Pesgöwünli adamlara Hudaýyň ýolunda ýöremegi öwret
1. Şägirt taýýarlamak üçin näme etmeli?
1 I asyrda Isanyň şägirtlerine «Bu ýola» uýýandygy barada aýdýardylar (Res. iş. 9:2). Hakyky mesihçileriň her biri şu ýol boýunça ýaşaýarlar (Sül. tym. 3:5, 6). Şonuň üçin biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende, diňe bir Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary barada dogry bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, olara Ýehowanyň ýoly bilen ýöremäge kömek etmeli (Zeb. 25:8, 9).
2. Öwrenýän adamlara Hudaýyň tabşyrygyny berjaý etmäge näme höweslendirmeli?
2 Ýehowa we Isa bolan söýgi. Kämilsiz adama Hudaýyň islegine görä ýaşamak, oýlanmak, garaýşyny, gürleýşini üýtgetmek hakykatdanam kyn! (Rim. 7:21—23; Efes. 4:22—24). Ýöne Hudaýa we onuň Ogluna bolan söýgi bize şeýle kynçylyklarda kömek edýär (Ýahýa 14:15; 1 Ýahýa 5:3). Öwrenýän adamlaryň söýgüsini berkitmäge biz nädip kömek edip bileris?
3. Öwrenýän adamlara Ýehowa we Isa bolan söýgüsini berkitmäge nädip kömek edip bileris?
3 Öwrenýän adamlara Ýehowanyň häsiýetleri barada bilmäge kömek etmeli. Bir doganymyz şeýle diýýär: «Adamlar Hudaý barada bilmeýändigi üçin söýüp bilenoklar, şol sebäpli men öwrenýän adamlara okuwyň başyndan Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň adyny öwredýärin hem-de Ýehowanyň häsiýetlerini aýratyn belläp geçýärin». Okuw geçeňde Hudaýyň häsiýetleri hem-de Isanyň göreldesi oňat kömek edýär (Ýahýa 1:14; 14:9). Şeýle hem «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň her babyny jemläniňde, çarçuwadaky soraglary gaýtalaňda, Ýehowanyň we Oglunyň ajaýyp häsiýetleri barada oýlanmaga kömek edip bileris.
4. a) Öwrenýän adamlaryň köpüsine wagyz etmek näme üçin kyn bolýar? b) Öwrenýän adam wagyz etmek üçin ilkinji ädimlerini ädende, biz nädip kömek edip bileris?
4 Oňat görelde bol. Biz halypa hökmünde öz göräldimiz bilen adamlara Hudaýyň ýolunda nädip ýöremelidigini öwredýäris (1 Kor. 11:1). Mysal üçin, olaryň köpüsine nätanyş adamlara öz dini barada aýtmak kyn bolýar. Şonuň üçin sabyrly bolup, olary wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga gatnaşar ýaly imanyny we söýgüsini berkidip, mert bolmaga kömek etmeli (2 Kor. 4:13; 1 Sel. 2:2). Eger-de biz öwrenýän adamlara ak ýürekden kömek etmek islesek, onda olar Hudaýa gulluk etmek üçin ilkinji ädimlerini ädende, olary goldamaly.
5. Öwrenýän adama Hudaýyň tabşyrygyny berjaý etmäge oňat görelde nädip kömek edýär?
5 Olar seniň göreldäňe eýerip, Hudaýyň ýolunda ýöremegi öwrenýärler. Seniň syrkawlardan habar tutýandygyňy ýa-da ýygnaga gelýänler bilen ýürekden salamlaşýandygyňy görüp, olary söýýändigiňi bilerler (Ýahýa 15:12). Seniň Patyşalyk zalyny arassalamaga gatnaşýanyňy ýa-da başga peýdaly zatlary edýäniňi görüp, olar doganlara nädip hyzmat etmelidigini öwrenýärler (Ýahýa 13:12—15). Şeýle hem olar seniň ýönekeý ýaşaýandygyňy görseler: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtarýandygyňa» düşünerler (Mat. 6:33).
6. Adamlara Ýehowa gulluk etmäge kömek etsek nähili bereket berýär?
6 Biz adamlara Hudaýyň sözüni öwretmek hem-de şägirt taýýarlamak üçin tagalla etmeli. Ýöne pesgöwünlileriň «hakykatda gezýändiklerini» görmek nähili şatlyk! (3 Ýahýa 4).