Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/5 sah. 13—17
  • Ýaşlar, üstünligiňiz aýan bolsun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşlar, üstünligiňiz aýan bolsun
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ilerleýiş näme?
  • Kynçylyga «sagdyn düşünjeli» döz geliň
  • Bagtly maşgala durmuşyna taýýarlyk
  • «Hyzmatyňy bitir»
  • Ruhy üstünlikler kanagatlandyrýar
  • Üstünligiňi hemmeler görsün
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Ilerlemegiňizi dowam ediň
    Wagyz mekdebi
  • Jogapkär doganlar, Timoteosyň göreldesine eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Wagyz gullugynda üstünlik gazanyň
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/5 sah. 13—17

Ýaşlar, üstünligiňiz aýan bolsun

«Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi (üstünligiňi, TD) hemmeleriň görmegi üçin, bular bilen meşgullan» (1 TIM. 4:15).

1. Hudaý ýaşlara näme isleýär?

GADYMY Ysraýylyň patyşasy Süleýman şeýle ýazdy: «Eý ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; ýaşlyk günleriňde ýüregiňi begendir» (Wag. 11:9, MKS). Aslynda, bu sözleri ýazdyran Ýehowa Hudaý ýaşlaryň bagtly bolmagyny isleýär. Şeýle-de Ýehowa siziň diňe ýaş wagtyňyz däl, eýsem, hemişe bagtly bolmagyňyzy isleýär. Emma adamlar ýaşlygynda, köplenç gelejegine täsir edýän gynandyryjy ýalňyşlyk edýär. Hatda wepaly Eýýup «ýaşlyk günlerinde eden günäsiniň netijesine» gynandy (Eýýup 13:26). Mesihçiler ýaşlyk döwründe, köplenç wajyp kararlara gelmeli bolýar. Oýlanyşyksyz ädimler ýürege ýara salyp we kynçylyklar döredip, olaryň bütin ömrüne täsir etmegi mümkin (Wag. 11:10).

2. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maslahat ýaşlara agyr ýalňyşlyk etmezlige kömek edýär?

2 Ýaşlar belli bir karara gelmezinden öň gowy oýlanmaly. Pawlus resul korintoslylara şeýle maslahat berdi: «Doganlar, akylda çaga ýaly bolman... kämil boluň» (1 Kor. 14:20). Ýaşlar bu maslahata eýerip, uly adamlar ýaly oýlansalar, agyr ýalňyşlyk etmezler.

3. Saňa ruhy taýdan berk bolmaga näme kömek eder?

3 Ýaşlar ruhy taýdan berk bolmak üçin tagalla etmelidigini unutmaly däl. Pawlus Timoteosa şeýle diýdi: «Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin; gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde, Ruhda imanda we tämiz ahlakda iman getirenlere görelde bol... Mukaddes Ýazgylary ýygnaga okamak, öwüt-ündew etmek, öwretmek bilen meşgul bol... Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi (üstünligiňi) hemmeleriň görmegi üçin, bular bilen meşgullan» (1 Tim. 4:12—15). Ýaş mesihçileriň üstünligi hemmelere aýan bolar ýaly, olar ruhy taýdan ösmeli.

Ilerleýiş näme?

4. Ruhy taýdan ösmek üçin näme etmeli?

4 Ilerlemek bu «ösmek, gowy tarapa özgermekdir». Pawlus Timoteosy gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde, ruhda, imanda we tämiz ahlakda ösmegi hem gullugyny ýerine ýetirmegi maslahat berdi. Timoteos göreldeli bolmak üçin ruhy taýdan ösmelidi.

5, 6. a) Timoteosyň üstünligi haçan aýan boldy? b) Şu günler ýaşlar ruhy taýdan ösmekde Timoteosyň göreldesine nädip eýerip biler?

5 Pawlus bu maslahaty b. e. 61 we 64-nji ýyllarynda berýär; şol wagt Timoteos tejribeli ýaşulydy. Ol ruhy taýdan ýaňy ösüp başlan däldi. B. e. 49 ýa-da 50-nji ýylynda, Timoteos ýigrimi ýaşlaryndady, «onuň Listra we Konýadaky doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy». Doganlar onuň ruhy taýdan ösýändigini görýärdiler (Res. iş. 16:1—5). Şol döwürde Pawlus Timoteosy özi bilen missionerlik syýahatyna alyp gidýär. Pawlus Timoteosyň ruhy taýdan ösüşini görüp, Selanikdäki mesihçilere teselli bermek we berkitmek üçin iberýär (1 Selanikliler 3:1—3, 6-njy aýatlary okaň). Görşümiz ýaly, Timoteosyň üstünlikleri ýaş wagtyndan adamlara aýan boldy.

6 Ýaş mesihçiler, mesihi ýaşaýyşda we Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmekde gazanan üstünlikleriňiz hemmelere aýan bolar ýaly, siz häzirden, gerekli ruhy häsiýetliri ösdüriň! On iki ýaşynda akyldarlykda ösen Isadan görelde alyň (Luka 2:52). Geliň indi, durmuşyň üç tarapynda: 1) kynçylyklara duçar bolanymyzda, 2) maşgala gurmaga taýýarlyk görenimizde, 3) «oňat hyzmatkär» bolanymyzda üstünlikleri nädip aýan etmelidigine seredeliň (1 Tim. 4:6).

Kynçylyga «sagdyn düşünjeli» döz geliň

7. Kynçylyklar ýaşlara nähili täsir edip biler?

7 On ýedi ýaşly uýamyz Kerola şeýle gürrüň berýär: «Men akyl, duýgy we beden taýdan örän ýadaýardym welin, ir bilen oýanasym gelmeýärdi». Ol näme sebäpden ýadaýar? Kerol on ýaşyndaka, onuň ata-enesi aýrylyşýar; ol ejesi bilen galýar. Ejesi Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalary boýunça ýaşamaýar. Belki, Kerol ýaly, saňa-da durmuş hiç haçan özgermejek ýaly görnüp, agram salýandyr.

8. Timoteos nähili kynçylyklara duçar boldy?

8 Timoteos hem ruhy üstünlikler gazananda, kynçylyklar bilen göreşmeli bolýar. Meselem, ol aşgazany agyrýandygy üçin ýygy-ýygydan «nähoşlaýardy» (1 Tim. 5:23). Mesihçileriň käbiri resullaryň abraýyny gaçyrýandygy sebäpli dörän meseläni çözmek üçin, Pawlus Timoteosy Korintosa iberdi. Timoteos ol ýerdäki mesihçileriň «ýanynda gorkusyz bolar ýaly», Pawlus ýygnakdaky mesihçilere onuň bilen işleşmegi maslahat berdi (1 Kor. 4:17; 16:10, 11). Belki, Timoteos çekinjeň bolandyr.

9. Sagdyn düşünje näme we ol gorkaklyk ruhundan nämede tapawutlanýar?

9 Pawlus Timoteosa kömek bermek üçin: «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma (sagdyn düşünje, TD) ruhuny berendir» diýip ýatlatdy (2 Tim. 1:7). Sagdyn düşünje paýhasly oýlanmagy we kyn ýagdaýlarda öz pikiriňe görä däl-de, ähli taraplaýyn seretmegi aňladýar. Ruhy taýdan berk bolmadyk käbir ýaş mesihçiler gorkudan hem kynçylyklardan gaçmak üçin, köp wagtyny telewizor seredip we uklap geçirýär, neşe çekip, spirtli içgileri içip, wagtyny hemişe dostlary bilen şadyýan geçirýär, ahlaksyz işler edýär. Mesihçilere «Hudaýsyzlygy, dünýewi höwesleri ret edip... häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak» maslahat berilýär (Titus 2:12, 13).

10, 11. Ruhy taýdan berkemäge bize sagdyn düşünje nädip kömek edýär?

10 Mukaddes Ýazgylarda «ýaş ýigitlere hem sagdyn düşünjeli bolmak» maslahat berilýär (Titus 2:6). Sen bu maslahata eýerseň, kynçylyga duçar bolanyňda Hudaýa doga edip we onuň berýän güýjüne bil baglap bilersiň (1 Petrus 4:7-ni okaň). Şeýlelikde, «Hudaýyň berýän güýç-kuwwatyna» berk bil baglamagy öwrenersiň (1 Pet. 4:11).

11 Kerola sagdyn düşünjeli bolmak we doga etmek kömek berdi. Ol şeýle gürrüň berdi: «Ejemiň ahlaksyz ýaşaýşyna garşy durmak maňa ähli zatdan kyn düşýärdi. Emma maňa doga etmek örän kömek berdi. Indi, Ýehowanyň meniň bilendigini bilýärin, şonuň üçin men hiç zatdan gorkmaýaryn». Kynçylyklar sizi berkidip, gowy adam bolmaga ýardam berýändigini unutmaň (Zeb. 105:17—19; Ýerem. ag. 3:27). Sen nähili kynçylyga duçar bolsaň-da, Ýehowa seni hiç haçan terk etmez. Ol «saňa kömek eder» (Iş. 41:10).

Bagtly maşgala durmuşyna taýýarlyk

12. Maşgala gurmak barada oýlanýan mesihçi näme üçin Süleýmanyň tymsallary 20:25-däki prinsipe eýermeli?

12 Ýaşlaryň käbiri ýetginjeklik ýaşyna ýetende, ýeke galmazlyk üçin we bagtly bolar ýaly, ýüregi gysyp ýa-da öýdäki kynçylykdan gaçmak üçin, howlukmaç durmuş gurmak isleýär. Ýöne nika wadasyny bermek örän möhüm ädimdir. Gadymy döwürde käbir adamlar mukaddes wadany gyssanmaç berip, emma nähili jogapkärçiliginiň bardygy hakynda oýlanmadylar (Süleýmanyň tymsallary 20:25-i okaň). Käte ýaşlar maşgala gurmak üçin näme talap edilýändigi barada çuňňur pikirlenmeýär. Ýöne soňra maşgalanyň olaryň pikir edişinden köp zady talap edýändigine düşünip galýarlar.

13. Maşgala gurmak barada oýlanýan mesihçi özüne nähili soraglar bermeli we ol nähili peýdaly maslahatlara eýerip biler?

13 Şol sebäpli, biri bilen duşuşyp başlamazdan öňürti, özüňize şeýler soraglar beriň: «Men näme üçin maşgala gurmak isleýärin? Maşgala durmuşyndan nämä garaşýaryn? Ol maňa mynasypmy? Men maşgala borçlaryny ýerine ýetirip bilerinmi?» Size bulardan baş çykarmaga ýardam etmek üçin, «sadyk hem akylly hyzmatkär» ýörite makalalar taýýarlady (Mat. 24:45—47)b. Olara Ýehowanyň berýän maslahaty hökmünde garaň. Olary ünsli öwrenip, durmuşda ulanyň. Hiç haçan «at kimin, gatyr kimin düşünjesiz bolmaň» (Zeb. 32:8, 9). Maşgala durmuşynyň näme talap edýändigine paýhasly garamagy öwreniň. Eger-de duşuşmaga taýýardygyňa göz ýetirseň, «tämiz ahlakda... görelde bolmagy» unutmaň (1 Tim. 4:12).

14. Maşgala guranyňda saňa ruhy taýdan berk bolmak nähili kömek eder?

14 Ruhy taýdan berk bolmak maşgala gurandan soň hem peýdaly bolýar. Ruhy taýdan berk mesihçi «Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetmäge» tagalla edýär (Efes. 4:11—14). Ol Isa meňzemäge çalyşýar. Bize görelde bolup, Isa-da «Öz göwnünden turmady» (Rim. 15:3). Är-aýal öz peýdasyny gözlemän, özgäniň peýdasyny gözlese, maşgala agzybir we bagtly bolar (1 Kor. 10:24). Maşgalabaşy çyn ýürekden maşgalasynyň aladasyny etse, Isanyň Hudaýa tabyn bolşy ýaly, aýal hem ärine doly tabyn bolar (1 Kor. 11:3; Efes. 5:25).

«Hyzmatyňy bitir»

15, 16. Wagyz gullugynda üstünligiňizi nädip aýan edip bilersiňiz?

15 Pawlus Timoteosyň wajyp işi barada şeýle diýdi: «Hudaýyň öňünde... Mesih Isanyň öňünde... saňa ündeýärin: Hudaýyň sözüni wagyz et... taýýar bol... bir Hoş Habarçy bolup işläp, hyzmatyňy bitir» (2 Tim. 4:1, 2, 5). Timoteos bu ýumşy ýerine ýetirmek üçin «imanyň... sözleri bilen ýetişdirilmelidi» (1 Timoteos 4:6-ny okaň).

16 Siz muny nädip edip bilersiňiz? Pawlus şeýle ýazdy: «Mukaddes Ýazgylary ýygnaga okamak, öwüt-ündew etmek, öwretmek bilen meşgul bol. Bu işlerde yhlasly bol» (1 Tim. 4:13, 15). Üstünlik gazanmak üçin özbaşdak okuw geçirmeli. «Bu işlerde yhlasly bol» diýmek bir işe gümra bolmagy aňladýar. Sen özbaşdak okuw geçirýärmiň? Sen «Hudaýyň çuň pikirlerini» öwrenýärmiň? (1 Kor. 2:10). Ýa-da kän bir tagalla etmeýärmiň? Ýüregiňe täsir eder ýaly okan zatlaryň barada oýlanmaly (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5-nji aýatlary okaň).

17, 18. a) Sen nähili ukyplary ösdürmeli? b) Şeýle ukyplary ösdürmek Timoteosa gullukda kömek edişi ýaly, saňa-da nähili kömek berdi?

17 Ýaş pioner uýamyz Mişel şeýle gürrüň berýär: «Men wagyz gullugy netijeli bolar ýaly, yzygiderli özbaşdak okuw geçirýärin we ýygnak duşuşyklaryna barýaryn. Şol sebäpli, men ruhy taýdan ösýärin». Dogrudan-da, pioner bolup gulluk etmek Mukaddes Ýazgylary gowy ulanmaga we ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ünsli okamagy we ýygnak duşuşyklarynda mazmunly jogap bermegi öwreniň. Ruhy taýdan berk ýaşlar Teokratik gulluk mekdebinde berlen tema boýunça hemmelere peýdaly ýumşy taýýarlaýarlar.

18 Biz hoş habary wagyz edip, üstünlikli gulluk etmegi öwrenýäris we adamlaryň halas bolmagyna kömek edýäris. Munuň üçin «öwüt-ündew etmekde» ussat bolmaly (2 Tim. 4:2). Timoteosyň Pawlusdan öwrenişi ýaly, sen hem tejribeli wagyzçylar bilen gulluk edip, öwretmek ukyplaryny özleşdirersiň (1 Kor. 4:17). Pawlus kömek eden adamlaryna diňe bir hoş habary däl, eýsem, janyny bermäge, ýagny wagtyny, güýjüni sarp etmäge razydy, sebäbi olary söýýärdi (1 Sel. 2:8). Siz wagyzda Pawlusyň göreldesine eýermek üçin, ýürekden adamlaryň aladasyny edip, «Hoş Habaryň ýaýramagyna hyzmat eden» Timoteos ýaly boluň (Filipililer 2:19—23-nji aýatlary okaň). Siz janaýamazlyk bilen wagyz edýärsiňizmi?

Ruhy üstünlikler kanagatlandyrýar

19, 20. Näme üçin ruhy üstünlikler şatlyk berýär?

19 Ruhy taýdan ösmek üçin tagalla etmeli. Sen öwretmek ukybyňy sabyrly ösdürip, wagtyň geçmegi bilen ruhy taýdan «köpleri baýadarsyň» we olar seniň şatlygyň hem «guwanjak täjiň» bolar (2 Kor. 6:10; 1 Sel. 2:19). Doly wagtly gulluk edýän Fred şeýle diýýär: «Men adamlara kömek etmek üçin, öň şeýle köp wagt sarp etmedim. Hakykatdan-da, bermek almakdan has bagtly edýär».

20 Ýaş pioner uýamyz Dafni ruhy taýdan ösmegiň nähili şatlyk berýändigi we kanagatlandyrýandygy barada şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa bilen has ýakynlaşdym, sebäbi men Onuň gadyryny bilip başladym. Ýehowa üçin elimde baryny edenimde, men şatlyk tapýaryn we kanagatlanýaryn!» Adamlar ruhy üstünligi hemişe saýgarmasa-da, ony Ýehowa görýär we gadyryny bilýär (Ýew. 4:13). Ýaşlar, siz, şübhesiz, gökdäki Atamyzy şöhratlandyryp bilersiňiz. Siz üstünlikleriňizi aýan edip, onuň ýüregini şatlandyrmagy dowam ediň (Sül. tym. 27:11).

a Atlaryň käbiri üýtgedilen.

b «Ýaşlaryň sowaly. Peýdaly maslahatlar» kitabynyň II tomunyň «Biz bir-birimize mynasypmy?» diýen bap, şeýle-de 2001-nji ýylyň 15-nji maýynda çykan «Garawul diňi» žurnaly (rus.), «Ýanýoldaş saýlamakda Hudaýyň berýän görkezmesi» diýen makala we 1983-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda çykan «Oýanyň!» žurnaly (iňl.), «Ýaşlara ýetginjeklik ýyllary maşgala gurmak paýhaslymy?» diýen makala.

Siz näme öwrendiňiz?

• Ruhy taýdan üstünlik etmek nämäni aňladýar?

Kynçylyga duçar bolanyňyzda...

Maşgala durmuşyna taýýarlyk göreniňizde...

Gullukda...

• üstünligiňizi nädip aýan edip bilersiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş