Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/3 sah. 20—24
  • Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dawut Sauldan gaçýar
  • Ölümden ýene-de gutuldy
  • Dawudyňky ýaly islegiňiz barmy?
  • Ýygnak duşuşyklary imanymyzy berkidýär
  • Perişdeleriň berýän kömegine minnetdar bolmak
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ysraýyllylar patyşa talap edýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Dawut näme üçin gaçmaly bolýar?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/3 sah. 20—24

Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň

«Meniň bilen bile Rebbi dabaralandyryň. Onuň adyny bilelikde beýgeldeliň» (ZEBUR 34:3).

1. Isa ýer ýüzünde gulluk eden wagtynda bize nähili ajaýyp görelde görkezdi?

B. E. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 14-di gijesi Iýerusalimdäki bir jaýyň ýokarky otagynda Isa şägirtleri bilen bile Ýehowa öwgüli aýdym aýtdy (Matta 26:30). Bu Isanyň şägirtleri bilen bolmaly wagtynyň iň soňky günüdi. Onuň duşuşygy şeýle öwgüli aýdym bilen tamamlandygy ýerlikli. Isa ýer ýüzünde gulluk edip başlanyndan, tä soňky gününe çenli Atasyny öwýär we Onuň adyny tanadýar (Matta 4:10; 6:9; 22:37, 38; Ýahýa 12:28; 17:6). Ol mezmurçynyň: «Meniň bilen bile Rebbi dabaralandyryň. Onuň adyny bilelikde beýgeldeliň» diýen mähirli çagyryşyna seslenýärdi (Zebur 34:3). Biziň üçin nähili ajaýyp görelde!

2, 3. a) Biz Mezmur 34-de pygamberligiň bardygyny nireden bilýäris? b) Şu we indiki makalada nämä serederis?

2 Isa bilen bile öwgüli aýdym aýdan Ýahýa resul birnäçe sagatdan soň düýbünden tapawutlanýan wakanyň güwäsi boldy. Ol ölüm pürsünde asylgy Agasyny we iki ženaýatçyny gördi. Ýahýa resul rimli esgerleriň iki jenaýatçynyň ölümini tizleşdirmek üçin injiklerini döwüp, Isanyň injiklerini döwmändigini gördi. Sebäbi esgerler Isanyň ýanyna gelende, ol eýýäm ölüpdi. Mezmur 34-däki: «Onuň hiç bir süňki döwülmez» diýlen pygamberligiň berjaý bolandygyny Ýahýa resul Injilde aýdýar (Ýahýa 19:32—36; Zebur 34:20).

3 Mezmur 34-de mesihçiler üçin başga-da gyzykly pikirler bar. Şu we indiki makalada bu mezmury Dawudyň nähili ýagdaýda ýazandygyna we mezmuryň ruhlandyryjy mazmunyna serederis.

Dawut Sauldan gaçýar

4. a) Näme üçin Dawut Ysraýylyň gelejekki patyşasy edip bellendi? b) Näme üçin Saul Dawudy «örän gowy gördi»?

4 Dawut ýaşka Saul Ysraýylyň patyşasydy. Emma Saul Ýehowa gulak asman, onuň merhemetini ýitirýär. Şol sebäpli Samuel pygamber oňa: «Şu gün Ýehowa Ysraýylyň patyşalyk tagtyny seniň eliňden aldy we ony seniň ýakynyňa, senden gowusyna berer» diýýär (1 Patyşalar 15:28). Soňra Ýehowa Samuile Ýessäniň kiçi ogly Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýylyň patyşasy edip bellemegi tabşyrýar. Şol wagtda Hudaýyň ruhy Sauldan aýrylany üçin, ol özüni örän tukat duýýardy. Dawut ökde sazanda bolany üçin ony patyşanyň ýanyna Gibea şäherine gulluk etmäge çagyrýarlar. Dawudyň çalýan sazy Saul patyşany köşeşdirýär we ol Dawudy «örän gowy görýär» (1 Patyşalar 16:11, 13, 21, 23).

5. Näme üçin Saulyň Dawuda bolan garaýşy üýtgeýär we Dawut näme etmeli bolýar?

5 Wagtyň geçmegi bilen Ýehowa Dawudy goldaýandygyny subut etdi. Ýehowa oňa filistili Golýaty ýeňmäge kömek etdi we ol Ysraýylyň harby gahrymany hökmünde şöhratlandy. Emma Ýehowanyň Dawudy patalaýandygyna Saul göripçilik edip, ony ýigrenip başlaýar. Dawut Saula arfa çalyp otyrka, patyşa oňa iki sapar naýza zyňýar. Iki saparam Dawut eňilip, naýza sowa geçýär. Saul ony üçünji sapar öldürjek bolanda, Dawut janyny halas etmek üçin gaçmalydygyna düşünýär. Saul Dawudy öldürmek üçin yzarlamagyny dowam edende, ol Ysraýylyň çäginden daşda gaçalga gözlemeli bolýar (1 Patyşalar 18:11; 19:9, 10).

6. Näme üçin Saul Nob şäheriniň ýaşaýjylaryny öldürmegi buýurýar?

6 Dawut Ysraýylyň serhedine barýarka, Ýehowanyň çadyry ýerleşýän Nob şäherinde düşleýär. Dawudyň ýanynda ýaş ýigitler bardy. Ol ýigitleri we özi üçin çörek gözleýär. Saul baş ruhanynyň Dawuda we onuň adamlaryna çörek hem olja hökmünde alnan Golýadyň gylyjyny berendigini bilýär. Saul gaharlanyp, şäheriň ähli ýaşaýjylaryny, şol sanda segsen bäş ruhanyny öldürmegi buýurýar (1 Patyşalar 21:1, 2; 22:12, 13, 18, 19; Matta 12:3, 4).

Ölümden ýene-de gutuldy

7. Näme üçin Dawut Gat şäherinde gizlenip bilmedi?

7 Dawut Nob şäherinden takmynan kyrk kilometr günbatar tarapda ýerleşýän filistilileriň ýurduna gaçýar. Ol Golýadyň ýaşan Gat şäherinde Akiş patyşadan pena gözleýär. Mümkin, Saul ony Gat şäherinde gözlemez öýdendir. Emma tizden Akiş patyşanyň hyzmatkärleri Dawudy tanaýarlar. Dawut bu barada eşidende, «Gat şäheriniň Akiş patyşasyndan gaty gorkup başlaýar» (1 Patyşalar 21:10—12).

8. a) Gat şäherinde Dawudyň başdan geçirenleri barada Mezmur 56-da näme diýilýär? b) Dawut ölümden nädip zordan gutulýar?

8 Filistililer Dawudy tutýarlar. Şol wagt Dawut ýürekden syzdyryp mezmur düzen bolmaly. Ol Ýehowa: «Meniň gözýaşlarymy çüýşäňe guý» diýip ýalbarýar (Zebur 56:8). Şeýdip, Dawut Ýehowanyň kyn ýagdaýda goýmajagyna, söýgi bilen oňa kömek etjegine we gorajagyna ynanýandygyny görkezýär. Şeýle-de Dawut filistilileriň patyşasyny aldamagyň ugruny tapyp, özüni dälilige salýar. Akiş patyşa ony görüp, hyzmatkärlerine «dälini» ýanyna getirendigi üçin käýeýär. Ýehowa Dawudyň eden işine pata berendigi aýdyň. Dawut şäherden kowlan bolsa-da, ýene-de ölümden gutulýar (1 Patyşalar 21:13—15).

9, 10. Dawuda Mezmur 34-i düzmäge näme sebäp boldy we Dawut mezmury düzende kimleri göz öňünde tutan bolmaly?

9 Dawudyň adamlary onuň bilen bile Gat şäherine gaçdymy ýa-da ony goramak üçin golaýdaky Ysraýyl şäherleriniň birinde galdymy, Mukaddes Ýazgylarda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Nähili bolaýanda-da, Dawut olara duşanda Ýehowanyň nädip ýene-de halas edendigini gürrüň berende, olar begenýärler. Şu waka 34-nji Mezmuryň düzülmegine sebäp boldy. Mezmuryň ilkinji ýedi aýadynda Dawut Hudaýy halas edeni üçin şöhratlandyrýar, onuň bilen bile halkynyň Beýik Halasgäri hökmünde Ýehowany beýgeltmäge çagyrýar (Zebur 34:3, 4, 7).

10 Dawut we onuň adamlary Gat şäheriniň gündogar tarapynda on bäş kilometr uzaklykda, Ysraýylyň daglyk ýerlerinden Adullam gowagynda özlerine howpsuz ýer tapýar. Saul patyşanyň hökümdarlygyndan nägilelik bildirýän ysraýyllylar Dawudyň ýanyna gelip goşulýarlar (1 Patyşalar 22:1, 2). Dawut Zebur 34:8—22-nji aýatlardaky sözleri düzende, şol adamlary göz öňünde tutan bolmaly. Bu ajaýyp mezmurdaky ýatlatmalar biziň üçin peýdaly we olara seretmek örän wajyp.

Dawudyňky ýaly islegiňiz barmy?

11, 12. Ýehowany hemişe şöhratlandyrmaga nähili sebäpler bar?

11 «Men Rebbe her wagt sena ederin, Oňa öwgi mydama agzymda bolar» (Zebur 34:1). Dawut sürgün edilen adam hökmünde, maddy taýdan mätäçlik çekse-de, ol gündeki aladalaryna Ýehowany şöhratlandyrmaga päsgel berdirmedi. Kynçylyga duçar bolanymyzda, bu biziň üçin gowy görelde! Biz işde, mekdepde, imandaşlarymyz bilen bile ýa-da wagyz gullugynda bolanymyzda, Ýehowany şöhratlandyrmaga isleg bolmaly. Ýehowany şöhratlandyrmaga bizde ençeme sebäpler bar! Mysal üçin, Ýehowanyň ýaradan ähli täsin zatlaryny öwrenmegiň we guwanmagyň çägi ýok. Onuň ýerdäki guramasy arkaly nämeler edendigi hakynda oýlanyp görüň! Adamlar bikämil bolsa-da, Ýehowa wepaly gullukçylary arkaly şu günler uly işler edýär. Ýehowanyň işlerini, adamlaryň gazanan zatlary bilen deňäp bolýarmy? Siz Dawudyň: «Taňrylar arasynda Seniň kimin taňry ýokdur, ýa Reb; Seniň işleriňe meňzeş iş ýokdur» diýen sözleri bilen razylaşýarmysyňyz? (Zebur 86:8).

12 Biz Dawut kimin Ýehowanyň ajaýyp işleri üçin ony şöhratlandyrmak isleýäris. Biz Hudaýyň Patyşalygy häzir Dawudyň ebedi mirasdüşeri Isa Mesihiň elindedigini bilýäris (Ylham 11:15). Bu bolsa häzirki dünýäniň soňy golaýdadygyny aňladýar. Alty milliarddan gowrak adamyň jany howp astynda. Geliň, Hudaýyň Patyşalygy we onuň adamzat üçin tizden etjek işleri barada öňküdenem has köp wagyz edeliň. Biziň bilen bile Ýehowany şöhratlandyrmaga adamlara kömek edeliň. Heniz wagt barka, pursatdan peýdalanyp, adamlar «hoş habary» kabul eder ýaly höweslendireliň (Matta 24:14).

13. a) Dawut kim bilen magtanýardy we onuň çagyryşyna nähili adamlar seslendi? b) Şu günler mylakatly adamlar mesihçileriň ýygnagyna nädip ýakynlaşýar?

13 «Janym Reb bilen magtanar; mylakatlylar eşidip begenerler» (Zebur 34:2). Dawut eden işleri üçin magtanmaýar. Ol Gat şäheriniň patyşasyny aldap bilendigi üçin öwünmeýär. Dawut Gat şäherinde Ýehowanyň gorandygyna we onuň kömegi bilen gaçandygyna düşünýär (Süleýmanyň tymsallary 21:1). Şol sebäpli ol özi bilen däl-de, Ýehowa bilen magtanýar. Dawudyň Ýehowany şöhratlandyrýandygyny görüp, mylakatly adamlar Ýehowa ýakynlaşýardy. Isa hem Ýehowanyň adyny beýgeldýärdi, pesgöwünli we öwrenmäge taýyn adamlar muny görüp, Hudaýa ýakynlaşýardylar. Şu günler ähli milletdäki mylakatly adamlar Isa Mesihiň baştutanlyk edýän mesh edilen mesihçileriň halkara ýygnagyna ýakynlaşýarlar (Koloseliler 1:18). Şeýle ýumşak adamlar, Hudaýyň pesgöwünli gullukçylary Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýandygyny görüp, Mukaddes Ýazgylardaky habary eşidende, olaryň ýüregine täsir edýär. Olar muňa Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly düşünýärler (Ýahýa 6:44; Resullaryň işleri 16:14).

Ýygnak duşuşyklary imanymyzy berkidýär

14. a) Dawut ýekelikde Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak bilen kanagatlandymy? b) Sežde edilýän ýygnak duşuşyklary babatda Isa nähili görelde görkezdi?

14 «Meniň bilen bile Rebbi dabaralandyryň. Onuň adyny bilelikde beýgeldeliň» (Zebur 34:3). Dawut ýekelikde Ýehowany şöhratlandyrmak bilen kanagatlanmaýar. Ol Hudaýyň adyny bilelikde beýgeltmäge dostlaryny çagyrýar. Şonuň ýaly Beýik Dawut, ýagny Isa Mesih märekäniň öňünde, ýagny sinagogalarda, Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasyndaky baýramçylyklarda we şägirtleriniň arasynda Ýehowanyň adyny şatlyk bilen şöhratlandyrýardy (Luka 2:49; 4:16—19; 10:21; Ýahýa 18:20). Esasanam, şu günler «ol günüň golaýlaýanlygy» üçin her mümkinçilikden peýdalanyp imandaşlarymyz bilen bile Ýehowanyň adyny mydama şöhratlandyryp, Isanyň göreldesine eýermek nähili şatlykly! (Ýewreýler 10:24, 25).

15. a) Dawut bilen bolan waka onuň adamlaryna nähili täsir etdi? b) Ýygnak duşuşyklaryna barmak näme üçin peýdaly?

15 «Men Rebbi agtardym, Ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi» (Zebur 34:4). Bu Dawut üçin örän wajypdy, çünki ol şeýle diýdi: «Bu garyp çagyrdy, Reb eşidip, ony ähli aladalaryndan gutardy» (Zebur 34:6). Biz imandaşlarymyz bilen pikir alşanymyzda, kynçylyklara döz gelmäge Ýehowanyň nädip kömek edendigi barada gürrüň bermäge köp mümkinçilikler bar. Dawut bilen bolan wakalar, onuň adamlarynyň imanyny berkidişi ýaly, şeýle gürrüňdeşlik dogan-uýalaryň hem imanyny berkidýär. Dawudyň ýoldaşlary «Oňa [Ýehowa] bakanlar nurana boldular, ýüzleri utanmady» (Zebur 34:5). Olar Saul patyşadan gaçmaly bolanda-da utanmadylar. Dawudyň ýoldaşlarynyň ýüzleri nuranady, çünki ony Hudaýyň goldaýandygyna ynanýardy. Gyzyklanýan täze adamlar hem köp ýyldan bäri hakykatda ýöreýän mesihçiler Ýehowadan kömek soraýarlar. Olar Hudaýyň kömek edýändigini özlerinde duýup, wepaly galmak islegi ýüzlerinde nur saçýar.

Perişdeleriň berýän kömegine minnetdar bolmak

16. Ýehowa bizi halas etmek üçin perişdelerini nädip ulanýar?

16 «Rebbiň perişdesi Ondan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýandyr, olary halas edýändir» (Zebur 34:7). Dawut diňe ony Ýehowa halas edýär diýen pikirde däldi. Ol Ýehowanyň bellän Ysraýylyň gelejekki patyşasy bolsa-da, Ýehowa perişdeleri arkaly ähli wepaly gullukçylarynyň, olaryň durmuşdaky ornuna garaman aladasyny edýändigini bilýärdi. Şu günler hem Ýehowanyň Güwäçileri Ýehowanyň goraýandygyny duýýarlar. Faşistik Germaniýa ýaly Angola, Malawi, Mozambik we başga ýurtlaryň häkimiýetleri Ýehowanyň Güwäçilerini ýok etjek bolup kampaniýa geçirdiler. Emma olaryň bar eden işi biderek boldy. Galyberse-de, Ýehowanyň halky şol döwletlerde barha köpelýär we Ýehowanyň ady beýgelýär. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa perişdeleri arkaly halkyny goraýar we ýolbaşçylyk edýär (Ýewreýler 1:14).

17. Hudaýyň perişdeleri bize nädip kömek edýär?

17 Ýehowanyň perişdeleri işlerini şeýle alyp barýar welin, Hudaýyň halkynyň arasynda kimdir biri başgalaryň büdremegine sebäp bolsa, ony Ýehowanyň halkynyň arasyndan aýyrýarlar (Matta 13:41; 18:6, 10). Hatda biziň duýmaýan wagtymyz perişdeler Hudaýa gulluk etmäge päsgel berip biljek we onuň bilen aragatnaşygymyza howp salyp biljek zatlary aýyrýar. Esasanam, perişdeler bize ähli adamlara «ebedi Hoş Habary» yglan etmekde, şol sanda wagyz etmek howply ýerlerde ýolbaşçylyk edýär (Ylham 14:6). Perişdeleriň berýän kömegi barada Ýehowanyň Güwäçileriniň Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarynda beýan edilýär. Muňa ýöne bir gabat gelmeklik diýip bolmaz, çünki şeýle bolan wakalar käna.

18. a) Perişdeler kömek eder ýaly bizden näme talap edilýär? b) Indiki makalada nämä serederis?

18 Mundan beýläk hem, perişdeler bize görkezme berip, gorar ýaly, yzarlamalara garaman, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmaly. Hudaýyň perişdesi diňe «Ondan [Ýehowadan] gorkýanlaryň daşynda» düşelge gurýandygyny unutmalyň. Bu nämäni aňladýar? Hudaýdan gorkmaklyk näme we ol gorkyny nädip ösdürip bileris? Söýgüden doly Hudaý näme üçin ondan gorkmagymyzy isleýär? Şu soraglara indiki makalada serederis.

a Şulara serediň: «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» (rusça), sahypa 550; «Ýehowanyň Güwäçileriniň 2005-nji ýylyň ýyllyk kitaby», sahypa 53; 2000-nji ýylyň Nowruz (mart) aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnaly, sahypa 5, 6 hem-de 1991-nji ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyň 1-ine çykan sany, sahypa 27 we Baýdak (fewral) aýynyň 15-ine çykan sany, sahypa 26.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Dawut ýaş mahaly nähili synaglara döz geldi?

• Dawut ýaly biziň üçin esasy zat näme?

• Biz ýygnak duşuşyklaryna nähili garaýarys?

• Ýehowa perişdeleri arkaly nädip kömek edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş