Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lmd sap. 11
  • Sada dilde düşündiriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sada dilde düşündiriň
  • Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isa pygamber näme etdi?
  • Biziň üçin sapak
  • Isa pygamberiň göreldesine eýeriň
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan nädip sapak geçmeli?
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Mukaddes Ýazgylar okuwyna ymykly taýýarlan
    Hudaýa gullugymyz — 2009
Başgalary
Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
lmd sap. 11

ŞÄGIRT TAÝÝARLAŇ

Isa pygamber adamlara wagyz edip otyr. Aňyrsynda deňiz görünýär, guşlar uçup barýar we güller al-ýaşyl öwsüp otyr.

Mat. 6:25—27

11-NJI SAPAK

Sada dilde düşündiriň

Aýat: «Düşnükli dilde geplemeseňiz, aýtjak zadyňyza kim düşünsin?» (1 Kor. 14:9).

Isa pygamber näme etdi?

Isa pygamber adamlara wagyz edip otyr. Aňyrsynda deňiz görünýär, guşlar uçup barýar we güller al-ýaşyl öwsüp otyr.

WIDEO: Isa pygamber Allatagalanyň aladamyzy edýändigini mysallar arkaly düşündirýär

1. WIDEONY görüň ýa-da Matta 6:25—27-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1. a) Isa pygamber Ýehowanyň aladamyzy edýändigini haýsy mysal arkaly düşündirýär?

  2. b) Isa pygamber guşlar hakda köp zatlary bilse-de, näme üçin olaryň diňe iýmitlenişi hakda gürrüň berýär? Näme üçin muňa gowy usul diýse bolar?

Biziň üçin sapak

2. Biz adamlara sada dilde düşündirsek, öwredýän zatlarymyz olaryň ýüregine güýçli täsir eder we hiç haçan ýadyndan çykmaz.

Isa pygamberiň göreldesine eýeriň

3. Köp geplemäň. Diňe sapakda getirilen maglumatlar esasynda söhbetdeş boluň. Tema bilen bagly bilýän ähli zadyňyzy aýtmalydyryn öýtmäň. Abzasyň soragyny beriň, jogap berýänçä sabyrly garaşyň. Eger ol soragyň jogabyny bilmese ýa-da Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýän bir pikir aýtsa, onda goşmaça sorag berip, oýlanmaga kömek ediň. Ol esasy pikirlere doly düşünen bolsa, indiki abzasa geçip bilersiňiz.

4. Bilýän zadyny täze öwrenen zady bilen baglanyşdyryň. Aýdaly, siz direliş hakda sapak geçmekçi bolýarsyňyz. Sapaga başlamankaňyz, ölen adamlar barada öwrenen zatlaryny gysgaça gaýtalaň.

5. Ulanjak mysallaryňyzy ünsli saýlaň. Munuň üçin aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1. a) Ulanjak mysalym ýönekeými?

  2. b) Ol mysala derrew düşünermi?

  3. ç) Onuň ýadynda näme galar? Esasy pikirmi ýa-da mysal?

AÝATLARY OKAŇ

Mat. 11:25; Ýah. 16:12; 1 Kor. 2:1

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş