Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • CO-pgm18 sah. 7—8
  • Maglumat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maglumat
  • Welaýat kongresiniň meýilnamasy 2018
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝÖRITE DUŞUŞYK
  • MAGLUMAT
  • Maglumat
    Welaýat kongresiniň meýilnamasy 2017
  • Kon­grese gatnaşýanlar üçin maglumat
    Welaýat kongresiniň meýilnamasy 2019
  • Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat
    Welaýat kongresiniň meýilnamasy 2020
  • Kongrese gatnaşýanlar üçin maglumat
    Welaýat kongresiniň meýilnamasy (2024)
Başgalary
Welaýat kongresiniň meýilnamasy 2018
CO-pgm18 sah. 7—8

Maglumat

ÝÖRITE DUŞUŞYK

HOŞ HABARÇYLAR MEKDEBI. 23—65 ýaş aralygyndaky köpräk gulluk etmek isleýän pionerler ýekşenbe güni günortan arakesme wagty «Hoş habarçylar mekdebinde» okajaklar üçin geçiriljek duşuşyga çagyrylýarlar. Duşuşygyň geçiriljek ýeri we wagty  öňünden aýdylar.

MAGLUMAT

HYZMAT EDÝÄN DOGANLAR. Hyzmat edýän doganlar size kömek etmek üçin bellenýärler. Şonuň üçin olar bilen hyzmatdaşlyk etmegiňizi haýyş edýäris. Olar size ulagy nirede goýmalydygy, tertip-düzgüne eýermelidigi, nirede oturyp biljekdigiňiz we başga meseleler babatda görkezme bererler.

SUWA ÇÜMDÜRILJEKLER. Suwa çümdüriljekler üçin birinji hatarda ýörite ýer bellenilip goýlar. Olar şenbe güni irden kongrese gelen wagty şol ýerlere baryp oturmaly. Hersi ýany bilen polotense we suwa çümdüriljek wagty geýer ýaly, salykatly eşik getirmeli.

PUL SADAKALARY. Kongresde oturylýan ýerler, sesi güýçlendirýän we wideo görkezilýän enjamlar hem-de başga hyzmatlar bolar. Bularyň bary bize kongresiň ýakymly geçmegine we Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edýär. Siziň pul sadakalaryňyz şol çykdajylary ödemäge we bütindünýä işini goldamaga ýardam edýär. Sadakalar üçin gutylar amatly we görünýän ýerlerde goýlan. Ähli sadakalar gymmat saýylýar. Ýolbaşçylyk maslahaty siziň Patyşalygyň bähbitlerini jomartlyk bilen goldaýandygyňyz üçin minnetdarlyk aýdýar.

ILKINJI KÖMEK. Bu bölüm DIŇE HOWPLY ýagdaý üçindir.

TAPYLAN ZATLAR. Ähli tapylan zatlar şu bölüme getirilmeli. Eger siz bir zadyňyzy ýitirseňiz, şu bölüme ýüz tutup bilersiňiz. Ýiten çagalary hem şol ýere eltip bolýar. Emma bu bölüme çagalar üçin ýerdir öýtmäň. Haýyş edýäris, çagalaryňyza göz-gulak bolup, olary ýanyňyzdan aýyrmaň.

OTURYLÝAN ÝERLER. Başgalara ünsli bolmagyňyzy haýyş edýäris. Ýadyňyzda bolsun, diňe maşgala agzalaryňyza, siziň bilen bir ulagda gelenlere, bile ýaşaýan ýa-da okuw geçýän adamlaryňyza ýer alyp bolýar. Başga oturgyçlarda zadyňyzy goýmazlygy haýyş edýäris.

MEÝLETIN KÖMEK. Eger siz kongrese kömek etmek isleýän bolsaňyz, kongresiň şu bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan taýýarlanylýar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş