Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/3 sah. 3—6
  • Durmuşyňyz özgerse-de, Hudaýyň ýüregini şatlandyryň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Durmuşyňyz özgerse-de, Hudaýyň ýüregini şatlandyryň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Kiçigöwünlilik kömek edýär
  • Mümkinçiligiň çäklidigini bilmeli
  • Ýumşaklyk dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär
  • Pespälligi agtaryň we Ýehowanyň göwnünden turuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýonatan batyrgaý hem wepaly
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowa wepaly boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Synaga uçranyňyzda ýumşaklygy saklaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/3 sah. 3—6

Durmuşyňyz özgerse-de, Hudaýyň ýüregini şatlandyryň

SIZIŇ durmuşdaky ýagdaýyňyz käte özgerýärmi? Size täze ýagdaýa öwrenişmek kyn bolýarmy? Biziň ählimiz hem täze ýagdaýlara duçar bolýarys. Şeýle ýagdaýlarda haýsy häsiýetiň peýdaly boljakdygyny bilmek üçin, geçmişde bolan käbir wakalara seredeliň.

Geliň, Dawudyň başdan geçirenlerini ýatlalyň. Ol durmuşda köp kynçylyklara duçar boldy. Samuel pygamber ony patyşa edip bellände, ol ýaşajyk çopandy. Ýaşlygyna garamazdan, ol filistili Golýat bilen söweşdi (1 Sam. 17:26—32, 42). Şonda Saul patyşa ony köşgüne ýaşamaga çagyrýar we goşunbaşy edip belleýär. Dawut durmuşynda şeýle özgerişler bolar öýdenem däldir; hatda ol gelejekde nämeleriň boljagyny-da bilmeýärdi.

Wagtyň geçmegi bilen, Saul Dawudy ýigrenip başlaýar we ony öldürjek bolýar (1 Sam. 18:8, 9; 19:9, 10). Şol sebäpli Dawut ençeme ýyl gaçgaklykda ýaşamaga mejbur bolýar. Hatda Ysraýylyň patyşasy bolanda-da, ol kynçylyklardan dynmaýar. Dawut zyna edýär, soňra günäsini gizlejek bolup, adam öldürýär. Şonda onuň durmuşy has-da erbetleşýär. Netijede, Dawudyň eden günäsi zerarly bütin maşgalasy ejir çekýär. Meselem, ogly Abşalom kakasyna garşy pitne turuzýar (2 Sam. 12:10—12; 15:1—14). Dawut zyna edip, adam öldürse-de, toba edeni üçin Ýehowa ony bagyşlaýar; ol ýene-de Onuň razylygyny gazanýar.

Saglyk, ykdysady kynçylyklar, maşgala ýagdaýy, hatda öz ýalňyşymyz sebäpli hem biziň durmuşymyz özgerip biler. Şeýle ýagdaýlara hötde gelmäge bize nähili häsiýetler kömek eder?

Kiçigöwünlilik kömek edýär

Kiçigöwünlilik tabyn bolmaklygy aňladýar. Hakyky kiçigöwünlilik özümize we başga adamlara dogry garamaga kömek edýär. Eger biz adamlaryň gowy häsiýetlerine we gazanan üstünliklerine ünsli bolsak, olaryň gylyk-häsiýetlerine gowy düşünip, edýän işleriniň gadyryny bileris. Şonuň ýaly-da, kiçigöwünlilik biziň käbir zatlara näme üçin uçraýandygymyza düşünmäge we şeýle ýagdaýda özümizi nähili alyp barmalydygymyzy bilmäge kömek eder.

Bu babatda Saulyň ogly Ýonatan gowy görelde görkezdi. Samuel pygamber Saula: «Ýehowa Ysraýylyň patyşalyk tagtyny seniň eliňden aldy» diýýär, ýöne ol Ýonatan patyşa bolar diýmedi (1 Sam. 15:28; 16:1, 12, 13). Sebäbi Hudaý Ysraýylyň patyşasy Ýonatan däl-de, Dawut bolar diýipdi. Başgaça aýdanyňda, Saulyň gulak asmazlygy ogluna-da zyýan ýetirdi. Elbetde, ol kakasy Saulyň eden işlerine jogapkär däldi, ýöne şonda-da tagty miras alyp bilmedi (1 Sam. 20:30, 31). Ýonatan bu ýagdaýa nähili garady? Ol patyşa bolmak mümkinçiliginiň ýitirilendigine öýkeläp, Dawuda göripçilik etdimi? Ýok. Ol ýaşynyň uludygyna we tejribelidigine garamazdan, Dawudy goldady (1 Sam. 23:16—18). Görşümiz ýaly, kiçigöwünlilik Ýonatana Hudaýyň nähili adamlara ak pata berýändigine düşünmäge kömek etdi we ol «özi barada gereginden artyk oýlanmady» (Rim. 12:3). Ýonatan Ýehowanyň ondan nämä garaşýandygyna düşünip, özgerişlige tabyn boldy.

Käte özgerişlik sebäpli başga-da kynçylyklar döreýär. Ýonatan özüne has ýakyn bolan iki adam bilen köp ýyllap gatnaşýar. Olaryň biri Ýehowanyň Ysraýyla bellän patyşasy, dosty Dawutdy. Beýlekisi, kakasy Sauldy; Ýehowa ony ret etse-de, wagtlaýynça ol hökümdarlyk edýärdi. Şeýle ýagdaý sebäpli Ýonatan Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak üçin köp ejir çeken bolmaly. Biz hem özgerişlik bolanda, gorkuda gezip, biynjalyk bolýarys. Eger biz Ýehowanyň garaýşyna düşünmäge jan etsek, onda wepaly gullugymyzy dowam edip, özgerişliklere hötde gelip bileris.

Mümkinçiligiň çäklidigini bilmeli

Her bir adam mümkinçiliginiň çäklidigine düşünmeli. Bu häsiýet kiçigöwünlilikden tapawutlanýar. Kiçigöwünli adam mümkinçiliginiň çäklidigine doly düşünmezligi ahmal.

Dawut pygamber mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýärdi. Ýehowa ony patyşa saýlasa-da, ol ençeme ýyllap tagta geçip bilmedi. Mukaddes Ýazgylarda munuň sebäbini Ýehowanyň Dawuda düşündirendigi barada aýdylmaýar. Emma bu ýagdaý Dawudy ruhdan düşürip, biynjalyk etmedi. Ol mümkinçiliginiň çäklidigini bilip, Ýehowanyň şeýle ýagdaýa ýol berýändigine we ähli zada gözegçilik edýändigine düşünýärdi. Şol sebäpli, Dawut öz janyny halas etmek üçin Sauly öldürmedi, hatda ýoldaşy Abişaýa-da ony öldürmäge ýol bermedi (1 Sam. 26:6—9).

Käte biz hem ýygnakda bolýan zatlara düşünmeýäris ýa-da käbir zatlar has gowy, ýa-da guramaçylyksyz edilýän ýaly görünmegi mümkin. Biz hem mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünip, Isany ýygnagyň Başy hökmünde kabul edip, onuň mesihi ýaşulular arkaly ýolbaşçylyk edýändigini boýun alarysmy? Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak üçin, Onuň Isa Mesih arkaly berjek görkezmesine garaşmalydygymyza düşünýärismi? Bu kyn bolsa-da, Ýehowa garaşarysmy? (Sül. tym. 11:2).

Ýumşaklyk dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär

Ýumşaklyk — zyýan çeksek-de gahar-gazaba münmän, ar alman, sabyrly bolmaga höweslendirýär. Bu häsiýeti ösdürmek aňsat däl, emma ony ösdürmäge jan etmeli. Injilde: «Ýumşak adamlar... ýeri miras alarlar» diýilýär (Mat. 5:5). Ýumşaklyk häsiýeti kiçigöwünlilik, mümkinçiligiň çägini bilmeklik hem-de ýagşylyk ýaly häsiýetler bilen baglanyşyklydyr. Ýumşak adam tälimi we maslahaty kabul edip, ruhy taýdan ösýär.

Kynçylyk dörände ýumşaklyk häsiýeti nädip kömek eder? Şeýle ýagdaýda dogry garaýşy saklamak kyn bolýar. Emma Ýehowanyň terbiýesini almaga köp adamlarda mümkinçilik bar. Geliň, Musa bilen bolan waka seredeliň.

Musanyň ajaýyp häsiýetleri bardy. Hudaýyň halkyna onuň haýpy gelýärdi, hat-da olar üçin janyny bermäge-de taýyndy (Ýew. 11:24—26). Ýehowa ysraýyllylary Müsürden azat etmek isleýär we olara Musany baş edip bellemekçidi, ýöne ol has-da ýumşak häsiýetli bolmalydy. Biraz wagtdan, ol Müsürden gaçyp gitmeli bolýar we Midýan ýurdunda kyrk ýyl çopançylyk edýär. Bu ýagdaý oňa nähili täsir edýär? Onuň häsiýetleri juda gowulaşýar (San. 12:3). Ol Ýehowanyň islegini birinji orunda goýmagy öwrenýär.

Geliň, häzir Musanyň ýumşaklyk häsiýeti bilen bagly bir waka seredeliň. Ýehowa gulak asmaýan halkyny ret edip, Musanyň neslinden güýçli halk döretmek isleýär (San. 14:11—20). Şonda Musa ysraýyllylara arka durup, özi hakda däl-de, Hudaýyň abraýynyň we doganlarynyň aladasyny edýändigini görkezýär. Musa berlen ýumşy ýerine ýetirmäge, ýagny halkyň ýolbaşçysy we töwellaçysy bolmaga ýumşaklyk häsiýeti gerekdi. Şeýle-de Merýem bilen Harun Musa garşy hüňňürdände, onuň «ýer ýüzünde ähli ynsanlaryň arasynda iň ýumşak adamdygy» aýan bolýar (San. 12:1—3, 9—15, MKS). Şeýlelikde, Musanyň göwnüne degilse-de, ol ýumşaklyk bilen olary bagyşlady. Eger Musa ýumşak häsiýetli bolmadyk bolsa, bu ýagdaý nämä elterdi?

Geliň, indi başga bir waka seredeliň. Ýehowa birnäçe adamyň üstüne mukaddes ruhuny inderende, olar pygamberlik edip başladylar. Şonda Musanyň kömekçisi Ýeşuw bu adamlaryň çäkden çykandygyny aýdýar. Emma Musa olara Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, häkimiýeti barada biynjalyk bolmaýar (San. 11:26—29). Eger Musa ýumşak häsiýetli bolmadyk bolsa, Ýehowanyň eden özgerişigi bilen ylalaşyp bilermidi?

Musanyň ýumşaklygy Hudaýyň beren uly ygtyýaryny dogry ulanmaga we tabşyrylan ýumşy berjaý etmäge kömek etdi. Ýehowa oňa ysraýyl halkyň adyndan Horep dagyna çykmagy tabşyrýar. Hudaý perişdesi arkaly Musa bilen gepleşip, ony ähtiň töwellaçysy edip belleýär. Musanyň ýumşaklyk häsiýeti şeýle uly häkimiýeti kabul etmäge we Hudaýyň ýüregini şatlandyrmaga ýardam etdi.

Biz barada näme diýse bolar? Ruhy taýdan ösmek üçin bize-de ýumşaklyk häsiýeti gerek. Hudaýyň halkynyň arasynda jogapkärli ýumuşlary ýerine ýetirýän mesihçiler hem ýumşak häsiýetli bolmaly. Şonda ýagdaý üýtgese-de, tekepbirlige ýol bermän, dogry garaýyşda hereket edip bileris. Diýmek, biziň garaýşymyza köp zat bagly. Biz özgerişligi kabul ederismi? Dogry garamagy öwrenerismi? Täze dörän ýagdaý ýumşaklyk häsiýetini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer!

Biziň durmuşymyz hemişe özgerip durar. Käte biz bolýan zatlara-da düşünmeris. Ýagdaýymyzyň çäkliligi we başga-da kynçylyklar Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga päsgel berip biler. Emma mümkinçiligimiziň çäklidigini bilsek, kiçigöwünli hem ýumşak bolsak, özgerişlikleri kabul edip, Hudaýyň ýüregini şatlandyryp bileris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş