Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/3 sah. 21—25
  • «Siziň araňyzda akyldar, düşünjeli kim?»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Siziň araňyzda akyldar, düşünjeli kim?»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Akyldar adam nähili tapawutlanýar?
  • Akylsyz adama mahsus häsiýetler
  • Akyldaryň gymmat saýýan häsiýetleri
  • Ýumşaklyk. Bize nähili peýdasy bar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Allanyň akyldarlygy ýaň salýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/3 sah. 21—25

«Siziň araňyzda akyldar, düşünjeli kim?»

«Siziň araňyzda akyldar, düşünjeli kim? Ol öz amallaryny oňat ýaşama bilen akyldarlykdan gelen ýumşaklykda görkezsin» (ÝAKUP 3:13).

1, 2. Akyldar hasaplanylýan adamlaryň köpüsi barada näme diýse bolar?

SEN kimi hakyky akyldar hasaplaýarsyň? Mümkin, ata-eneňi, gartaşanlardan birini ýa-da uniwersitetiň professoryny? Bu soragyň jogaby seniň terbiýäňe, medeniýetiňe we ýagdaýyňa bagly bolup biler. Emma mesihçiler üçin Hudaýyň pikiri iň esasy zat hasaplanýar.

2 Bu dünýäniň akyldar hasaplaýan adamlaryny, Hudaýyň gözünde akyldar hasaplanýar diýip bolmaz. Meselem, Eýýup özüni akyldar hasaplaýan adamlar barada şeýle diýdi: «Men siziň araňyzda akyldary tapmadym» (Eýýup 17:10). Pawlus resul Hudaý baradaky bilimi inkär edýän adamlar barada: «Özlerini akyldar saýyp, akmak boldular» diýdi (Rim. 1:22). Ýehowa bolsa Işaýa pygamber arkaly şeýle adamlara höküm çykardy: «Özüni akylly hasaplaýanlaryň gününe waý» (Iş. 5:21).

3, 4. Hakyky akyldar bolmak üçin näme etmeli?

3 Diýmek, biz nämäniň esasynda adamyň hakyky akyldar hasaplanýandygyny bilmeli we Hudaýyň razylygyny gazanmaly. Süleýmanyň tymsallary 9:10-da şeýle düşündirilýär: «Rebden gorkmak akyldarlygyň başlangyjydyr we Mukaddesi tanamak düşünjedir». Akyldar bolmak üçin Hudaýdan gorkmaly we onuň kadalaryna hormat goýmaly. Emma diňe bir Hudaýyň we onuň kadalarynyň bardygyna ynanmaklyk ýeterlikli däl. Ýakup şägirt bu barada pikir etmäge höweslendirýär (Ýakup 3:13-i okaň). Ol şeýle nygtaýar: «Öz amallaryny oňat ýaşama bilen... görkezsin». Görşümiz ýaly, hakyky akyldarlyk biziň her günki edýän işimizden we sözümizden görünmeli.

4 Hakyky akyldarlyk, pähimli pikir etmegi, bilimi başarjaňlyk bilen ulanmagy we dogry düşünip hereket etmegi aňladýar. Biz şeýle akyldarlygy nädip görkezip bileris? Ýakup akyldar adama mahsus bolan häsiýetlere üns berýära. Onuň sözleri bize imandaşlarymyz we başga adamlar bilen gowy gatnaşyk saklamaga nähili kömek eder?

Akyldar adam nähili tapawutlanýar?

5. Hakyky akyldar adam özüni nähili alyp barýar?

5 Ýokarda aýdylyşy ýaly, akyldarlyk Hudaýa ýaramly häsiýetler bilen berk baglanyşykly. Ýehowadan gorkmaklyk akyldarlygyň başlangyjy bolany sebäpli, akyldar adam Hudaýyň ýollary we kadalary boýunça ýaşamaga çalyşýar. Biziň hiç birimiz Hudaýyň akyldarlygyny miras almadyk. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenip, bu barada oýlansak ony ösdürip bileris. Bu bize Efesliler 5:1-däki: «Hudaýdan görelde alyň» diýen sözlere eýermäge kömek eder. Hudaýdan görelde almaga näçe köp çalyşsak, şonça-da onuň akyldarlygy biziň hereketimizde örän aýdyň görner. Ýehowanyň ýollary ynsanyň ýollaryndan juda tapawutlanýar (Iş. 55:8, 9). Ýehowanyň ýoly bilen ýöresek, adamlar biziň bu dünýäden tapawutlanýandygymyzy görerler.

6. Näme üçin ýumşaklyk takwalygyň alamaty we bu häsiýete näme degişli?

6 Ýakubyň sözlerine görä, eger «akyldarlykdan gelen ýumşaklygy görkezsek», Ýehowadan görelde alyp bileris. Ýumşak adam mähirli bolsa-da, ol berk häsiýetli bolýar, bu oňa pýhasly bolmaga kömek edýär. Hudaýyň ähli zada güýji ýetse-de, ol ýumşakdyr we biz oňa ýakynlaşmaga gorkmaýarys. Hudaýyň Ogly Atasynyň bu häsiýetini şeýle aýdyň görkezdi welin, ol özi barada: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar» diýdi (Mat. 11:28, 29; Flp. 2:5—8).

7. Näme üçin Musa ýumşaklyk bildirmekde gowy görelde galdyrdy?

7 Mukaddes Ýazgylarda başga-da ýumşak adamlar barada aýdylýar. Olaryň biri Musady. Onuň uly jogapkärçiligi bolsa-da, ol «ýer ýüzünde ähli ynsanlaryň arasynda iň ýumşak adamdy» (San. 11:29; 12:3). Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etmek üçin Musa batyrgaýlyk berendigini ýadymyza salalyň. Görşümiz ýaly, Ýehowa islegini ýerine ýetirmegi ýumşak adamlara tabşyrýar.

8. Bikämil adamlar nädip «akyldarlykdan gelen ýumşaklygy görkezip» bilerler?

8 Dogrudan-da, bikämil adamlar «akyldarlykdan gelen ýumşaklygy görkezip» bilýärler. Biz barada näme diýse bolar? Bu häsiýeti nädip kämilleşdirip bileris? Ýumşaklyk Ýehowanyň mukaddes ruhunyň bir miwesidir (Gal. 5:22, 23). Biz bu miwäni bildirmek üçin mukaddes ruh barada doga we tagalla etmeli hem-de ýumşaklygy kämilleşdirmäge Hudaýyň kömek etjekdigine şübhelenmeli däl. Biz onuň kömegine ynanyp bilýäris, çünki mezmurçy şeýle diýdi: «[Hudaý] ýuwaşlara Öz ýoluny öwreder» (Zeb. 25:9).

9, 10. Ýumşaklyk bildirmek üçin nähili tagalla etmeli we näme üçin?

9 Emma, ýumşaklyk bildirmek üçin çynlakaý tagalla etmeli bolýar. Terbiýämiz we medeniýetimiz sebäpli biziň käbirimize ýumşaklyk bildirmek mahsus däl. Galyberse-de, dünýäde düýbünden başga pikir agdyklyk edýär. Köpleri «ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap berýärler». Ýöne bu akyldarlyk bolarmy? Şeýle etmeklik ody ot bilen öçüren ýaly bolýar. Eger seniň öýüňi ot alsa, ony benzin ýa-da suw bilen öçürermiň? Suw ody öçürer, benzin bolsa ony diňe güýçlendirer. Şonuň ýaly-da Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr; gaty söz bolsa gazaby oýarýandyr» (Sül. tym. 15:1, 18). Eger indiki sapar imandaşyň ýa-da başga adamlar bilen düşünişmezlik dörände, biz hakyky akyldarlygy bildirip ýumşaklyk görkezip bilerismi? (2 Tim. 2:24).

10 Ýokarda aýdylyşy ýaly, bu dünýäniň ruhunyň täsiri astynda ýaşaýanlaryň köpüsine mähriban we parahatlygy söýýän adamlar diýip bolmaýar. Şu günler gödeklik we tekepbirlik adaty hasaplanýar. Ýakup şägirt dünýäniň erbet täsiri barada bilýärdi we şol sebäpli bu barada mesihçilere duýdurdy. Biz onuň maslahatyndan ýene näme öwrenip bileris?

Akylsyz adama mahsus häsiýetler

11. Hudaýyň akyldarlygyna haýsy häsiýetler asla mahsus däl?

11 Ýakup Hudaýyň akyldarlygyna haýsy häsiýetleriň mahsus däldigini aýdyň görkezdi (Ýakup 3:14-i okaň). Içigaralyk we igenjeňlik ruhy adama däl-de, tebigy adama mahsus. Aşakdaky mysal tebigy pikiriň nämä eltýändigini görkezýär. Hristianlaryň alty buthanasy Iýerusalimdäki Isanyň çak bilen jaýlanan ýerindäki ybadathananany öz aralarynda paýlaşdylar. Ençeme ýyldan bäri bu buthanalaryň arasynda dawa dowam edýär. 2006-njy ýylda çykan «Taým» žurnalynyň habar bermegine görä, monahlar «ençeme sagatlap... elindäki uly şemdanlary bilen biri-birini uran wagtlary-da bolupdyr». Netijede, olaryň arasyndaky dawa sebäpli ybadathananyň açary musulmana berilýär.

12. Akyldarlygyň ýetmezligi nämä eltýär?

12 Mesihçiler ýygnagy şeýle çakdanaşa gahar-gazap bildirilýän ýer däl. Emma bikämil adamlar käte kesirlik bilen öz diýenini etdirjek bolýar. Bu dawa-jenjele eltip biler. Pawlus resul Korintosdaky ýygnakda şeýle kynçylygyň bardygyny bilende, ol: «Araňyzda içigaraçylyk, çekişme we dawanyň barlygyna görä, tebigy adamlar dälmisiňiz? Adam adaty boýunça gezmeýärmisiňiz?» diýip ýazdy (1 Kor. 3:3). Gynansakda, şol ýygnakda biraz wagtlap düşünişmezlik bolupdyr. Şu günler mesihçiler ýygnagynda şeýle howply ruh bolmaz ýaly esewan bolmaly.

13, 14. Tebigy pikiriň nädip döreýändigi barada mysallar getiriň.

13 Şeýle ruh ýygnakda nädip döräp biler? Bu ujypsyz zatdan başlanyp biler. Meselem, Patyşalyk zaly gurlanda, işiň nädip alnyp barylmalydygy barada doganlaryň pikirleri bir-birine garşy gelip biler. Kimdir biri gelnen karary tankytlap, onuň teklibini kabul etmedikleri üçin nägilelik bildirip biler. Ol hatda gurluşyk işlerine gatnaşamakdan hem ýüz öwürer! Eger dogan özüni şeýle alyp barsa, ol mesihçi ýygnaga bagly işleriň üstünliginiň gurluşyk tärlerine däl-de, hyzmatdaşlyga we agzybirlige baglydygyny ýatdan çykarýar. Ýehowa içigaralygy däl-de, ýumşaklyk ruhuny patalaýar (1 Tim. 6:4, 5).

14 Ýene bir mysala seredeliň. Ýygnagyň ýaşululary birnäçe wagtdan bäri gulluk edýän ýaşulynyň indi Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna laýyk gelmeýändigini görýändirler. Dogana öň maslahat berlip, ýöne özgermändigi üçin aýlanýan gözegçi ýaşulular bilen razylaşyp ony borjundan aýyrýar. Dogan muňa nähili garar? Ol ýaşulularyň agzybirlik bilen gelen kararyna we Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berlen maslahata pesgöwünlik hem ýumşaklyk bilen kabul edermi? Ol ýene-de ýaşuly bolup gulluk eder ýaly, Ýazgylaryň talaplaryna laýyk gelmäge çalşarmy? Ýa-da ol öňki ýaly ýaşuly bolup gulluk edip bilmejegine öýkälip, gaharlanarmy? Eger dogan hakykatdan-da, talaba laýyk gelmese, ýaşuly bolup gulluk etmegimi dowam ederin diýmegi dogry bolarmy? Pesgöwünli we paýhasly bolmak nähili akyldarlyk bolardy!

15. Näme üçin Ýakup 3:15, 16-njy aýatlar barada oýlanmak wajyp?

15 Tebigy pikirler dürli-dürli bolup bilýär. Emma nähili bolaýanda-da, biz ondan gaça durmaly (Ýakup 3:15, 16-nji aýatlary okaň). Ýakup şägirt şeýle pikiri «ýer» diýip atlandyrdy, sebäbi ol tebigy, ruhy taýdan mahrumdyr. Bu pikiriň «haýwana» deňeşdirilmeginiň sebäbi oňa ten höwesleri mahsus bolup, düşünjesiz mahluklara meňzedilýär. Şeýle pikir «iblisden [jynlardan, TD]», çünki ol Hudaýyň ruhy duşmanlaryna mahsusdyr. Mesihçiler şeýle pikirde bolmaly däl!

16. Biz nähili özgerişikler etmeli we näme kömek eder?

16 Her bir mesihçi dörän tebigy pikiri duýup ony aýyrmak üçin özüni wagtal-wagtal barlap durmaly. Mesihi gözegçiler ýygnagy öwredýändikleri üçin şeýle pikirden gaça durmak olara has-da wajyp. Muny etmek aňsat däl, çünki biz bikämil we bu dünýä täsir edýär. Aýdaly, sen hapa we typançak depä çykýarsyň. Eger sen bir zada ýapyşmasaň, yzyňa typyp gaýdarsyň. Emma Mukaddes Ýazgylardaky maslahata berk eýerip, Hudaýyň ýygnak arkaly berýän kömegini ulansaň, sen öňe gidip bilersiň (Zeb. 73:23, 24).

Akyldaryň gymmat saýýan häsiýetleri

17. Akyldar adam synaga duşanda nähili hereket edýär?

17 Ýakup 3:17-ni okaň. Geliň, «gökden inen akyldarlyga» nähili häsiýetleriň degişlidigine seredeliň. Sap bolmak üçin pikirimizde we hereketimizde arassa bolmaly hem-de islendik erbetligi derrew ret etmeli. Biz erbet zatlary derrew ret etmeli. Bu awtomatik suratda bolmaly. Mümkin sen newropatologa ýüz tutup görensiň, ol seniň dyzçanagyňa çekiç bilen assajyk uranda, aýagyň yhtyýarsyz hereket edendir, muňa reflektor hereket diýilýär. Şonuň ýaly sen synaga duşanda şol bada hereket etmeli. Mukaddes Ýazgylar esasynda terbiýelenen ynsabyň we ahlak taýdan arassa galmak islegiň erbet işi awtomatik suratda ret etmäge höweslendirer (Rim. 12:9). Mukaddes Ýazgylarda bu babatda gowy görelde galdyran Ýusup bilen Isanyň mysaly aýdylýar (Bar. 39:7—9; Mat. 4:8—10).

18. a) Parahatlyk söýüji bolmak b) «Parahatlyk döretmek» nämäni aňladýar?

18 Hudaýyň akyldarlygyny bildirmek üçin parahat söýüji bolmaly. Dawa-jenjeli, gödekliligi we adamlar bilen parahatlylygy bozýan ähli zatdan gaça durmaly. Ýakup şeýle diýýär: «Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir» (Ýakup 3:18). «Parahatlyk döredýändir» diýen jümlä üns bereliň. Ýygnakda biziň abraýymyz nähili? Bizi parahatlyk döredýänler ýa-da parahatlygy bozýanlar hökmünde tanaýarlarmy? Ýygy-ýygydan doganlar bilen aramyzda agzalalyk we dawa döreýärmi? Öýkeleýärismi ýa-da başgalaryň göwnüne degýärismi? Biz başgalardan özümizi bolşumyz ýaly kabul etmegi talap edýärismi ýa-da nähak ýere olaryň göwnüne degýän häsiýetleriň üstünde kiçigöwünlilik bilen işleýärismi? Biz parahatlyk saklamak üçin başgalaryň ýalňyşlaryny derrew bagyşlap, olary ýatdan çykaryp eglişik ederismi? Ak ýürekden özümizi barlasak, Hudaýyň akyldarlygyny has gowy bildirmek üçin nähili özgerişler etmelidigini görmäge kömek eder.

19. Pähimli adam näme bilen tapawutlanýar?

19 Ýakup gökden inen akyldarlygy agzanda, muňa «mylaýymlyk [pähimlilik, TD]» hem degişli diýdi. Biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere degişli bolmadyk ýagdaýda, eglişik edýärismi? Kesirlik bilen hemme zatda öz diýenimizi etdirmejek bolýarysmy? Bizi ýumşak we gepleşmek aňsat adam hasaplaýarlarmy? Eger şeýle bolsa, bu biziň pähimlidigimizi görkezýär.

20. Ýakubyň ýazan hatyndaky Hudaýa ýaraýan häsiýetleri bildirsek nähili netije berer?

20 Ýakubyň ýazan hatyndaky Hudaýa ýaramly häsiýetleri akýürekden bildirmäge çalyşýan ýygnakdaky dogan-uýalaryň arasynda bolmak nähili ýakymly! (Zeb. 133:1—3). Bir-birimiz bilen ýumşak, parahat we pähimli bolsak, doganlar bilen gatnaşygymyzy berkideris we «gökden inen akyldarlygy» görkezeris. Indiki makalada näme üçin adamlara Ýehowa ýaly garamagyň wajypdygyny bileris.

a Kontekstden görnüşi ýaly, Ýakubyň sözleri, ilki bilen, ýygnagyň ýaşulularyna, ýagny mugallymlara degişli (Ýakup 3:1). Ýaşulular ýokardan inen akyldarlygy görkezmeli, ýöne bu maslahatdan ählimiz sapak edinip bileris.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Nädip hakyky akyldar bolup bileris?

• Hudaýyň akyldarlygyny nädip has gowy bildirmeli?

• «Gökden inen akyldarlygy» bildirmeýän adamlara nähili häsiýetler mahsus?

• Sen haýsy häsiýetleri has kämilleşdirmegi ýüregiňe düwdüň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş