Siziň direlişe bolan ynamyňyz berkmi?
«Dogrular hem egriler ölümden direler» (RESULLARYŇ IŞLERI 24:15).
1. Ölümden näme üçin gaçyp gutulyp bolmaýan ýaly görünýär?
DÖWLET işgäri Bendžamin Franklin 1789-njy ýylda şeýle diýdi: «Bu dünýäde ölümden we salgytdan başga hiç bir zat belli däl». Käbir adamlar onuň aýdýany dogry diýýärler. Emma köp wyždansyz adamlar salgyt tölemekden boýun gaçyrsalar-da, ölümden hiç kim gaçyp gutulyp bolmaýan ýaly görünýär. Näme etsek-de, iň soňy biziň hiç birimiz ölümden gutulyp bilmeris. Ölüm ähli adamlary yzarlaýar. Doýmaz-dolmaz ölüler diýary, ýagny şeol, biziň dogan-garyndaşlarymyzy ýöne ýuwudup dur (Süleýmanyň tymsallary 27:20).Geliň, bu barada teselli beriji pikire seredeliň.
2, 3. a) Näme üçin käbir adamlar asla ölmez diýse bolar? b) Şu makalada nämä serederis?
2 Ýehowanyň sözünde ölen adamlar täzeden ýaşamak üçin direler diýilýär. Bu ýöne bir arzuw däl, muny amala aşyrmak üçin älemdäki hiç bir güýç Ýehowa päsgel berip bilmez. Galyberse-de, köp adamlar asla ölmez. Näme üçin? Sebäbi «uly märeke» tizden boljak «agyr muşakgatda» diri galyp, ebedi ýaşar (Ylham 7:9, 10, 14). Diýmek, olar ölümden gutular. Şeýle-de ölüm ýok ediler (1 Korintoslylar 15:26).
3 «Hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direler» diýen Pawlus resul ýaly, biz hem direlişe berk ynanmaly (Resullaryň işleri 24:15). Geliň, direliş hakynda üç sany soraga seredeliň. Birinjiden, direlişiň boljakdygyny nämeler subut edýär? Ikinjiden, direlişe umyt size nädip teselli berýär? Üçünjiden, bu umyt siziň häzirki durmuşyňyza nähili täsir edýär?
Direliş hökman bolar
4. Ýehowanyň niýeti amala aşar ýaly, direliş näme üçin wajyp?
4 Direlişiň boljakdygy barada birnäçe subutnamalar bar. Bu Hudaýyň niýetiniň amala aşmagy üçin wajyp. Ýadyňyzda bolsa, Şeýtan adamlary günä iterip, olaryň ölümine sebäp boldy. Şonuň üçin Isa Şeýtan barada: «Ol owaldan ganhor» diýdi (Ýahýa 8:44). Ýöne Ýehowa «aýalyň», ýagny gökdäki guramasyndan «nesliň» geljekdigini wada berdi. Şol «nesil» Şeýtanyň «köne ýylanyň» başyny tokmaklap ýok eder (Barlyk 3:1—6, 15; Ylham 12:9, 10; 20:10). Ýehowa Mesihi Nesil barada kem-kemden aýan edende, onuň diňe bir Şeýtany tokmaklajakdygyny aýtmady. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýogaltmak üçin aýan boldy» (1 Ýahýa 3:8). Şeýtanyň esasy işi, bu Adam atanyň eden günäsi sebäpli miras galan ölümdir. Ýehowa Isa Mesih arkaly ölümi ýok eder. Munuň üçin Isa Mesihiň töleg gurbany we onuň direlmegi örän möhümdi (Resullaryň işleri 2:22—24; Rimliler 6:23).
5. Direliş näme üçin Ýehowanyň adyny şöhratlandyrar?
5 Ýehowanyň maksady adyny şöhratlandyrmak. Şeýtan ýalan sözläp, Hudaýyň adyna töhmet atdy. Ol Adam ata bilen How enä Hudaýyň gadagan eden agajynyň miwesinden iýseňiz, «elbetde ölmersiňiz» diýip ýalan sözledi (Barlyk 2:16, 17; 3:4). Şondan bäri Şeýtan adam ölenden soň, onuň ruhy ýaşaýar diýen ýalan tagtlymatlary ýaýradyp, adamlary aldaýar. Emma Ýehowa direliş arkaly ähli ýalany paş eder. Diňe ol jan berip we ony gorap bilýändigini hemişelik subut eder.
6, 7. Ýehowanyň direlişe bolan duýgusy nähili we muny biz nireden bilýäris?
6 Ýehowa adamlary direltmek isleýär. Mukaddes Ýazgylarda bu barada Ýehowanyň duýgusy aýdyň beýan edilýär. Mysal üçin, Hudaýa wepaly pygamberi Eýýubyň sözlerine seredeliň. Ol şeýle diýdi: «Ölen adam ýene-de ýaşarmyka? Gullugym uzaga çekýänçä, gutulyşyň geljegine garaşaryn. Sen çagyrsadyň, men bolsa jogap bererdim. Sen öz eliň bilen eden işleriňi küýsärsiň» (Eýýup 14:14, 15). Bu sözler näme aňladýar?
7 Eýýup ölenden soň, ölüm ukusynda belli bir wagt garaşmalydygyny bilýärdi. Ol oňa «uzaga çekýän gulluk» ýaly garaýardy, şol wagt gutulyşa garaşmalydygyna düşünýärdi. Ol gutulyş boljakdygyna ynanýardy. Eýýup halas boljakdygyna düşünýärdi. Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowanyň duýgusyny bilýärdi. Ýehowa wepaly gullukçysyny ýene-de göresi gelip «küýseýär». Hawa, Hudaý ähli dogry adamlary direlder. Şeýle-de ol başga adamlara ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berer (Luka 23:43; Ýahýa 5:28, 29). Bu Ýehowanyň islegi, şol sebäpli oňa niýetini ýerine ýetirmäge hiç kim päsgel berip bilmez.
8. Ýehowa gelejege bolan umydymyza nähili «subutnama berdi»?
8 Isanyň direlişi gelejege bolan umydymyzy subut edýär. Pawlus resul Afinada şeýle çykyş etdi: «Hudaý bir gün belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar; Hudaý bu Adamy ölümden direltmek bilen, hemmelere subutnama berdi» (Resullaryň işleri 17:31). Pawlusy diňlänleriň köpüsi direliş barada eşidenlerinde gülüşdiler. Ýöne käbirleri iman etdiler. Mümkin, bu umydyň subutnamasynyň bardygy olaryň ünsüni çeken bolmaly. Ýehowa Isany direldip, beýik gudrat görkezdi. Ol Ogluny beýik ruhy şahsyýet hökmünde direltdi (1 Petrus 3:18). Isa direlip, ýer ýüzüne gelmezinden öňki ruhy şahsyýet derejesindenem beýgeldi. Indi ol baky we diňe Ýehowadan soň güýçli şahsyýet bolany sebäpli, Atasynyň beren ajaýyp ýumşuny ýerine ýetirip bilýär. Ýehowa Isa Mesih arkaly gökdäki we ýer ýüzündäki ýaşaýyş üçin ähli ölen adamlary direlder. Isa özi barada: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin» diýdi (Ýahýa 5:25; 11:25). Ýehowa Ogluny direltmek bilen ähli wepaly gullukçylaryny hem direltjekdigini subut etdi.
9. Mukaddes Ýazgylar direlişiň hakykatdanam boljakdygyny nädip subut edýär?
9 Direlişiň bolandygy barada şaýatlar we Hudaýyň Sözi güwä geçýär. Ýer ýüzünde sekiz adamyň direlendigi barada Mukaddes Ýazgylarda jikme-jik beýan edilýär. Bu gudratlar gizlinlikde däl-de, köplenç jemagatyň öňünde edildi. Dört gün ölüm ukusynda ýatan Lazary Isa ýas tutanlaryň, ýagny onuň maşgalasynyň, dostlarynyň we goňşularynyň öňünde direltdi. Bu Isanyň Hudaý tarapyndan gelendigini şeýle güýçli subut etdi welin, hatda onuň dini duşmanlary-da direlişiň bolandygyny hiç haçan inkär edip bilmediler. Şol sebäpli olar diňe bir Isany däl, Lazary-da öldürjek boldular! (Ýahýa 11:17—44, 53; 12:9—11). Hawa, biz direlişiň boljakdygyna ynanyp bileris. Ýehowa bize teselli bermek we imanymyzy berkitmek üçin bolan direlişler barada ýazdyrdy.
Direlişe bolan umytdan teselli almak
10. Mukaddes Ýazgylardaky direliş baradaky wakalar bize nähili teselli berýär?
10 Ölüm howpy abananda siz tesellä mätäçmi? Size Mukaddes Ýazgylarda beýan edilen direlişler teselli berip biler. Şol direlişler hakynda okap, oýlansaňyz we olary göz öňüne getirsiňiz direlişe bolan umyda has ynamyňyz artar (Rimliler 15:4). Olar ýöne bir rowaýatlar däl. Bu belli bir döwürde, belli bir ýerde biziň ýaly hakykatdanam ýaşan adamlar bilen bolan wakalardyr. Geliň, Mukaddes Ýazgylarda ýazylan direliş baradaky bir mysala seredeliň.
11, 12. a) Sarepdaly dul hatyn nähili betbagtçylyga uçrady we başda ol özüni nähili alyp bardy? b) Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly dul hatyna näme edendigini gürrüň beriň.
11 Göz öňümize şeýle wakany getireliň. Birnäçe hepde Ylýas pygamber Sarepda şäherinde bir dul hatynyň ýokarky gatdaky otagynda myhman bolýar. Şol günler örän agyrdy. Çünki şol ülkede gurakçylyk hem açlyk höküm sürýär. Adamlaryň köpüsi açlykdan ýaňa gyrylýar. Ýehowa Ylýas pygamber arkaly gudrat görkezip, pesgöwünli dul hatynyň imanyny eýýäm sylaglapdy. Dul hatynyň biraz uny galyp, ogluna we özüne açlyk howpy abananda, Ylýas pygamber gudrat arkaly onuň ununyň we ýagynyň gutarmajakdygyny aýdýar. Emma dul hatynyň başyna betbagtçylyk inýär. Onuň çagasy keselläp güýçden gaçýar we dem almasy kesilýär. Bu dul hatyn nähili gam-gussa batandyr! Äriniň goldawynyň ýoklugy sebäpli dul hatyna şeýle-de ýaşamak kyndy, indi bolsa ýalňyz perzendindenem aýryldy. Bu bolan betbagtçylygy ol Ylýasdan we onuň Hudaýy Ýehowadan görýär! Pygamber näme etdikä?
12 Ylýas pygamber bu sözleri üçin dul hatyna käýemeýär. Gaýta, ol oňa: «ogluňy maňa ber» diýýär. Soňra ölen çagany jaýyna äkidip, onuň direlmegi üçin dyngysyz doga edýär. Ýehowa onuň dogasyna jogap berýär! Çaganyň kükregi galyp dem alyp başlanda, Ylýasyň nähili şatlanandygyny göz öňüne getiriň. Çaganyň göz açylyp, onda ýaşaýyş uçguny şöhlelenýär. Ylýas oglany ejesiniň ýanyna getirip: «Seret, ogluň diri!» diýýär. Enäniň şatlygyny söz bilen aýdyp bolmaýar. Ol: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, agzyňda Taňrynyň sözüniň hakdygyny bilýärin» diýýär (3 Patyşalar 17:8—24). Onuň Ýehowa we onuň wekiline bolan imany öňküdenem has-da berkeýär.
13. Ylýasyň dul hatynyň ogluny direldişi hakyndaky waka, şu günler näme üçin bize teselli berýär?
13 Şeýle wakalar barada oýlansaňyz size örän teselli berer. Ýehowanyň duşmanymyz bolan ölümi ýok edip biljekdigi aýdyň! Ýer ýüzünde umumy direliş bolanda, dul hatynyňky ýaly şatlykdanam müňlerçe esse köp boljakdygyny göz öňüne getirip görüň! Ýehowa Ogluna ýer ýüzünde adamlary direltmegi tabşyranda, göklerde-de uly şatlyk bolar (Ýahýa 5:28, 29). Siziň dogan-garyndaşlaryňyzdan aýrylan barmy? Ýehowanyň ölüleri direldip bilýändigini we hökman direltjekdigini bilmek örän şatlykly!
Siziň umydyňyz we häzirki durmuşyňyz
14. Direlişe bolan umyt siziň durmuşyňyza nähili täsir edýär?
14 Direlişe bolan umyt siziň häzirki ýaşaýşyňyza nähili täsir edip biler? Betbagtçylyklara, kynçylyklara, yzarlamalara uçranyňyzda ýa-da howp abananda direlişe bolan umyt size güýç berer. Şeýtan seniň ölümden gorkup, Hudaýa wepalylygyňy, janyňy goramak we howpsuz ýaşamak ýaly boş wadalara çalyşmagyňy isleýär. Şeýtanyň Ýehowa: «Jany üçin adam hemme zadyny berer»diýen sözleri ýadyňyzdamy? (Eýýup 2:4). Şeýle diýmek bilen, Şeýtan biziň ählimize, şol sanda saňa-da töhmet atdy. Howp abansa, siz Hudaýa gulluk etmegiňizi bes edermisiňiz? Direliş barada oýlansaňyz, gökdäki Ataňyzyň islegini ýerine ýetirmekde berk karara gelersiňiz.
15. Ölüm howpy abananda, Isanyň Matta 10:28-de aýdan sözleri nähili teselli berýär?
15 Isa şeýle diýdi: «Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkman, eýsem dowzahda hem teni, hem jany ýok etmäge gudraty bar bolan Hudaýdan gorkuň» (Matta 10:28). Biz Şeýtandan we onuň adamlaryndan gorkmaly däl. Kimdir biri erbetlik edip ýa-da bizi öldürip biler, ýöne olaryň ýetirip biljek zyýany wagtlaýyndyr. Ýehowa bolsa wepaly gullukçylaryna ýetirilen islendik zyýany düzedip, hatda olary direldibem bilýär. Şol sebäpli biz diňe Ýehowa Hudaýdan gorkmaly we oňa çuň hormat goýmaly. Diňe ol öldürip bilýär we teni hem jany jähennemde ýok edip, gelejekki durmuşyň islendik görnüşinden mahrum edip bilýär. Bagtymyza, Ýehowa muny size islemeýär (2 Petrus 3:9). Direlişe bolan umyt, bizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde, howpsuzlukda boljakdygymyza hemişe ynandyrýar. Biz Hudaýa wepaly galsak, ebedi ýaşarys, muňa ne Şeýtan, ne-de onuň adamlary päsgel berip biler (Zebur 118:6; Ýewreýler 13:6).
16. Direlişe bolan umyt durmuşymyzda esasy zatlary birinji orunda goýmaga nähili täsir edýär?
16 Direlişe berk ynansak, ol durmuşa bolan garaýşymyza täsir eder. Biz «ýaşasak-da, ölsek-de Rebbiňkidigimize» düşünýäris (Rimliler 14:7, 8). Şol sebäpli esasy zatlary birinji orunda goýanymyzda, Pawlusyň: «Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň» diýen maslahatyna eýerýäris (Rimliler 12:2). Adamlaryň köpüsi bolsa, her bir islegini we höwesini kanagatlandyrmak üçin jan edýärler. Olar bu bäş gün ýalança bir sapar gelýäris diýip keýpi-sapa kowalaşýarlar. Olar Hudaýa sežde edýän diýseler-de, olaryň seždesi «Hudaýyň... kämil islegine» gabat gelmeýär.
17, 18. a) Ýehowanyň Sözünde ynsan ömrüniň gysgadygy barada näme diýilýär, ýöne Hudaý bize näme isleýär? b) Biz näme üçin Ýehowany her gün şöhratlandyrýarys?
17 Hakykatdan-da, adamyň ömri gysga. Biz ýetmiş ýa-da segsen ýyl ýaşap «günlerimiz tiz geçýär, biz uçup gidýäris» (Zebur 90:10). Ynsanyň ömri ot, dem, kölege kimindir (Zebur 103:15; 144:3, 4). Emma Hudaý adamyň birnäçe on ýyl ösüp-ulalyp, akyldarlyk we tejribe alyp, birnäçe on ýyldan soň bolsa garrap, ahyrynda keselläp ölmegini islemeýärdi. Ýehowa adamlaryň ebedi ýaşamagyny isleýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Olaryň ýüregine ebediligi saldy» diýilýär (Wagyzçy 3:11). Şeýle islegi ýüregimize salansoň, ony ýerine ýetirmez ýaly, Hudaý rehimsizmi? Ýok, sebäbi «Hudaý söýgüdir» (1 Ýahýa 4:8). Hudaý ölen adamlara direliş arkaly ebedi ýaşamaga mümkinçilik berer.
18 Direliş gelejege umyt berýär. Häzirki durmuşdan ähli zady almaga kowalaşmak akylsyzlyk bolar. Biz geçegçi dünýäden doly peýdalanmaly däl (1 Korintoslylar 7:29—31; 1 Ýahýa 2:17). Umytsyz adamlardan tapawutlykda, bizde ajaýyp sowgat bar. Eger biz Ýehowa wepaly galsak, ony ebedi şöhratlandyrjakdygymyzy we baky ýaşaýyşdan lezzet aljakdygymyzy bilýäris. Geliň, direlişe berk umyt berýän Ýehowa Hudaýy her gün şöhratlandyralyň!
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Direlişe bolan umyt bizde nähili duýgular döretmeli?
• Direlişiň boljakdygyna nähili subutnamalar bar?
• Direlişe bolan umyt size nähili teselli berýär?
• Direlişe bolan umyt siziň häzirki durmuşyňyza nähili täsir edýär?