Çagalar suwda çokundyrylmalymy?
«MEN gyzymyň Ýehowa gulluk edýänine begenýärin, onuň hem bagtlydygyny bilýärin» diýip, filipili Karlosa atly dogan aýdýar. Gresiýaly bir dogan hem şeýle ýazýar: «Men aýalym bilen üç çagamyzyň ýetginjekkä, suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Güwäçisi bolandygyna guwanýaryn. Olar ruhy taýdan ösüp, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärler».
Mesihçi ata-eneleriň çagalary suwda çokundyrylanda begenjiniň çägi bolmaýar, emma käwagt olar hem şatlanýar, hem alada edýär. Bir mesihçi ene: «Men hem begenýärdim, hem biynjalyk bolýardym» diýýär. Näme üçin şeýle duýgular bolýarka? Ol şeýle diýýär: «Men oglumyň indi Ýehowanyň öňünde jogapkärdigine düşünýärdim».
Çagalaryň hemmesi Ýehowanyň Güwäçisi bolup, oňa gulluk etmegi maksat edinmeli. Emma mesihçi ata-eneler şeýle diýmekleri mümkin: «Men çagamyň ruhy taýdan ösýändigini bilýärin, ýöne Ýehowanyň öňünde arassa bolmak üçin, ol ahlaksyzlyga garşy durup bilermi?» Käbir ata-eneler bolsa, özlerine şeýle sorag berýär: «Çagam pula we zada gyzman, Hudaýa şatlykly hem yhlasly gulluk edermi?» Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylardaky haýsy tabşyryk ata-enelere çagalarynyň suwda çokundyrylmaga taýyndygyny bilmäge kömek eder?
Isanyň şägirdi bolmak örän wajyp
Mukaddes Ýazgylarda näçe ýaşda suwda çokundyrylmalydygy däl-de, eýsem, nähili talaba laýyk gelmelidigi aýdylýar. Isa şägirtlerine şeýle tabşyryk berdi: «Bütin milletleri şägirt ediň... çokundyryň» (Mat. 28:19). Görşümiz ýaly, Isanyň şägirdi bolan adamlar suwda çokundyrylýar.
Şägirt diýmek näme? «Ýazgylara düşünmek» (iňl.) kitabynda şeýle diýilýär: «Şägirt — diňe Isanyň taglymatlaryna ynanýan däl-de, olary berjaý edýän adam». Çagalar hem Isanyň hakyky şägirdi bolup bilýärmi? Günorta Amerikada 40 ýyldan gowrak missioner bolup gulluk edýän uýa özi we iki aýal dogany barada şeýle diýýär: «Biz çaga bolsak-da, Ýehowa gulluk edip, Jennetde ýaşamak isleýändigimize aklymyz ýetýärdi. Özümizi Ýehowa bagyş edenimiz üçin ýaşlyk höweslerine berk garşy durup bildik. Biz özümizi Ýehowa kiçilikden bagyş edenimize hiç ökünmeýäris».
Çagaňyzyň Isanyň şägirdi bolandygyny nädip bilip bolar? Mukaddes Ýazgylarda: «Işi sapmy, dogrumy ýa dälmi, çaga-da öz edenleri bilen tanalýandyr» diýilýär (Sül. tym. 20:11). Şägirt hökmünde çagaňyzyň «ilerleýşini» görkezýän käbir zatlara seredeliň (1 Tim. 4:15).
Isanyň şägirdidigini subut etmek
Çagaňyz size gulak asýarmy? (Kol. 3:20). Ol öýüňizde berilýän ýumuşlary ýerine ýetirýärmi? Injilde 12 ýaşly Isanyň ene-atasynyň «tabynlygynda galandygy» aýdylýar (Luka 2:51). Elbetde, şu günler hiç bir çaga ata-enesine birkemsiz gulak asyp bilmeýär. Emma mesihçiler Isanyň göreldesine doly eýermeli. Suwda çokundyrylmak isleýän çagalar ata-enesine gulak asmalydygyna düşünmeli (1 Pet. 2:21).
Şu aşakdaky soraglara seredeliň: «Ogluňyz ýa gyzyňyz «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny» agtarýarmy? (Mat. 6:33). Ol adamlara hoş habary höwes bilen wagyz edýärmi ýa-da siz ony mejburlyk bilen öýden-öýe wagyz etmäge äkidýärsiňizmi? Çagaňyz suwda çokundyrylmadyk wagyzçy borjuna çynlakaý garaýarmy? Ol meýdançasyndaky gyzyklanýan adamlara ikilenç ideg etmek isleýärmi? Klasdaşlaryna we mugallymlaryna Ýehowanyň Güwäçisidigini aýdýarmy?
Ol ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy wajyp hasaplaýarmy? (Zeb. 122:1). Ogluňyz ýa gyzyňyz «Garawul diňi» öwrenilýän we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda jogap bermegi halaýarmy? Teokratik gulluk mekdebinde höwes bilen çykyş edýärmi? (Ýew. 10:24, 25).
Çagaňyz mekdepde-de, başga ýerlerde-de ýaman ýaranlardan gaça durup, ahlak taýdan arassa bolmaga çalyşýarmy? (Sül. tym. 13:20). Ol nähili aýdym-sazy, filmleri, telegepleşikleri, wideooýunlary we Internet sahypalaryny gowy görýär? Onuň sözleri we özüni alyp barşy Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermek isleýändigini görkezýärmi?
Çagaňyz Mukadddes Ýazgylary gowy bilýärmi? Maşgala okuwynda öwrenen zatlaryny öz sözleri bilen aýdyp bilýärmi? Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny düşündirip bilýärmi? (Sül. tym. 2:6—9). Ol Mukaddes Ýazgylary okamagy we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatyny öwrenmegi gowy görýärmi? (Mat. 24:45). Ol Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary we aýatlary barada soraglar berýärmi?
Şeýle soraglar çagaňyzyň ruhy taýdan ösüşini bilmäge ýardam eder. Şu soraglara seredip, çagaňyzyň suwda çokundyrylmak üçin käbir zatlaryň üstünde işlemelidigine göz ýetirersiňiz. Onuň durmuşyndan Isanyň şägirdidigi görünse we özüni Hudaýa bagyş eden bolsa, onda siz çagaňyzyň suwda çokundyrylmagyna razylyk berip bilersiňiz.
Çagalar Ýehowany şöhratlandyryp bilýär
Hudaýyň ençeme gullukçylary ýetginjeklik ýyllary wepaly gulluk etdiler. Ýusup, Samuel, Ýoşiýa we Isa barada oýlanyp görüň (Gel. çyk. 37:2; 39:1—3; 1 Sam. 1:24—28; 2:18—20; 2 Tar. 34:1—3; Luka 2:42—49). Filipusyň welilik edýän dört gyzy hem çagalykdan gowy terbiýe alan bolmaly (Res. iş. 21:8, 9).
Gresiýaly bir dogan şeýle diýýär: «Men 12 ýaşymda suwda çokundyryldym. Men muňa hiç haçan ökünmeýärin. Şondan bäri 24 ýyl geçdi, onuň 23 ýylyny pioner bolup gulluk etdim. Ýaşlygymda kynçylyklara döz gelmäge Ýehowa bolan söýgim hemişe kömek edýärdi. 12 ýaşymda Mukaddes Ýazgylary häzirki ýaly gowy bilmeýärdim. Emma Ýehowany söýýärdim we oňa ebedi gulluk etmek isleýärdim. Ýehowanyň maňa gulluk etmäge kömek edýändigine begenýärin».
Isanyň hakyky şägirdidigini subut etmek üçin ýaşlar hem, gartaşanlar hem suwda çokundyrylmaly. Pawlus resul: «Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir» diýdi (Rim. 10:10). Isanyň ýaş şägirdi suwda çokundyrylmak ýaly wajyp ädimi ätse, bu çaganyň hem, ata-enesiniň hem durmuşynda iň ähmiýetli waka bolar. Goý, size we çagaňyza şatlanmaga hiç zat päsgel bermesin.
a Käbir atlar üýtgedildi.
[5-nji sahypadaky çarçuwa]
Suwda çokundyrylmaga dogry garaýyş
Käbir ata-eneler çagasynyň suwda çokundyrylmagynyň dogrudygyna düşünseler-de, biraz howply görýärler. Eýsem, suwda çokundyrylmak we Hudaýa mukaddes gulluk etmek, gelejegiň üçin howply bolup bilermi? Mukaddes Ýazgylara görä, howply däl. Süleýmanyň tymsallary 10:22-de: «Rebbiň berekedi baý edýändir, Ol oňa hysyrdy garýan däldir» diýilýär. Pawlus resul hem ýaş Timoteosa: «Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr» diýip ýazdy (1 Tim. 6:6).
Dogrudan-da, Ýehowa gulluk etmek aňsat däl. Ýeremiýa pygamber hem köp kynçylyklara duş geldi. Muňa garamazdan, ol: «Seniň sözüň maňa begenç we ýüregime şatlyk berdi, sebäbi, eý Ýehowa, Goşunlar Hudaýy, maňa seniň adyň dakyldy» diýdi (Ýerem. 15:16). Ýeremiýa Hudaýa gulluk etmegiň şatlyk berýändigini bilýärdi. Şeýtanyň dünýäsi bolsa, diňe kynçylyk döredýär. Ata-eneler çagalaryna muňa düşünmäge kömek etmeli (Ýerem. 1:19).
[6-njy sahypadaky çarçuwa]
Çagamyň suwda çokundyrylmagyny soňa goýmalymy?
Käte çagasy suwda çokundyrylmaga taýyn bolsa-da, ata-enesi muny soňa goýmagy makul bilýär. Näme üçin?
«Çagam suwda çokundyrylansoň, agyr günä edip, ýygnak gatnaşygyndan kesiler diýip gorkýaryn». Suwda çokundyrylmagy soňa goýýan ýaşlar edýän işleri üçin Hudaýyň öňünde jogap bermeýär diýse bolýarmy? Süleýman pygamber ýaşlara: «Bularyň (edýän işleriň) hakda Hudaý senden hasap sorar» diýdi (Wag. 11:9). Pawlus resulyň: «Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» diýen sözleri hem ähli ýaşdaky adamlara degişli (Rim. 14:12).
Suwda çokundyrylan we çokundyrylmadyk adamlaryň hemmesi Hudaýyň öňünde jogapkär. Ýehowanyň gullukçylaryna «güýjünden öte synalmagyna ýol bermän», goraýandygyny unutmaň (1 Kor. 10:13). Olar hüşgär bolmak bilen, synaglara garşy durup, Hudaýyň goldajakdygyna ynanyp biler (1 Pet. 5:6—9). Bir mesihçi ene şeýle diýýär: «Suwda çokundyrylan çagalar dünýäniň erbet höweslerine garşy durmak üçin has köp tagalla edýär. 15 ýaşynda suwda çokundyrylan oglum çokundyrylmagyň goragdygyny aýdýar. Şeýle-de ol: «Ýehowanyň kanuny bozmak barada pikir hem etmeýärdim» diýýär. Suwda çokundyrylan adamda dogry ýaşamaga güýçli islegi bolýar».
Sen çagalaryňa sözüň we göreldäň bilen Ýehowa gulak asmagy öwredýän bolsaň, olar suwda çokundyrylansoň hem özüni şeýle alyp barjagyna ynanyp bilersiň. Süleýmanyň tymsallary 20:7-de: «Dogry adam aýypsyzlykda gezýändir; ondan soň ogullary nähili bagtly bolar!» diýilýär (Sül. tym. 20:7).
«Çagamyň, ilki bilen, käbir maksatlara ýetmegini isleýärin». Ýaşlar soňy bilen özüni ekläp biler ýaly, işlemegi öwrenmeli. Emma olary Hudaýa gulluk etmäge däl-de, ýokary bilim almaga we köp pul gazanmaga höweslendirmek howply. Isa pygamber gögermedik «tohum», ýagny Patyşalyk hakdaky söz barada şeýle diýdi: «Tikenler arasyna düşenler bolsa budur: ol sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy sözi bogýar we söz hasylsyz bolýar» (Mat. 13:22). Ene-atalar çagalarynyň Ýehowa bilen dostlugyny wajyp hasaplaman, dünýewi maksatlary goýmaga höweslendirse, onda olaryň Hudaýa gulluk etmäge höwesi gaçar.
Suwda çokundyrylmaga taýyn, ýöne ene-atasy garşy bolan çagalar barada bir tejribeli ýaşuly şeýle diýýär: «Çaga suwda çokundyrylmaga päsgel berilse, ol ruhy taýdan gowşap, lapykeç bolýar». Aýlanýan gözegçi bolsa: «Şeýle çaga Hudaý bilen dostlugym gowşandyr öýdüp, kemsinýär. Şonda ol bu dünýäde ornuny tapjak bolup başlaýar» diýýär.