Hudaý bize söýgüsini görkezdi
«Merhemet... arkaly ebedi ýaşaýyş üçin dogrulyk bilen höküm sürsün» (RIM. 5:21).
1, 2. Adamlar nähili sowgady gymmatly hasaplaýar, ýöne haýsy sowgat has gymmatly?
AWSTRALIÝADAKY Melburn uniwersitetiniň bir professory Rim imperiýasynyň kanunlary jemgyýetçiligiň we medeniýetiň ösüşi üçin gymmatly sowgatdygyny aýtdy. Emma Mukaddes Ýazgylarda Hudaý söýgi bilen has gymmatly sowgady berendigi aýdylýar. Bu sowgat arkaly Hudaýyň merhemetini gazanýarys, onuň huzurynda dogry saýylýarys we gelejekde halas bolup, ebedi ýaşaýşa gowşarys.
2 Hudaý bu sowgady berip, kanunynyň adalatlydygyny görkezdi. Muny Pawlus resul Rimliler kitabynyň 5-nji babynda kanunlara jikme-jik seredip, düşündirmedi. Gaýtam, ol sözüni ynamly: «Iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr» diýen tolgundyryjy sözler bilen başlady. Ýehowanyň sowgadyny alan adamlar hem Hudaýy söýýär. Pawlus resul şol adamlaryň biridi. Ol: «Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr» diýdi (Rim. 5:1, 5).
3. Haýsy soraglara serederis?
3 Söýgi bilen berlen bu sowgat näme üçin gerekdi? Bu sowgat ähli adamlara peýdaly bolar ýaly, Hudaý kanunyny bozman, ony nädip berip bilerdi? Adamlar bu sowgady almak üçin näme etmeli? Biz şu soraglaryň jogabyny bilsek, Hudaýyň söýgüsine has gowy düşüneris.
Hudaýyň söýgüsi we günä
4, 5. a) Ýehowa nädip uly söýgüsini görkezdi? b) Rimliler 5:12-ä düşünmäge näme kömek edýär?
4 Ýehowa adamlara kömek etmek üçin ýalňyz Ogluny iberip, uly söýgüsini görkezdi. Pawlus resul: «Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» diýdi (Rim. 5:8). «Biz entek günäkärkäk» diýen sözler hakynda oýlanyp görüň. Biz ähli adamlaryň nädip günäli bolandygyny bilmeli.
5 Pawlus resul bu babatda şeýle diýdi: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi» (Rim. 5:12). Biziň muňa düşünmegimiz üçin Hudaý adamzadyň döreýşi barada ýazdyrdy. Hawa, Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaratdy. Ýaradyjy kämil bolany üçin ilkinji ynsanlar hem kämildi. Hudaý Adam ata bilen How enä bir tabşyryk berdi we oňa gulak asmasalar olaryň öljekdigini duýdurdy (Gel. çyk. 2:17). Ýöne olar erbet ýoly saýlap, Hudaýyň tabşyrygyny bozdular, Ýehowany Kanun çykaryjy we Hökümdar hökmünde inkär etdiler (Kan. tag. 32:4, 5).
6. a) Hudaý ysraýyllylara kanun bermezden öň we soň, näme üçin Adam atanyň nesilleri öldi? b) Nämäni nesil yzarlaýan kesele meňzetse bolýar?
6 Adam atanyň çagalary günä edensoň dünýä indi, şol sebäpli günä olaryň hemmesine geçdi. Elbetde, olar Adam ata ýaly Hudaýyň beren tabşyrygyny bozup, günäli bolmady. Emma Adam atanyň nesli günäni miras aldy. Şeýlelikde, Hudaý ysraýyllylara olaryň günälidigini görkezýän kanuny berýänçä-de, günä we ölüm höküm sürýärdi (Rimliler 5:13, 14-nji aýatlary okaň). Miras alan günäni nesil yzarlaýan kesele meňzetse bolýar. Hatda bir maşgalada ata-enesinden nesil yzarlaýan kesel hemme çagalara geçmezligi mümkin. Emma günä babatda beýle bolmaýar. Adam atadan ählimiz günäni miras aldyk, şol sebäpli hemme adamlar ölýär. Bu ýagdaýdan çykalga tapyldymy?
Hudaý Mesih arkaly näme etdi?
7, 8. Nädip iki kämil adamyň eden işi dürli netije berdi?
7 Söýgüden doly Ýehowa adamlaryň miras alan günäsini aýyrmagyň aladasyny etdi. Pawlus resul muny başga bir kämil adam, ýagny «soňky Adam» arkaly etdi diýýär (1 Kor. 15:45). Olaryň ikisi-de kämil bolsa-da, eden işi dürli netije berdi. Nädip? (Rimliliýer 5:15, 16-njy aýatlary okaň).
8 Pawlus resul: «Merhemet sylagy tagsyr ýaly däldir» diýdi. Adam ata günä edendigi üçin, adalatly ölüm jezasyny aldy. Emma onuň diňe özi ölmedi. Biz şeýle okaýarys: «Biriniň tagsyry arkaly köp adamlar öldi». Biziň ählimiz Adam atanyň günäli nesli bolandygymyz üçin ölýäris. Muňa garamazdan, ikinji kämil adam bolan Isanyň eden işi gowy netije berýändigi göwnüňi göterýär. Nähili netije berdi? Bu soraga Pawlus resul şeýle jogap berdi: «Bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi» (Rim. 5:18).
9. Rimliler 5:16, 18-nji aýatlarda aýdylyşy ýaly, Hudaý adamlary aklamak üçin näme etdi?
9 «Aklanma» diýip terjime edilen grek sözi näme aňladýar? Ýokarda agzalan professoryň aýtmagyna görä, aklawçylaryň dilinde «bu söz adamyň häsiýetiniň däl-de, Hudaýyň öňündäki abraýynyň üýtgändigini görkezýär... Bu meňzetmede Hudaý kazy hökmünde suratlandyrylýar we adam Hudaýyň kazyýetine eltilýär. Emma Hudaý aýyplanýan adamyň işine seredip, ony aklaýar».
10. Isa adamlaryň aklanmagy üçin näme etdi?
10 «Bütin ýer ýüzüniň Kazysy» nämäniň esasynda günäli adamlary aklap biler? (Gel. çyk. 18:25). Munuň üçin Hudaý ýer ýüzüne ýalňyz Ogluny iberdi. Isa synaglara, sögünçlere we zorluk-süteme garamazdan, Atasynyň islegini birkemsiz berjaý etdi. Ol tä jebir pürsünde ölýänçä, aýypsyzlygyny saklady (Ýew. 2:10). Isa kämil ynsan janyny gurban berip, Adam atanyň neslini günäniň we ölümiň gulçulygyndan azat etdi, ýagny satyn aldy (Mat. 20:28; Rim. 5:6—8).
11. Öwezini dolýan töleg nädip berildi?
11 Pawlus başga bir hatynda muňa «töleg» diýýär (1 Tim. 2:6). Mukaddes Ýazgylaryň grek dilindäki asyl nusgasyna laýyklykda, töleg ýitirilen zadyň öwezini dolmagy aňladýar. Şeýle töleg nädip berildi? Adam ata ähli nesline, milliardlarça adamlara kämilsizligi we ölümi miras goýdy. Isa bolsa kämil ynsan hökmünde milliardlarça kämil nesli döredip bilerdi. Biz öň Isanyň jany hem-de geljekki kämil nesli Adam atanyň kämilsiz nesliniň eden günäleriniň öwezini dolýan töleg bolup biler diýip düşünýärdika. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda Isanyň geljekki nesline tölegiň bir bölegi diýilmeýär. Rimliler 5:15—19-njy aýatlara görä, diňe «Biriniň» ölümi arkaly töleg berildi. Hawa, Isanyň kämil jany Adam atanyň ýitiren janynyň öwezini doldy. Diýmek, töleg diňe Isa Mesih arkaly berildi. Isanyň «bir dogrulygy», ýagny Hudaýa gulak asyp, ölümine çenli aýypsyz bolmagy bütin ynsanlara aklanmaga we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik döretdi (2 Kor. 5:14, 15; 1 Pet. 3:18). Hudaý günäli adamlary nädip aklady?
Töleg esasynda aklanmak
12, 13. Adamlar näme üçin Hudaýyň merhemeti we söýgüsi esasynda aklanýar?
12 Ýehowa Hudaý Oglunyň hödürlän töleg gurbanyny kabul etdi (Ýew. 9:24; 10:10, 12). Emma Isanyň şägirtleri hem-de resullary bikämildi. Olar erbet iş etmezlige çalyşsalar-da, bu olara hemişe başartmaýardy. Näme üçin? Sebäbi olar günäni miras alypdylar (Rim. 7:18—20). Bu babatda Hudaý kömek edip biljekdi. Ol berlen «tölegi» kabul edip, her bir gullukçysynyň günäsini ýuwmak isleýärdi.
13 Hudaý resullaryň we beýleki gullukçylarynyň eden ýagşy işleri üçin tölegi ulanmaga borçly däldi. Gaýtam, Hudaýyň tölegi her bir günäli adam üçin ulanmagy merhemetini we beýik söýgüsini görkezýär. Ol resullary we beýleki gullukçylaryny höküminden aklady we günäden azat etdi. Pawlus hem muny şeýle düşündirýär: «Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr» (Efes. 2:8).
14, 15. Hudaýyň aklan adamlaryna nähili sylag garaşýar, ýöne şonda-da olar näme etmeli?
14 Gudratygüýçli Hudaýyň adamyň günäsini we ýalňyşyny bagyşlaýandygy barada oýlanyp gör! Adamlaryň mesihçi bolmanka, eden günäleri näçe köp bolsa-da, Hudaý töleg esasynda olary bagyşlaýar. Pawlus: «Köp tagsyrdan bolan merhemet sylagy aklanma üçin berilýändir» diýdi (Rim. 5:16). Şol sylagy (aklanmagy) alan resullar we beýleki adamlar şonda-da hak Hudaýa hemişe iman edip, sežde etmeli. Olara geljekde nähili sylag berler? «Merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer». Hawa, aklanma sylagy Adam atadan miras galan günäni ýuwup, ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär (Rim. 5:17; Luka 22:28—30-njy aýatlary okaň).
15 Aklanma sylagyny alan adamlar Hudaýyň ruhy ogullary bolýar. Olar Mesihiň mirasdaşlary hökmünde gökde ýaşamak üçin direlip, Patyşa Isa Mesih bilen höküm sürerler (Rimliler 8:15—17, 23-nji aýatlary okaň).
Hudaý ähli adamlary söýýär
16. Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar häzirden nähili sylagy alyp bilýär?
16 Hudaýa iman bilen wepaly gulluk edýän mesihçileriň ählisi Isa bilen gökde höküm sürmez. Olaryň köpüsi Hudaýyň gadymy gullukçylary ýaly ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Olar häzirden Hudaýdan aklanma sylagyny alyp, ebedi ýaşaýşa umyt edip bilermi? Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynda «hawa» diýip, jogap berýär!
17, 18. a) Ýehowa Ybraýymyň imanyny göz öňünde tutup, ony nähili adam hasaplady? b) Ýehowa näme üçin Ybraýym pygamberi dogry saýdy?
17 Pawlus resul Hudaýyň ysraýyllylara Musanyň kanunyny bermezden öň we Isanyň gökdäki ýaşaýşa ýol açmazdan ençeme ýyl öň ýaşan Ybraýym pygamberiň mysalyny getirdi (Ýew. 10:19, 20). Biz şeýle okaýarys: «Dünýä mirasçysy bolma wadasy Ybraýyma, onuň nesline kanun arkaly däl, eýsem iman bilen gazanylan dogrulyk arkaly berildi» (Rim. 4:13; Ýakup 2:23, 24). Şonuň üçin Hudaý wepaly Ybraýymy aklap, dogry hasaplaýardy (Rimliler 4:20—22-nji aýatlary okaň).
18 Ybraýym ençeme ýyl Ýehowa gulluk edip, hiç hili günä etmedi diýip bolmaz. Dogry saýylýan Ybraýym hem günälidi (Rim. 3:10, 23). Ýehowa çäksiz akyldarlygy bilen Ybraýymyň imanynyň berkdigini we ony durmuşynda görkezýändigini göz öňünde tutdy. Esasanam, Ybraýym özüniň neslinden dörejek wada edilen «nesle» ynanýardy. Şol Nesil Mesih bolmalydy (Gel. çyk. 15:6; 22:15—18). Şeýlelikde, Hudaý geçmişde edilen günäleri Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly bagyşlaýardy. Şol sebäpli, Isadan öň ýaşan Ybraýym we onuň neslinden bolan hudaýhon adamlar direler (Rimliler 3:24, 25-nji aýatlary okaň; Zeb. 32:1, 2).
Hudaýyň huzurynda dogrudygymyza begenýäris
19. Hudaýyň Ybraýyma bolan garaýşy häzir köp adamlary näme üçin ruhlandyrmaly?
19 Söýgüden doly Hudaýyň Ybraýymy dogry saýandygy häzirki mesihçileri ruhlandyrmaly. Sebäbi Ybraýymyň aklanmagy bilen mesh edilen mesihçileriň aklanmagynyň arasynda tapawut bar. Ýehowa mesh edilenleri «Mesihiň... mirasdaşlary» hökmünde saýlap, «mukaddeslige çagyrýar» we «ogullary» ýaly kabul edýär (Rim. 1:7; 8:14, 17, 33). Emma mesh edilen mesihçilerden tapawutlylykda, töleg gurbany berilmänkä, Ybraýyma «Hudaýyň dosty» diýildi (Ýakup 2:23; Iş. 41:8). Ýer ýüzünde Jennetde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler barada näme diýse bolar?
20. Hudaý Ybraýym ýaly dogry saýylýan adamlaryň näme etmegini isleýär?
20 Olar «Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly» «aklanma sylagyny» we gökdäki ýaşaýşy almaýarlar (Rim. 3:24; 5:15, 17). Olar Hudaýa we onuň eden işlerine berk iman edip, imanyny ýagşy işler bilen görkezýärler. «Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, Reb Isa Mesihe degişli zatlary... öwretmek» ýagşy işleriň biridir (Res. iş. 28:31). Şonda Ýehowa olary Ybraýym ýaly dogry saýýar. Olar mesh edilen mesihçileriň alýan «sylagyndan» tapawutlylykda, Hudaý bilen dostlaşmak sylagyny alýar. Hawa, olar bu sylagy uly minnetdarlyk bilen kabul edýär.
21. Ýehowanyň söýgüsiniň we adalatynyň näme peýdasy bar?
21 Siz ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän bolsaňyz, onda munuň ynsan hökümdarlarynyň tagallasy bilen amala aşmajagyna düşünmeli. Bu diňe Gudratygüýçli Hudaýyň paýhasly maksady bilen amala aşar. Ýehowa adalatyna görä, munuň üçin aýgytly ädimler ätdi. Galyberse-de, bu Hudaýyň uly söýgüsini görkezýär. Pawlus resul şeýle diýdi: «Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» (Rim. 5:8).
a Meselem, geljekki nesle şeýle garaýyş barada «Ýazgylara düşünmek» (iňl., tom 2, sah. 736, abz. 4, 5) kitabynda we 15-nji mart 2000-nji ýylda çykan «Garawul diňi» (rus., sah. 4, abz. 4) žurnalynda aýdylýar.
Ýadyňyzdamy?
• Adam atanyň nesli nämäni miras aldy we bu nämä eltdi?
• Haýsy manyda öwezi dolýan töleg berildi we nädip?
• Bize aklanma sylagy arkaly nähili gelejek garaşýar?