Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 17 sah. 44—sah. 45 abz. 1
  • Isa Nikodime tälim berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa Nikodime tälim berýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ýüregiňize berk düwüň
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • «Hiç kim hiç haçan bu adamyňky ýaly geplemändi»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 17 sah. 44—sah. 45 abz. 1
Isa Nikodim bilen garaňky gijede gürleşýär

17-NJI BAP

Isa Nikodime tälim berýär

ÝAHÝA 2:23—3:21

  • ISA NIKODIM BILEN GÜRRÜŇDEŞ BOLÝAR

  • «TÄZEDEN DOGULMAK» NÄMÄNI AŇLADÝAR?

Isa pygamber b. e. 30-njy ýylynda Iýerusalime Pasha baýramyny bellemäge baranda täsin gudratlary görkezýär. Netijede, oňa köp adamlar iman edýär. Bu zatlar Ýehudylaryň ýokary kazyýetiniň (Sinedrion) agzasy bolan Nikodim atly fariseýe täsir edýär. Ol köpräk bilesi gelýärdi, şol sebäpli-de Isanyň ýanyna barýar. Ýöne muny garaňky düşende edýär. Belki-de, ol ýehudy ýolbaşçylary görse, abraýdan düşerin diýip gorkan bolmaly.

Nikodim Isanyň ýanyna baryp: «Rebbi, biz seniň Hudaýdan gelen mugallymdygyňy bilýäris, sebäbi Hudaý güýç bermese, seniň edýän gudratlaryňy hiç kim edip bilmezdi» diýýär. Isa oňa Hudaýyň Patyşalygyna girmek isleýän adamyň «täzeden dogulmalydygyny» aýdýar (Ýahýa 3:2, 3).

Eýsem, adam täzeden doglup bilermi? Nikodim Isa: «Heý-de, garry adam täzeden doglup bilermi? Ol ejesiniň göwresine gaýtadan girip, ýene-de doglup bilermi näme?» diýýär (Ýahýa 3:4).

Elbetde, ýok. Isa oňa şeýle düşündirýär: «Suwa çümdürilmedik we Hudaýyň mukaddes ruhuny almadyk adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez» (Ýahýa 3:5). Isa suwa çümdürilende we üstüne mukaddes ruh inende, gaýtadan doglupdy. Şonda gökden: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýen ses eşidildi (Matta 3:16, 17). Şeýdip, Isa mukaddes ruh arkaly gaýtadan doglup, Hudaýyň ruhy ogly boldy we gökdäki Patyşalyga girmäge mümkinçilik aldy. Biraz wagtdan, ýagny b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni suwa çümdürilen şägirtleriň üstüne mukaddes ruh inmelidi. Şonda olar hem mukaddes ruhdan doglan Hudaýyň ruhy ogullary bolar (Resullaryň işleri 2:1—4).

Emma Isanyň Patyşalyk hakda aýdýan zatlaryna Nikodime düşünmek kyndy. Şonuň üçin Isa Hudaýyň ynsan Ogly hökmünde özüniň tutýan wajyp orny barada düşündirmegini dowam edýär. Ol: «Çölde Musanyň ýylany taýaga berkidip, ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr. Şonda oňa iman eden her kes ebedi ýaşaýşa gowşar» diýýär (Ýahýa 3:14, 15).

Ysraýyllylar misden ýasalan ýylana seredende halas bolupdylar

Ençeme ýyl mundan öň ýylan çakan ysraýyllylar misden ýasalan ýylana seredende halas bolupdylar (Sanlar 21:9). Şonuň ýaly-da ölümden halas bolup, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin, ähli adamlar Hudaýyň Ogluna iman etmeli. Isa Ýehowanyň söýgi bilen gurnan bu çäresini nygtap, Nikodime şeýle düşündirýär: «Hudaý dünýädäki adamlary güýçli söýýändigi üçin, özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi» (Ýahýa 3:16). Görşümiz ýaly, Isanyň Hudaýa gulluk edip başlanyna alty aý geçende, ol şu ýerde, ýagny Iýerusalimde özüniň adamlary halas etmäge eltýän ýoldugyny açyk görkezýär.

Isa Nikodime «Hudaý Ogluny dünýädäki adamlary höküm etmek üçin» ibermändigini aýdýar. Diýmek, Isa adamzady ölüme höküm etmek üçin däl-de, halas etmek üçin iberilýär (Ýahýa 3:17).

Nikodim gorkýandygy üçin garaňky düşende Isanyň ýanyna gelipdi. Şol sebäpli Isa gürrüňini şeýle sözler bilen tamamlaýar: «Indi höküm etmäge esas bardyr: dünýä ýagtylyk (Isanyň ýaşaýşy we taglymatlary göz öňünde tutulýar) geldi, ýöne adamlar ýagtylyga derek garaňkylygy söýdüler, sebäbi eden işleri erbetdi. Erbet işleri edýän adam ýagtylygy ýigrenýändir, ýagtylyga tarap barýan hem däldir, sebäbi ol edýän işleriniň üstüniň açylmagyny islemeýär. Emma dogry adam Hudaýyň islegine görä edýän işleriniň aýan bolmagy üçin, ýagtylyga tarap barýandyr» (Ýahýa 3:19—21).

Ysraýyl halkynyň mugallymy hem-de fariseý bolan Nikodim Isa bilen gürrüňdeş bolansoň, onuň Hudaýyň niýetinde tutýan wajyp orny hakda oýlanan bolmaly.

  • Nikodimy Isanyň ýanyna barmaga näme höweslendirýär we ol näme üçin gije barýar?

  • «Täzeden dogulmak» nämäni aňladýar?

  • Isa haýsy manyda «dünýädäki adamlary höküm etmek üçin» gelmedi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş