Ýehowanyň «gabaklary» ähli adamlary barlaýar
«(Ýehowanyň) gabaklary ynsan ogullaryny barlaýar» (ZEB. 11:4).
1. Size nähili adamlar ýaraýar?
SIZIŇ bilen ýürekden gyzyklanýan adamlara nähili garaýarsyňyz? Siz olaryň pikirini bilmek isleseňiz, olar açyk aýdarlar. Olar hemişe kömek bermäge taýyn. Size maslahat gerek bolanda, olar mähir bilen bererler (Zeb. 141:5; Gal. 6:1). Size şeýle adamlar ýaraýarmy? Ýehowa we onuň Ogly siziň bilen çyn ýürekden gyzyklanýar. Hiç bir adam şolar ýaly siziň bilen gyzyklanmaýar. Olar size ýagşy niýet bilen, «soňsuz ýaşaýşa eýe bolmagyňyza» kömek etmek isleýär (1 Tim. 6:19; Ylh. 3:19).
2. Ýehowa gullukçylary bilen nähili gyzyklanýar?
2 Mezmurçy Dawut: «(Ýehowanyň) gözleri garaýar, gabaklary ynsan ogullaryny barlaýar» diýip, Ýehowanyň biziň bilen içgin gyzyklanýandygyny görkezdi (Zeb. 11:4). Hawa, Hudaý bizi ýöne bir görmeýär, ol bizi barlaýar. Şeýle-de Dawut: «Sen meniň ýüregimi derňärsiň; meni gije barlarsyň... hiç bir ýazyk tapmarsyň» diýdi (Zeb. 17:3). Dawut Ýehowanyň oňa ünsli seredýändigine gowy düşünýärdi. Ol günäli pikirleri ýüreginde ösdürse we erbet zat barada oýlansa, Ýehowany gynandyryp, närazy etjekdigini bilýärdi. Siz hem Dawut ýaly, Ýehowanyň hakykatdan-da bardygyna ynanýarsyňyzmy?
Ýehowa ýüregi görýär
3. Ýehowa biziň gowşaklygymyzy göz öňünde tutýandygyny haýsy mysallar görkezýär?
3 Ýehowa, esasanam, adamyň ýüregi bilen gyzyklanýar (Zeb. 19:14; 26:2). Söýgüden doly Hudaý biziň eden kiçi ýalňyşymza köp üns bermeýär. Haçan-da Ybraýymyň aýaly Sara perişdä ýalan sözlände, onuň gorkup, çekinendigine düşündi we ony ýumşaklyk bilen düzetdi (Bar. 18:12—15). Eýýup pygamber «Hudaýy däl-de, özüni dogry hasaplanda», Ýehowa ak patasyndan mahrum etmedi. Sebäbi Ýehowa onuň Şeýtan tarapyndan köp ejir çekendigine düşünýär (Eýýup 32:2; 42:12). Şeýle-de Ýehowa sareptaly dul hatynyň Ylýas pygambere aýdan gödek sözlerine gaharlanmady. Hudaý onuň ýekeje ogluny ýitirip, ejir çekýändigine düşünýärdi (3 Pat. 17:8—24).
4, 5. Ýehowa Abimelege rehimdarlagyny nädip görkezdi?
4 Ýehowa ýüregi görýär, şol sebäpli oňa gulluk etmeýän adamlara-da rehim edýär. Geliň, onuň Filistidäki Gerar şäheriniň patyşasy Abimelege nähili garandygyna seredeliň. Abimelek Sara bilen Ybraýymyň är-aýaldygyny bilmeýär we Sarany aýal edinmek üçin alýar. Emma Abimelek Sara el degirmänkä, düýşünde Ýehowa şeýle diýýär: «Men-de muny ýüregiň saplygy bilen edenligiňi bilýärin, Men-de Maňa garşy günä etmekden seni sakladym we munuň üçin oňa el degirmäge goýmadym. We şindi, ol adamyň aýalyny yzyna ber, çünki ol pygamberdir we seniň üçin doga eder we ýaşarsyň» (Bar. 20:1—7).
5 Elbetde, ýalan taňrylara sežde edýän Abimelege Ýehowa ýowuz garap bilerdi, emma Hudaý bu adamyň erbet niýet bilen däl-de, «ýüreginiň saplygy bilen» edendigini gördi. Ýehowa patyşanyň günäsiniň ötülmegi we «ýaşamagy» üçin näme etmelidigini aýtdy. Şeýle rehimdar Hudaýa sežde etmek nähili ýakymly!
6. Isa nämede Atasynyň göreldesine eýerdi?
6 Isa hemişe şägirtleriniň gowy taraplaryny görüp, ýalňyşlyklaryny geçirip, Atasynyň göreldesine doly eýerýärdi (Mar. 10:35—45; 14:66—72; Luka 22:31, 32; Ýahýa 15:15). Ol Ýahýa 3:17-de: «Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl, eýsem dünýä ol arkaly halas bolsun diýip iberdi» diýen sözlerine görä hereket edýärdi. Ýehowa we Isa biziň ebedi ýaşamagymyzy isleýär, diýmek, olar bizi söýýär (Eýýup 14:15). Ýehowa bizi söýýändigi üçin barlaýar we hereketimize baha berip, düzedýär (1 Ýahýa 4:8, 19-njy aýatlary okaň).
Hudaý bize söýgi bilen garaýar
7. Ýehowa bizi nähili maksat bilen barlaýar?
7 Ýehowa bize gökden garawul ýaly, syn edip, ýalňyşmagymyza garaşýandyr diýip pikir etmek nädogry. Şeýtan bolsa adamlary aýyplap, olardan kemçilik gözleýär (Ylh. 12:10). Ol hiç hili esas bolmasa-da, adamlary erbet niýetli hasaplaýar! (Eýýup 1:9—11; 2:4, 5). Hudaý barada mezmurçy şeýle diýdi: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler?» (Zeb. 130:3). Hiç kimiň durup bilmejegi aýdyň! (Wag. 7:20). Şeýle-de Ýehowa bize çagalaryny howpdan goraýan mähirli ata ýaly seredýär. Ol biziň özümize zyýan ýetirmegimizi islemeýär, şonuň üçin kemçiligimizi we gowşak tarapymyzy görkezýär (Zeb. 103:10—14; Mat. 26:41).
8. Ýehowa gullukçylaryna nädip öwredýär we düzedýär?
8 Hudaý bizi söýgi bilen, Mukaddes Ýazgylar we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän ruhy iýmiti arkaly öwredip, düzedýär (Mat. 24:45; Ýew. 12:5, 6). Şeýle-de Ýehowa bize mesihi ýygnaklar we «adamlar görnüşinde sylaglary» arkaly kömek edýär (Efes. 4:8). Galyberse-de, Ýehowa atalyk terbiýesine biziň nähili garaýandygymyza syn edip, gerek bolan ýagdaýynda, goşmaça kömek berýär. Zebur 32:8-de: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» diýilýär. Şol sebäpli, Ýehowa hemişe gulak asmak wajypdyr! Biz onuň söýgüden doly Halypamyz we Atamyzdygyny boýun alyp, pesgöwünli bolmaly (Matta 18:4-i okaň).
9. Biz nämeden gaça durmaly we näme üçin?
9 Tekepbirlik, ynamsyzlyk ýa-da «günäniň aldawçylygy» sebäpli ýüregimiz gatamaz ýaly, hüşgär bolmaly (Ýew. 3:13; Ýakup 4:6). Köplenç, adam erbet pikirlere we höweslere ýol berende, şeýle bolýar. Hatda, soňy bilen mesihçi Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlary ret edip biler. Iň erbedem, şeýle pikir we hereket Hudaýyň duşmany bolmaga getirip biler! (Sül. tym. 1:22—31). Adam ata bilen How enäniň ilkinji perzendi Kabylyň mysalyna seredeliň.
Ýehowa ýüregi görýär we wagtynda maslahat berýär
10. Ýehowa näme üçin Kabylyň sowgadyny kabul etmedi we Kabylda nähili duýgy döredi?
10 Kabyl bilen Habyl gurban berende, Ýehowa diňe bir olaryň beren sowgadyna däl, eýsem olaryň niýetine-de üns berýär. Hudaý Habylyň iman bilen beren sowgadyny kabul etdi, emma Kabylyň ýüreginde imanyň ýoklugyny görüp, onuň sowgadyny kabul etmedi (Bar. 4:4, 5; Ýew. 11:4). Kabyl mundan netije çykaryp, niýetini düzetmegiň deregine, doganyna gaharlandy (Bar. 4:6).
11. Kabylyň ýüreginiň mekirligi nädip aýan boldy we mundan biz nähili sapak edinip bileris?
11 Ýehowa Kabylyň niýetiniň erbetlige eltjegini görüp, onuň bilen mähirli gepleşdi. Hudaý ondan: «Eger ýagşylyk etseň, ol beýgelmejekmi?» diýip sorady. Gynansak-da, Kabyl Ýaradyjynyň maslahatyna gulak asman, doganyny öldürdi. Onuň Hudaý bilen soňky gepleşigi ýüreginiň erbetligini görkezýär. Hudaý Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» — diýip soranda, ol gödeklik bilen: «Bilmeýärin; men doganymyň sakçysymy?» diýdi (Bar. 4:7—9). Ýürek örän mekir bolup bilýär! Adam ýüreginiň diýenini edip, hatda Hudaýyň beren göni maslahatyny ret edip biler! (Ýerem. 17:9). Geliň, bu mysallardan sapak edinip, erbet pikirleriň we höwesleriň öňüni alalyň (Ýakup 1:14, 15-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, bize maslahat berlende, ony gymmat saýyp, Hudaýyň söýgüsini görjek bolalyň.
Ýehowanyň nazaryndan gizlin zat ýokdur
12. Ýehowa günäli adamlara näme edýär?
12 Käbir adamlar eden günämi hiç kim görmese, hiç zat bolmaz öýdýärler (Zeb. 19:12). Emma gizlin galjak günä ýokdur, çünki «hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr» (Ýew. 4:13). Ýehowa ynsanyň ýüreginde gizlin zatlary barlaýan Kazydyr, ol günäli adama ýokary adalatly prinsipine görä höküm çykarýar. Ýehowa «rehimdar we geçirimli Hudaýdyr, gahary gelmezek, mähriban we hakykaty söýýändir». Emma ol bilgeşleýin günä eden ýa-da niýeti erbet adam toba etmese, «jesasyz goýmaýar» (Çyk. 34:6, 7; Ýew. 10:26). Muny Ýehowanyň Akana, Hananýa, Safira beren jezasyndan görse bolýar.
13. Nädogry pikirler Akanyň günä etmegine nädip täsir etdi?
13 Akan Hudaýyň tabşyrygyny bozup, Eriha şäherinden alnan oljanyň bir bölegini çadyrynda gizleýär, oňa maşgala agzalary hem kömek eden bolmaly. Akanyň günäsi aýan bolanda: «Ýehowa garşy günä etdim» diýip, agyr günä edendigine düşünýär (Ýeş. 7:20). Emma Akan Kabyl ýaly ýüreginde erbet pikirlere ýol berdi. Ol açgözlükden ýaňa günä etdi we eden günäsini gizledi. Erihadan alnan olja Ýehowanyňkydy, şonuň üçin ol Hudaýyň zadyny ogurlady. Netijede, Akan we onuň maşgalasy öldi (Ýeş. 7:25).
14, 15. Näme üçin Hananýa we Safira Hudaýyň jezasyna sezewar boldy we ondan biz nähili sapak edinip bileris?
14 Hananýa we onuň aýaly Safira Iýerusalimdäki mesihçi ýygnagyň agzasydy. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň, uzak ýerlerden gelen we Iýerusalimde birnäçe wagt galan täze imandaşlaryň maddy zerurlyklaryny üpjün etmek üçin, pul jemlemeli bolýar. Şonda mesihçiler meýletin sowgat berip başlaýarlar. Hananýa mülküni satýar we girdejisiniň bir bölegini ýygnaga berýär, mundan aýaly-da habarlydy. Emma Hananýa ähli pulumy berdim diýýär. Şeýle etmek bilen, Hananýa we Safira ýygnakda aýratyn abraýa eýe bolmak isläp, aldadylar. Ýehowa olaryň eden günäsini Petrus resula açdy we ol Hananýany göni paş etdi. Hananýa onuň sözlerini eşiden badyna ýykylyp jan berdi. Şondan soňra Safira-da ölýär (Res. iş. 5:1—11).
15 Hananýa bilen Safira bu duzaga derrew düşmediler. Olar resullary bilgeşleýin aldadylar. Iň erbedem, olar mukaddes ruhy we Hudaýy aldady. Ýehowanyň eden işi ýygnakda ikiýüzlülige ýol bermejekdigini aýdyň görkezýär. Hawa, «diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!» (Ýew. 10:31).
Hemişe aýypsyz boluň
16. a) Şeýtan Hudaýyň halkyny nädip azdyrjak bolýar? b) Iblis adamlary azdyrmak üçin siziň ýaşaýan ýeriňizde nähili duzagy ulanýar?
16 Şeýtan bizi azdyryp, Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin elinden gelenini edýär (Ylh. 12:12, 17). Bu ahlaksyzlykdan we zorlukdan doly zalym dünýä Iblisiň erbet niýetini çeper suratlandyrýar. Şu günler bihaýa görkezilýän zatlar kompýuter we elektron enjamlary arkaly aňsatlyk bilen görse bolýar. Şeýtanyň duzagyna hiç haçan düşmäň! Mezmurçy Dawudyňky ýaly pikirde boluň. Ol: «Kämillik ýolundan ýörejek bolup dykgat ederin... Men öýümde aýypsyz ýürek bilen gezerin» diýdi (Zeb. 101:2).
17. a) Ýehowa näme üçin gizlin günäleri aýan edýär? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?
17 Şu günler Ýehowa geçmişdäki ýaly, adamlaryň agyr günäsini we mekir niýetlerini gudrat arkaly paş etmeýär, emma ol ähli zady görýär. Şonuň üçin ähli gizlin zady öz wagtynda we islegine görä aýan edýär. Pawlus şeýle diýdi: «Käbir adamlaryň günäleri bellidir, höküme olardan öň ýetýändir. Käbirleriniňki bolsa soň aýan bolýandyr» (1 Tim. 5:24). Ýehowa, ilki bilen, söýýändigi üçin günäni açýar. Ol ýygnagy söýýär we ony erbet täsirden goramak isleýär. Galyberse-de, günä eden adam ýürekden toba etse, ol rehimdar bolýar (Sül. tym. 28:13). Geliň, erbet täsirden habardar bolup, Ýehowa doly wepaly bolmaga jan edeliň.
Ýehowa «bütin ýüregiňiz» bilen gulluk ediň
18. Dawut patyşa oglunyň Hudaýa bolan nähili garaýşyny ösdürmek isleýärdi?
18 Dawut patyşa ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Sen ataň Hudaýyny tana we bütin ýüregiň, janyň bilen oňa gulluk et; çünki Ýehowa ähli ýürekleri barlaýar hem-de pikirleriň ugruny bilýär» (1 Tar. 28:9). Dawut oglunyň Hudaýa diňe bir ynanmagyny däl-de, Ýehowanyň gullukçylary bilen gyzyklanýandygyny gymmat saýmagyny isleýärdi. Siz hem Ýehowanyň edýän aladasyna minnetdarsyňyzmy?
19, 20. Zebur 19:7—11-nji aýatlara görä, Ýehowa ýakynlaşmaga Dawuda näme kömek etdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
19 Ýehowa akýürekli adamlaryň onuň ajaýyp häsiýetleri bilen tanyşyp, ýakynlaşmak isleýändigini bilýär. Ýehowa biziň onuň ajaýyp Hudaýdygyny bilmegimizi we onuň bilen doslaşmagymyzy isleýär. Biz Hudaýa ýakynlaşmak üçin, onuň Sözüni öwrenmeli we durmuşymyzda berýän bereketlerine üns bermeli (Sül. tym. 10:22; Ýahýa 14:9).
20 Siz Mukaddes Ýazgylary her gün okaýarsyňyzmy? Hudaýyň Sözüni gymmat saýýarsyňyzmy we düşünmek üçin doga edýärsiňizmi? Siz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler boýunça ýaşamagyň wajypdygyna düşünýärsiňizmi? (Zebur 19:7—11-nji aýatlary okaň). Eger şeýle bolsa, Ýehowa bolan imanyňyz we söýgiňiz artar. Ol bolsa size ýakynlaşyp, göçme manyda, eliňizden tutup, ýanyňyzda ýörär (Iş. 42:6; Ýakup 4:8). Ýehowa söýgüsini subut edip, ýaşaýşa eltýän dar ýoldan ýöreýärkäňiz, bereket berip, ruhy taýdan gorar (Zeb. 91:1, 2; Mat. 7:13, 14).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýehowa bizi näme üçin barlaýar?
• Käbir adamlar nädip Hudaýyň duşmany bolup biler?
• Biz Ýehowanyň hakykatdan bardygyny nädip görkezip bileris?
• Bütin ýüregimiz bilen Hudaýa gulluk etmäge näme kömek eder?