaňyz okaýan zadyňyza düşünmese-de, bu oňa ulalanda okamagy gowy görmäge kömek eder.

Çagaňyza kiçilikden Hudaý barada öwrediň. Oňa Ýehowa doga etmegi öwrediň (Kanun taglymaty 11:19). Hatda onuň bilen bile oýnanyňyzda-da, Hudaýyň ýaradan zatlary barada gürrüň beriň (Zebur 78:3, 4). Çagaňyz ulaldygyça, siziň Ýehowany söýýändigiňizi görüp, ol hem ony söýmegi öwrener.

MASLAHAT

  • Çagaňyzy akyldarlyk bilen terbiýeläp biler ýaly, Ýehowa doga ediň

  • Çagaňyza öwretmek isleýän zatlaryňyzy gaýta-gaýta aýdyň. Şonda ol irräk öwrenip başlar

ÇAGAŇYZ MAŞGALAŇYZA GOWY TÄSIR EDIP BILER

Siz ene-ata hökmünde özüňizi kem-kemden rahat hem ynamly duýarsyňyz. Siz çagaňyzy terbiýeläp, söýgi, sabyr we ýumşaklyk ýaly häsiýetleri has gowy bildirmegi öwrenersiňiz. Eger siz bir-biriňizi goldap, kömek etseňiz, çaga maşgalaňyzy has-da berkider. Şonda siz Zebur 127:3-däki: «Ýatgynyň miwesi Hudaýdan sylagdyr» diýen sözleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Men geçen hepdäniň dowamynda ýanýoldaşyma minnetdardygymy görkezmek üçin nämeler etdim?

  • Men haçan soňky gezek ýanýoldaşym bilen diňe çagamyz hakda däl-de, ikimiz barada gürrüň etdim?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş