Isa nädip Hudaýyň adalatyny subut etdi?
«Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny... adalatyny görkezmek üçin etdi» (RIM. 3:25, 26).
1, 2. a) Mukaddes Ýazgylarda adamzadyň ýagdaýy barada näme diýilýär? b) Şu makalada haýsy soraglara serederis?
BIZ Erem bagynda turan pitne barada Mukaddes Ýazgylardan gowy bilýäris. Adam atanyň eden günäsiniň ählimize täsir edişi şeýle sözler bilen düşündirilýär: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi» (Rim. 5:12). Biz dogry işleri etmek üçin näçe jan etsek-de, günä edýäris we Hudaýyň bagyşlamagyna mätäç. Hatda Pawlus resul hem gynanyp: «Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin. Ne biçäre adam men! Bu ölüm teninden meni kim halas eder?» diýdi (Rim. 7:19, 24).
2 Ählimiz günäli bolansoň, şeýle soraglar ýüze çykýar: Nasyraly Isa nädip günäsiz doguldy we näme üçin ol suwda çokundyryldy? Isa Ýehowanyň adalatyny nädip subut etdi? Isa ölmegi bilen, esasanam, nämäni berjaý etdi?
Hudaýyň adalaty şübhä goýuldy
3. Şeýtan How enäni nädip aldady?
3 Ilkinji ynsan Adam ata bilen How ene Hudaýyň hökümdarlygyny akylsyzlyk bilen ret edip, «Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan... köne ýylana» gulak asdylar (Ylh. 12:9). Munuň nähili bolandygyna seredeliň. Şeýtan Ýehowa Hudaýyň adalatly hökümdardygyny şübhä goýdy. Ol How eneden: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. How ene ölmez ýaly bagyň ortasyndaky agaja degmeli däl diýip, Hudaýyň tabşyrygyny gaýtalady. Şonda Şeýtan Ýehowany ýalançy diýip garalady. Iblis: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz» diýdi. Ol Hudaýyň How enäden bir ýagşy zady gizleýär we şol miweden iýse, Hudaý ýaly bolar hem-de ondan garaşsyz ýaşap biler diýip aldaýar (Gel. çyk. 3:1—5).
4. Adamlar nädip Şeýtanyň gol astynda boldular?
4 Aslynda, Şeýtan adamlar Hudaýsyz ýaşasalar bagtly bolar diýjek boldy. Adam ata Hudaýyň adalatly hökümdarlygyny goldamagyň deregine aýalyna gulak asyp, gadagan edilen miweden iýdi. Şeýlelikde, Adam ata Ýehowanyň öňünde dogry saýylmady we biz günäniň hem ölümiň guly bolduk. Şeýle-de adamlar «bu dünýäniň taňrysy» Şeýtanyň gol astynda boldular (2 Kor. 4:4; Rim. 7:14).
5. a) Ýehowa aýdan sözüniň hakdygyny nädip subut etdi? b) Hudaý Adam ata bilen How enäniň nesline nähili umyt berdi?
5 Ýehowa aýdyşy ýaly-da, Adam ata bilen How enä ölüm jezasyny berdi (Gel. çyk. 3:16—19). Ýöne, elbetde, bu Hudaýyň niýetiniň puja çykdygy däl. Ýehowa Adam ata bilen How enä jeza berensoň, olaryň geljekki nesline umyt berdi. Ol Şeýtan tarapyndan dabany çakyljak «nesli» iberjekdigi baradaky niýetini aýdýar. Wada edilen Nesliň dabany çakylansoň, ol Şeýtanyň «kellesini owratmaly» (Gel. çyk. 3:15). Mukaddes Ýazgylarda Isa barada şeýle diýilýär: «Günä edýän iblisdendir, çünki iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär. Muňa görä-de Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýogaltmak üçin aýan boldy» (1 Ýahýa 3:8). Isanyň özüni alyp barşy we ölümi Hudaýyň adalatyny nädip subut etdi?
Isa näme üçin suwda çokundyryldy?
6. Isanyň Adam atadan günäni miras almandygyny nireden bilýäris?
6 Isa ulalyp, otuz ýaşyna ýetende, ähli tarapdan kämil Adam ata bilen deň boldy (Rim. 5:14; 1 Kor. 15:45). Bu Isanyň kämil doglandygyny aňladýar. Nädip? Jebraýyl perişde muny Isanyň ejesine anyk şeýle düşündirdi: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler» (Luka 1:35). Isa entek çagaka, onuň dogluşy barada Merýem oňa käbir zatlary aýdypdy. Şonuň üçin bir sapar Merýem bilen Ýusup Isany Hudaýyň ybadathanasynda tapanda, ol: «Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi (Luka 2:49). Diýmek, Isa ýetginjekkä, Hudaýyň Ogludygyny bilýärdi. Şol sebäpli onuň üçin Hudaýyň adalatyny subut etmek örän möhümdi.
7. Isanyň nämesi gymmat saýylýardy?
7 Isa Hudaýa sežde edilýän duşuşyklara yzygiderli gatnaşyp, ruhy zatlar barada gyzyklanýandygyny görkezdi. Onuň kämil aňy bolany üçin Hudaýyň Sözünden eşidýän we okaýan zatlaryna gowy düşünýärdi (Luka 4:16). Şeýle-de onda adamlar üçin gurban berer ýaly, gymmat kämil ynsan bedeni bardy. Isa suwda çokundyrylanda, doga edip Zebur 40:6—8-nji aýatlardaky pygamberlik hakynda oýlanýardy (Luka 3:21; Ýewreýler 10:5—10-njy aýatlary okaň)a.
8. Başda näme üçin Ýahýa Isany suwda çokundyrmajak boldy?
8 Başda Ýahýa çokundyryjy Isany suwda çokundyrmajak boldy. Näme üçin? Sebäbi Ýahýa ysraýyllylary Kanuna garşy günä edendiklerine toba edýändigi üçin suwda çokundyrýardy. Ýahýa Isanyň ýakyn garyndaşy bolany üçin, onuň dogry adamdygyny we toba etmeli däldigini bilýärdi. Isa özüniň suwda çokundyrylmalydygyny Ýahýa aýtdy. Ol: «Şeýle bolsun, çünki bize hak zady berjaý etmek ýaraşýandyr» diýdi (Mat. 3:15).
9. Isanyň suwda çokundyrylmagy näme aňladýardy?
9 Isa kämil ynsan bolany üçin Adam ata ýaly kämil nesliň atasy bolup bilerin diýip bilerdi. Emma bu Ýehowanyň niýeti bolmandygy sebäpli, Isa şeýle gelejegi islemedi. Hudaý Isany ýer ýüzüne wada edilen Nesliň, ýagny Mesihiň borjuny ýerine ýetirmäge iberdi. Isa kämil ynsan janyny gurban etmelidi (Işaýa 53:5-i okaň)b. Elbetde, Isanyň suwda çokundyrylmagynyň manysy biziňkiden tapawutlanýardy. Isa özüni Ýehowa bagyş etmeli däldi, sebäbi ol Hudaýa bagyş edilen ysraýyl halkynda doglupdy. Mukaddes Ýazgylarda Mesih baradaky pygamberlige görä, Isanyň suwda çokundyrylmagy Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin özüni hödürlemegi aňladýardy.
10. Isa Hudaýyň islegini Mesih hökmünde nädip berjaý etdi we ol muňa nähili garady?
10 Isa Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip we şägirt taýýarlap, olara hem şägirt taýýarlamagy öwredip, Ýehowanyň islegini berjaý etdi. Şeýle-de Isa yzarlamalara döz gelmäge we Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak üçin rehimsizlik bilen öldürilmäge taýyn bolup özüni hödürledi. Isa gökdäki Atasyny söýýändigi üçin, Hudaýyň islegini berjaý edip şatlanýardy we janyny gurban berip kanagatlandy (Ýahýa 14:31). Ol kämil janyny Hudaýa hödürläp, bizi günä we ölüm gulçulygyndan satyn alyp biljegine begenýärdi. Isa özüni Hudaýa hödür etmegi uly jogapkärçilik saýdymy? Elbetde, saýdy!
11. Ýehowa Isanyň wada edilen Mesihdigini nädip aýan etdi?
11 Isanyň Iordan derýasyndan çykyp gelýärkä, Hudaýyň ondan razy bolandygyny dört hoş habarçy ýazdy. Ýahýa çokundyryjy: «Men Ruhuň gökden gögerçin ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm... Men görüp, Onuň Hudaýyň Ogludygyna güwä boldum» diýdi (Ýahýa 1:32—34). Galyberse-de, Ýehowanyň özi: «Meniň söýgüli Oglum Bu. Men Ondan köp razydyryn» diýdi (Mat. 3:17; Mar. 1:11; Luka 3:22).
Isa ölüme çenli wepaly galdy
12. Isa suwda çokundyrylansoň, üç ýarym ýyl nämeler etdi?
12 Isa soňky üç ýarym ýyl adamlara Atasy hem-de Onuň hökümdarlygynyň adalatlygy barada öwretdi. Ol Wada edilen diýary pyýada aýlanyp ýadasa-da, hakykaty wagyz etmäge oňa hiç zat päsgel bermeýärdi (Ýahýa 4:6, 34; 18:37). Isa adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýärdi. Ol gudrat arkaly keselleri bejerip, açlary doýrup, hatda ölüleri direldip, Hudaýyň Patyşalygynyň adamlar üçin nämeler etjekdigini görkezdi (Mat. 11:4, 5).
13. Isa doga hakynda näme öwretdi?
13 Isa öz adyndan däl-de, eýsem Ýehowanyň adyndan öwredip we sagaldyp, kiçigöwünlilik bilen Hudaýy şöhratlandyrdy (Ýahýa 5:19; 11:41—44). Şeýle-de Isa esasanam näme barada doga etmelidigimizi öwretdi. Biz Ýehowanyň adynyň «mukaddes bolmagy» we «gökde bolşy ýaly, ýerde-de» Onuň isleginiň amala aşyp, Şeýtanyň zalym hökümdarlygynyň deregine Hudaýyň adalatly hökümdarlygynyň bolmagy barada doga etmeli (Mat. 6:9, 10). Isa «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryp», eden dogasyna görä hereket etdi (Mat. 6:33).
14. Isa kämil bolsa-da, Hudaýyň niýetini berjaý eder ýaly, näme üçin tagalla etmelidi?
14 Isanyň ölmeli wagty ýakynlaşanda, ol uly jogapkärçiligi duýup, gaýga batýar. Sebäbi Atasynyň niýeti we abraýy Isanyň adalatsyz synaga we rehimsiz ölüme döz gelmegine baglydy. Isa ölmezinden bäş gün öň şeýle doga etdi: «Häzir Meniň ýüregim gysýar; näme diýeýin? Eý Ata, Meni şu sagatdan halas et diýeýinmi? Men bu sagada şonuň üçin geldim ahyryn». Isa Ýehowa ýüregini dökensoň, ol öz bähbidini gözlemän: «Eý Ata, adyňy şöhratlandyr» diýip, wajyp zat barada doga etdi. Şonda Ýehowa derrew: «Men adymy hem şöhratlandyrdym, hem-de şöhratlandyraryn» diýip, jogap berdi (Ýahýa 12:27, 28). Isa Hudaýa wepaly galmak üçin islendik synaga döz gelmäge taýyndy. Isanyň gökdäki Atasyndan eşiden şeýle sözleri, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, şöhrlatlandyryp biljekdigine ynamyny berkitdi. Ol muny üstünlikli berjaý etdi!
Isa ölmegi bilen nämäni berjaý etdi?
15. Näme üçin Isa ölmezinden öň: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi?
15 Isa ölüm pürsünde asylgyka, soňky deminde şeýle diýdi: «Hemmesi berjaý boldy!» (Ýahýa 19:30). Isa Hudaýyň kömegi bilen suwda çokundyrylansoň, ölümine çenli üç ýarym ýylyň içinde uly işler etdi! Isa ölensoň, ýer titrände, rim goşunynyň ýüzbaşysy: «Dogrudan-da, bu Hudaýyň Ogly eken» diýdi (Mat. 27:54). Isanyň özüne Hudaýyň ogly diýeni üçin, adamlaryň onuň üstünden gülendigini ýüzbaşy görüpdi. Isa yzarlamlara döz gelip, Hudaýa wepaly galyp, Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny subut etdi. Şeýtan Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýan adamlar barada: «Adam jany üçin hemme zadyny berer» diýipdi (Eýýup 2:4). Isa wepaly bolup, Adam ata bilen How enäniň agyr bolmadyk synagda wepaly galyp biljekdigini görkezdi. Esasanam, Isa ýaşaýşy we ölümi bilen Ýehowanyň hökümdarlygynyň adalatlydygyny subut etdi (Süleýmanyň tymsallary 27:11-i okaň). Isanyň ölümi ýene-de bir zady berjaý etdimi? Elbetde, berjaý etdi!
16, 17. a) Isa ýer ýüzüne gelmezinden öň ýaşan Ýehowanyň güwäçileri näme üçin dogry saýylýardy? b) Ýehowa wepaly Ogluny nädip sylaglady we Isa Mesih häzir näme edýär?
16 Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi Isa ýer ýüzüne gelmezden öň ýaşapdy. Olar Hudaýyň öňünde dogry saýylyp, direlişe umyt edýärdi (Iş. 25:8; Dan. 12:13). Emma mukaddes Ýehowa Hudaýyň günäli adamlary şeýle ýalkamaga haky barmydy? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin, Özi adyl bolup, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi» (Rim. 3:25, 26)c.
17 Ýehowa Isany direldip, ýere gelmezinden öňküden-de, ýokary wezipe berip sylaglady. Isa ölmeýän şöhratly ruhy ýaradylyş boldy (Ýew. 1:3). Baş ruhany we patyşa Isa Mesih Hudaýyň adalatyny subut edýän şägirtlerine kömek edýär. Biz gökdäki Atamyz Ýehowanyň adalatyny subut edýän, oňa wepaly gulluk edýän we Oglunyň göreldesine eýerýänleri, onuň sylaglaýandygyna örän minnetdar! (Zebur 34:3; Ýewreýler 11:6-njy aýatlary okaň).
18. Indiki makalada nämä serederis?
18 Habyldan başlap Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň ählisi Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdady, sebäbi olar wada edilen Nesle iman edip, umyt baglaýardy. Ýehowa Oglunyň wepaly boljagyny we onuň ölüminiň «dünýäniň günäsini» ýuwjagyny bilýärdi (Ýahýa 1:29). Isanyň ölümi şu günler ýaşaýan adamlara-da peýda berýär (Rim. 3:26). Isanyň töleg gurbanynyň saňa näme peýdasy bar? Muny indiki makaladan bileris.
a Bu ýerde Pawlus resul Zebur 40:6—8-nji aýatlardan parçalary getirýär. Injil kitabynyň golýazmalarynda «Maňa bir beden taýýarladyň» diýen sözler hem bar. Bu jümle Zebur kitabynyň gadymy golýazmalarynda duş gelmeýär.
b Işaýa 53:5. Ol biziň jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralanyp, biziň ýazyklarymyzdan ötri ejir çekipd; bize parahatlyk getiren jeza Onuň başyna geldi; Onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk.
c 6, 7-nji sahypalardaky «Okyjylaryň sowallaryna» serediň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Hudaýyň adalaty nädip şübhä goýuldy?
• Isanyň suwda çokundyrylmagy näme aňladýar?
• Isa ölmegi bilen nämäni berjaý etdi?