Okyjylaryň sowallary
Näme üçin Isa bir günäkär aýala günäleriň bagyşlandy diýdi? (Luka 7:37, 48).
Isa Simun atly bir fariseýiň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal «yzda, Onuň aýagyna ýakyn durup», aglap, gözýaşlary bilen onuň aýagyny ýuwmaga durdy. Onsoň öz saçy bilen süpürip, aýaklaryndan öpüp, ysly ýag bilen ýaglady. Luka şol aýala: «Şäherde bir günäkär aýaldy» diýýär. Elbetde, bikämil adamlaryň ählisi günäkär, ýöne Mukaddes Ýazgylarda adatça, günäleri bilen belli bolan adama şeýle diýilýärdi. Şol aýal jelepçilik eden bolmaly. Isa oňa: «Seniň günäleriň bagyşlandy» diýdi (Luka 7:36—38, 48). Isa näme üçin şeýle diýdikä? Çünki heniz ol töleg gurbanyny bermändi we nädip ony bagyşlap bilýärdi?
Günäkär aýal Isanyň aýagyny ýuwup, ýaglandan soň, Isa onuň günäsini bagyşlap, öý eýesi Simuna bir wajyp zady düşündirdi. Isa günäni uly bergä deňäp, şeýle diýdi: «Iki adam bir karz berijä bergilidi. Biriniň bäş ýüz dinar, biriniň hem elli dinar bergisi bardy. Olaryň bermäge zatlary bolmansoň, karz beriji ikisiniň hem bergisini geçdi. Indi Maňa aýt, olaryň haýsysy ony köp söýer?» Simun jogap berip diýdi: «Meniň pikirimçe, köpräk karzy geçilen bolsa gerek» diýdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi» (Luka 7:41—43). Biziň ählimiz Hudaýa gulak asmaga bergili, sebäbi oňa gulak asman, günä edende, Hudaýa bergimizi üzüp bilmeýäris. Şeýdip bergilerimiz köpelýär. Emma Ýehowa bergileri geçýän karz berijidir. Şonuň üçin Isa bergilerimizi göz öňünde tutup, şägirtlerine Hudaýa doga edip: «Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly, Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç» diýip ýalbarmagy ündedi (Mat. 6:12).
Geçmişde Hudaý nähili ýagdaýlarda adamlaryň günäsini geçýärdi? Ol adalatlydygy sebäpli, günä üçin ölüm jezasyny berýärdi. Adam-ata günä edeni üçin öldi. Emma Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunynda günäkär adam Ýehowa mal gurbanyny berse, günäsi geçilýärdi. Pawlus resul şeýle diýdi: «Mukaddes Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz» (Ýew. 9:22). Ysraýyllylar Hudaýyň başga ýol bilen günäsini geçmeýändigini bilýärdi. Şol sebäpli Isanyň günlerindäki adamlar onuň aýala aýdan sözlerine geň galdylar. Isa bilen saçak başynda oturanlar: «Günäleri-de bagyşlaýan bu kimkä?» diýşip, içlerini gepletdiler (Luka 7:49). Bu günäkär aýalyň günäsini nämäniň esasynda bagyşlap bolýardy?
Ýehowa ilkinji pygamberliginde Adam ata bilen How ene oňa garşy pitne turzandan soň, Şeýtan we onuň «nesli» tarapyndan dabany çakyljak «nesli» iberjekdigini aýdýar (Gel. çyk. 3:15). Hudaýyň duşmanlary Isany öldürende, onuň dabany çakyldy (Gal. 3:13, 16). Isanyň döken gany töleg gurbany hökmünde adamlary günäden we ölümden halas edýär. Ýehowa niýetini amala aşyrmaga hiç zadyň päsgel berip bilmeýändigi sebäpli, Gelip çykyş 3:15-de aýdylan sözlerden soň, ol töleg gurbanyna eýýäm berlen ýaly garaýardy. Şondan bäri Ýehowa wadalaryna iman edýän adamlaryň günäsini bagyşlaýar.
Ýehowa gadymy döwürde ýaşan Hanoh, Nuh, Ybraýym, Rahaw we Eýýup ýaly adamlary dogry saýýardy. Olar Hudaýyň wadasyny berjaý etjekdigine ynanýardy. Ýakup şägirt: «Ybraýym Hudaýa iman getirdi, bu oňa dogrulyk saýyldy» diýip ýazdy. Şeýle-de Ýakup: «Rahaw-da... amallary bilen aklanmadymy?» diýdi (Ýakup 2:21—25).
Ysraýylyň patyşasy Dawut pygamber birnäçe agyr günä etse-de, ol hak Hudaýa berk iman edip, her gezegem ýürekden toba edýärdi. Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin, Özi adyl bolup, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi» (Rim. 3:25, 26). Ýehowa gelejekde berjek Isanyň töleg gurbanynyň esasynda özüniň adalatly talabyna garşy gitmän, Dawudyň günäsini bagyşlady.
Bu Isanyň aýagyny ýaglan aýal bilen bolan wakadan hem görünýär. Ol ahlaksyzlyk edip, soňra toba edýär. Ol günäden aklanmalydygyna düşünýärdi we Ýehowanyň töleg bermek üçin iberen adamyna ýürekden minnetdardygyny iş ýüzünde görkezdi. Entek töleg tölenmedik bolsa-da, şol aýala tölegiň bahasy ulanyldy. Şol sebäpli Isa oňa: «Seniň günäleriň bagyşlandy» diýdi.
Bu waka Isanyň günäkär adamlardan çetleşmeýändigini görkezýär. Isa pygamber olara ýagşylyk edýärdi. Galyberse-de, Ýehowa toba edýän günäkärleri bagyşlaýar. Bu biz, bikämil adamlara nähili göwünlik berýär!