Töleg gurbany bizi nädip halas edýär?
«Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar» (ÝAHÝA 3:36).
1, 2. «Sion Garawul diňiniň» ilkinji sanynyň çap edilmeginiň bir sebäbi näme?
«GARAWUL DIŇINIŇ» 1879-njy ýylyň oktýabr aýynyň dördünji sanynda şeýle diýilýär: «Mukaddes Ýazgylary dykgatly öwrenýän adama, Isanyň ölümine uly ähmiýet berilýändigi täsir galdyrýar». Şol makala: «Geliň günämizi ýuwan Isanyň ölüminiň gadyryny gaçyrmalyň» diýen sözler bilen jemlenýär (1 Ýahýa 2:1, 2-nji aýatlary okaň).
2 1879-njy ýylyň iýul aýynda çykan «Sion Garawul diňiniň» ilkinji sanynyň çap edilmeginiň bir sebäbi, töleg gurbany baradaky taglymaty goramakdy. Onda «wagtly-wagtynda nahar paýlary» berilýärdi, çünki XIX asyryň ikinji ýarymynda mesihçileriň köpüsi Isanyň ölüminiň günälerimizden halas edip bilýändigine şübhelenip başlady (Mat. 24:45). Wagtyň geçmegi bilen adamlaryň köpüsi ynsanyň kämilligi ýitirendigi baradaky hakykata garşy gelýän ewolýusiýa taglymatyna ynanýardy. Ewolýusiýanyň tarapdarlary ynsan kämileşýär, şol sebäpli adamlar töleg gurbanyna mätäç däl diýip öwredýärdi. Bu babatda Pawlus resulyň Timoteosa beren şeýle maslahaty peýdaly: «Özüňe ynanylyp berleni gora. Ýaramaz, boş sözlerden, ýalan ýere bilim diýilýän gapma-garşylyklardan ýüz dönder. Bu ýalan bilimi ykrar edip, käbir adamlar imandan azaşdylar» (1 Tim. 6:20, 21).
3. Biz nähili soraglara serederis?
3 Elbetde, sen imandan azaşmazlygy ýüregiňe düwensiň. Şol sebäpli imanyňy berkitmek üçin şu soraglara seretsek gowy bolar. Näme üçin men töleg gurbanyna mätäç? Onuň bahasy näçe? Men gyzyldan gymmatly töleg gurbany arkaly nädip Hudaýyň gazabyndan halas bolup bilerin?
Hudaýyň gazabyndan halas bolmak
4, 5. Zalym dünýäniň Hudaýyň gazabyna sezewar boljakdygyny näme görkezýär?
4 Mukaddes Ýazgylar we taryh Adam atanyň günä etmeginden başlap, ynsan nesliniň Hudaýyň gazabyna sezewar bolandygyny aýan edýär (Ýahýa 3:36). Bu her bir adamyň iň soňy ölýändigini görkezýär. Şeýtanyň hökümdarlygy adamlary betbagtçylykdan gorap bilmeýär we ynsan häkimiýetleri ähli raýatlarynyň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilmeýär (1 Ýahýa 5:19). Şol sebäpli adamlar uruşdan, jenaýatçylykdan we garyplykdan horluk çekýär.
5 Elbetde, Ýehowa şu zalym dünýäni ýalkamaýar. Pawlus resul Hudaýyň gahar-gazabyny hudaýsyz adamlara gökden aýan etjekdigini aýtdy (Rim. 1:18—20). Emma Hudaýa gulak asmaýan we toba etmeýän adamlar etmişleri üçin jogap bererler. Şu günler Mukaddes Ýazgylara esaslanan köp edebiýatlarymyzda Hudaýyň hökümi, ýagny gazaby Şeýtanyň dünýäsine döküljekdigi hakynda habar berilýär (Ylh. 16:1).
6, 7. Mesh edilen mesihçiler haýsy işe ýolbaşçylyk edýär we Şeýtanyň dünýäsine degişli adamlaryň entek nähili mümkinçiligi bar?
6 Adamlara Şeýtanyň täsirinden azat bolmak we Hudaýyň merhmetini gazanmak giçmikä? Ýok, Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin gapy entegem giňden açyk. Wagyz işine ýolbaşçylyk edýän mesh edilen mesihçiler, ýagny «Mesihiň ilçileri» ähli milletleri «Hudaý bilen ýaraşmaga» çagyrýar (2 Kor. 5:20, 21).
7 Pawlus resul Isanyň bizi «Hudaýa tarap öwürýändigini» aýtdy (1 Sel. 1:10). Ýehowa iň soňky gezek gazabyny dökende, toba etmeýän günäkärleri ebedilik ýok eder (2 Sel. 1:6—9). Kimler ýok ediler? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar» (Ýahýa 3:36). Zalym dünýä ýok edilende, Isanyň töleg gurbanyna iman edýän ähli adamlar Hudaýyň soňky gazabyndan halas bolar.
Töleg gurbanynyň ähmiýeti
8. a) Adam ata bilen How enä nähili gelejek garaşýardy? b) Ýehowa özüniň örän adalatly Hudaýdygyny nädip subut etdi?
8 Adam ata bilen How ene kämil ýaradylypdy. Eger olar Hudaýa gulak asan bolsa, häzir olaryň nesli Jennetde bagtly ýaşardy. Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Hudaýyň tabşyrygyna bilgeşleýin gulak asmadylar. Şeýlelikde, olar başdaky Jennetden kowlup, ebedilik öldi. Wagtyň geçmegi bilen olaryň çagalary bolup, günä ähli adamlara geçdi we ahyrsoňy Adam ata bilen How ene garrap, öldi. Bu Ýehowanyň sözüniň hakdygyny subut etdi, sebäbi ol örän adalatly Hudaý. Ýehowa Adam ata gadagan edilen miweden iýse, öljekdigini aýdypdy, bu şeýle-de boldy.
9, 10. a) Adam atanyň nesli näme üçin ölýär? b) Biz nädip ebedilik ölümden halas bolup bileris?
9 Biz, Adam atanyň nesli bikämilligi we günäni miras alandygymyz sebäpli ölýäris. Adam ata günä edende, günä bize-de geçdi. Şonuň üçin biz hem ölýäris. Ýehowa garrylygy hem-de ölümi töleg gurbansyz aýran bolsa, onuň ýalan sözledigi bolardy. Pawlus resul biziň ählimizi göz öňünde tutup, şeýle diýdi: «Kanunyň ruhudygyny bilýäris, ýöne tene degişli bolup, günäniň guly hökmünde satylandyryn. Ne biçäre adam men! Bu ölüm teninden meni kim halas eder?» (Rim. 7:14, 24).
10 Diňe Ýehowa Hudaý kanun esasynda günälerimizi geçip, ebedilik ölümden halas edip biler. Ol söýgüli Ogluny kämil ynsan janyny töleg hökmünde biziň üçin berer ýaly gökden iberdi. Adam atadan tapawutlylykda Isa kämil galdy. «Ol günä etmedi» (1 Pet. 2:22). Şol sebäpli, Isa kämil ynsan nesliniň atasy bolup bilerdi. Ýöne Isa Hudaýyň duşmanlaryna ony öldürmäge ýol berip, Adam atanyň neslini ogullyga alýar we oňa iman edýänlere ebedi ýaşamaga umyt berýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan, Özüni hemmeler üçin töleg hökmünde hödürlän Mesih Isadyr» (1 Tim. 2:5, 6).
11. a) Töleg gurbanynyň ähmiýetini haýsy mysal görkezýär? b) Töleg gurbanynyň nähili uly ähmiýeti bar?
11 Töleg gurbanynyň ähmiýetine düşünmek üçin şeýle mysala seredeliň. Aýdaly, bir adam başga birine ähli puluny saklamak üçin berýär. Pul saklaýan adam bolsa, etmişi üçin birnäçe ýyl türmä basylýar. Ýöne puly beren adam nähili ýagdaýa düşýär? Ol garyp bolup, çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Soňra bir rehimli we baý maşgala onuň bar puluny gaýtaryp berip, kömek edýär. Şonuň ýaly Ýehowa we onuň söýgüli Ogly Adam atanyň neslini satyn alýar we Isanyň döken gany esasynda olaryň günäsini we ölümini aýyrýar. Şol sebäpli Ýahýa çokundyryjy Isa barada: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi (Ýahýa 1:29). Dünýäniň günäsine adamlaryň diňe bir ýaşaýşy däl, eýsem, ölümi hem degişli.
Töleg gurbanynyň bahasy
12, 13. Ybraýymyň Yshagy gurban hökmünde hödürlemeginden nähili sapak edinýäris?
12 Bize Gökdäki Atamyzyň we söýgüli Oglunyň töleg gurbanyny bermegi, olara nähili agyr degendigini düşünmek kyn. Emma Mukaddes Ýazgylardaky mysallar bu barada oýlanmaga kömek edýär. Meselem, Hudaý Ybraýyma şeýle tabşyrýar: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moriýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et». Hudaýyň bu tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin Moriýa ýurduna üç günläp ýol ýörände, Ybraýymyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň (Gel. çyk. 22:2—4).
13 Ahyrsoňy Ybraýym barmaly ýerine bardy. Ol Yshagyň ellerini we aýaklaryny daňyp, öz ýasan gurbanlyk sypasynyň üstüne goýanda, ýüreginiň gyýylandygy barada oýlanyň. Ybraýym ogluny öldürmek üçin pyçagyny galdyranda, oňa nähili agyr degendir! Yshagyň hem gurbanlyk sypasynda pyçak sanjysynyň agyrysyna garaşyp ýatyrka, özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň. Ýehowanyň perişdesi Ybraýymy wagtynda saklaýar. Ybraýym we Yshak bilen bolan waka Şeýtanyň ýaranlary onuň Ogluny öldürende, Ýehowa nähili agyr degendigini düşünmäge bize kömek edýär. Yshagyň Ybraýyma gulak asmagy, Isanyň biziň üçin ejir çekmäge taýyn bolandygyny gowy görkezýär (Ýew. 11:17—19).
14. Ýakubyň durmuşynda bolan haýsy waka töleg gurbanynyň bahasyna düşünmäge kömek edýär?
14 Şeýle-de Ýakubyň durmuşynda bolan waka töleg gurbanynyň bahasyna düşünmäge kömek edýär. Ýakup Ýusuby ähli ogullaryndan has gowy görerdi. Gynansak-da, Ýusubyň doganlary oňa göripçilik edip, ýigrenýärdi. Muňa garamazdan, kakasy Ýusuby doganlaryndan habar almaga ugradanda, ol höwes bilen gitdi. Şol wagt olar Ýakubyň dowarlaryny öýünden 100 kilometr demirgazykda bakýardy. Ogullary Ýusubyň gana bulanan donuny getirenlerinde, Ýakup özüni nähili duýandyr! Ol: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr, diýip aglady». Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy (Gel. çyk. 37:33, 34). Ýehowa şeýle ýagdaýa bikämil adamlar ýaly garamaýar. Ýöne Ýakubyň durmuşynda bolan waka barada oýlansak, söýgüli Oglunyň ýer ýüzünde ynsan kimin kemsidilip, zalymlyk bilen öldürlende, Hudaýyň özüni nähili duýandygyna düşünmäge kömek edýär.
Töleg gurbanynyň peýdasy
15, 16. a) Ýehowa töleg gurbanyny kabul edendigini nädip görkezdi? b) Töleg gurbanynyň saňa näme peýdasy bar?
15 Ýehowa Hudaý wepaly Ogluny ruh boýunça direldip, şöhratlandyrdy (1 Pet. 3:18). Isa direlensoň, şägirtlerine 40 günläp görnüp, olaryň imanyny berkidýär we hoş habary wagyz etmäge taýýarlaýar. Soňra Isa göge galyp, töleg gurbanyna iman edýän mesihçiler üçin döken ganynyň bahasyny Hudaýa hödürledi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Iýerusalimde ýygnanan Isanyň şägirtlerine mukaddes ruh inende, Ýehowa Hudaý Oglunyň töleg gurbanyny kabul edendigini görkezdi (Res. iş. 2:33).
16 Mesh edilen mesihçiler adamlary Hudaýyň gazabyna sezewar bolmazlygy we günäleriniň bagyşlanmagy üçin Isanyň ady bilen çokundyrylmaga haýal etmän çagyryp başladylar (Resullaryň işleri 2:38—40-njy aýatlary okaň). Şol ähmiýetli günden başlap, häzire çenli ähli milletlerden millionlarça adamlar Isanyň töleg gurbanyna iman edip, Hudaýa ýakynlaşýarlar (Ýahýa 6:44). Bu babatda iki sowala seredeliň: Biz gowy işlerimiz üçin ebedi ýaşamaga umyt edýärismi? Ebedi ýaşaýşa umyt edip, soňra şol umydymyz üzülip bilermi?
17. Hudaý bilen dostlaşmak berekedine sen nähili garamaly?
17 Biz töleg gurbanyna asla mynasyp däl. Emma şu günler millionlarça adamlar oňa iman edip, Hudaý bilen dostlaşýar we Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýär. Ýehowa bilen dostlaşmak, onuň bilen ýakyn gatnaşykda galjakdygymyzy aňlatmaýar. Ýehowanyň gazabyna sezewar bolmaz ýaly, biz hemişe Isanyň töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy bildirmeli (Rim. 3:24; Filipililer 2:12-ni okaň).
Töleg gurbanyna iman ediň
18. Töleg gurbanyna iman etmek nämäni aňladýar?
18 Bu makalanyň Ýahýa 3:36-a esaslanan aýady Isa Mesihe iman etmegiň, oňa gulak asmalydygyny görkezýär. Biz töleg gurbanyna minnetdar bolsak, Isanyň taglymatlary, şol sanda ahlak kadalary boýunça ýaşamaly (Mar. 7:21—23). Ýaramaz degişýän we ahlaksyzlyk edip, toba etmeýän adamlaryň ählisi hem-de «her hili hapalyga» ýagny pornografiýa seredýänler «Hudaýyň gazabyna sezewar bolar» (Efes. 5:3—6).
19. Töleg gurbanyna iman edýändigimizi nädip görkezip bileris?
19 Biz töleg gurbanyna minnetdar bolsak, elmydama «takwalykda gezmelidiris» (2 Pet. 3:11). Geliň, yzygider we gyzgyn doga etmäge, şahsy okuwy geçirmäge, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga, maşgala okuwyna hem-de yhlasly wagyz etmäge ýeterlikli wagt sarp edeliň. «Ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy unutmaň. Çünki Hudaý şu hili gurbanlary halaýandyr» (Ýew. 13:15, 16).
20. Töleg gurbanyna iman edýän ähli adamlara gelejekde nähili bereketler eçiler?
20 Ýehowa zalym dünýä gahar-gazabyny dökende, töleg gurbanyna iman edip, oňa minnetdarlyk bildirendigimize örän begeneris! Hudaýyň wada beren täze dünýäsinde, töleg gurban arkaly Ýehowanyň gazabyndan halas bolandygymyza ebedi minnetdar bolarys (Ýahýa 3:16; Ylham 7:9, 10, 13, 14-nji aýatlary okaň).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Näme üçin bize töleg gurbany gerek?
• Töleg gurbanynyň bahasyna düşünmäge näme kömek edýär?
• Töleg gurbanynyň näme peýdasy bar?
• Isanyň töleg gurbanyna iman edýändigimizi nädip görkezip bileris?