Näme üçin gijä galmaly däl?
GIJÄ galman, wagtynda barmak hemişe aňsat däl. Daş ýol, ýollaryň ýapylmagy we köp iş bilen meşgul bolmak bir ýere wagtynda barmaga päsgel berýär. Muňa garamazdan, gijä galmazlyk wajypdyr. Meselem, işine wagtynda gelýän adamy ynamdar we yhlasly hasaplaýarlar. Gijä galýan adam bolsa, başgalaryň işine, önümiň hiline we hyzmat edilişe erbet täsir edýär. Mekdebe wagtynda barmaýan okuwçy käbir sapaklaryny goýberip, okuw programmasyndan gijä galýar. Lukmana ýa-da diş doktora giç barsaň, bejerişiň hiline täsir edýär.
Käbir ýerlerde gijä galmazlyk wajyp hasaplanmaýar. Şeýle adamlaryň arasynda gijä galmagy derrew endik edinip bolýar. Eger gijä galmagy endik etsek, ähli zady wagtynda etmegi öwrenmeli. Munuň wajyplygyna düşünsek, gijä galmarys. Näme üçin gijä galmaly däl? Gijä galmaz ýaly bize näme kömek eder? Wagtynda barmak näme üçin peýdaly?
Ýehowa hiç haçan gijä galmaýar
Biz esasanam Hudaýyň göreldesine eýermek isleýändigimiz üçin gijä galmajak bolýarys (Efes. 5:1). Ýehowa bu babatda ajaýyp görelde görkezdi. Ol hiç haçan gijä galmaýar. Ol niýetini bellän wagtynda amala aşyrýar. Meselem, Ýehowa erbet adamlary tupan bilen ýok etjek bolanda, Nuha: «Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa» diýdi. Erbet adamlaryň ýok edilmeli wagty golaýlaşanda, Ýehowa Nuha gämä münmegi buýrup: «Ýedi günden soň, Men kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş ýagdyryp, Öz ýaradan janly-jandarlarymyň ählisini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi. Hudaýyň aýdyşy ýaly «ýedi günden soň ýer ýüzüni sil aldy» (Gel. çyk. 6:14; 7:4, 10). Nuh maşgalasy bilen gämä wagtynda girmedik bolsa, olara näme boljakdygyny göz öňüne getiriň. Olar sežde edýän Hudaýyna eýerip, gijä galmadylar.
Tupandan 450 ýyl geçensoň, Ýehowa Ybraýym pygambere oglunyň boljagyny aýtdy. Şol ogly arkaly wada edilen Nesil gelmelidi (Gel. çyk. 17:15—17). Hudaý «geljek ýylyň hut şu pursatynda» Yshak doglar diýdi. Hudaýyň aýdan sözleri berjaý boldumy? Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň aýdan wagtynda Ybraýym garransoň, Sarra göwreli bolup, oňa bir ogul dogrup berdi» diýilýär (Gel. çyk. 17:21; 21:2).
Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň hiç haçan gijä galmaýandygyny görkezýän ençeme mysallar bar (Ýerem. 25:11—13; Dan. 4:20—25; 9:25). Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň höküm gününe garaşmalydygymyz aýdylýar. Adamlara ol gün «gijikýän» ýaly bolup görünse-de, biz «onuň gijä galmajagyna» ynanýarys (Hab. 2:3).
Hudaýa öz wagtynda sežde etmek wajyp
Ysraýyllylaryň ähli erkek adamlary kesgitlenen wagty, bellenilen ýere «Rebbiň dini baýramlaryna» barmalydy (Lew. 23:2, 4). Şeýle-de Hudaý käbir gurbanlary öz bellän günleri bermelidigini aýtdy (Müs. çyk. 29:38, 39; Lew. 23:37, 38). Bu Ýehowanyň öz bellän wagtynda gullukçylarynyň sežde etmegini isleýändigini görkezmeýärmi näme?
B. e. I asyrynda Pawlus resul Korintosdaky mesihçilere ýygnaklarynyň nähili geçirilmelidigi barada: «Herki zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolsun» diýdi (1 Kor. 14:40). Diýmek, mesihçiler ýygnagy bellenen wagtda başlamalydy. Bu babatda Ýehowanyň garaýşy henizem üýtgemedi (Mal. 3:6). Ýygnak duşuşyklaryna gijä galmaz ýaly biz näme edip bileris?
Gijä galmaz ýaly näme etmeli?
Käbirler gün tertibini öňünden düzüp, gijä galmaýar (Sül. tym. 16:9). Meselem, bir ýere bellenen wagtda barmak üçin, az wagt galanda çyksaň paýhasly bolarmydy? Ýolda «tötänden» bir ýagdaý ýüze çykyp, gijä galmaz ýaly birnäçe minut öňünden çyksaň paýhasly bolar (Wag. 9:11). Gijä galmaýan Hosea atly ýaş oglan şeýle diýýär: «Wagtynda barmak üçin, ýola näçe wagtyň gerekdigini anyk bilseň gowy bolýar».
Ýygnak duşuşyklaryna wagtynda barar ýaly, käbirleri işden irräk gaýtmak üçin öňünden gürleşýärler. Efiopiýada ýaşaýan bir dogan ýygnaga smeny çalşansoň barsa, 45 minut gijä galjakdygyny bilýärdi. Ol ýygnak günleri işgäriniň irräk gelmegini haýyş edýär we oňa derek, goşmaça ýedi sagat işlemegi teklip edýär.
Maşgalada ýaş çagalar bolsa, ýygnaga wagtynda barmak gaty kyn bolýar. Çagany esasan ejesi geýindirse-de, beýleki maşgala agzalary hem kömek etmeli. Meksikaly Esperansa atly aýal sekiz çagany ýeke özi terbiýeleýär. Häzir onuň çagalarynyň iň kiçisi 5 ýaşynda, ulusy bolsa 23. Esperansa maşgalasyna gijä galmazlyga näme ýardam edýändigini şeýle düşündirýär: «Bellenen wagtda öýden çykar ýaly, men öýüň işlerini edip, geýinýänçäm, uly gyzlarym jigilerine geýinmäge kömek edýär». Bu maşgala bellenen wagtda öýünden çykýar. Olar öýünden çykmanka, ähli işlerini edip ýetişer ýaly, bir-birine kömek edýär.
Ýygnaga wagtynda barmagyň peýdasy
Ýygnak duşuşyklaryna wagtynda baryp alýan bereketlerimiz hakynda oýlansak, gijä galmaz ýaly höwes bilen elimizde baryny ederis. Ýygnaga ir gelmegi endik eden Sandra atly ýaş uýa şeýle diýýär: «Men ýygnaga irräk barmagy gowy görýärin, sebäbi dogan-uýalar bilen salamlaşýaryn, gürleşýärin we ýakyndan tanyşýaryn». Şeýle-de Patyşalyk zalyna irräk baryp, başga dogan-uýalaryň çydamlylygy we wepaly gullugy barada eşitsek, bize peýdaly bolar. Biz ýygnaga gatnaşyp, ruhlandyryjy gürrüňler bilen imandaşlarymyza gowy täsir edip, olary «söýgä, oňat işlere» höweslendirip bileris (Ýew. 10:24, 25).
Ähli ýygnaklaryň aýdym we doga bilen başlanmagy, hakyky sežde-de wajyp hasaplanýar (Zeb. 149:1). Ýehowany aýdymda wasp etmek nähili häsiýetleri ösdürmelidigimizi ýatladýar we şatlyk bilen wagyz etmäge kömek edýär. Ýygnagyň başynda edilýän doga barada näme diýse bolýar? Gadym döwürde Ýehowa ybadathana «doga öýi» diýdi (Iş. 56:7). Şu günler biz ýygnakda Hudaýa doga etmek üçin ýygnanyşýarys. Ýygnagyň başynda edilýän dogada diňe bir Ýehowanyň görkezmesini we mukaddes ruhuny dilemän, eýsem, geçiljek zatlary kabul eder ýaly, aňymyzy hem-de ýüregimizi taýýarlaýarys. Ýygnagyň başyndaky aýdyma we doga gatnaşar ýaly, gijä galmazlyga çalyşmaly.
23 ýaşly Helen atly uýa ýygnak duşuşyklaryna näme üçin ir barýandygynyň sebäbini şeýle düşündirýär: «Ýygnakdaky ähli maglumaty şol sanda aýdymy we dogany Ýehowanyň berýändigi sebäpli, men şeýdip oňa bolan söýgimi bildirýärin». Bu biziň üçin nähili gowy görelde! Şonuň üçin geliň, ähli işlerde, esasanam, hak Hudaýa sežde etmek bilen bagly işlerde gijä galmaz ýaly jan edeliň.
a Atlary üýtgedilen.