29-NJY BAP
Sabat güni ýagşylyk etmek bolýarmy?
ISA PYGAMBER ÝAHUDADA WAGYZ EDÝÄR
OL SUW HOWDANYNYŇ ÝANYNDA ÝARAWSYZ ADAMY SAGALDÝAR
Isa pygamber Jelilede gulluk eden wagty köp işleri etdi. Emma ol Jelileden başga ýerlerde-de wagyz etmelidigini bilýärdi. Şonuň üçin ol: «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlere-de yglan etmeli» diýipdi. Şeýdip, ol «Ýahudanyň sinagogalaryna wagyz etmäge gidýär» (Luka 4:43, 44). Sebäbi bahar paslydy we Iýerusalimde geçiriljek baýram golaýlaşýardy.
Injiliň dört Hoş habarynda Isanyň Ýahudadaky eden işlerine garanyňda, Jelilede eden gullugy barada has köp aýdylýar. Ýahudada Isanyň aýdýan habaryna adamlaryň köpüsi biperwaý garasalar-da, ol erjellik bilen wagyz etmegini we ýagşylyk etmegini dowam edýärdi.
B. e. 31-nji ýylynda Isa Pasha baýramyna gatnaşmak üçin, Ýahudanyň paýtagty Iýerusalim şäherine ýola düşýär. «Goýun derwezesi» diýilýän ýeriň golaýynda köp adamlar üýşýärdi. Şol ýerde daş-töweregi sütünlerden ybarat bolan «Besaza» atly suw howdany bardy. Ol ýere syrkaw, kör, maýyp we el-aýagy ysmaz birgiden adamy getirýärdiler. Näme üçin? Sebäbi köp adamlar suw çaýkananda, howdana giren syrkaw sagalýar diýip ynanýardy.
Isa Sabat güni howdanyň ýanynda 38 ýyldan bäri ýarawsyzlykdan ejir çekýän bir adamy görýär. Isa ondan: «Sagalasyň gelýärmi?» diýip soraýar. Ol adam: «Agam, howdandaky suw tolkun atanda, onuň içine girmäge maňa hiç kim kömek etmeýär. Özüm turup barýançam bolsa, menden öň oňa başga biri girýär» diýýär (Ýahýa 5:6, 7).
Isa oňa: «Tur! Düşegiňi al-da, ýöre» diýýär. Bu sözler syrkawy we şol ýerdäki adamlary haýran galdyran bolmaly (Ýahýa 5:8). Ýarawsyz adam onuň aýdyşy ýaly hem edýär. Ol şol bada sagalyp, düşegini alýar-da, ýöräp başlaýar!
Ýehudylar ol adamy görende, onuň sagalandygyna begenmegiň deregine, gaýtam, ony ýazgaryp: «Bu gün Sabat güni, kanuna görä sen düşegiňi götermeli däl» diýýärler. Ol adam şeýle jogap berýär: «Sagaldan adam maňa „Düşegiňi al-da, ýöre“ diýdi» (Ýahýa 5:10, 11). Heý-de, adamy Sabat güni syrkawy sagaldany üçin ýazgaryp bolarmy?!
Ýehudylar sagalan adamdan «Düşegiňi al-da, ýöre» diýen adamyň kimdigini bilmek isleýärler. Näme üçin? Sebäbi «Isa märekäniň içinde gözden ýitipdi» (Ýahýa 5:12, 13). Sagalan adam onuň Isadygyny bilmeýärdi. Emma ol biraz wagtdan ybadathanada Isa Mesihe ýene-de duşýar. Şonda ol özüni sagaldan adamyň Isadygyny bilýär.
Soňra ol ýehudylaryň ýanyna baryp, özüni sagaldan adamyň Isadygyny aýdýar. Olar muny bilensoň, Isanyň ýanyna gidýärler. Ýehudylar onuň şeýle gudratlary nädip edýändigini biljek boldularmyka? Ýok, olar Sabat güni ýagşylyk eden Isany günäkärlejek bolýarlar. Olar hatda Isany yzarlap hem başlaýarlar!