149-njy aýdym
Töleg gurbanyna minnetdarlyk
Eý Hudaý, biz, ine,
Geldik seň öňüňe.
Minnetdarlyk aýtmak üçin,
Çäksiz söýgiňe.
Ýaşaýşa ýol açdyň,
Iberip Ogluňy.
Ähli sowgatlaryňdan,
Bu sowgat has uly.
(GAÝTALAMAK)
Ol gurban etdi janyny,
Azat etmek üçin bizi.
Ýatlarys biz,
Ömürboýy oň döken ganyny.
Muňa hiç kim mejbur,
Etmedi Isany,
Söýýändigi üçin,
Berdi kämil janyny.
Ol ýere gelmänkä,
Umyt ýokdy bizde.
Emma indi bakylyk,
Bardyr öňümizde.
(GAÝTALAMAK)
Ol gurban etdi janyny,
Azat etmek üçin bizi.
Ýatlarys biz,
Ömürboýy oň döken ganyny.
(Şeýle-de Ýew. 9:13, 14; 1 Pet. 1:18, 19 serediň.)