Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/07 sah. 8
  • Isanyň göreldesine eýeriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň göreldesine eýeriň
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy näme üçin wajyp hasaplaýarys?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Pesgöwünli adamlara Hudaýyň ýolunda ýöremegi öwret
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Sen ýygnak duşuşyklarynda abatlaýarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna barmagyň nähili peýdasy bar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 9/07 sah. 8

Isanyň göreldesine eýeriň

1. Isa nähili görelde galdyrdy?

1 Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, biziň göreldämiz gyzyklanýanlara güýçli täsir edýändigini unutmaly däl. Isa hem sözünde, hem iş ýüzünde öwredýärdi. Oňa syn edýän adamlar onuň yhlasyny, adamlara bolan söýgüsini, Atasynyň adyny şöhratlandyrmaga bolan islegini we onuň yradasyny berjaý etmäge bolan hyjuwyny görýärdiler (1 Pet. 2:21).

2. Bile gulluk edýän wagyzçylara biziň göreldämiz nähili täsir edip biler?

2 Öýden-öýe wagyz edende. Isa ýaly biziň hem göreldämiz bile wagyz edýän mesihçilere täsir edýär. Täze we tejribesi ýok wagyzçylar biziň gullukdaky yhlasymyzy görüp, öz wagyz gullugynyň hili barada pikir ederler. Olar biziň şatlygymyza we adamlar bilen ýürekden gyzyklandygymyza syn edip, wagyz gullugynda şeýle häsiýetleri bildirmegiň wajypdygyna düşünerler. Ýazgylary ökdelik bilen ulanyşymyzy, ikilenç ideg edişimizi we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirişimizi görüp, olar hem şeýle etmäge höweslenerler.

3. Biz okuw geçýänlere nähili görelde bolup bileris we olar näme öwrenip biler?

3 Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende. Ylaýta-da, biziň özümizi alyp barşymyza gyzyklanýanlar syn edýär. Meselem, okuwa taýýarlanmagyň, getirilen aýatlary açmagyň we esasy pikirlerini bellemegiň wajypdygyny aýdyp bileris, emma olar biziň taýýarlanýandygymyza ýa-da taýýarlanmaýandygymyza hökman üns bererler (Rim. 2:21). Eger biz bellän wagtymyz gelsek, onda olar başga işleriň okuwyna päsgel bermegine ýol bermezler. Şeýle-de olar biziň jan aýaman edýän gullugymyza we berk imanymyza hökman üns bererler. Isanyň göreldesine eýerýän yhlasly wagyzçylar bilen okuw geçenler köplenç yhlasly we köp miwe berýän wagyzçylar bolup ýetişýärler.

4. Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşanda, biziň göreldämiz nähili orun tutýar?

4 Ýygnak duşuşyklarynda. Mesihçi ýygnagyň her bir agzasy hem öz göreldesi bilen ýygnak duşuşyklarynda öwredip bilerler. Ýygnak agzalaryň gowy göreldesi duşuşyklara ýaňy gatnaşyp başlan adamlara gowy täsir edýär. Olar ýygnakda dostlukly gatnaşygy, agzybirligi, sada egin-eşigimizi we daş keşbimizi görerler (Zeb. 133:1). Şeýle-de olar ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, jogaplarymyz bilen imanymyzy görkezýändigimize hem üns bererler. Bir adam ýygnak duşuşygyna gelende, Mukaddes Ýazgylardan aýatlary açyp, okanlarynda bir gyzjagazyň üns bilen yzarlaýandygyna üns berýär. Onuň göreldesi bu adamy Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga höweslendirýär.

5. Biz näme üçin hemişe gowy görelde görkezmelidigimizi unutmaly däl?

5 Mukaddes Ýazgylar bizi biri-birimizden gowy görelde almaga çagyrýar (Flp. 3:17; Ýew. 13:7). Diýmek, biz Isanyň göreldesine eýersek, başgalaryň syn edýändigini we munuň olara gowy täsir edjekdigini unutmaly däl. Muňa düşünýändigimiz üçin, geliň, 1 Timoteos 4:16-daky: «Özüňe hem taglymata dykgat et, bu işleri dowam etdir» diýen sözleri ýüregimiz bilen kabul edeliň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş