Ýehowanyň Sözi diri
Rimliler kitabyndan peýdaly pikirler
TAKMYNAN b. e. 56-njy ýylynda Pawlus resul üçünji missionerlik syýahatynda Korintos şäherine gelýär. Ol Rimdäki ýehudy we ýehudy däl mesihçileriň garaýyşlarynyň bir-birinden tapawutlanýandygyny bilýärdi. Pawlus olary Mesih bilen agzybir etmek üçin hat ýazýar.
Pawlus Rimlilere ýazan hatynda adamlaryň nädip aklanjakdygyny we nädip ýaşamalydygyny düşündirýär. Onuň haty Hudaý we onuň Sözi baradaky bilimimizi artdyrýar, Hudaýyň merhemetini hem-de biziň gutulyşymyzda Mesihiň näme ähmiýetiniň bardygyny belläp geçýär (Ýew. 4:12).
ADAMLAR NÄDIP AKLANAR?
Pawlus şeýle ýazdy: «Bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy. Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň [Hudaýyň] merhemeti bilen mugt aklanar». Şeýle-de Pawlus: «Adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar» diýip aýdýar (Rim. 3:23, 24, 28). «Bir dogrulyk arkaly» iman edip, mesh edilen mesihçiler hem, «başga goýunlaryň» «uly märekesi-de» «aklanyp» bilerler, ýagny mesh edilenler Mesihiň ýoldaşlary bolup gökde ýaşarlar, uly märeke bolsa Hudaýyň dostlary hökmünde «agyr muşakgatda» diri galmaga umyt edýärler (Rim. 5:18; Ylh. 7:9, 14; Ýahýa 10:16; Ýakup 2:21—24; Mat. 25:46).
Pawlus: «Kanun astynda bolman, merhemet astyndadygymyz üçin günä edeliňmi?» diýip soraýar. Soňra: «Ýok!» diýip jogap berýär. Pawlus şeýle düşündirýär: «Özüňizi gul hökmünde... ölüm üçin günäniň ýa dogrulyk üçin tabynlygyň gullarydygyňyzy bilmeýärmisiňiz?» (Rim. 6:15, 16). Şeýle-de ol: «Ýöne beden işlerini Ruh bilen öldürseňiz, ýaşarsyňyz» diýýär (Rim. 8:13).
Sowallaryň jogaby:
1:24—32 — Bu aýatlarda aýdylýan ahlaksyzlyk ýehudylara degişlimi ýa-da ýehudy dällere? Bu aýdylanlar iki topara degişli bolsa-da, Pawlus, esasanam, inkär edilen gadymy Ysraýyly göz öňünde tutýar. Olar Hudaýyň dogry permanlaryny bilseler-de, «öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemediler». Şol sebäpli olar höküm edildi.
3:24, 25 — «Isa Mesihde bolan gutulyş» arkaly «ozal... ýüze çykan günäler» nädip ötülýär? Barlyk 3:15-däki Mesih barada aýdylan ilkinji pygamberlik b. e. 33-nji ýylynda Isa pürsde öldürilende ýerine ýetdi (Gal. 3:13, 16). Ýehowa pygamberligi şol wagt aýdan bolsa-da, onuň garaýşynda töleg eýýäm tölenen hasaplanýardy, Hudaýyň isleginiň ýerine ýetmegine hiç zat päsgel berip bilmeýär. Şeýlelikde, Ýehowa Isa Mesihiň geljekki töleg gurbany arkaly Adam atanyň şol wada iman eden nesilleriniň günälerini bagyşlap bilýärdi. Şeýle-de töleg gurbany arkaly Mesihden öň ýaşanlar direlerler (Res. iş. 24:15).
6:3—5 — Mesih Isa çokundyrylmak we onuň ölümine çokundyrylmak näme aňladýar? Ýehowa Mesihiň şägirtlerini mukaddes ruh arkaly mesh edende, olar Isa bilen birigip, Mesihiň teni bolan ýygnagyň agzasy boldular, Isa bolsa şol ýygnagyň Başy (1 Kor. 12:12, 13, 27; Kol. 1:18). Şeýdip, olar Mesih Isa çokundyryldylar. Şeýle-de mesh edilen mesihçiler «[Mesihiň] ölümine çokundyrylýarlar», ýagny olaryň durmuşynda janaýamazaklyk ruhy has aýdyň görünýär we olar ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýşa bolan umydy ret edýärler. Şol sebäpli olaryň ölümi Isanyň ölümi ýaly pidaly, ýöne olaryň ölümi töleg hökmünde ulanylmaýar. Olar ölüp, gökde ýaşamak üçin direlende, Mesihiň ölümine çokundyrylmagy tamamlanýar.
7:8—11 — Nädip «günä... buýruk arkaly bahana tapýar»? Buýruk adamlara nämäniň günä hasaplanýandygyny bilmäge we özüniň günälidigine düşünmäge kömek etdi. Netijede, olar nähili ýagdaýda günä edýändiklerini has gowy bildiler we köp adamlar özüniň günälidigine düşünip başladylar. Şonuň üçinem günä buýruk arkaly bahana tapýar diýilýär.
Biziň üçin sapak:
1:14, 15. Hoş habary yhlasly wagyz etmäge bizde köp sebäp bar. Olaryň biri — biz Isanyň gany arkaly satyn alnan adamlara ruhy taýdan kömek etmäge borçly.
1:18—20. Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri ýaradylan zatlar bilen görülýär, şol sebäpli oňa iman etmeýän we erbet adamlara «ötünç» ýokdur.
2:28; 3:1 2; 7:6, 7. Pawlusyň ýehudylara aýdan şu sözleri göwne degiji ýaly bolup görünse-de, ol ony ýumşaklyk bilen aýdýar. Bu bize kyn meselede sypaýy we ussatlyk bilen geplemek üçin sapak.
3:4. Eger adamyň sözi Hudaýyň Sözüne gabat gelmese, biz Mukaddes Ýazgylara bil baglap, Hudaýyň islegine görä hereket edýäris we şeýdip, «Hudaýyň dogruçyldygyny» görkezýäris. Biz Patyşalyk baradaky wagyz işine we şägirt taýýarlamaga yhlasly gatnaşyp, adamlara Hudaýyň dogruçyldygyna göz ýetirmäge kömek edýäris.
4:9—12. Ybraýym 99 ýaşynda sünnetlense-de, ondan köp wagt öň iman edeni üçin dogry adam saýyldy (Bar. 12:4; 15:6; 16:3; 17:1, 9, 10). Şeýdip, Hudaý nämäniň esasynda adamlary dogry saýýandygyny görkezdi.
4:18. Umyt etmek imanyň möhüm bölegi hasaplanýar. Biziň imanymyz umyda esaslanýar (Ýew. 11:1).
5:18, 19. Pawlus Isanyň Adam ata meňzeşligini aýdyň görkezip, nädip bir adam «köpleriň ugrunda jynyny töleg hökmünde berip» bilýändigini gysgaça söz bilen düşündirdi (Mat. 20:28). Biz hem Pawlusdan görelde alyp, adamlary aýdyň we gysga sözlülik bilen öwretmeli (1 Kor. 4:17).
7:23. Bedenimiziň agzalary bolan elimiz, aýagymyz we dilimiz bizi «synalarymyzdaky günä kanunyna ýesir edýär», şol sebäpli biz olary nädogry ulanmakdan seresap bolmaly.
8:26, 27. Biz aljyraňňy ýagdaýa düşende, «nähili doga etmelidigini bilmesek», «ruhuň özi... biziň üçin töwella eder». Şonda «Dogalary eşidýän» Ýehowa öz Sözündäki we biziň ýagdaýymyza laýyk gelýän dogalary biziň dogalarymyz hökmünde kabul edýär (Zeb. 65:2).
8:38, 39. Betbagtçylyklar, zalym ruhlar we ynsan hökümiýetleri Ýehowanyň bizi söýmegine päsgel berip bilmeýär; olar bize-de Hudaýymyzy söýmäge päsgel bermeli däl.
9:22—28; 11:1, 5, 17—26. Ysraýylyň dikeldilmegi baradaky pygamberlikleriň köpüsi «diňe ýehudylardan däl, özge milletlerden hem çagyrylan» mesh edilen mesihçilerde ýerine ýetýär.
10:10, 13, 14. Hudaýa we adamlara bolan söýgi bilen birlikde, Ýehowa hem-de onuň wadasyna bolan berk iman, yhlasly gulluk etmäge höweslendirýär.
11:16—24, 33. «Hudaýyň ýagşylygy, gatylygy» nähili sazlaşykly! Hawa, «Ol gaýa, onuň işleri kämildir, onuň ähli ýollary adalatlydyr» (Kanun. 32:4).
AKLANYP ÝAŞAMAK
Pawlus şeýle ýazdy: «[Şol sebäpli, TD] eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn; bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr» (Rim. 12:1). «Şol sebäpli» ýa-da iman edýändigi üçin mesihçiler aklanýarlar, bu olaryň özi, başga adamlar we döwlet häkimiýetleri bilen gatnaşygyna täsir etmeli.
«Men... siziň hemmäňize diýýärin, öz baraňyzda gereginden artyk oýlanmaň» diýip, Pawlus ýazdy. Soňra ol şeýle maslahat berýär: «Söýgi ikiýüzli bolmasyn» (Rim. 12:3, 9). «Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun» (Rim. 13:1). Pawlus wyždana degişli meselede mesihçileri «biri-birini ýazgarmazlyga» çagyrýar (Rim. 14:13).
Sowallaryň jogaby:
12:20 — Biz nädip duşmanymyzyň «başyna közler guýup» bileris? Gadymy döwürde gymmat baha daşy peje salanda, onuň üstünde we aşagynda kömür goýýardylar. Peji güýçli ýakanda daş ereýärdi we ondan garyndysy aýrylýardy. Şonuň ýaly bizem duşmanlarymyzyň başyna köz guýup ýagşylyk etsek, onuň erbet häsiýetleri eräp, gowy häsiýetleri ýüze çykar diýip umyt edýäris.
12:21 — Biz nädip «ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňip» bileris? Munuň üçin biz Hudaýyň tabşyran hoş habaryny batyrgaýlyk bilen, tä Ýehowa ýeterlikli diýýänçe wagyz etmeli (Mar. 13:10).
13:1 — Haýsy manyda ýokary häkimiýetler «Hudaý tarapyndan gurlandyr»? Dünýewi häkimiýetler «Hudaý tarapyndan gurlandyr», çünki olar Hudaýyň rugsat etmegi bilen höküm sürýärler we olaryň höküm sürjegi Hudaý tarapyn öňünden aýdyldy. Bu Mukaddes Ýazgylarda käbir ýolbaşçylar barada pygamberlik edilmegi bilen tassyklanylýar.
Biziň üçin sapak:
12:17, 19. Bize ýamanlyk edýänler üçin özümiz öç alsak, Ýehowanyň hukugyny eýeleýäris. «Ýamanlyk deregine... ýamanlyk etmek», nähili özüňe göwnüýetijilik bolardy!
14:14, 15. Biz doganymyza iýmek-içmegi hödürlände, ony ynjytmaly däl, ýagny büdretmeli däl.
14:17. Hudaýyň razylygyny gazanmaklyk iýip-içmäge ýa-da ondan saklanmaga bagly däl. Onuň razylygyny gazanmaga bize dogrulyk, parahatlyk we şatlyk kömek edýär.
15:7. Biz ýygnaga gelýän akýürekli adamlaryň ählisini ýüz görmän kabul etmeli we Patyşalyk baradaky hoş habary hemmä wagyz etmeli.