Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 74 sah. 176—sah. 177 abz. 4
  • Mesihiň kimdigi belli bolýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesihiň kimdigi belli bolýar
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ýahýa Isany suwda çokundyrýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa suwa çümdürilýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ýahýa Isanyň geljekdigini aýdýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýahýa peselýär, Isa bolsa beýgelýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 74 sah. 176—sah. 177 abz. 4
Isa suwa çümdürilensoň, mukaddes ruh kepderi kimin üstüne inýär

74-NJI SAPAK

Mesihiň kimdigi belli bolýar

Ýahýa: «Menden beýik biri gelýär» diýip wagyz edýärdi. Isa 30 ýaşlaryndady. Bir gezek ol Jelileden Iordan derýasyna gelýär. Ýahýa şol ýerde adamlary suwa çümdürýärdi. Isa-da Ýahýanyň ýanyna suwa çümdürilmäge gelýär. Ýahýa: «Men seni däl, sen meni suwa çümdürmeli» diýýär. Isa: «Meni suwa çümdürmegiňi Ýehowa isleýär» diýýär. Şeýdip, olar Iordan derýasyna girýär. Ýahýa Isany suwa çümdürýär.

Soňra Isa Hudaýa doga edýär. Gök açylyp, Hudaýyň mukaddes ruhy kepderi ýaly Isanyň üstüne gelýär. Ýehowa gökden: «Oglum, men seni gowy görýän. Men senden razy» diýýär.

Şonda Ýehowa Isany Mesih belleýär. Oňa ýumuş tabşyrýar. Indi Isa işe başlamalydy.

Isa suwa çümdürilenden soň çöle gidýär. Şol ýerde 40 gün bolýar. Soňra çölden gaýdyp, Ýahýanyň ýanyna barýar. Ýahýa Isanyň gelýänini görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy! Ol ähli adamlaryň günäsini aýrar» diýýär. Şeýdip, Ýahýa adamlara Isanyň Mesihdigini aýdýar. Bilýäňmi, Isa çöldekä näme boldy? Gel, bileli.

«Gökden: „Sen meniň söýgüli Oglum, men senden razydyryn“ diýen ses eşidildi» (Markus 1:11).

Soraglar: Isa näme üçin suwa çümdürildi? Ýahýa näme üçin Isa «Hudaýyň Guzusy» diýýär?

Matta 3:13—17; Markus 1:9—11; Luka 3:21—23; Ýahýa 1:29—34; Işaýa 42:1; Ýewreýler 10:7—9

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş