Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 47
  • Sen suwa çümdürilmäge taýýarmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen suwa çümdürilmäge taýýarmy?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Siz suwa çümdürilmäge taýynmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Suwa çümdürilmek — mesihçiler üçin talap
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Özüňi näme üçin Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 47
47-nji sapak. Sapak geçýän kongresde bir adamyň suwa çümdürilýändigini görýär.

47-NJI SAPAK

Sen suwa çümdürilmäge taýýarmy?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Mukaddes Kitapdan sapak geçip başlanyňdan bäri, Ýehowa barada köp zatlary öwrenensiň. Öwrenen zatlaryňa eýerip, durmuşyňy üýtgedensiň. Şonda-da ömrüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmäge gorkýansyň. Şeýle ýagdaý köplerde bolýar. Şu sapakda biz suwa çümdürilmäge nämeleriň päsgel berýändigini, olary nädip ýeňmelidigini bileris.

1. Suwa çümdürilmek üçin näçeräk bilimiň bolmaly?

Suwa çümdürilmek üçin «hakykat barada dogry bilim almaly» (1 Timoteos 2:4). Elbetde, suwa çümdürilmänkäň adamlaryň her bir soragyna Mukaddes Kitapdan jogap berip bilmersiň. Suwa çümdürilenine köp wagt geçen adamlar hem bilim almagyny dowam edýär (Koloslylar 1:9, 10). Ýöne sen suwa çümdürilmänkäň Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilmeli. Ýaşulular seniň bilen söhbetdeş bolup, bilimiňi barlap görerler.

2. Suwa çümdürilmänkäň nämeleri etmeli?

Suwa çümdürilmezden öň, «toba edip, erbet ýoluňdan dönmeli» (Resullar 3:19-y oka). Munuň üçin öňki eden günäleriňe ökünip, Ýehowadan ötünç soramaly. Şeýle-de erbet endikleriňi goýup, Ýehowany razy edip ýaşamaga jan etmeli. Onsoňam, ýygnaklara yzygider barmaly we wagyzçy bolmaly.

3. Suwa çümdürilmäge näme üçin gorkmaly däl?

Käbirleri: «Ýehowa beren sözümde durup bilmerin» diýip gorkýar. Elbetde, käte ýalňyşyp bilersiň. Mukaddes Kitapda Hudaýa wepaly adamlaryň hem ýalňyşandygy aýdylýar. Şonuň üçin Hudaý gullukçylarynyň ejizdigini, ýalňyşýandygyny bilýär (Zebur 103:13, 14-nji aýatlary oka). Ýöne eliňde baryny etseň, Ýehowa görýär. Ol saňa hökman kömek eder. Ýehowa bize «söýgüsinden hiç zadyň aýra salyp bilmejekdigini» wada berýär (Rimliler 8:38, 39-njy aýatlary oka).

SÖHBETDEŞLIK

Ýehowany has-da gowy tanasaň, suwa çümdürilmäge päsgel berýän zatlary ýeňip bilersiň.

Suratlar: Ýaş gyz suwa çümdürilmek üçin kynçylyklary ýeňip geçýär. Suratlar gaýtalanýar.

4. Ýehowany has gowy tana

Bir gyz Ýehowanyň Şaýady bilen sapak geçýär.

Suwa çümdürilmezden öň, Ýehowany gowy tanamaly. Sen Hudaýy söýüp, razy edip ýaşamaly. WIDEONY görüp, Mukaddes Kitapdan sapak geçen adamlaryň Ýehowany nädip gowy tanandygyny biliň. Soňra aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Suwa çümdürilmäge barýan ýol» (3:56)

  • Käbir adamlar suwa çümdürilmäge nädip taýýarlandylar?

Rimliler 12:2-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitabyň ýa-da Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwredýän zatlarynyň arasynda ylalaşmaýan zadyň barmy?

  • Eger şübhelenýän zadyň bar bolsa, sen näme edip bilersiň?

5. Kynçylyklary ýeňip geç

Ol ejesi gygyrsa-da, Mukaddes Kitaby sumkasyna salýar.

Biz Ýehowa özümizi bagyş edip, suwa çümdüriljek bolanymyzda her hili kynçylyklara, garşylyklara duş gelýäris. Bir uýa baradaky WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Ýehowa bolan söýgi ähli kynçylyklara döz geler» (5:22)

  • Narangel Ýehowa gulluk etmek üçin nähili kynçylyklary ýeňip geçmeli boldy?

  • Ýehowa bolan söýgüsi şol kynçylyklary ýeňmäge nädip kömek etdi?

Nakyllar 29:25 we 2 Timoteos 1:7-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Kynçylyklary ýeňmäge näme güýç berýär?

6. Ýehowa bil bagla

Sapak geçýän mugallymy bilen garryja aýala wagyz edýär.

Ýehowa saňa beren sözüňde durmaga kömek eder. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Ýehowa seni goldar» (2:50)

  • Sapak geçýän suwa çümdürilmäge näme üçin ýaýdanýardy?

  • Ol Ýehowa bil baglamagy nädip öwrendi?

Işaýa 41:10, 13-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Sen özüňi Ýehowa bagyş edip, diňe Hudaýa gulluk etmegi söz berdiň. Saňa şol sözüňde durmaga näme kömek eder?

7. Ýehowa minnetdar bol

Sapak geçýän ýekelikde Ýehowa doga edýär.

Ýehowanyň seni söýýändigi hakda näçe köp oýlansaň, minnetdarlygyň şonça-da artar, ömürboýy gulluk edesiň geler. Zebur 40:5-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Sen Ýehowanyň haýsy ýagşylygyna hasam minnetdar?

Ýermeýa pygamberem Ýehowany, Hudaýyň Sözüni gowy görýärdi. Hudaýyň adyny göterýändigine buýsanýardy. Şonuň üçin: «Sözüň maňa şatlyk berdi, ýüregim begençden doldy... Ýehowa, men seniň adyňy göterýärin!» diýdi (Ýermeýa 15:16). Aşakdaky soraglara jogap beriň.

  • Ýehowanyň Şaýady bolmak näme üçin uly hormat?

  • Sen suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady bolasyň gelýärmi?

  • Saňa suwa çümdürilmäge päsgel berýän zat barmy?

  • Sen suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?

Ol suwa çümdürilýär.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Suwa çümdürilmäge çekinýän. Hudaýa beren sözümde durup bilmerin öýdüp gorkýan».

  • Sende-de şeýle bolýarmy?

ESASY PIKIRLER

Ýehowanyň kömegi bilen suwa çümdürilmäge päsgel berýän islendik kynçylygy ýeňip bilersiň.

Gaýtalamak

  • Suwa çümdürilmek üçin näçeräk bilimiň bolmaly?

  • Suwa çümdürilmänkäň näme etmeli?

  • Suwa çümdürilmäge näme üçin çekinmeli däl?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Suwa çümdürilmäge näme höweslendirmeli?

«Siz suwa çümdürilmäge taýynmy?» («Garawul diňi» mart, 2020)

Suwa çümdürilmäge päsgel berýän zatlary ýeňmegi öwreniň.

«Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» («Garawul diňi» mart, 2019)

Bir adam suwa çümdürilmäge päsgel berýän erbet endigini goýdy.

«Näme üçin suwa çümdürilmegi soňa goýýarsyňyz?» (1:10)

Ata dogan suwa çümdürilmäge çekinýärdi, ýöne soň maksadyna ýetip bildi.

«Şunça berekede mynasyp gördi» (7:21)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş