88-NJI HEKAÝA
Ýahýa Isany suwda çokundyrýar
SERET, bu adamyň üstüne kepderi gonýar. Bu Isa. Ol häzir 30 ýaşynda. Onuň ýanyndaky adam Ýahýa. Ýadyňdamy, Merýem Elizabetiň ýanyna baranda, Elizabetiň göwresindäki çaga begenjinden ýaňa gymyldapdy? Ol çaga heniz dogulmadyk Ýahýady. Eýsem, Isa bilen Ýahýa häzir näme edýärkä?
Ýaňyja Ýahýa Isany Iordan derýasyna çümdürip çykardy. Şeýdip adamlary suwda çokundyrýarlar. Ýöne Ýahýa Isany näme üçin suwda çokundyrdyka?
Isanyň özi gelip, suwda çokundyrmagy haýyş etdi. Ýahýa bolsa eden erbet işlerine gynanýan adamlary suwda çokundyrýardy. Eýsem, Isa erbet iş etdimi? Ýok! Erbet iş etmedi, sebäbi ol Hudaýyň gökden gelen Ogly. Diýmek, başga sebäbi bolmaly. Gel, munuň sebäbini bileli.
Isa agaç ussasydy. Agaç ussasy agaçdan stol, oturgyç ýaly dürli zatlary ýasaýar. Merýemiň äri Ýusup agaç ussasydy. Ol bu işi Isa-da öwretdi. Ýöne Ýehowa Isany ýer ýüzüne agaç ussasy bolmak üçin ibermändi. Ol Isany bir ýumuş bilen iberipdi. Indi ony ýerine ýetirmegiň wagty geldi. Şonuň üçinem Ýahýadan suwda çokundyrmagy haýyş etdi. Şeýdip, Isa Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge taýýardygyny görkezdi. Hudaý Isadan razymyka?
Elbetde, razy. Sebäbi Isa suwdan çykanda, gökden bir ses: «Bu meniň Oglum, men ondan köp razydyryn» diýdi. Gök açylyp, Isanyň üstüne kepderi inýär. Bu hakyky kepderi däldi. Ýöne ol kepderä meňzeşdi. Aslynda, bu Hudaýyň mukaddes ruhudy.
Indi Isa köp zatlar barada oýlanmalydy. Şonuň üçin ol 40 günlük çola ýere gidýär. Ol ýerde onuň ýanyna Şeýtan barýar. Şeýtan oňa Hudaýyň kanunyny bozdurjak bolup, üç gezek synanyşýar. Emma Isa oňa gulak asmaýar.
Soňra Isa gaýdyp gelende, birnäçe adama duşýar, olar onuň ilkinji şägirtleri bolýar. Ine, olaryň käbirleriniň atlary: Andreas, Petrus (şeýle hem oňa Simun diýýärler), Filipus we Natanaýel (şeýle hem oňa Bartolomeus diýýärler). Isa şägirtleri bilen Jelilä gitdi. Jelilede olar Natanaýeliň şäherine, Kana bardylar. Bu ýerde Isa toýa baryp, ilkinji gudratyny görkezýär. Nähili gudrat görkezenini bilýäňmi? Suwy şeraba öwürdi.