Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lmd sap. 12
  • Dogumly boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogumly boluň
  • Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isa pygamber näme etdi?
  • Biziň üçin sapak
  • Isa pygamberiň göreldesine eýeriň
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (II bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (I bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
lmd sap. 12

ŞÄGIRT TAÝÝARLAŇ

Ýaş ýigit Isa pygamberiň öňünde dyza çöküp sorag berýär, Isa bolsa mähir bilen düşündirýär. Isanyň ýanynda şägirtleri bar.

Mar. 10:17—22

12-NJI SAPAK​

Dogumly boluň

Aýat: «Ýakymly ýag we atyr ýüregi şatlandyrýar, päk ýürekden çykan maslahat dostlugy berkidýär» (Nak. 27:9).

Isa pygamber näme etdi?

Ýaş ýigit Isa pygamberiň öňünde dyza çöküp sorag berýär, Isa bolsa mähir bilen düşündirýär. Isanyň ýanynda şägirtleri bar.

WIDEO: Isa pygamber ýaş ýigide maslahat berýär

1. WIDEONY görüň ýa-da Markus 10:17—22-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1. a) Isa pygamber ýaş ýigitde nähili gowy häsiýetleri görýär?

  2. b) Isa pygamber ýaş ýigide nädip mähirli we gönümel maslahat berýär?

Biziň üçin sapak

2. Okuw geçýän adam bilen mähirli we açyk gepleşmeli, şonda ol ruhy taýdan öser.

Isa pygamberiň göreldesine eýeriň

3. Okuw geçýäne maksat goýmaga we maksadyna ýetmäge kömek ediň.

  1. a) «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň her sapagyndaky «Maksat goýuň» diýen çarçuwany ulanyň.

  2. b) Okuw geçýäne kiçiräk we ulurak maksatlary goýmaga hem-de olara ýetmäge kömek ediň.

  3. ç) Ruhy taýdan ösýändigi üçin öwüp duruň.

4. Okuw geçýäne nämäniň päsgel berýändigini anyklaň we ony ýeňmäge kömek ediň.

  1. a) Şu soraglar hakda oýlanyň:

    • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?

    • Men nädip kömek edip bilerin?

  2. b) Okuw geçýäne nämäniň üstünde işlemelidigini çekinmän aýtmak üçin doga ediň.

5. Ruhy taýdan ösmeýän adam bilen okuwy bes ediň.

  1. a) Adamyň ruhy taýdan ösýändigini ýa-da ösmeýändigini anyklamak üçin şu soraglar hakda oýlanyň:

    • Öwrenýän zatlaryny durmuşynda ulanýarmy?

    • Ýygnak duşuşyklaryna barýarmy we adamlara wagyz edýärmi?

    • Ol köp wagtlap okuw geçýänem bolsa näme üçin Ýehowanyň Şaýady bolasy gelmeýär?

  2. b) Okuw geçýän adam ruhy taýdan ösmeýän bolsa...

    • nämäniň päsgel berýändigini soraň.

    • sypaýyçylyk bilen okuw geçmejekdigiňizi aýdyň.

    • gelejekde ýene okuw geçmek islese, nämeleri etmelidigini aýdyň.

AÝATLARY OKAŇ

Zeb. 141:5; Nak. 25:12; 27:6; 1 Kor. 9:26; Kol. 4:5, 6

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş