150-nji aýdym
Geliň, jan edeliň!
Ýehowanyň dogry ýoly,
Rowaçlykdan, bagtdan doly.
Öwredýär Ol ýaşamany,
Ömrümize berýär many.
(GAÝTALAMAK)
Geliň, jan edeliň,
Ýehowa üçin.
Kömek gerek ýere gideliň,
Ýehowa üçin.
Dünýäň ähli künjegine.
Gitmäge biz taýyn ine!
Çünki söýýäs adamlary.
Aýdarys biz hoş habary.
(GAÝTALAMAK)
Geliň, jan edeliň,
Ýehowa üçin.
Kömek gerek ýere gideliň,
Ýehowa üçin.
Öz ýaşaýan ýerimizde,
Ökdeleşýäs biz wagyzda.
Hem öwrenip täze dili,
Oýarýarys ulus-ili.
(GAÝTALAMAK)
Geliň, jan edeliň,
Ýehowa üçin.
Kömek gerek ýere gideliň,
Ýehowa üçin.
(Şeýle-de Ýah. 4:35; Res. iş. 2:8; Rim. 10:14 serediň.)