Ýehowadan gorkup, ýaşaýşyňa guwan
«Eý Rebbiň mukaddesleri, Ondan gorkuň, çünki Ondan gorkýanlaryň ýagşy zatlary kemçilik etmez» (ZEBUR 34:9).
1, 2. a) Hudaýdan gorkmaklyk barada hristian dünýäsi nähili dürli pikirde? b) Biz haýsy soraglara serederis?
HRISTIAN dinleriniň ruhanylary Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna esaslanman, Hudaý günäli adamlary ebedi dowzah odunda gynaýandygy üçin ondan gorkmaly diýip öwredýär. Şeýle taglymat Mukaddes Ýazgylara garşy gelýär. Çünki Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa söýýän we adalatly Hudaý diýilýär (Barlyk 3:19; Kanunyň gaýtalanyşy 32:4; Rimliler 6:23; 1 Ýahýa 4:8). Käbir hristian ruhanylary bolsa düýbünden başgaça öwredýärler. Olar Hudaýdan gorkmaly diýip, hiç haçan aýtmaýarlar. Hudaý adamlara köp zat etmäge rugsat berýär, özlerini nähili alyp barsa-da, olary kabul edýär diýip öwredýärler. Emma Mukaddes Ýazgylar beýle öwretmeýär (Galatýalylar 5:19—21).
2 Dogrusyny aýdanyňda, Mukaddes Ýazgylar Hudaýdan gorkmagy ündeýär (Ylham 14:7). Onda şeýle soraglar ýüze çykýar: Söýýän Hudaý näme üçin ondan gorkmagymyzy isleýär? Hudaý nähili gorkyny talap edýär? Hudaýdan gorkmagyň näme peýdasy bar? 34-nji Mezmura seretmegi dowam etsek, şu soraglara jogap taparys.
Hudaýdan näme üçin gorkmaly?
3. a) Siz Hudaýdan gorkmaly diýen tabşyryga nähili garaýarsyňyz? b) Ýehowadan gorkýanlar näme üçin bagtly?
3 Ýehowa Ýaradyjy we Älem-jahanyň hökümdary bolany üçin ondan gorkmaly (1 Petrus 2:17). Emma bu gorky rehimsiz taňrylara bolan elhenç gorkyny aňlatmaýar. Ol Hudaýyň beýikligine hormat goýup, ony närazy etmekden gorkmaklygy aňladýar. Hudaýdan gorky darykdyrmagyň we hopukdyrmagyň deregine ruhlandyrýar. «Mübärek Hudaý» Ýehowa adamlaryň ýaşaýşyna guwanmagyny isleýär (1 Timoteos 1:11). Munuň üçin biz Hudaýyň talaplary boýunça ýaşap, durmuşymyzy üýtgetmeli. Ýaşaýşyny üýtgedenleriň köpüsi Dawut mezmurçynyň sözleri bilen razylaşýar. Ol şeýle diýdi: «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň! Oňa sygynýan adam nähili bagtly! Eý Rebbiň mukaddesleri, Ondan gorkuň, çünki Ondan gorkýanlaryň ýagşy zatlary kemçilik etmez» (Zebur 34:8, 9). Ýehowadan gorkýan adamlaryň ählisi onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolany üçin, ebedi peýda getirýän zatlarda hiç hili ýetmezçilik çekmeýär.
4. Dawut bilen Isa nämä ynandyrýar?
4 Dawut öz adamlaryny «mukaddesler» diýip hormatlady, çünki olar Hudaýyň mukaddes halkyna degişlidi. Olar Dawudyň yzyna eýerip, öz janyny howp astyna salýardy. Dawut we onuň adamlary Saul patyşadan gizlenmeli bolsa-da, ol Ýehowanyň gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanýardy. Dawut şeýle ýazýar: «Ýaş arslanlar mätäç we aç boldular; Rebbi agtarýanlar bolsa hiç bir zada mätäçlik çekmez» (Zebur 34:10). Hawa, Isa-da şägirtlerine şeýle diýipdi (Matta 6:33).
5. a) Isanyň şägirtleriniň köpüsi nähili adamlardy? b) Gorky barada Isa näme diýdi?
5 Isany diňleýän adamlaryň köpüsi garyp ýehudylardy. Şol sebäpli Isanyň «olara haýpy geldi; çünki olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy» (Matta 9:36). Şeýle garamaýak adamlar Isanyň yzyna eýermek üçin batyr bolup bilermi? Munuň üçin olar adamlardan däl-de Hudaýdan gorkmagy ösdürmeli. Isa şeýle diýdi: «Teni öldürip-de, başga zat etmegi başarmaýanlardan gorkmaň. Kimden gorkmalydygyňyzy Men size aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga gudraty güýçli Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň. Bäş serçe iki köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar. Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz» (Luka 12:4—7).
6. a) Isanyň haýsy sözleri mesihçileri ruhlandyrýar? b) Näme üçin Isa takwalykda iň gowy görelde görkezdi?
6 Ýehowadan gorkýanlaryň gullugyny duşmanlar togtatjak bolanlarynda, olar Isanyň aýdan sözlerini ýada salyp bilerler. Ol şeýle diýdi: «Kim Meni adamlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder. Kim Meni adamlaryň öňünde inkär etse, ol Hudaýyň perişdeleriniň öňünde inkär ediler» (Luka 12:8, 9). Isanyň bu sözleri, esasanam, hakyky sežde gadagan edilen ýurtlardaky mesihçileri ruhlandyrýar. Ol ýerde mesihçiler wagyzda we ýygnak duşuşyklarynda seresaplyk bilen Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmagy dowam edýärler (Resullaryň işleri 5:29). Isa «takwalyk» babatda ajaýyp görelde görkezdi (Ýewreýler 5:7). Hudaýyň Sözünde Isa barada şeýle pygamberlik edildi: «Oňa Ýehowanyň ruhy iner... Ýehowadan gorkar» (Işaýa 11:2, 3). Şol sebäpli Hudaýdan gorkmagy diňe Isa gowy öwredip biler.
7. a) Mesihçiler Dawudyňky ýaly çakylyga nädip seslenýär? b) Ata-eneler Dawudyň göreldesine nädip eýerip biler?
7 Isanyň göreldesine eýerýänler we onuň taglymatlaryna gulak asýanlar, Dawudyň çakylygyna seslenýär. Ol: «Geliň, eý ogullarym, meni diňläň; men size Rebden gorkmagy öwredeýin» diýdi (Zebur 34:11). Dawut öz adamlaryna «ogullarym» diýýär, çünki olar oňa serdary hökmünde garaýardy. Dawut hem adamlary agzybir bolar ýaly, Hudaýyň merhemetini gazanar ýaly ruhy taýdan kömek edýärdi. Bu ata-eneler üçin nähili gowy görelde! «Olary (çagalary) Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmak» üçin Ýehowa agalyk etmäge ata-enelere rugsat berdi (Efesliler 6:4). Çagalary bilen her gün ruhy temalary ara alyp maslahatlaşyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygiderli geçirip, ata-eneler çagalarynyň Ýehowadan gorkup, durmuşyna guwanmaga kömek edýär (Kanunyň gaýtalanyşy 6:6, 7).
Hudaýdan gorkmaklygy nädip görkezmeli?
8, 9. a) Näme üçin Hudaýa ýaramly ýaşaýyş özüne çekýär? b) Diliňi ýamanlykdan saklamak nämäni aňladýar?
8 Öň belläp geçişimiz ýaly, Ýehowadan gorkmaklyk şatlykdan mahrum etmeýär. Dawut şeýle sorag berýär: «Ýaşaýşy söýüp, ýagşylygy görmek üçin uzak ömür arzuw edýän adam kim?» (Zebur 34:12). Diýmek, Hudaýdan gorkmaklyk uzak ömre guwanmagyň we ýagşylygy görmegiň syrydyr. Emma: «Men Hudaýdan gorkýan» diýmek aňsat, iş ýüzünde görkezmek kyn. Şonuň üçin Dawut Ýehowadan gorkmaklygy nädip görkezmelidigi barada düşündirmegini dowam edýär.
9 «Diliňi ýamanlykdan, dodaklaryňy hileli gepden sakla» (Zebur 34:13). Petrus resul mesihçilere doganlyk söýgüsini bildirmegi maslahat berenden soň, 34-nji Mezmuryň şu bölegini ýazmaga ylhamlandy (1 Petrus 3:8—12). Diliňi ýamanlykdan saklamaklyk, bu gybaty ýaýratmakdan gaça durmagy aňladýar. Biz adamlar bilen gepleşenimizde hemişe ruhlandyrjak bolmaly. Şeýle-de biz batyrgaý bolup, hakykaty aýtmaga çalyşmaly (Efesliler 4:25, 29, 31; Ýakup 5:16).
10. a) Ýamanlykdan aýrylmagyň näme aňladýandygyny düşündiriň? b) Ýagşy işlere näme degişli?
10 «Ýamanlykdan aýryl, ýagşylyk et; parahatlyk agtar, onuň yzyna düş» (Zebur 34:14). Biz Hudaýyň ýazgarýan zatlaryndan, ýagny ahlaksyzlykdan, görkezilýän bihaýa zatlardan, ogurlykdan, spiritizmden, zorlukdan, serhoşlykdan we neşekeşlikden gaça durmaly. Şeýle-de erbet işlere iterýän göwün açmalardan gaça durmaly (Efesliler 5:10—12). Biz wagtymyzy ýagşy işlere sarp etmeli. Ýagşy işleriň iň ähmiýetlisi, Patyşalyk barada wagyz edip, adamlar gutular ýaly kömek etmek we şägirt taýýarlamakdyr (Matta 24:14; 28:19, 20). Şeýle-de ýagşy işler ýygnak duşuşyklaryna taýýarlyk görmegi, oňa gatnaşmagy, bütindünýä işini maddy taýdan goldamagy, Patyşalyk zalynyň aladasyny etmegi hem-de mätäç doganlara kömek bermegi aňladýar.
11. a) Dawut parahatlyk barada aýdan sözlerini iş ýüzünde nädip görkezdi? b) Ýygnakda «parahatlygyň yzyna düşmek» üçin näme edip bileris?
11 Dawut parahatlygy agtarmakda gowy görelde görkezdi. Onda Sauly öldürmäge iki sapar mümkinçiligi boldy. Ol iki sapar hem gan dökmekden saklanyp, patyşa bilen parahatlygy dikeltmek üçin, onuň bilen hormatly gepleşdi (1 Patyşalar 24:8—11; 26:17—20). Şu günler ýygnagyň agzybirligini bozýan ýagdaý dörände näme etmeli? «Parahatlyk agtaryp, onuň yzyna düşmeli». Biz imandaşlarymyzyň biri bilen gatnaşygymyzyň bozulandygyny duýsak, Isanyň: «Öňürti doganyň bilen barlyş» diýen maslahatyna eýermeli. Diňe şondan soň, biz hakyky seždä bagly işler bilen meşgullanyp bileris (Matta 5:23, 24; Efesliler 4:26).
Hudaýdan gorkmaklyk bol bereket getirýär
12, 13. a) Şu günler Hudaýdan gorkýan adamlar nähili bereket alýar? b) Hudaýyň wepaly gullukçylary tizden nähili uly bereket alar?
12 «Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr» (Zebur 34:15). Ýehowanyň Dawuda bolan garaýşy, bu sözleriň hakdygyny subut edýär. Şu günler Ýehowanyň bizi goraýandygyny bilip, begenýäris we özümizi rahat duýýarys. Hatda sarsgynly ýagdaýa düşende hem, onuň mätäç bolýan zadymyzy hemişe berjekdigine ynanýarys. Pygamberlik edilişi ýaly, Äjit-mäjidiň Hudaýyň hakyky gullukçylarynyň üstüne topuljakdygyny we «Hudaýyň beýik we elhenç gününi» görjekdigimizi bilýäris (Ýowel 2:11, 31; Ezekiýel 38:14—18, 21—23). Biz nähili ýagdaýa duçar bolsak-da, Dawudyň: «Dogry adamlar perýat edenlerinde, Reb eşidýär, olary ähli muşakgatlaryndan gutarýar» diýen sözleri, bizde berjaý bolar (Zebur 34:17).
13 Ýehowanyň beýik adyny nädip şöhratlandyrjakdygyny görmek, biziň üçin nähili şatlykly bolar! Biziň ýüregimiz minnetdarlykdan dolar, duşmanlara bolsa kemsidiji ýagdaý garaşýar. «Ýamanlyk edýänleriň ýatlanmagyny ýer ýüzünden kesip taşlamak üçin Reb olara garşydyr» (Zebur 34:16). Uly gutulyşy görüp, Hudaýyň dogry täze dünýäsine girmek nähili bereket!
Çydamly bolmaga kömek edýän wadalar
14. Betbagtçylyga garamazdan, çydamly bolmaga näme kömek eder?
14 Azgyn we duşmançylykly dünýäde mundan beýläk-de Ýehowa tabyn bolmak üçin çydamly bolmaly. Ýehowadan gorkmak oňa tabyn bolmaga kömek edýär. Kyn günlerde ýaşaýandygymyz üçin Ýehowanyň gullukçylarynyň käbiri agyr kynçylyklara duçar bolýar. Şol sebäpli olar gam çekip tukatlanýarlar. Emma olar Ýehowa bil baglasa, onuň çydamaga kömek etjekdigine doly ynanyp biler. Dawudyň: «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» diýen sözleri teselli berýär (Zebur 34:18). Soňra Dawut şeýle ruhlandyryjy sözleri aýdýar: «Dogry adamyň dertleri köpdür; ýöne Reb olaryň ählisinden ony halas edýändir» (Zebur 34:19). Biz nähili betbagtçylyga uçrasak-da, Ýehowanyň halas etmäge güýji ýetýär.
15, 16. a) Dawut 34-nji Mezmury düzenden soň, nähili şum habary eşidýär? b) Bize synaglarda çydamaga näme kömek eder?
15 Dawut Mezmur 34-i düzenden soň, Saulyň Nob şäheriniň ýaşaýjylaryny we ruhanylaryň köpüsini öldürendigini eşidýär. Onuň Nob şäherine barandygy üçin Saulyň gaharlanandygyna düşünip, Dawut nähili gam-gussa çekendir! (1 Patyşalar 22:13, 18—21). Dawut, elbetde, kömek diläp, Ýehowa ýüzlenendir we geljekde «dogrularyň» direljeginden teselli tapandyr (Resullaryň işleri 24:15).
16 Şu günler bizi direlişe bolan umyt ruhlandyrýar. Biz hiç bir duşmanyň ebedi zyýan ýetirip bilmejekdigini bilýäris (Matta 10:28). Dawut ynamyny şeýle sözler bilen beýan etdi: «Onuň ähli süňklerini saklaýandyr; olaryň biri-de döwülmez» (Zebur 34:20). Bu pygamberlik göni manyda, Isa Mesihde berjaý boldy. Isa Mesih sütemli ölse-de, onuň bir süňkide «döwülmedi» (Ýahýa 19:36). Zebur 34:20-däki sözler bize-de degişli. Mesh edilen mesihçiler we olaryň ýoldaşlary «başga goýunlar» nähili synaglara duçar bolsa-da, olara düzedip bolmajak zyýan ýetirilmez. Göçme manyda aýdanyňda, olaryň süňki hiç haçan döwülmez (Ýahýa 10:16).
17. Hudaýyň halkynyň duşmanlaryna nähili betbagtçylyk garaşýar?
17 Erbet adamlara düýbünden başga ýagdaý garaşýar. Olar tizden eken ýamanlygyny orarlar. «Erbedi ýamanlyk öldürer, dogry adamy ýigrenýänler höküm ediler» (Zebur 34:21). Hudaýyň halkyna garşy çykýanlaryň hemmesi elhenç betbagtçylyga duçar bolar. Isa Mesih aýan bolup gelende, olar «ebedi heläkçilik jezasyny çekerler» (2 Selanikliler 1:9).
18. «Uly märeke» haýsy manyda eýýäm azat boldy we geljekde olara näme bolar?
18 Dawudyň mezmury şeýle teselli beriji sözler bilen tamamlanýar: «Reb bendelerini azat edýändir, Oňa sygynýanlaryň hiç biri höküm edilmez» (Zebur 34:22). Dawut patyşa 40 ýyl hökümdarlyk edensoň, şeýle diýdi: «Ähli muşakgatdan meniň janymy dyndyran, Hudaý diri» (3 Patyşalar 1:29). Ýehowadan gorkýanlar Dawut ýaly yzyna öwrülip, ähli günäsinden gutulyp we ähli muşakgatdan dynany üçin begenip biler. Mesh edilenleriň köpüsi eýýäm gökdäki sylagyny aldylar. Her milletden «uly märeke» Hudaýa gulluk etmek üçin Isanyň doganlarynyň galyndysyna goşulýarlar. Olar Ýehowanyň öňünde arassa, çünki Isanyň töleg gurbanynyň güýjüne iman edýär. Ýakynlaşyp gelýän Isanyň Müňýyllyk Patyşalygynda, olar töleg gurbanyndan doly peýdalanyp, kämillige ýetip biler (Ylham 7:9, 14, 17; 21:3—5).
19. «Uly märekäniň» agzalary näme etmegi ýüregine düwdi?
19 Ähli bereketler, näme üçin Hudaýyň gullukçylarynyň «uly märekesine» iner? Sebäbi olar Ýehowadan gorkmagy, oňa gulak asyp takwalykda gulluk etmegi berk ýüregine düwdüler. Hudaýdan gorkmaklyk, şu günler biziň durmuşymyzy şatlykly edýär we Hudaýyň täze dünýäsinde ebedi ýaşaýşa — «soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly» kömek edýär (1 Timoteos 6:12, 18, 19; Ylham 15:3, 4).
Ýadyňyzdamy?
• Näme üçin Hudaýdan gorkmaly we Hudaýdan gorkmaklyk nämäni aňladýar?
• Hudaýdan gorkmaklyk özümizi alyp barşymyza nähili täsir etmeli?
• Hudaýdan gorkýanlar nähili bereketler alýar?
• Nähili wadalar çydamly bolmaga kömek edýär?