Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/6 sah. 7—11
  • Hoş habary hemmeler eşitmeli

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoş habary hemmeler eşitmeli
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Rimli mesihçilere näme kömek etdi
  • Adamlar günälidigine düşünmeli
  • Güwä geçýän ynsap
  • Isa barada hoş habar
  • Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Hoş habar»
    Ýehowa aýdym aýdalyň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/6 sah. 7—11

Hoş habary hemmeler eşitmeli

«Hoş Habar... Hudaýyň gutulma güýjüdir» (RIM 1:16).

1, 2. Sen näme üçin «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» wagyz edýärsiň we nämäni nygtap geçýärsiň?

«MEN hoş habary her gün wagyz etmegi gowy görýärin». Käte senem şeýle diýýänsiň. Sen Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde, «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» wagyz etmegiň wajypdygyny bilýänsiň. Şeýle-de Isanyň wagyz etmek baradaky pygamberligini ýatdan bilýänsiň (Mat. 24:14).

2 Sen «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» wagyz edip, Isanyň başlan işini dowam edýärsiň (Luka 4:43-i okaň). Elbetde, sen köplenç tizden Hudaýyň adamlaryň işine goşuljakdygyny gürrüň berýänsiň. Hudaý «uly muşakgatda» ýalan dinleri we ýer ýüzünden erbetligi ýok eder (Mat. 24:21). Şeýle-de sen Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüni Jennet edip, adamlaryň parahat we bagtly ýaşajakdygyny nygtap geçýänsiň. Dogrudan-da, «Patyşalyk baradaky hoş habar» Ybraýyma: «Bütin milletlere sen arkaly bereket iner» diýlip, öňünden aýdylan buşluk bilen baglanyşykly (Gal. 3:8).

3. Näme üçin Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda «hoş habary» nygtap geçdi diýse bolar?

3 Eýsem, adamlaryň eşitmeli «hoş habarynyň» esasy tarapyna üns berýärismi? Pawlus resul rimlilere ýazan hatynyň asyl nusgasynda «patyşalyk» sözi diňe bir sapar, «hoş habar» diýen jümläni bolsa 12 sapar ulanýar (Rimliler 14:17-ni okaň). Rimliler kitabynda Pawlus resulyň birnäçe gezek agzan «hoş habary» näme aňladýar? Näme üçin bu «hoş habar» wajyp? Näme üçin biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlara «Hudaýyň hoş habaryny» wagyz etmegi unutmaly däl? (Mar. 1:14; Rim. 15:16; 1 Sel. 2:2).

Rimli mesihçilere näme kömek etdi

4. Pawlus resul Rimde birinji gezek tussagdaka näme barada wagyz etdi?

4 Pawlus resul Rimde birinji gezek tussagdaka, näme barada wagyz edenine seredeliň. Injilden bilşimiz ýaly, köp ýehudylar Pawlusyň ýanyna gelende, ol 1) Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdi, 2) Isa ynandyrmaga çalyşdy. Netijede näme boldy? «Aýdylan zatlara käbiri ynandy, käbiri ynanmady». Şondan soň Pawlus resul «ýanyna gelenleriň baryny» mähirli kabul edip, 1) Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etdi, 2) Reb Isa Mesihe degişli zatlary öwretdi (Res. iş. 28:17, 23—31). Görşümiz ýaly, Pawlus resul Hudaýyň Patyşalygyna üns berýärdi. Ýöne ol ýene-de nämäni nygtap geçdi?

5. Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynda nämäniň wajypdygyny nygtady?

5 Ähli adamlar Isany tanamaly we oňa iman etmeli. Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynda munuň wajypdygyny nygtady. Başda Pawlus resul şeýle ýazdy: «Oglunyň Hoş Habarynda ruhum bilen gullugyny edýän Hudaýym güwämdir.Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene... Hudaýyň gutulma güýjüdir». Soňra ol şeýle düşündirdi: «Meniň Hoş Habaryma görä, Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlaryň ýaşyryn işleriniň üstünden höküm çykarar». Şol sebäpli Pawlus resul: «Men Iýerusalimden başlap, Illiriýa çenli aýlanyp, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratdym» diýdia (Rim. 1:10, 16; 2:16; 15:19). Seniň pikiriňçe, Pawlus resul rimlilere näme üçin Isa Mesih barada nygtap geçdi?

6, 7. Rimdäki ýygnagyň döreýşi we onuň agzalary barada näme diýse bolar?

6 Biz Rimdäki ýygnagyň nädip dörändigini bilmeýäris. B. e. 33-nji ýylynda Pentikost güni ýewreýler ýa-da ýehudy dinine geçen adamlar Rime mesihçi bolup, dolandylarmyka? (Res. iş. 2:10). Ýa-da mesihçi söwdagärler we syýahatçylar Rimde hakykaty ýaýratdylarmy? Nähili bolaýanda-da, Pawlus resul b. e. 56-njy ýylynda hat ýazanda, Rimde köp ýyldan bäri ýygnak bardy (Rim. 1:8). Ýygnakda haýsy milletlerden adamlar bardy?

7 Dogan-uýalaryň köpüsi ýewreýdi. Pawlusyň salam aýdan «garyndaşlary» Andronikos bilen Ýunias ýewreýdiler. Çadyr ýasaýan Akila we onuň aýaly Priskilla hem ýewreýdiler (Rim. 4:1; 9:3, 4; 16:3, 7; Res. iş. 18:2). Emma Pawlus resulyň salam aýdan dogan-uýalaryň köpüsi ýewreý däldi. Belki, olaryň käbiri «kaýsaryň içerisi», ýagny kaýsaryň gullary we onuň hyzmatärleri bolandyr (Flp. 4:22; Rim. 1:6; 11:13).

8. Rimdäki mesihçiler näme üçin kömege mätäçdi?

8 Rimdäki mesihçileriň hemmesi milletine garamazdan, biz ýaly kömege mätäçdi. Pawlus resul: «Bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy» diýdi (Rim. 3:23). Görşümiz ýaly, Pawlus resulyň hat ýazan adamlary günälidigine düşünmelidi we olar günäleriniň geçilmegi üçin Isa Mesihe iman etmelidi.

Adamlar günälidigine düşünmeli

9. Pawlus resul «hoş habaryň» nähili mümkinçilik berýändigini aýtdy?

9 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynyň başynda: «Men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene, ilki bilen ýehudylara we soňra greklere Hudaýyň gutulma güýjüdir» diýip, hoş habaryň ajaýyp mümkinçilik berýändigini aýtdy. Dogrudan-da, hoş habar arkaly gutulyp bolýar. Emma Pawlus resul: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýip, iman etmegiň wajypdygyny görkezdi (Rim. 1:16, 17; Gal. 3:11; Ýew. 10:38). Eger ähli adamlar günäli bolsa, «hoş habar» nädip halas edip biler?

10, 11. Käbir adamlar Rimliler 3:23-däki sözlere näme üçin düşünmeýär?

10 Adam gutulmak üçin Hudaýa imanyny artdyryp, günälidigine düşünmeli. Hudaýa iman edip ulalan we Mukaddes Ýazgylary biraz bilýän adamlar hem günälidigini bilmeýär (Wagyzçy 7:20-ni okaň)b. Olar Pawlus resulyň «bary günä etdi» diýen sözleri bilen ylalaşsa-da, ylalaşmasa-da, onuň manysyna biraz düşünýärler (Rim. 3:23). Emma biz wagyzda, şu sözleriň manysyna düşünmeýän köp adamlara duş gelýäris.

11 Käbir ýurtlarda adamlar günäni miras alyp, günäli dogulýandygyny köplenç bilmeýärler. Olar ýalňyşýandygyna, ýaramaz häsiýetlidigine we erbet işler edip bilýändigine düşünýärler. Olar şunuň ýaly kemçilikleri başga adamlarda hem görýär. Şeýle medeniýetde önüp-ösen adamlar, özleriniň we başgalaryň näme üçin şeýle edýändigine düşünmeýär. Käbir dillerde günäkär adam diýlende, jenaýatçy göz öňünde tutulýar. Elbetde, şeýle medeniýetde terbiýe alan adam Pawlusyň sözüniň manysyna düşünmän, özüniň günälidigini bilmeýär.

12. Näme üçin köp adamlar hemmeleriň günälidigine ynanmaýar?

12 Hristian ýurtlarynda ýaşaýan adamlaryň köpüsi günälidigine ynanmaýarlar. Näme üçin? Hatda olar buthanalara barsa-da, Mukaddes Ýazgylardaky Adam ata bilen How ene baradaky wakany toslama ýa-da rowaýat hasaplaýarlar. Käbir adamlar ateizme ynanýan ýurtlarda terbiýe aldy. Olar Hudaýyň bardygyna şübhelenýändigi üçin, Gudratygüýçliniň adamlara ahlak kadalary berýändigine we olary bozsaň günädigine düşünmeýär. Olar Pawlus resulyň «umytsyz, dünýäde Hudaýsyz» diýen adamlaryna meňzeýär (Efes. 2:12).

13, 14. a) Näme üçin Hudaýa ynanmaýan we özüni günäsiz saýýan adamlaryň günäsi ötülmeýär? b) Köp adamlaryň imansyzlygy nämä eltdi?

13 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda adamyň milletine garamazdan, Hudaýa ynanmazlygyň bagyşlanylmaýandygynyň iki sebäbini aýtdy. Birinjiden, ýaradylan zatlar Ýaradyjynyň bardygyna güwä geçýär (Rimliler 1:19, 20-nji aýatlary okaň.) Bu Pawlus resulyň syn eden zatlary barada rimdäki ýewreýlere ýazan hatyndan görünýär. Ol: «Her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr» diýdi (Ýew. 3:4). Şeýle deliller älemiň Ýaradyjysynyň bardygyny görkezýär.

14 Şol sebäpli Pawlus resulyň rimlilere ýazan hatynda butlara sežde edýän ähli adamlaryň, şol sanda ysraýyllylaryň günäsi «ötünçsiz bolar» diýip ýazmaga degerli sebäpleri bardy. Şeýle-de teniň tebigy ulanylyşyny tebigy ters ulanyşa öwrüp, azgynçylyk edýän erkekleriň we aýallaryň günäsi hem geçilmez (Rim. 1:22—27). Şeýlelikde, Pawlus resul «hem ýehudylar, hem-de grekler günäkär» diýen netijä gelýär (Rim. 3:9).

Güwä geçýän ynsap

15. Ähli adamlarda näme bar we bu olara nähili täsir edýär?

15 Rimliler kitabynda adamlaryň günälidigine düşünmek we kyn ýagdaýdan çykalga gözlemelidiginiň ýene-de bir sebäbi görkezilýär. Ysraýyllylara berlen Musanyň kanuny barada Pawlus resul: «Kanun astynda günä edenler kanun boýunça höküm ediler» diýdi (Rim. 2:12). Şeýle-de ol kanuny bilmeýän milletleriň köplenç häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýändigini belläp geçýär. Näme üçin şeýle milletleriň adatça ýakyn garyndaşy bilen jyns gatnaşyk etmegi, adam öldürmegi, ogurlygy gadagan edýär? Pawlus resul olaryň ynsaby bar diýip düşündirýär (Rimliler 2:14, 15-nji aýatlary okaň).

16. Adamyň ynsaby bolsa-da, bu günä etmejegini aňladýarmy?

16 Emma sen adamyň «güwä geçýän ynsaby» bolsa-da, oňa eýermeýändigini görensiň. Bu ysraýyl halkynyň mysalyndan görünýär. Olarda Hudaýyň beren ynsaby we kanuny bolsa-da, ogurlyk we ahlaksyzlyk edip, köplenç ynsabyna we Ýehowanyň kanunyna garşy gidýärdi (Rim. 2:21—23). Olar Hudaýyň kadalaryny bilgeşleýin bozup, iki esse günä gazanýardy. Şeýdip, olar Ýehowa bilen gatnaşygyny bozýardy (Lew. 19:11; 20:10; Rim. 3:20).

17. Biz Rimliler kitabyndan nähili teselli tapýarys?

17 Biz Rimliler kitabynda ýazylan zatlara seredip, ähli adamlaryň, şol sanda biziňem ýagdaýymyzyň Gudratygüýçliniň öňünde örän gözgyny bolup görünmegi mümkin. Emma Pawlus resul beýle diýjek bolmady. Ol Zebur 32:1, 2-nji aýatlardan Dawudyň sözlerini getirip şeýle diýdi: «Kanunsyzlyklary bagyşlananlar, günäleriniň üsti örtülenler nähili bagtly! Rebbiň günäli saýmaýan adamy nähili bagtly!» (Rim. 4:7, 8). Hawa, Hudaý adyl kanunyny bozman adamlaryň günäsini geçýär.

Isa barada hoş habar

18, 19. a) Pawlus rimlilere ýazan hatynda «hoş habar» babatda nämäni belläp geçdi? b) Biz Hudaýyň Patyşalygynyň bereketlerini almak üçin nämä düşünmeli?

18 Ýehowanyň näme edendigi barada oýlansaň, «hakykatdanam, bu hoş habar!» diýersiň. Pawlus resulyň Rimliler kitabynda hoş habar barada aýdan sözlerini ýada salalyň. Ol: «Men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol... Hudaýyň gutulma güýjüdir» diýdi (Rim. 1:15, 16).

19 Isa baradaky «hoş habar» Hudaýyň niýetinde ähmiýetli orun tutýar. Pawlus resul wagyz edýän «Hoş Habaryna görä, Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlaryň ýaşyryn işleriniň üstünden höküm çykarjak gününe» sabyrsyzlyk bilen garaşýardy (Rim. 2:16). Ol «Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygyny» ýa-da Ýehowanyň Patyşalygy arkaly etjek işini ähmiýetsiz saýmady (Efes. 5:5). Gaýtam, ol bize Hudaýyň hökümdarlygy astynda ýaşap, bereketler almak üçin 1) Hudaýyň öňünde günälidigimize düşünmelidigimizi, 2) günälerimiz bagyşlanar ýaly, näme üçin Isa Mesihe iman etmelidigimizi görkezdi. Hudaýyň niýetindäki bu zatlara düşünip, kabul edýän her bir adamda gelejege umyt dörär we «Hakykatdanam, bu hoş habar!» diýip biler.

20, 21. Gullukda Rimliler kitabynda nygtap geçilýän hoş habar barada nämäni unutmaly däl we bu nähili netije berer?

20 Biz wagyz edenimizde Isa baradaky hoş habary unutmaly däl. Pawlus resul Isa barada Işaýa pygamberiň sözüni getirip: «Oňa iman eden kişi utandyrylmaz» diýdi (Rim. 10:11; Iş. 28:16). Şu günler Mukaddes Ýazgylarda günä hakynda näme diýilýändigini kän bilmeýän adamlara Isa baradaky habar düşnüksiz bolup biler. Käbir adamlaryň ýaşaýan ýerinde Hudaý barada hiç zat bilmeseler we oňa ynanmasalar, olar üçin bu habar täzelik bolup biler. Şeýle adamlar Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara ynanar ýaly, biz Isanyň ähmiýetini düşündirmeli. Biz indiki makalada Rimliler kitabynyň 5-nji babynda Isa baradaky hoş habaryň düşündirilişine serederis. Siz munuň wagyzda nähili peýdaly boljakdygyna göz ýetirersiňiz.

21 Rimliler kitabynda birnäçe gezek aýdylýan hoş habara, ýagny «her bir iman edene... Hudaýyň gutulma güýji» bolan habara akýürekli adamlara düşünmäge kömek etmek uly hormat (Rim. 1:16). Mundan başga-da, biz Pawlus resul ýaly: «Parahatlyk hoş habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap!» diýýän adamlary göreris (Rim. 10:15; Iş. 52:7).

a Bu jümle Injiliň başga kitaplarynda-da duş gelýär (Mar. 1:1; Res. iş. 5:42; 1 Kor. 9:12; Flp. 1:27).

b Wagyzçy 7:20. Ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, günä etmedik dogry adam ýok.

Ýadyňyzdamy?

• Rimliler kitabynda hoş habaryň haýsy tarapy nygtalýar?

• Biz adamlara nämä düşünmäge kömek etmeli?

• «Isa Mesih hakyndaky hoş habar» bize we adamlara nähili bereket berer?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş